Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 1 Musa 18
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

1 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ybraýymyň ýanyna üç perişde gelýär (1—8)

      • Bibisara ogul wada berilýär; Bibisara gülýär (9—15)

      • Ybraýym Sodom üçin ýalbarýar (16—33)

1 Musa 18:1

Parallel aýatlar

  • +1Ms 16:7; Ser 13:21
  • +1Ms 13:18; 14:13

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 83

1 Musa 18:2

Parallel aýatlar

  • +1Ms 19:1

1 Musa 18:3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 83

1 Musa 18:4

Parallel aýatlar

  • +1Ms 19:2; 24:32

1 Musa 18:6

Çykgytlar

  • *

    Bir kersen 7,33 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

1 Musa 18:8

Parallel aýatlar

  • +Ýew 13:2

1 Musa 18:9

Parallel aýatlar

  • +1Ms 17:15

1 Musa 18:10

Parallel aýatlar

  • +1Ms 17:21; 21:2; Rim 9:9

1 Musa 18:11

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: görümden galypdy.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 17:17
  • +Rim 4:19

1 Musa 18:12

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: hojaýynymyň.

Parallel aýatlar

  • +Ýew 11:11; 1Pe 3:6

1 Musa 18:14

Parallel aýatlar

  • +Işa 40:29; Mat 19:26; Luk 1:36, 37

1 Musa 18:16

Parallel aýatlar

  • +1Ms 13:12

1 Musa 18:17

Parallel aýatlar

  • +Zb 25:14; Ams 3:7

1 Musa 18:18

Parallel aýatlar

  • +1Ms 12:1—3; Gal 3:14

1 Musa 18:19

Parallel aýatlar

  • +5Ms 4:9

1 Musa 18:20

Parallel aýatlar

  • +1Ms 13:13; Ýhd 7
  • +2Pe 2:7, 8

1 Musa 18:21

Parallel aýatlar

  • +1Ms 11:5; 2Ms 3:7, 8; Zb 14:2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 3/2020, sah. 2

1 Musa 18:22

Parallel aýatlar

  • +1Ms 31:11; 32:30

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 83

1 Musa 18:23

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: halal; dogruçyl.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 16:22

1 Musa 18:25

Parallel aýatlar

  • +Zb 37:10, 11; Nak 29:16; Mel 3:18; Mat 13:49
  • +5Ms 32:4; Eýp 34:12; Işa 33:22

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi (Ýygnak üçin)»,

    8/2022, sah. 28

    «Garawul diňi»,

    4/2017, sah. 18, 19

    «Garawul diňi»,

    15/10/2010, sah. 6, 7

    15/4/2010, sah. 14

1 Musa 18:27

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: toprak hem kül.

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 11/2023, sah. 2

1 Musa 18:28

Parallel aýatlar

  • +4Ms 14:18; Zb 86:15

1 Musa 18:30

Parallel aýatlar

  • +2Ms 34:6

1 Musa 18:32

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 83

1 Musa 18:33

Parallel aýatlar

  • +1Ms 18:2, 22

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Mukaddes Kitaba degişli soraglaryň jogaby», sah. 83

