Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 5 Musa 11
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

5 Musa kitabynyň mazmuny

      • Ýehowanyň beýikligini gören halk (1—7)

      • Wada edilen ýurt (8—12)

      • Gulak asmagyň sylagy (13—17)

      • Hudaýyň sözüni ýüregiňe ýazmaly (18—25)

      • Alkyş we gargyş (26—32)

5 Musa 11:1

Parallel aýatlar

  • +5Ms 6:5; 10:12; Mar 12:30

5 Musa 11:2

Parallel aýatlar

  • +5Ms 8:5; Ýew 12:6
  • +5Ms 5:24; 9:26
  • +2Ms 13:3

5 Musa 11:3

Parallel aýatlar

  • +5Ms 4:34

5 Musa 11:4

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: hemişelik; bütinleý.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 14:23, 28; Ýew 11:29

5 Musa 11:6

Parallel aýatlar

  • +4Ms 16:1, 32

5 Musa 11:9

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ant içen.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 13:14, 15; 26:3; 28:13
  • +2Ms 3:8; Hyz 20:6
  • +5Ms 4:40; Nak 3:1, 2

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    5/2021, sah. 8

5 Musa 11:10

Çykgytlar

  • *

    Sözme-söz: bag-bakja suwarýan ýaly aýagyňyz bilen suwarýardyňyz. Aýagyň bilen çarhy aýlamak ýa-da suwuň böwedini açmak göz öňünde tutulýar.

5 Musa 11:11

Parallel aýatlar

  • +5Ms 1:7
  • +5Ms 8:7

5 Musa 11:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar»,

    5/2021, sah. 8

5 Musa 11:13

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: yhlasly.

  • *

    Sözlüge serediň.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 4:29; 6:5; 10:12; Mat 22:37

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 7/2021, sah. 1

5 Musa 11:14

Çykgytlar

  • *

    Hudaý göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:4; 5Ms 8:7—9; 28:12; Ýer 14:22

5 Musa 11:15

Çykgytlar

  • *

    Hudaý göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 8:10

5 Musa 11:16

Parallel aýatlar

  • +5Ms 8:19; 29:18; Ýew 3:12

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    6/2019, sah. 3, 4

5 Musa 11:17

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:15, 23; 1Pa 8:35, 36; 2Tr 7:13, 14
  • +5Ms 8:19

5 Musa 11:18

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: möhürläň.

Parallel aýatlar

  • +Nak 7:1—3

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Maşgala bagty», sah. 70, 71

5 Musa 11:19

Parallel aýatlar

  • +5Ms 6:6—9; Nak 22:6; Efs 6:4

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi (Ýygnak üçin)»,

    3/2023, sah. 21—23

    «Maşgala bagty», sah. 70, 71

5 Musa 11:21

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: ant içen.

  • *

    Sözme-söz: asman ýeriň üstünde näçe wagt dursa.

Parallel aýatlar

  • +1Ms 13:14, 15
  • +5Ms 4:40; Nak 4:10

5 Musa 11:22

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: berk ýapyşsaňyz.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 6:5; Luk 10:27
  • +5Ms 10:20; 13:4; Ýuş 22:5

5 Musa 11:23

Parallel aýatlar

  • +2Ms 23:28; Ýuş 3:10
  • +5Ms 7:1; 9:1, 5

5 Musa 11:24

Çykgytlar

  • *

    Ýagny Ortaýer deňzi.

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 14:9
  • +1Ms 15:18; 2Ms 23:31

5 Musa 11:25

Parallel aýatlar

  • +5Ms 7:24; Ýuş 1:5
  • +2Ms 23:27; Ýuş 2:9, 10; 5:1

5 Musa 11:26

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: bereket.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 30:15

5 Musa 11:27

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: bereket.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 28:1, 2; Zb 19:8, 11

5 Musa 11:28

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:15, 16; Işa 1:20

5 Musa 11:29

Çykgytlar

  • *

    Ýa-da: bereket.

Parallel aýatlar

  • +5Ms 27:12, 13; Ýuş 8:33, 34

5 Musa 11:30

Parallel aýatlar

  • +1Ms 12:6

5 Musa 11:31

Parallel aýatlar

  • +Ýuş 1:11

5 Musa 11:32

Parallel aýatlar

  • +5Ms 5:32; 12:32

Umumy salgylar

5 Mus. 11:15Ms 6:5; 10:12; Mar 12:30
5 Mus. 11:25Ms 8:5; Ýew 12:6
5 Mus. 11:25Ms 5:24; 9:26
5 Mus. 11:22Ms 13:3
5 Mus. 11:35Ms 4:34
5 Mus. 11:42Ms 14:23, 28; Ýew 11:29
5 Mus. 11:64Ms 16:1, 32
5 Mus. 11:91Ms 13:14, 15; 26:3; 28:13
5 Mus. 11:92Ms 3:8; Hyz 20:6
5 Mus. 11:95Ms 4:40; Nak 3:1, 2
5 Mus. 11:115Ms 1:7
5 Mus. 11:115Ms 8:7
5 Mus. 11:135Ms 4:29; 6:5; 10:12; Mat 22:37
5 Mus. 11:143Ms 26:4; 5Ms 8:7—9; 28:12; Ýer 14:22
5 Mus. 11:155Ms 8:10
5 Mus. 11:165Ms 8:19; 29:18; Ýew 3:12
5 Mus. 11:175Ms 28:15, 23; 1Pa 8:35, 36; 2Tr 7:13, 14
5 Mus. 11:175Ms 8:19
5 Mus. 11:18Nak 7:1—3
5 Mus. 11:195Ms 6:6—9; Nak 22:6; Efs 6:4
5 Mus. 11:211Ms 13:14, 15
5 Mus. 11:215Ms 4:40; Nak 4:10
5 Mus. 11:225Ms 6:5; Luk 10:27
5 Mus. 11:225Ms 10:20; 13:4; Ýuş 22:5
5 Mus. 11:232Ms 23:28; Ýuş 3:10
5 Mus. 11:235Ms 7:1; 9:1, 5
5 Mus. 11:24Ýuş 14:9
5 Mus. 11:241Ms 15:18; 2Ms 23:31
5 Mus. 11:255Ms 7:24; Ýuş 1:5
5 Mus. 11:252Ms 23:27; Ýuş 2:9, 10; 5:1
5 Mus. 11:265Ms 30:15
5 Mus. 11:275Ms 28:1, 2; Zb 19:8, 11
5 Mus. 11:283Ms 26:15, 16; Işa 1:20
5 Mus. 11:295Ms 27:12, 13; Ýuş 8:33, 34
5 Mus. 11:301Ms 12:6
5 Mus. 11:31Ýuş 1:11
5 Mus. 11:325Ms 5:32; 12:32
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
Mukaddes Kitap
5 Musa 11:1—32

Bäşinji Musa

11 Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp+, kada-kanunlaryny, hökümlerini, tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetirip, Hudaýyň öňündäki borjuňyzy berjaý ediň. 2 Men muny Ýehowa Hudaýyň terbiýesini+ görmedik, Hudaýyň beýikliginiň+, güýç-kuwwatly golunyň+ şaýady bolmadyk ogullaryňyza däl, size aýdýaryn. 3 Ogullaryňyz Hudaýyň Müsürde görkezen alamatlaryny, faraona we Müsür ýurduna näme edendigini görmedi+. 4 Ýehowa yzyňyzdan kowalan Müsür goşunyny, faraonyň at-arabalaryny Gyzyl deňze gark edip, baryny birden* ýok etdi+. Emma ogullaryňyz muny gözi bilen görmedi. 5 Olar çölde Hudaýyň siz hakda alada edişini hem görmedi. 6 Rubeniň neslinden Alyýabyň ogullary Datan bilen Abyramy, olaryň öý-içerisini, çadyrlaryny, mal-garasyny we ýanyndaky adamlary halkyň gözüniň alnynda ýer ýuwudanda+, ogullaryňyz ýokdy. 7 Siz bolsa Ýehowanyň beýik gudratlaryny gözüňiz bilen gördüňiz.

8 Şu günki berýän ähli tabşyryklarymy berjaý ediň. Şonda güýçli halk bolarsyňyz, derýadan geçip, ýurdy miras alarsyňyz. 9 Ýehowanyň ata-babalaryňyza we olaryň nesline wada beren*+ süýt bilen bal akýan ýurdunda+ uzak ýaşarsyňyz+.

10 Barjak ýurduňyz Müsür ýurdy ýaly däldir. Müsürde ekin ekip, mellegiňizi zordan suwarýardyňyz*. 11 Emma miras aljak ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr+, topragy ýagyş suwarýandyr+. 12 Ýurda Ýehowa Hudaýyňyz gözegçilik edýändir. Ýylyň başyndan aýagyna çenli Ýehowa Hudaýyňyz ýurdy ünsden düşürýän däldir.

13 Size berýän tabşyryklarymy ýürekden* ýerine ýetirseňiz, Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp, bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz* bilen gulluk etseňiz+, 14 ol* topragyňyzy güýz hem ýaz ýagşy bilen wagtly-wagtynda suwarar. Şonda gallaňyz, täze şerabyňyz, ýagyňyz bol bolar+. 15 Ol* mallaryňyz üçin al-ýaşyl öri meýdanlaryny berer, bolçulykda ýaşarsyňyz+. 16 Ýöne ýüregiňiz aldawa düşmez ýaly seresap boluň, ýoldan çykyp, başga taňrylara tagzym etmäň, sežde etmäň+. 17 Ýogsam Ýehowanyň size gahary geler. Ol gökleri baglap, ýagyş ýagdyrmaz+, toprak hasyl bermez. Ýehowanyň beren eşretli ýurdundan gysga wagtyň içinde ýok bolup gidersiňiz+.

18 Şu sözlerimi aňyňyza, ýüregiňize ýazyň*, eliňize bellik, kelläňize maňlaýlyk ýaly daňyp goýuň+. 19 Olary çagalaryňyza hem öwrediň, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-da, turanyňyzda-da gürrüň beriň+. 20 Olary gapyňyzyň söýelerine, şäheriňiziň derwezelerine ýazyň. 21 Şonda Ýehowanyň ata-babalaryňyza wada beren* ýurdunda+ özüňiz hem, ogullaryňyz hem uzak ýaşarsyňyz+, asman-zemin deý* uzak ömür sürersiňiz.

22 Size berýän tabşyryklaryma gulak asyp, birkemsiz ýerine ýetirseňiz, Ýehowa Hudaýyňyzy söýüp+, ýolundan ýöreseňiz, diňe oňa wepaly bolsaňyz*+, 23 Ýehowa ýurtdaky ähli halklary kowup çykarar+. Özüňizden has köp we güýçli halklaryň ýurduny eýelärsiňiz+. 24 Aýak basan ýeriňiz siziňki bolar+. Serhediňiz çölden Liwana, Ýewfrat derýasyndan tä günbatar deňzine* çenli uzalar+. 25 Hiç kim size garşy çykyp bilmez+. Nirä barsaňyz-da, Ýehowa Hudaýyňyz sözünde durup, halklary sizden gorkar ýaly eder, howsala düşürer+.

26 Ine şu ikisinden birini saýlaň: alkyş* ýa-da gargyş+. 27 Eger Ýehowa Hudaýyňyzyň men arkaly berýän tabşyryklaryna gulak assaňyz, alkyş* alarsyňyz+. 28 Ýöne Ýehowa Hudaýyňyzyň tabşyryklaryna gulak asman+, öwredýän ýolumdan çyksaňyz, başga taňrylara sežde etseňiz, gargyşa galarsyňyz.

29 Ýehowa Hudaýyňyz sizi mülk edip berjek ýurduna eltende, Gerizim dagynda alkyş*, Gewal dagynda+ gargyş okaň. 30 Şol daglar günbatarda, Iordanyň aňyrsynda, Arabada ýaşaýan kenganlaryň ýurdunda, Gilgalyň garşysyndaky Moreniň uly agaçlarynyň+ golaýynda ýerleşýär. 31 Iordandan geçip, Ýehowa Hudaýyňyzyň berýän ýurduny miras alarsyňyz+. Şol ýurdy miras alyp, ýaşap başlanyňyzda, 32 size berýän kanunlarymy we hökümlerimi birkemsiz berjaý ediň+.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş