Işaýa
1 Ýahuda patyşalary+ Uzyýanyň+, Ýotamyň+, Ahazyň+ we Hizkiýanyň+ döwründe Amozyň ogly Işaýanyň*+ Ýahuda hem-de Iýerusalim hakda gören görnüşi*:
2 Diňle, gök asman! Gulak as, zemin!+
Ýehowa şeýle diýýär:
3 Öküz hojaýynyny tanaýar,
Eşek eýesiniň ahyryny bilýär;
Emma Ysraýyl meni* tanamaýar+,
Halkym akmaklyk edýär».
5 Urulmakdan ýaňa endam-janyňyz göm-gök bolsa-da,
6 Depäňizden dabanyňyza çenli abat ýeriňiz galmady.
Ýaralaryňyz, gök düşen ýerleriňiz we çybanlaryňyz,
Ýuwulmady, saralmady, üstüne ýag hem çalynmady+.
7 Ýurduňyz çöle öwrüldi,
Şäherleriňiz otlandy,
Ýatlar gözüňiziň alnynda hasylyňyzy ýalmap ýuwutdy+.
Duşman çozan ýaly, ýurduňyz derbi-dagyn bolupdyr+.
8 Sion gyzy üzümçilikde dikilen çatma kimin,
Hyýar atyzynda gurlan kepbe kimin,
Daşy gabalan şäher kimin boldy+.
9 Serkerdebaşy Ýehowa
Käbirimizi aman galdyrmadyk bolsady,
Biz Sodom ýaly bolardyk,
Gomorra meňzärdik+.
10 Sodomyň+ zalym hökümdarlary, Ýehowanyň sözüni diňläň!
Gomorra+ halky, Allamyzyň kanunyna gulak goýuň!
11 Ýehowa şeýle diýýär:
«Köp gurbanlyk berseňiz-de, maňa näme peýdasy bar?+
Ýakma gurbanlygy hökmünde berýän goçlaryňyzdan+,
Baga bakylan mallaryňyzyň+ ýagyndan doýdum.
Öküzçeleriň+, guzularyň,
13 Biderek galla sadakasyny getirmäň.
Men tütetgiňizi ýigrenýärin+.
Siz Täze aý baýramyny+ we Sabat günlerini+ belleýärsiňiz,
Mukaddes ýygnaga+ gelýärsiňiz.
Uly baýramlaryňyzda bolsa jadygöýlik edýärsiňiz+.
Men muňa çydap oturmaryn.
14 Men siziň Täze aý baýramlaryňyzy,
Beýleki baýramlaryňyzy ýigrenýärin.
Olar maňa ýük boldy,
Olardan halys ýadadym.
15 Elleriňizi göge galdyryp ýalbaranyňyzda,
Gözümi sizden sowýaryn+.
17 Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalatly boluň+,
Zalym adamy dogry ýola salyň.
Ýetimleriň hakyny alyp beriň,
Dul aýalyň arzyny diňläň»+.
18 Ýehowa şeýle diýýär: «Geliň, düşünişeliň!+
Günäleriňiz gyzyl mata ýaly bolsa-da,
Men olary gar ýaly ak ederin+.
Günäleriňiz gyrmyzy mata ýaly bolsa-da,
Men olary ýüň kimin ak ederin.
19 Meniň sözüme ýürekden gulak assaňyz,
Topragyň näz-nygmatyndan doýarsyňyz+.
21 Wepaly şäher+ nädip ahlaksyz boldy?+
Öň şäherde adalatlylyk höküm sürýärdi+,
Dogruçyllar ýaşaýardy+.
Indi bolsa ganhorlaryň mekanyna öwrüldi+.
23 Han-begleriň kesirdir, ogrulara şärikdir+,
Ählisi para ýatdy, sowgatlar gözüni gapdy+.
Olar ýetimiň hakyny alyp bermeýär,
Dul aýalyň arzyny asla diňlemeýär+.
24 Şonuň üçin hak Hökümdar, Serkerdebaşy Ýehowa,
Ysraýylyň gudratly Hudaýy şeýle diýýär:
«Besdir! Indi duşmanlarymdan dynaryn,
Olardan ar alaryn+.
25 Saňa güýçli golum bilen jeza bererin,
Seni eredip, galyndylardan doly* arassalaryn,
Ähli hapadan tämizlärin+.
26 Saňa gadymy döwürdäki ýaly kazylary,
Öňki günlerdäki ýaly maslahatçylary bererin+.
Şonda saňa Dogruçyl hem Wepaly şäher diýerler+.
27 Sion adalatlylyk bilen halas bolar+,
Dolanan adamlar dogruçyllyk bilen gutular.
30 Siz ýapragy solan beýik agaja+,
Suwsuz ýatan bag-bakja meňzärsiňiz.
31 Güýçli adam saman* kimin,
Eden işleri uçgun kimin bolar.
Olaryň ikisi-de bilelikde lowlap ýanar,
Ody söndüren bolmaz».