Umumy salgylar

1 Mus. 18:11Ms 16:7; Ser 13:21
1 Mus. 18:11Ms 13:18; 14:13
1 Mus. 18:21Ms 19:1
1 Mus. 18:41Ms 19:2; 24:32
1 Mus. 18:8Ýew 13:2
1 Mus. 18:91Ms 17:15
1 Mus. 18:101Ms 17:21; 21:2; Rim 9:9
1 Mus. 18:111Ms 17:17
1 Mus. 18:11Rim 4:19
1 Mus. 18:12Ýew 11:11; 1Pe 3:6
1 Mus. 18:14Işa 40:29; Mat 19:26; Luk 1:36, 37
1 Mus. 18:161Ms 13:12
1 Mus. 18:17Zb 25:14; Ams 3:7
1 Mus. 18:181Ms 12:1—3; Gal 3:14
1 Mus. 18:195Ms 4:9
1 Mus. 18:201Ms 13:13; Ýhd 7
1 Mus. 18:202Pe 2:7, 8
1 Mus. 18:211Ms 11:5; 2Ms 3:7, 8; Zb 14:2
1 Mus. 18:221Ms 31:11; 32:30
1 Mus. 18:234Ms 16:22
1 Mus. 18:25Zb 37:10, 11; Nak 29:16; Mel 3:18; Mat 13:49
1 Mus. 18:255Ms 32:4; Eýp 34:12; Işa 33:22
1 Mus. 18:284Ms 14:18; Zb 86:15
1 Mus. 18:302Ms 34:6
1 Mus. 18:331Ms 18:2, 22
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
Mukaddes Kitap
1 Musa 18:1—33

Birinji Musa

18 Soňra Ýehowa+ Mamredäki uly agaçlaryň+ golaýynda Ybraýyma göründi. Günortanyň jokrama yssysydy. Ybraýym çadyryň agzynda otyrdy. 2 Ol töweregine göz aýlanda, aňyrrakda üç adamy gördi+. Ybraýym dessine ýerinden turdy⁠-⁠da, ylgap olaryň öňünden çykdy. Ol iki bükülip, tagzym etdi⁠-⁠de: 3 «Eý Ýehowa, menden razy bolsaň, haýyş edýärin, meniň myhmanym bol. 4 Aýagyňyzy ýuwar ýaly suw getirdeýin+. Agajyň saýasyna geçip, dynjyňyzy alyň. 5 Gapymdan gelipsiňiz. Bir döwüm çörek iýip, güýç toplaň, soň gidersiňiz» diýdi. Olar hem: «Bolýar, goý, seniň diýeniň bolsun» diýdiler.

6 Ybraýym ylgap, çadyra Bibisaranyň ýanyna baryp: «Derrew iň gowy undan üç kersen* hamyr ýugrup, çörek bişir» diýdi. 7 Soňam ylgap gidip, sürüden bir semiz öküzçäni aldy⁠-⁠da, hyzmatkärine berdi. Ol hem dessine malyň damagyny çalyp, nahar bişirdi. 8 Ybraýym ýag, süýt hem⁠-⁠de ýaňky bişirilen eti myhmanlaryň öňüne getirip goýdy. Olar iýip⁠-⁠içip başladylar. Ybraýym hem myhmanlara hyzmat etmek üçin agajyň aşagynda durdy+.

9 Olar Ybraýymdan: «Aýalyň Bibisara+ nirede?» diýip soradylar. Ol: «Çadyrda» diýip jogap berdi. 10 Myhmanlaryň biri: «Indiki ýyl şu wagtlar size ýene gelerin. Şonda aýalyň Bibisaranyň ogly bolar»+ diýdi. Şol wagt Bibisara ol adamyň arka tarapyndaky çadyryň agzynda bar gürrüňi diňläp durdy. 11 Ybraýym bilen Bibisaranyň ýaşy bir çene barypdy+. Bibisara çaga dogurmakdan galypdy*+. 12 Şonuň üçin ol gülüp, içinden: «Men⁠-⁠ä bir garry, ärimiň* hem ýaşy bir çene barypdyr. Indi maňa beýle bagt ýetdirermikä?»+ diýdi. 13 Şonda Ýehowa Ybraýyma: «Bibisara näme üçin gülüp: „Garry halyma çaga dogrup bilerinmi?“ diýýär? 14 Heý⁠-⁠de, Ýehowanyň başarmajak zady barmy?!+ Indiki ýyl şu wagtlar size ýene gelerin. Şonda Bibisaranyň ogly bolar» diýdi. 15 Bibisara gorkup: «Men gülmedim» diýip boýun almady. Hudaý bolsa: «Ýok, sen güldüň» diýdi.

16 Soňra myhmanlar ýola düşdi, Ybraýym olary ugratdy. Ep⁠-⁠esli ýöränlerinden soň, ýaňky adamlar Sodoma+ tarap seretdiler. 17 Şonda Ýehowa: «Men etjek bolýan zadymy Ybraýymdan gizlemäýin+. 18 Sebäbi ondan ägirt uly hem güýçli millet dörär, ýer ýüzüniň ähli halklary ol arkaly bereket alar+. 19 Men, Ýehowa, Ybraýyma beren wadalarymy berjaý ederin, sebäbi ony gowy tanaýaryn. Ogullaryna, bütin nesline dogry hem hak işleri etmegi, Ýehowanyň ýolundan ýöremegi öwretjegini⁠-⁠de bilýärin»+ diýdi.

20 Soňra Ýehowa: «Sodom bilen Gomorra şäherleri agyr günälere batdy+. Olara garşy edilýän ahy⁠-⁠nala gulagyma gelip ýetdi+. 21 Gidip, ähli zadyň anygyna ýeteýin. Dogrudanam, olar agyr günä edýärmikä?»+ diýdi.

22 Ýaňky adamlar ol ýerden Sodoma gitdiler. Ýehowa+ bolsa Ybraýymyň ýanynda galdy. 23 Ybraýym onuň golaýyna baryp: «Sen gowy* adamlary erbetler bilen bile ýok edäýjekmi?+ 24 Belki, şäherde 50 sany gowy adam bardyr. Şäheri şonda⁠-⁠da ýok edäýjekmi? Şol 50 gowy adam üçin şähere rehim etmersiňmi? 25 Sen gowy adamy erbet bilen ýok etmersiň⁠-⁠ä! Elbetde, sen hiç haçan gowy adamlara erbetler bilen deň jeza bermersiň!+ Heý⁠-⁠de, ýer ýüzüniň Kazysy adalatsyzlyk edermi?!»+ diýdi. 26 Ýehowa hem: «Sodomda 50 sany gowy adam tapsam, şolar üçin şähere rehim ederin» diýdi. 27 Ybraýym ýene⁠-⁠de: «Ýehowa, öňüňde tozanjyk* ýaly bolsam⁠-⁠da, ýürek edip, seniň bilen gürleşýärin. Senden ýene bir zat soraýyn. 28 Şäherde 50 däl, 45 gowy adam bolsa näme? Şonda⁠-⁠da tutuş şäheri ýok edäýjekmi?» diýdi. Hudaý: «Eger 45 gowy adam tapsam, şäheri ýok etmerin»+ diýdi.

29 Ybraýym ýene⁠-⁠de Hudaýa ýüzlenip: «Belki, şäherde 40 gowy adam bardyr» diýdi. Hudaý: «Şol 40 adam üçin şäheri ýok etmerin» diýdi. 30 Ybraýym sözüni dowam edip: «Ýehowa, ýalbarýaryn, gaharyň gelmesin+, ýene bir zat soraýyn. Şäherde 30 adam bar bolsa näme?» diýdi. Hudaý hem: «Eger 30 sany gowy adam tapsam, şäheri ýok etmerin» diýdi. 31 Ybraýym ýene⁠-⁠de: «Ýehowa, ýürek edip, senden ýene bir zat soramakçy. Şäherde 20 sany adam bar bolsa näme?» diýdi. Hudaý bolsa: «20 adam üçin hem şäheri ýok etmerin» diýdi. 32 Ahyrynda Ybraýym: «Ýehowa, ýalbarýaryn, gaharlanma, ýene bir zat soraýyn. Şäherde 10 adam bar bolsa näme?» diýdi. Şonda Hudaý: «10 adamyň hatyrasyna⁠-⁠da şäheri ýok etmerin» diýdi. 33 Ýehowa Ybraýym bilen gepleşip boldy⁠-⁠da, öz ýoly bilen gitdi+. Ybraýym hem yzyna dolandy.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş