Üçünji Musa
23 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 2 «Ysraýyllara aýt: „Ine şu baýramçylyklary+ mukaddes ýygnak hökmünde yglan edip+, Ýehowanyň şanyna bellemelisiňiz:
3 Ähli işiňizi alty günde ediň. Ýedinji gün doly dynç alynýan Sabatdyr+, mukaddes ýygnak günüdir. Şol gün hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşasaňyz-da, ol Ýehowa bagyşlanan Sabat güni bolsun+.
4 Şu mukaddes ýygnaklary, ýagny Ýehowanyň baýramçylyklaryny öz wagtynda belläň: 5 birinji aýyň 14-ne agşamara*+ Ýehowanyň şanyna Pasha baýramyny+ belläň.
6 Şol aýyň 15-ne bolsa Ýehowanyň şanyna Petir baýramyny belläň+. Ýedi günläp petir* iýiň+. 7 Birinji gün mukaddes ýygnak bolar+. Şol gün agyr iş etmeli dälsiňiz. 8 Ýedi günüň dowamynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Ýedinji gün mukaddes ýygnak bolar. Şol gün agyr iş etmeli dälsiňiz“».
9 Ýehowa sözüni dowam edip, Musa şeýle diýdi: 10 «Ysraýyllara aýt: „Size berjek ýurduma baranyňyzda, hasylyňyzyň ilkinji desselerini+ ruhana getirip beriň+. 11 Ruhany şol desseleri Hudaýyň huzurynda eýläk-beýläk galgadar welin, Ýehowa sizden razy bolar. Ol muny Sabat gününiň ertesi etmelidir. 12 Dessäniň galgadylan güni Ýehowa ýakma gurbanlygy hökmünde şikessiz erkek tokly beriň. 13 Ýany bilen iki jam* ýokary hilli una ýag garyp, Ýehowa ýakymly ysly galla sadakasy hökmünde ýakyň. Şerap sadakasy üçin bolsa bir golça* şerap getiriň. 14 Hudaýyňyza sadaka berjek günüňize çenli täze galla we ondan bişirilen çörek, gowurga* iýmäň. Nirede ýaşasaňyz-da, muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.
15 Sabat gününiň ertesi desseleriňizi göterme sadakasy edip hödürläniňizden soň, ýedi Sabat+, ýagny ýedi hepde geçsin. 16 Ýedinji Sabat gününiň ertesi, 50-nji gün+ Ýehowa täzeden galla sadakasyny hödürläň+. 17 Göterme sadakasy üçin öýüňizden* iki çörek getiriň. Olary iki jam* ýokary hilli una hamyrmaýa goşup bişiriň-de+, Ýehowa ekiniňiziň ilkinji hasyly hökmünde getiriň+. 18 Çörekleri şikessiz ýedi sany erkek tokly, bir öküzçe we iki goç bilen hödürläň+. Olary galla we şerap sadakalary bilen Ýehowa ýakma gurbanlygy edip beriň. Olaryň ýakymly ysy Ýehowa ýaraýandyr. 19 Bulardan başga-da, bir owlagy günä gurbanlygy+, iki erkek toklyny parahatlyk gurbanlygy edip hödürläň+. 20 Ruhany iki erkek toklyny we ilkinji hasyldan bişirilen çörekleri Ýehowanyň huzurynda göterme sadakasy hökmünde eýläk-beýläk galgatsyn. Olar Ýehowa üçin mukaddes bolup, ruhana berilmeli paýdyr+. 21 Şol gün mukaddes ýygnak boljakdygyny yglan ediň+. Hiç hili agyr iş etmäň. Nirede ýaşasaňyz-da, muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň.
22 Hasyl ýygymynda ekiniň gyrasyny doly ormaň, galan-gaçan desseleri çöplemäň+. Olary garyplara+ we gelmişeklere+ goýuň. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“».
23 Soňra Ýehowa Musa: 24 «Ysraýyllara aýt: „Ýedinji aýyň birine doly dynç alyň. Şol gün surnaý çalyp+, mukaddes ýygnak geçiriň. 25 Şol gün hiç hili agyr iş etmän, Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyk hödürläň“» diýdi.
26 Ýehowa sözüni dowam edip: 27 «Ýedinji aýyň onuna Günä geçilýän gün+ bolar. Şol gün mukaddes ýygnak geçiriň we günäleriňize toba edip*+, Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyk hödürläň. 28 Günä geçilýän gün hiç hili iş etmäň, sebäbi Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda günäden arassalanarsyňyz+. 29 Kimde-kim şol gün günälerine toba etmese*, halkyň arasyndan ýok edilsin*+. 30 Şol gün işlän adamy hem halkyň arasyndan ýok ederin. 31 Hiç hili iş etmäň. Nirede ýaşasaňyz-da, muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. 32 Sebäbi ol doly dynç alynýan Sabat günüdir. Aýyň dokuzyna agşam günäleriňize toba ediň+. Şol gün agşamdan ertesi agşama çenli Sabat gününi belläň» diýdi.
33 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 34 «Ysraýyllara aýt: „Ýedinji aýyň 15-den başlap ýedi günüň dowamynda Ýehowanyň şanyna Çatma baýramyny belläň+. 35 Baýramçylygyň birinji güni mukaddes ýygnak geçirip, hiç hili agyr iş etmäň. 36 Ýedi günüň dowamynda Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Sekizinji gün mukaddes ýygnak geçirip+, Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary hödürläň. Şol gün uly baýram ediň we hiç hili agyr iş etmäň.
37 Şu baýramçylyklary+ mukaddes ýygnak+ hökmünde jar çekdirip, Ýehowanyň şanyna belläň. Baýramçylyk günleri Ýehowa ýakylyp berilýän gurbanlyklary: ýakma gurbanlygyny+, ýany bilen galla+ we şerap sadakasyny+ hödürläň. Her günki gurbanlygy öz wagtynda beriň. 38 Şol gurbanlyklary Ýehowa hödürläň. Ýehowa bagyş edilen Sabat günlerinde+ başga-da sadakalary, sowgatlary+, wada beren+ we göwnüňizden çykaran sadakalaryňyzy+ berersiňiz. 39 Ekiniň hasylyny ýygnanyňyzdan soň, ýedinji aýyň 15-den başlap ýedi günläp+ Ýehowanyň şanyna baýram ediň. Baýramçylygyň birinji we sekizinji güni doly dynç alyň+. 40 Birinji gün iň gowy miweleri, palma şahalaryny+, gür ýaprakly we jülgede ösýän derek agaçlaryň şahalaryny alyp geliň-de, ýedi günläp+ Ýehowa Hudaýyňyzyň huzurynda şatlyk-şagalaň ediň+. 41 Ýehowa bagyşlanan şol baýramy her ýyl ýedi gün bellemelisiňiz+. Muny nesilden-nesle hemişelik kanun hökmünde berjaý ediň. Baýramçylygy ýedinji aýda belläň. 42 Ýedi günläp çatmada ýaşaň+. Ysraýylyň her bir ýaşaýjysy baýramçylyk günleri çatmada ýaşasyn. 43 Şonda geljekki nesilleriňiz+ hem ysraýyllary Müsürden çykaryp, çatmada ýaşadandygymy biler+. Men Hudaýyňyz Ýehowadyryn“».
44 Musa ysraýyllara Ýehowanyň baýramçylyklary hakda habar berdi.