Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w10 15/4 sah. 13—15
  • Sen Ýehowa sorag bermäge rugsat edýärmiň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen Ýehowa sorag bermäge rugsat edýärmiň?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Maňa sorag bermäge rugsat ber»
  • Biz Ýehowa sorag bermäge nädip rugsat etmeli
  • Soraglar bizi Ýehowa ýakynlaşdyrýar
  • Şu soraglary özüňe berseň, Ýehowa ýaly garamaga nädip kömek eder?
  • Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • «Ýehowa umyt bagla»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • «Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Eýýup nähili adamdy?
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
w10 15/4 sah. 13—15

Sen Ýehowa sorag bermäge rugsat edýärmiň?

MUKADDES ÝAZGYLARDA ýürege çuňňur täsir edýän ýüzlerçe soraglar bar. Ýehowa Hudaýyň hut özi wajyp hakykaty öwretmek üçin soraglar berýär. Meselem, Ýehowa heläkçilik ýolundan sowmak üçin Kabyla birnäçe soraglar berip duýdurypdy (Gel. çyk. 4:6, 7). Ýehowa adamy bir iş etmäge höweslendirmek üçin, ýekeje sorag bermek ýeterliklidi. Ýehowa: «Kimi ibersemkäm, biziň üçin kim gider?» diýende, Işaýa pygamber: «Ine, men! Iber meni» diýdi (Iş. 6:8).

Beýik Mugallym Isa ökdelik bilen soraglar berýärdi. Injilde 280-den gowrak Isanyň beren soraglary bar. Ol soraglary ony tankytlaýan adamlary dymdyrmak üçin berse-de, köplenç onuň maksady diňleýjileriň ýüregine täsir edip, Hudaý bilen gatnaşygy hakynda oýlandyrmakdy (Mat. 22:41—46; Ýahýa 14:9, 10). Şonuň ýaly Injiliň 14 kitabyny ýazan Pawlus resul hem täsir edýän soraglary berdi (Rim. 10:13—15). Mysal üçin, onuň Rimlilere ýazan hatynda ençeme soraglar bar. Pawlusyň beren soraglary okyjylara «Hudaýyň baýlygynyň, akyldarlygynyň, biliminiň çuňňurlygyny» bilmäge we ony gymmat saýmaga kömek edýärdi (Rim. 11:33).

Käbir soraglara derrew jogap berip bolýan bolsa, beýlekileriň üstünde çuňňur oýlanmalydy. Injilde Isanyň beren çuňňur oýlandyrýan soraglary kän. Bir sapar Isa şägirtlerine: «Sak boluň! Fariseýleriň hamyrmaýasyndan, Hirodesiň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip duýdurdy. Hamyrmaýa olaryň ikiýüzligini we ýalan taglymatyny aňladýardy (Mar. 8:15; Mat. 16:12). Isanyň şägirtleri onuň aýdan sözlerine düşünmän, çörek almagy unudandyklary hakynda özara çekişip başladylar. Mundan soň Isanyň olara nähili soraglary berendigine üns beriň. «Isa... olara diýdi: «Näme üçin çöregimiz ýok diýip çekişýärsiňiz? Entek-de, akyl ýetirmeýärsiňizmi, düşünmeýärsiňizmi? Ýürekleriňiz entek-de gatymy? Gözli bolup, görmeýärsiňizmi? Gulakly bolup, eşitmeýärsiňizmi?.. «Entek hem düşünmeýärsiňizmi?» Isanyň beren soraglary, şägirtlerini onuň aýdan sözleriniň manysy hakynda oýlanmaga höweslendirýärdi (Mar. 8:16—21).

«Maňa sorag bermäge rugsat ber»

Ýehowa Eýýup pygamberiň garaýşyny düzetmek üçin soraglar berdi. Ol Eýýuba birnäçe soraglar berip, Ýaradyjynyň öňünde onuň ujypsyzdygyny öwretdi (Eýýup 38—41-nji baplar). Ýehowa beren her bir soragyna Eýýubyň jogap bermegine garaşdymy? Ýok. «Men ýeri ýaradanda, sen niredediň? diýen sorag Eýýubyň pikirine we ýüregine täsir etdi. Birnäçe soraglar berlenden soň, Eýýup lal ýaly boldy. Ol ýöne şeýle diýdi: «Men saňa näme jogap bereýin? Agzymy açmaýyn» (Eýýup 38:4; 40:4). Eýýup düşünip, pes göwünli boldy. Emma Ýehowa oňa diňe bir pesgöwünli bolmagy öwretmän, eýsem, Eýýubyň pikirini hem düzetdi. Nädip?

Eýýup «dogruçyl we aýypsyz» adam bolsa-da, onuň sözleri nädogry garaýyşdadygyny görkezýärdi. Elihu Eýýubyň «Hudaýy däl-de, özüni dogry saýýandygy» üçin oňa käýedi (Eýýup 1:8; 32:2; 33:8—12). Ýehowa Eýýuba soraglar berip düşenjesini düzetdi. Hudaý tupandan Eýýup bilen gepleşip, şeýle diýdi: «Kim manysyz sözleri bilen niýeti bulaşdyrýar. Är kimin biliňi berk guşa we maňa sorag bermäge rugsat et, sen bolsa maňa gürrüň ber» (Eýýup 38:1—3). Ýehowa soraglar arkaly akyldarlygynyň we güýjüniň çäksizdigini we ajaýyp işlerini görkezdi. Bu Eýýuba Ýehowanyň hökümine we edýän işlerine öňküden-de berk bil baglamaga ýardam etdi. Gudraty güýçli Hudaýyň hut özi sorag berende, Eýýup gör, nähili, tolgunandyr!

Biz Ýehowa sorag bermäge nädip rugsat etmeli

Biz barada näme diýse bolar? Mukaddes Ýazgylardaky soraglar bize hem peýdaly bolup bilermi? Elbetde, peýdaly bolar! Şu soraglaryň üstünde durup oýlansak, ruhy taýdan sylaglanarys. Hudaýyň Sözündäki çuňňur soraglar güýçli täsir edýär. Meselem, «Hudaýyň sözi... täsirlidir,.. ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine höküm edýändir» (Ýew. 4:12). Şeýle soraglary Ýehowa bize berýän ýaly görsek, şonda köp peýda getirer (Rim. 15:4). Geliň, käbir mysallara seredeliň.

«Bütin ýer ýüzüniň kazysy dogrulyk etmeli dälmidir?» (Gel. çyk. 18:25). Bu ritorik soragy Ybraýym Ýehowa Sodom we Gomorrany höküm etjek mahaly berýär. Ybraýym Ýehowanyň dogry adamy ýaman bilen bile öldürip, adalatsyzlyk etmejekdigine we munuň akyla sygmaýandygyna düşünýärdi. Ybraýymyň beren soragy Ýehowanyň dogrulygyna onuň berk iman edýändigini görkezýär.

Şu günler, belki käbir adamlar Ýehowanyň gelejekki hökümi, Armageddonda kim diri galar ýa-da kim direler diýip oýlanýandyr. Biz şeýle pikirler barada biynjalyk etmän, Ybraýymyň beren soragyny ýatlap bileris. Ýehowanyň hoşniýetli gökdäki Atamyzdygyny bilýändigimiz üçin Ybraýym ýaly onuň adyl hem-de rehimdardygyna doly bil baglap, biderek biynjalyga, şübhä we jedellere wagtyňy hem güýjüňi sarp etmeli däl.

«Siziň haýsy biriňiz alada edip, öz boýuňyzy tirsek boýy artdyryp bilýärsiňiz?» (Mat. 6:27). Isa şu sorag arkaly uly märekä we şägirtlerine ýüzlenip, özüňi Ýehowanyň mähirli gollaryna bermelidigini nygtap geçýär. Şu zalym dünýäniň soňky günleri aladalar köpelýär, ýöne olar bilen başagaý bolup, ömrümizi uzaldyp ýa-da ýaşaýşymyzy gowulandyryp bilmeýäris.

Her sapar özümiz we dogan-garyndaşlarymyz barada aladalananda, Isanyň soragyny özümize ýatlatsak, aladalarymyza dogry garaýyşda bolarys. Bu bize alada etmezlige we akyl, duýgy we fiziki taýdan zyýan ýetirýän erbet pikirlerden goramaga ýardam edip biler. Isa bize guşlary iýmitlendirýän, meýdan otuny geýindirýän, gökdäki Atamyzyň bize näme gerekdigini gowy bilýändigini aýtdy (Mat. 6:26—34).

«Bir adam ody gujaklar-da eginbaşy ýanmazmy?» (Sül. tym. 6:27). Süleýmanyň tymsallary kitabynyň ilkinji dokuz babynda atanyň ogluna berýän akyldarlygy barada aýdylýar. Ýokarda getirilen aýatda zynanyň nämä eltýändigi görkezilýär (Sül. tym. 6:29). Bu sorag bize näz-kereşme etsek ýa-da islendik erbet jynsy höwesine baş goşsak, howp abanýandygyny ýatlatmaly. Aslynda, her kes erbet işi etmegiň küýüne düşende, bu soragy özüne berip biler. Bu «adam näme ekse şony orar» diýen Mukaddes Ýazgylaryň prinsipinde nähili aýdyň nygtalýar! (Gal. 6:7).

«Başga biriniň hyzmatkärini ýazgarýan sen kim?» (Rim. 14:4). Pawlus resul Rimlilere ýazan hatynda I asyrda ýygnakda dörän kynçylyk barada aýtdy. Mesihçiler dürli milletden bolany üçin olaryň käbiri imandaşlarynyň gelýän kararlaryny we edýän işlerini ýazgarýardy. Pawlusyň beren soragy olara dogan-uýalary gowy garşy almagy we höküm etmegi Ýehowa tabşyrmagy ýatladýar.

Şu günlerem Ýehowanyň halkynyň arasynda dürli milletli we her hili ýagdaýly adamlar bar. Emma Ýehowa biziň agzybirligimizi gymmat saýýar. Biz agzybirligi goldaýarysmy? Eger biz doganymyzyň ynsabyna görä edýän işini derrew ýazgarýan bolsak, Pawlusyň beren soragyny özümize ýatlatsak, nähili, paýhasly bolar!

Soraglar bizi Ýehowa ýakynlaşdyrýar

Bu birnäçe mysallar Hudaýyň Sözündäki soraglaryň täsirlidigini görkezýär. Her soragyň kontekstine seretsek, dürli ýagdaýa düşende kömek eder. Biz Mukaddes Ýazgylary okanda, goşmaça kömek edýän soraglara serederis (14-nji sahypadaky bukja seret).

Hudaýyň Sözündäki soraglary özleşdirsek, aňymyza we ýüregimize täsir edip, Ýehowanyň dogry ýoly boýunça ýaşamaga kömek eder. Ýehowa Eýýuba sorag berensoň, ol: «Men sen barada eşidipdim, indi bolsa gözüm bilen seni görýärin» diýdi (Eýýup 42:5). Hawa, Eýýup Ýehowany hakykatdanam öz gözi bilen gören ýaly boldy. Soňra Ýakup şägirt bu barada: «Hudaýa ýakyşlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar» diýdi (Ýakup 4:8). Hudaýyň Sözüniň ähli bölümi şol sanda soraglary bize ruhy taýdan ösmäge we Ýehowany has aýdyň «görmäge» ýardam etsin!

Şu soraglary özüňe berseň, Ýehowa ýaly garamaga nädip kömek eder?

▪ « Ýakylýan gurbanlar we beýleki gurbanlar Ýehowanyň sözüne gulak asmakdan hem Ony begendirýärmi näme?» (1 Sam. 15:22).

▪ « Gözi ýaradan görmezmi?» (Zeb. 94:9).

▪ « Öz gözüne akyldar görünýän adamy gördüňmi?» (Sül. tym. 26:12).

▪ « Gaharlanmaga hakyň barmy?» (Ýunus 4:4).

▪ « Bir adam bütin dünýäni gazanyp, janyny ýogaltsa, oňa näme peýdasy bolar?» (Mat. 16:26).

▪ « Alan bolsaň, almadyk ýaly, öwünmäň näme?» (1 Kor. 4:7).

▪ « Nuruň tümlük bilen näme ýoldaşlygy bar?» (2 Kor. 6:14).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş