Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 15/8 sah. 25—29
  • «Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýagdaýa doly düşünmeli
  • Synaga çydamaga näme kömek edýär
  • Synaga çydamaga kömek edýän paýhasly maslahatlar
  • Synaga çydaýanlar bagtly
  • Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • «Ýehowa umyt bagla»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Eýýup çydamly we aýypsyz adam
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Eýýup nähili adamdy?
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 15/8 sah. 25—29

«Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz»

«Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz, Rebbiň işiniň soňuny-da gördüňiz; çünki Reb köp şepagatly hem rehimdardyr» (ÝAKUP 5:11).

1, 2. Polşaly bir är-aýal nähili synaglara döz geldi?

FAŞISTLERIŇ goşuny Polşanyň demirgazygynda ýerleşýän Dansig (häzirki Gdansk) şäherini basyp alanda, Harald Abtyň Ýehowanyň Güwäçisi bolanyna iki ýyl hem bolmandy. Şol wagt ähli mesihçiler örän kyn we howply ýagdaýdadylar. Gestapo Haraldy zorluk bilen imandan dändirjek bolup, dokumente gol çekdirjek bolanynda, ol boýun gaçyrdy. Birnäçe hepdeden soň ony türmeden Zaksenhauzen konslagerene geçirdiler. Ol ýerde ony ýene-de ençeme gezek gorkuzdylar we urdular. Esesçi Haralda krematoriýanyň tüsse çykýan turbasyny görkezip: «Sen on dört günüň içinde imanyňdan dänmeseň, şol turbadan Ýehowanyň ýanyna göge galarsyň» diýdi.

2 Haçan-da Haraldy türmä basanlarynda, onuň aýaly Elza elinde on aýlyk gyzjagazy bilen galypdy. Ýöne Elza gestapodan gaçyp bilmedi. Onuň elinden çagasyny alyp, özüni bolsa Oswensim diýen ölüm konslagerine iberdiler. Muňa garamazdan, Elza bilen Harald şol agyr ýyllarda-da diri galdylar. Olaryň çydamlylygy barada «Garawul diňi» žurnalynyň 1980-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 15-ine çykan sanynda [iňlis.] okap bilersiňiz. Harald şeýle gürrüň berýär: «Hudaýa iman edenim üçin ömrümiň on dört ýylyny konslagerlerde we türmelerde geçirmeli boldum. Käwagt maňa şeýle sorag berýärdiler: — Synaglara döz geler ýaly, aýalyň seni goldadymy? — Elbetde, goldady! Men ilki başdan onuň imandan dänmejegine berk ynanýardym, şol hem maňa çydamaga kömek etdi. Ol meniň imandan dänip azat bolanymdan, imanym üçin ölmegimi isleýändigini bilýärdim. . . Şol ýyllar Elza Germaniýadaky konslagerlerde agyr synaglara döz geldi».

3, 4. a) Kimleriň göreldesi bize synaga çydamaga kömek edip biler? b) Mukaddes Ýazgylar näme üçin Eýýubyň mysalyna seretmäge höweslendirýär?

3 Ýehowanyň Güwäçileriniň köpüsi horluk çekmegiň aňsat däldigini bilýärler. Mesihçilere Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «Eý doganlar, görgüde hem sabyrda Rebbiň adyndan geplän pygamberleri görelde ediniň» (Ýakup 5:10). Taryhyň dowamynda Hudaýyň gullukçylary sebäpsiz ýere yzarlandylar. Bizi şeýle uly «güwäler buludy» görelde hökmünde hakykat ýolundan çydamlylyk bilen ylgamaga höweslendirýär (Ýewreýler 11:32—38; 12:1).

4 Mukaddes Ýazgylardan bilşimiz ýaly, Eýýup çydamlylyk görkezip görelde galdyrdy. Ýakup şeýle diýdi: «Biz çydamlylyk görkezenlere bagtly diýýäris. Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz, Rebbiň işiniň soňuny-da gördüňiz; çünki Reb köp şepagatly hem rehimdardyr» (Ýakup 5:11). Şeýle-de biz Eýýubyň mysalyndan Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny sylaglajakdygyny bilýäris. Esasanam, onuň mysaly arkaly açylan hakykat bize kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Eýýup kitaby şeýle soraglara jogap berýär: Biz synaglarda wajyp meselä gatnaşýandygymyzy näme üçin ýatda saklamaly? Synaga çydamaga bize nähili häsiýetler we garaýyşlar kömek eder? Betbagtçylyga duçar bolan imandaşlarymyza biz nädip kömek edip bileris?

Ýagdaýa doly düşünmeli

5. Synaglara duçar bolanymyzda, haýsy meseläni ýatda saklamaly?

5 Kynçylyklara duşanda, özüňi paýhasly alyp barmak üçin ýagdaýa doly düşünmeli. Ýogsa biziň şahsy kynçylyklarymyz ruhy taýdan körlüge elter. Hudaýa wepaly galmak baradaky mesele wajyp mesele. Gökdäki Atamyz biziň her birimize şeýle sözler bilen ýüzlenýär: «Oglum, men özüme gyjalat berýäne bir söz gaýtarar ýaly, akyldar bol-da, ýüregimi şatlandyr» (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Bu biziň üçin uly hormat! Biz kemçiliklerimize we bikämilligimize garamazdan, Ýaradyjymyzy şatlandyrýarys. Nädip? Biz synaglara döz gelip, Ýehowa bolan söýgimizi görkezýäris. Mesihçileriň söýgisi her zada çydaýandyr. Ol asla tükenmeýär (1 Korintoslylar 13:7, 8).

6. Şeýtan Ýehowa nädip gyjalat berýär?

6 Eýýup kitabynda Şeýtanyň Ýehowa gyjalat berýändigi anyk görkezilýär. Şeýle-de onda göze görünmeýän bu duşmanyň niýetiniň erbetdigi we biziň Ýehowa bilen aragatnaşygymyzy bozmak isleýändigi barada aýdylýar. Eýýup bilen bolan wakadan: Ýehowanyň ähli gullukçylary ak ýürekden gulluk etmeýär diýip, Şeýtanyň ýamanlaýandygy we olaryň Hudaýa bolan söýgüsiniň sowajagyny subut etmek üçin mümkinçilik gözleýändigi görünýär. Ol müňlerçe ýyllap Hudaýa gyjalat berýär. Şeýtan gökden zyňylanda, gökden bir ses ony «doganlarymyzyň aýyplaýjysy» diýip suratlandyrdy we ol «Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan» diýdi (Ylham 12:10). Biz wepalylyk bilen synaglara çydasak, onuň aýyplamalarynyň nädogrydygyny subut ederis.

7. Ejizlige nädip döz gelip bileris?

7 Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin, dürli kynçylygymyzy Şeýtanyň ulanyp biljekdigini biz unutmaly däl. Ol Isany haçan synady? Isa birnäçe günläp hiç bir zat iýmän ajygan wagty synady (Luka 4:1—3). Isa ruhy taýdan güýçli bolany üçin Şeýtana berk gaýtawul berip bildi. Keselçilik ýa-da garrylyk sebäpli adam ejizlände, ruhy taýdan berk bolmak örän wajyp! «Daşky adamymyz bozulsa-da» boýun synmaýarys, sebäbi «içki adamymyz günbe-günden täzelenýär» (2 Korintoslylar 4:16).

8. a) Öýke-kinäniň näme zyýany bar? b) Isa nähili pikirdedi?

8 Adamyň ruhy taýdan gowşamagyna öýke-kine hem sebäp bolup biler. Käbir doganlar: «Näme üçin Ýehowa şeýle ýagdaýa ýol berdikä?» diýýärler. Göwnüne deglen dogan bolsa: «Näme üçin dogan meniň göwnüme degdikä?» diýmegi mümkin. Şeýle duýgular ünsümizi Şeýtanyň orta atan jedelli meselelerinden sowup, öz kynçylyklarymyza gönükdirip biler. Eýýubyň üç ýalan dostuna gaharlanmagy keselinden hem beter ejir çekmegine sebäp boldy (Eýýup 16:20; 19:2). Şonuň ýaly Pawlus resul hem eger biz uzak wagt gaharlansak, Iblise ýol berýändigimizi aýtdy (Efesliler 4:26, 27). Mesihçiler gahar-gazabyny adamalardan çykarman we adalatsyz ýagdaýa düşende çendenaşa aladalanman, Isa ýaly «özlerini adyl höküm çykarýan Hudaýa tabşyrsa» gowy bolardy (1 Petrus 2:21—23). Diňe Isanyň «pikiri bilen» biz Şeýtanyň hilelerinden goranyp bileris (1 Petrus 4:1).

9. Aladalar we synaglar babatda Hudaý bize näme wada berýär?

9 Esasanam, kynçylyklar Hudaýyň närazylygy sebäpli bolýar diýip düşünmeli däl. Eýýup şoňa düşünmeýänligi üçin ejir çekýärdi. Üstesine-de, ýalan teselli berijileriniň ajy sözleri ýagdaýy kynlaşdyrdy (Eýýup 19:21, 22). Mukaddes Ýazgylarda: «Hudaý erbetlik bilen synalýan däldir, Onuň özi hem hiç kimi synaýan däldir» diýilýär (Ýakup 1:13). Şeýle-de Ýehowa bizi goldap, aladalarymyzda kömek etjekdigini we synaglardan çykalga tapyp berjekdigini wada berýär (Zebur 55:22; 1 Korintoslylar 10:13). Betbagtçylyklar bolan wagty Hudaýa ýakynlaşsak, düşen ýagdaýymyza dogry gararys we Iblise garşy durup bileris (Ýakup 4:7, 8).

Synaga çydamaga näme kömek edýär

10, 11. a) Eýýuba synaga çydamaga näme kömek etdi? b) Eýýubyň arassa wyždany oňa nädip tesselli berdi?

10 Eýýup agyr ýagdaýyna garamazdan «teselli berijileriniň» sögmegine we özüniň näme üçin horluk çekýändigine düşünmese-de, aýypsyzlygyny saklady. Eýýubyň çydamlylygyndan biz näme öwrenip bileris? Elbetde, ol Ýehowa wepaly bolany üçin synaglara döz gelip bildi. Ol Hudaýdan gorkýardy we erbetlikden gaça durýardy (Eýýup 1:1). Ol hemişe şeýle ýaşaýardy. Ol birden ähli zadyndan näme üçin mahrum bolandygyna düşünmese-de, Hudaýy ret etmek islemedi. Eýýup ýagşy we ýaman günlerinde-de Ýehowa gulluk etmelidigine düşünýärdi (Eýýup 1:21; 2:10).

11 Şeýle-de Eýýubyň arassa wyždany oňa teselli berdi. Ölümi golaýlaýan ýaly bolup görnende, ol adamlara elinden gelen kömegini edendigini, Ýehowanyň dogry kadalary boýunça ýaşandygyny we ýalan seždäniň ähli görnüşinden gaça durandygyny ýatlap, teselli tapdy (Eýýup 31:4—11).

12. Eýýup Elihunyň kömegini nähili kabul etdi?

12 Elbetde, Eýubyň käbir garaýyşlaryny üýtgetmäge kömek etmelidi. Ol berlen kömegi kiçigöwünlilik bilen kabul etdi. Şol sebäpli hem ol synaglara döz gelip bildi. Eýýup Elihunyň paýhasly maslahatyny hormat bilen diňläp, Ýehowanyň nesihatyny kabul etdi. Ol: «Men düşünmän gürläpdirin— diýip, boýun alpy — men tozan we kül saçyp aýdan sözlerimi gaýdyp alýaryn» diýdi. (Eýýup 42:3, 6). Eýýup agyr keselinden ejir çekýändigine garamazdan, ol garaýşyny üýtgedip, Hudaýa has ýakynlaşandygyna begenýärdi. Ol: «Seniň [Ýehowanyň] ähli zady edip bilýändigiňi men bilýärin» diýdi (Eýýup 42:2). Ýehowa özüniň beýikdigini görkezendigi sebäpli, Eýýup oňa minnetdar boldy. Ol özüniň Ýaradyjynyň öňünde nähili orun tutýandygyna göz ýetirdi.

13. Eýýubyň rehimlilik etmegi oňa nähili peýda berdi?

13 Eýýup rehim etmek babatda hem gowy görelde galdyrdy. Ýalan dostlary Eýýubyň göwnüne degselerde, Ýehowa olar üçin doga et diýende, ol doga etdi. Şondan soň Ýehowa Eýýuby sagaltdy (Eýýup 42:8, 10). Elbetde, gaharyň gelende, synaga çydamak kyn, ýöne söýgi we rehimdarlyk bildirmek çydamaga kömek edýär. Gaharlanman geçirimli bolsak, ruhy taýdan berkäris hem-de Ýehowanyň berekedini alarys (Markus 11:25).

Synaga çydamaga kömek edýän paýhasly maslahatlar

14, 15. a) Gowy maslahatçy bolmak üçin nähili häsiýetler gerek? b) Näme üçin Elihu Eýýuba kömek edip bildi? Düşündiriň.

14 Eýýup bilen bolan waka paýhasly maslahatyň gymmatlydygyny görkezýär. Şeýle maslahat berýän dogan «aladaly gün üçin doglandyr» (Süleýmanyň tymsallary 17:17). Ýöne Eýýubyň mysalyndan bilşimiz ýaly, käbir maslahatçylaryň maslahaty peýda getirmän, gaýtam zyýan ýetirýär. Gowy maslahatçy Elihu ýaly duýgudaşlyk bildirýär, hormat goýýar hem-de ýagşylyk edýär. Ýaşulular we ruhy taýdan ýetişen doganlar kynçylyk çekýän doganlaryň ýüküni ýeňletmek üçin olaryň garaýşyny üýtgetmeli bolýar. Maslahat berýänler Eýýup kitabyndan köp zady öwrenip bilerler (Galatýalylar 6:1; Ýewreýler 12:12, 13).

15 Elihunyň özüni alyp barşyndan gowy zatlary öwrenip bileris. Ol öz pikirini aýtmazyndan öň, Eýýubyň üç dostunyň aýdýan nädogry pikirini soňuna çenli diňledi (Eýýup 32:11; Süleýmanyň tymsallary 18:13). Elihu Eýýubyň adyny tutup, onuň bilen dosty ýaly gürleşdi (Eýýup 33:1). Eýýubyň üç ýalan dostundan tapawutlylykda Elihu özüni Eýýupdan ýokary tutmady. Elihu: «Menem toprakdan ýaradyldym» diýdi. Ol oýlanman gürläp Eýýubyň derdine dert goşasy gelmedi (Eýýup 33:6, 7; Süleýmanyň tymsallary 12:18). Elihu Eýýuby öňki eden işleri üçin ýazgarman, eýsem ony dogrulygy üçin öwdi (Eýýup 33:32). Elihu ähli zada Ýehowanyň gözi bilen garaýardy we ol Ýehowanyň hiç haçan adalatsyz işleri etmeýändigini aýtdy (Eýýup 34:10—12). Ol Eýýuba özüni aklamagyň deregine Ýehowa garaşmagy maslahat berdi (Eýýup 35:2; 37:14, 23). Ýygnakdaky ýaşulular we beýleki doganlar Eýýup kitabyndan gowy sapak edinip bilerler.

16. Şeýtan Eýýubyň üç sany ýalan dostuny nädip ulandy?

16 Elihunyň paýhasly maslahatlary Elifaz, Bildad we Sofaryň ýaralaýjy sözlerinden tapawutlanýardy. Ýehowa olara: «Siz men barada ýalan sözleýärsiňiz» diýdi (Eýýup 42:7). Olaryň üçüsi hem niýetiniň gowudygyny aýtsalarda, hakyky dost bolmagyň deregine, Şeýtanyň islegini ýerine ýetirdiler. Olar ilkibaşda hem Eýýup eden günäleri üçin betbagtçylyklara uçrady diýen pikirdediler (Eýýup 4:7, 8; 8:6; 20:22, 29). Elifazyň aýtmagyna görä, Hudaý gullukçylaryna ynanmaýar we adam dogry ýaşaýarmy ýa-da ýaşamaýarmy onuň üçin parhy ýok (Eýýup 15:15; 22:2, 3). Ol hatda Eýýubyň etmedik günäsini üstüne atdy (Eýýup 22:5, 9). Elihu bolsa Eýýuba Ýehowa bilen aragatnaşygyny berkitmäge kömek etdi. Sebäbi bu söýgi bildirýän maslahatçylaryň maksady.

17. Biz synaglarda nämäni ýatda saklamaly?

17 Eýýup kitabyndan çydamlylyk babatda ýene-de bir sapak edinip bolar. Söýgüden doly Hudaý biziň ýagdaýymyzy bilýär we her bir ýagdaýda-da bize dürli ýol bilen kömek edýär. Biz makalanyň başynda Elza Abtyň durmuşy barada okapdyk. Ol özi barada gürrüň berip, sözüni şeýle jemleýär: «Men tussag edilmezimden öň, agyr synaglary başdan geçiren uýanyň ýazan hatyny okapdym. Ol agyr synaglarda Ýehowanyň mukaddes ruh arkaly kalbyňa rahatlyk berýändigi barada ýazypdy. Şonda men ol ulaldyp aýdýandyr öýtdüm. Haçan-da özüm synaglary başdan geçirenimde, onuň aýdýanlarynyň hakdygyna göz ýetirdim. Dogrudan-da, onuň aýdyşy ýaly boldy. Synagy başyňdan geçirmeseň muňa düşünmek kyn. Men synaga düşenimde Ýehowanyň kömek edýändigini duýdum». Elza Ýehowanyň müň ýyllar mundan öň Eýýubyň günlerinde edip biljek ýa-da eden zatlary barada aýtmady. Ol biziň günler barada gürrüň berdi. Hakykatdan-da, Ýehowa kömek edýär!

Synaga çydaýanlar bagtly

18. Eýýubyň çydamlylygy oňa näme peýda berdi?

18 Biziň aramyzda Eýýup ýaly betbagçylyga uçrajaklar kän däl. Ýöne şu soňky günler nähili synaga duşsakde, Eýýup ýaly aýypsyzlygymyzy saklamaga bizde sebäp bar. Çydamlylyk Eýýubyň durmuşyny bezedi, çünki oňa «kämil», ýagny ruhy taýdan ýetişmäge kömek etdi (Ýakup 1:2—4). Şeýle-de çydamlylyk onuň Ýehowa bilen aragatnaşygyny berkitdi. Eýýup: «Sen barada diňe eşidipdim, indi bolsa gözüm bilen gördüm» diýdi (Eýýup 42:5). Ol aýypsyzlygyny saklap, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etdi. Ýüzlerçe ýyl geçenden soňra Ýehowa dogrulygyň göreldesi hökmünde gullukçysy Eýýubyň mysalyny getirdi (Ezekiýel 14:14). Onuň aýypsyzlygy we çydamlylygy Hudaýyň gullukçylaryny şu günlerem ruhlandyrýar.

19. Synaga näme üçin çydamaly?

19 Ýakup I asyrdaky mesihçilere çydamlylyk barada ýazanda, onuň kanagatlylyk berýändigini aýtdy. Ol Eýýubyň mysalyny ulanyp, Ýehowanyň wepaly gullukçylaryna bol bereket berýändigini ýatlatdy (Ýakup 5:11). Eýýup 42:12-de şeýle diýilýär: «Ýehowa Eýýubyň soňky günlerini öňküden-de has köp bereketledi». Ýehowa Eýýubyň ýitgisini iki esse gaýtaryp berdi. Soňra ol bagtly we uzak ýaşady (Eýýup 42:16, 17). Hudaýyň täze dünýäsinde şu soňky günlerde çekip-çydap gelinýän ähli horluklar, agyrylar hem-de dertler ýok ediler we unudylar (Işaýa 65:17; Ylham 21:4). Biz Eýýubyň çydamlylygy barada eşitdik, şol sebäpli Ýehowanyň kömegi bilen Eýýubyň göreldesine eýereris. Mukaddes Ýazgylarda şeýle wada berilýär: «Synaga çydaýan adam bagtlydyr; sebäbi ol synagdan geçenden soň, Rebbiň Özüni söýenlere wada eden ýaşaýyş täjini alar» (Ýakup 1:12).

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Biz Ýehowanyň ýüregini nädip şatlandyryp bileris?

• Näme üçin kynçylyklar Hudaýyň närazylygy sebäpli bolýar diýip pikir etmeli däl?

• Eýýuba synaga çydamaga näme kömek etdi?

• Elihunyň göreldesine eýerip, doganlarymyzy nädip goldap bileris?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş