Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Musa 30
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Musa kitabynyň mazmuny

      • Tütetgi ojagy (1—10)

      • Ilat ýazuwy we günä üçin töleg (11—16)

      • Ýuwunmak üçin mis legen (17—21)

      • Mukaddes ýag üçin gerek zatlar (22—33)

      • Mukaddes tütetgi üçin gerek zatlar (34—38)

2 Musa 30:1

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 37:25—28
  • +2Ms 40:5

2 Musa 30:2

Çykgytlar

  • *

    Bir tirsek 44,5 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 27:1, 2; 3Ms 4:7

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 10/2020, sah. 5

2 Musa 30:6

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: şaýatlyk.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 26:33; Ýew 9:3
  • +2Ms 25:22

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 10/2020, sah. 5

2 Musa 30:7

Parallel aýatlar

  • +1Tr 23:13
  • +2Ms 27:20
  • +4Ms 16:39, 40; 1Şm 2:27, 28; Luk 1:9
  • +2Ms 30:34, 35

2 Musa 30:8

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: Gün ýaşansoň; garaňky düşüp barýarka.

2 Musa 30:9

Parallel aýatlar

  • +3Ms 10:1; 2Tr 26:18; Hyz 8:11, 12

2 Musa 30:10

Parallel aýatlar

  • +3Ms 23:27; Ýew 9:7
  • +3Ms 16:5, 6, 18, 19

2 Musa 30:12

Parallel aýatlar

  • +2Ms 38:25; 4Ms 1:2; 2Şm 24:10, 15

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 9/2020, sah. 5

2 Musa 30:13

Çykgytlar

  • *

    Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

  • *

    Sözme-söz: 20 gera. Bir gera 0,57 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 27:25
  • +2Tr 24:9; Mat 17:24

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 9/2020, sah. 5

2 Musa 30:14

Parallel aýatlar

  • +2Ms 38:26; 4Ms 1:3; 26:1, 2

2 Musa 30:15

Çykgytlar

  • *

    Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

2 Musa 30:16

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

2 Musa 30:18

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 38:8; 3Ms 8:11; 1Pa 7:38
  • +2Ms 40:7

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 40

2 Musa 30:19

Parallel aýatlar

  • +2Ms 40:30, 31; Ýew 10:22

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Ebedi ýaşaň!», sap. 40

2 Musa 30:21

Parallel aýatlar

  • +2Tr 4:6

2 Musa 30:23

Çykgytlar

  • *

    Sözlüge serediň.

2 Musa 30:24

Çykgytlar

  • *

    Bir küýze 3,67 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 3:47

2 Musa 30:25

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ussatlyk bilen.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 37:29

2 Musa 30:26

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: şaýatlyk.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 40:9; 4Ms 7:1

2 Musa 30:29

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: Olara el degirýän.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 8:10
  • +2Ms 29:37

2 Musa 30:30

Parallel aýatlar

  • +3Ms 8:12
  • +4Ms 3:2, 3
  • +2Ms 40:15

2 Musa 30:31

Parallel aýatlar

  • +2Ms 37:29; 1Pa 1:39; Zb 89:20

2 Musa 30:33

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Harunyň neslinden bolmadyk adam.

  • *

    Ýa-da: öldürilsin.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 30:37, 38

2 Musa 30:34

Çykgytlar

  • *

    Ýewreýçe «şehelet». Nämedigi anyk belli däl. Hoşboý ysly ösümlikden ýa-da mollýusklardan alnan serişde bolmagy mümkin.

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 25:3, 6

2 Musa 30:35

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ussatlyk bilen.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 2:13
  • +2Ms 37:29; Zb 141:2; Ylh 5:8

2 Musa 30:36

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: şaýatlyk.

2 Musa 30:37

Parallel aýatlar

  • +2Ms 30:31, 32

2 Musa 30:38

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 10/2020, sah. 5

Umumy salgylar

2 Mus. 30:12Ms 37:25—28
2 Mus. 30:12Ms 40:5
2 Mus. 30:22Ms 27:1, 2; 3Ms 4:7
2 Mus. 30:62Ms 26:33; Ýew 9:3
2 Mus. 30:62Ms 25:22
2 Mus. 30:71Tr 23:13
2 Mus. 30:72Ms 27:20
2 Mus. 30:74Ms 16:39, 40; 1Şm 2:27, 28; Luk 1:9
2 Mus. 30:72Ms 30:34, 35
2 Mus. 30:93Ms 10:1; 2Tr 26:18; Hyz 8:11, 12
2 Mus. 30:103Ms 23:27; Ýew 9:7
2 Mus. 30:103Ms 16:5, 6, 18, 19
2 Mus. 30:122Ms 38:25; 4Ms 1:2; 2Şm 24:10, 15
2 Mus. 30:133Ms 27:25
2 Mus. 30:132Tr 24:9; Mat 17:24
2 Mus. 30:142Ms 38:26; 4Ms 1:3; 26:1, 2
2 Mus. 30:182Ms 38:8; 3Ms 8:11; 1Pa 7:38
2 Mus. 30:182Ms 40:7
2 Mus. 30:192Ms 40:30, 31; Ýew 10:22
2 Mus. 30:212Tr 4:6
2 Mus. 30:244Ms 3:47
2 Mus. 30:252Ms 37:29
2 Mus. 30:262Ms 40:9; 4Ms 7:1
2 Mus. 30:293Ms 8:10
2 Mus. 30:292Ms 29:37
2 Mus. 30:303Ms 8:12
2 Mus. 30:304Ms 3:2, 3
2 Mus. 30:302Ms 40:15
2 Mus. 30:312Ms 37:29; 1Pa 1:39; Zb 89:20
2 Mus. 30:332Ms 30:37, 38
2 Mus. 30:342Ms 25:3, 6
2 Mus. 30:353Ms 2:13
2 Mus. 30:352Ms 37:29; Zb 141:2; Ylh 5:8
2 Mus. 30:372Ms 30:31, 32
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
  • 37
  • 38
Mukaddes Kitap
2 Musa 30:1—38

Ikinji Musa

30 Akasiýa agajyndan+ tütetgi ýakylýan ojak*+ ýasaň. 2 Uzynlygy-da, ini-de bir tirsek*, beýikligi iki tirsek bolsun. Ony dörtburç edip, şahlary bilen bir bitewi edip ýasaň+. 3 Üstüni, gapdallaryny we şahlaryny sap altyna gaplaň. Ýokary gyrasyny altyn bilen nagyşlaň. 4 Iki gapdalyna altyndan iki halka ýasap, nagşynyň aşagyna dakyň. Halkalar biri-biriniň garşysynda dursun. Ojagy götereniňizde, taýaklary halkalardan geçirersiňiz. 5 Taýaklary-da akasiýa agajyndan ýasap, altyna gaplaň. 6 Ojagy äht* sandygyny+ ýapyp duran tutynyň öňünde goýuň. Äht sandygynyň gapagynyň üstünde saňa görnerin+.

7 Harun+ her gün irden şemleri+ taýynlamaga gelende, ojagyň üstünde+ ýakymly ysly tütetgi+ ýaksyn. 8 Agşamara* şemleri ýakanda-da, tütetgi ýaksyn. Siz nesilden-nesle Ýehowanyň huzurynda hemişe tütetgi ýakmalysyňyz. 9 Tütetgi ojagynda başga hiç hili tütetgi ýakmaň+, ýakma gurbanlygyny, galla sadakasyny ýa şerap sadakasyny hödürlemäň. 10 Harun tütetgi ojagyny ýylda bir gezek günäden arassalasyn+. Harun onuň şahlaryna günä gurbanlygy üçin soýlan malyň ganyny çalsyn+. Muny ýylda bir gezek nesilden-nesle berjaý ediň. Tütetgi ojagy Ýehowa üçin örän mukaddesdir».

11 Soňra Ýehowa Musa: 12 «Ysraýyl erkeklerini hasaba alyp, ilat ýazuwyny+ geçirýän mahalyň, olaryň hersi öz jany üçin Ýehowa töleg tölesin. Şonda hasaba alynýan adamlaryň başyna betbagtçylyk inmez. 13 Hasaba alnanlar mukaddes çadyrda+ ulanylýan ölçeg bilen ýarym şekel* kümüş bersin. Bir şekel 12 grama* deň. Ýehowa üçin ýarym şekel berilmelidir+. 14 Hasaba alnanlaryň 20 ýaşdan ýokarylary Ýehowa sadaka bersin+. 15 Janyňyz üçin Ýehowa töleg töläniňizde, baýlar ýarym şekelden* artyk, garyplar bolsa kem bermesin. 16 Ysraýyllaryň günäleri üçin berýän kümüş pullaryny ýygnak çadyrynyň* işi üçin ulanyň. Şol pullar Ýehowanyň huzurynda ysraýyllaryň öz jany üçin töleg töländigini ýatladyp durar» diýdi.

17 Ýehowa ýene-de Musa ýüzlenip: 18 «Ýuwunmak üçin misden legen ýasaň+. Diregleri-de misden bolsun. Legeni ýygnak çadyry bilen gurbanlyk ojagynyň* arasynda goýup, içine suw guýuň+. 19 Harun bilen ogullary ondan el-aýagyny ýuwsun+. 20 Olar ýygnak çadyryna girende, Ýehowa ýakyp gurban bermek we hyzmat etmek üçin gurbanlyk ojagynyň golaýyna baranda, heläk bolmaz ýaly ýuwunsynlar. 21 Olar ölmez ýaly el-aýagyny ýuwmalydyr. Harun bilen ogullary muny hemişelik kanun hökmünde nesilden-nesle berjaý etsin»+ diýdi.

22 Soňra Ýehowa Musa şeýle diýdi: 23 «Ýakymly ysly zatlardan 500 şekel gatadylan mür*, onuň ýarym mukdarynda 250 şekel ýakymly ysly dalçyn, 250 şekel ýakymly ysly gamyş, 24 mukaddes çadyrda+ ulanylýan ölçeg bilen 500 şekel ýabany dalçyn we bir küýze* zeýtun ýagyny al. 25 Olary gowuja* garyp, mukaddes ýag ýasa+. Mukaddes ýag şeýle ýasalsyn.

26 Şol ýagdan ýygnak çadyryna+, äht* sandygyna, 27 stola we esbaplaryna, şemdana we esbaplaryna, tütetgi ojagyna, 28 gurbanlyk ojagyna we esbaplaryna, legene we direglerine çalyp, 29 mukaddes et. Şonda olar doly mukaddes bolar+. Olary ulanýan* adam hem mukaddes bolmalydyr+. 30 Harun+ bilen ogullarynyň+ başyna-da ýag guýup, ruhany bellemek üçin mukaddes et+.

31 Ysraýyllara aýt: „Şol ýag nesilden-nesle meniň üçin mukaddes ýag bolar+. 32 Hiç kim şeýle ýagy endamyna çalmasyn. Şoňa meňzeş edip hiç zat ýasamaň, sebäbi ol mukaddesdir. Ony hemişe mukaddes hasaplaň. 33 Kimde-kim şular ýaly ýag ýasasa ýa-da keseki adama* çalsa, halkyň arasyndan ýok edilsin*“»+.

34 Şondan soň Ýehowa Musa: «Hoşboý ysly zatlardan balzam, onika*, arpabadyýan we ladan* al. Hemmesiniň ölçegi deň bolsun+. 35 Olary gowy* garyp, duz sep-de+, tütetgi ýasa+. Tütetgi arassa we mukaddes bolmalydyr. 36 Tütetginiň bir bölegini owrat-da, birazajygyny ýygnak çadyryndaky äht* sandygynyň öňünde, saňa görünjek ýerimde goý. Tütetgi siz üçin örän mukaddes bolsun. 37 Özüňiz üçin şonuň ýaly tütetgi ýasamaň+. Ol Ýehowanyň mukaddes hasaplaýan zadydyr. 38 Şeýle tütetgini ýasap, ysgan adam halkyň arasyndan ýok edilsin» diýdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş