Ýakubyň haty
1 Hudaýyň we Halypamyz Isa Mesihiň guly Ýakupdan+ ýer ýüzüne ýaýran 12 taýpa salam bolsun!
2 Doganlarym, dürli kynçylyklara uçranyňyzda, ählisini şatlyk bilen kabul ediň+. 3 Sebäbi imanyňyz synalanda çydamly bolmagy öwrenýärsiňiz+. 4 Siz çydamly bolup, özüňizi gowy terbiýelärsiňiz. Şonda ähli zatda kämil, ýazyksyz bolarsyňyz we hiç zatda ýetmeziňiz bolmaz+.
5 Kime akyldarlyk ýetmeýän bolsa, goý, Hudaýdan dilesin+, oňa berler, sebäbi Hudaý igenmän*+, hemmelere jomartlyk bilen berýär+. 6 Emma ol iman bilen dilesin+, asla şübhelenmesin+, sebäbi şübhelenýän adam ýel bilen eýläk-beýläk çaýkanýan deňiz tolkuny kimindir. 7 Şeýle adam Ýehowadan* bir zat alaryn öýtmesin. 8 Ol durnuksyz+, ähli zatda ikirjiňlenýän adamdyr.
9 Goý, garyp* dogan beýgelendigine buýsansyn+. 10 Baý adam hem peselendigine begensin+, ýogsam ol sähradaky gül kimin solar. 11 Gün çykyp, ýakyp-ýandyrýan şöhlesi bilen oty guradýar, onuň güli dökülip, gözelligi ýitýär. Şonuň ýaly hars urýan baý adamyň hem ömri ötüp gidýär+.
12 Synaga çydaýan adam bagtlydyr+, sebäbi ol Ýehowany* razy edip, Hudaýy söýýänlere+ wada berlen ýaşaýyş täjini alar+. 13 Synaga düşende hiç kim: «Hudaý meni synaýar» diýmesin, sebäbi Hudaýy erbetlik bilen synap bolmaýar, Hudaý hem hiç kimi synamaýar. 14 Emma her kim öz höwesine gyzygyp, aldanan mahaly synalýar+. 15 Soňra höwes güýjäp*, günä etdirýär, günä bolsa ölüme eltýär+.
16 Eziz doganlarym, aldanmaň! 17 Her bir gowy we kämil sowgat ýokardan+, asmandaky nurlar Atasyndan inýändir+. Hudaý kölege ýaly üýtgäp durýan däldir+. 18 Ol ýaradan zatlarynyň ilkinji miwesi bolmagymyzy isleýär+. Şonuň üçin hem bize hakykat sözi arkaly ýaşaýyş berýär+.
19 Eziz doganlarym, şuny bilip goýuň: her bir adam diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl+ we çalt gaharlanmaly däl+. 20 Sebäbi gahar Hudaýyň dogruçyllygyna garşydyr+. 21 Şonuň üçin haram işlerden, erbet ýoldan* uzakda duruň+ we ýüregiňize guýlan sözi pesgöwünli kabul ediň, sebäbi ol sizi halas eder.
22 Hudaýyň sözüni diňe bir diňlemän, eýsem ýerine ýetiriň+, nädogry pikirlere aldanmaň. 23 Kim Hudaýyň sözüni diňläp-de, ýerine ýetirmese+, ol aýnada öz ýüzüne seredýän adam ýalydyr. 24 Ol ýüzüne seredip, soňra çykyp gidýär-de, şol bada nähili adamdygyny unudýar. 25 Emma azatlygyň kämil kanunyna+ içgin seredip, kanuna görä ýaşaýan adam sözi unutman, gaýtam ýerine ýetirýär. Ol edýän işlerine begenýändir+.
26 Kim Hudaýa sežde edip-de, dilini saklamasa*+, ol öz-özüni aldaýandyr, seždesi-de biderekdir. 27 Atamyzyň we Hudaýymyzyň öňünde arassa, päk sežde etmek üçin, ýetimleri+ we dul aýallary+ kyn gününde goldamaly+ hem-de dünýäniň haram ýollaryndan uzakda durmaly+.