Ýehowanyň Sözi diri
Işaýa kitabyndan peýdaly pikirler — birinji bölüm
«MEN kimi ibereýin, biziň üçin kim gider?» Ýehowanyň bu soragyna Amosyň ogly Işaýa: «Ine, men, iber meni» diýip jogap berdi (Işaýa 1:1; 6:8). Şonda oňa pygamberlik etmäge ýumuş berildi. Işaýanyň pygamberlik edişi Mukaddes Ýazgylardaky Işaýa atly kitapda ýazylgy.
Işaýa pygamberlik kitabyny 46 ýylyň dowamynda ýazdy. Bu kitap b. e. öň 778-nji ýyldan, 732-nji ýyl aralygy öz içine alýar. Kitapda Ýahuda, Ysraýyla we goňşy halklara garşy hökümler ýazylsa-da, onuň esasy temasy Ýehowa Hudaýyň halas edişi barada (Işaýa 25:9). Işaýanyň ady-da «Ýehowanyň halas edişi» diýmegi aňladýar. Şu makalada Işaýa 1:1—35:10-njy aýatlardaky peýdaly pikirlere serederis.
«GALYNDY DOLANAR»
Işaýa kitabynyň ilkinji bäş babyndaky pygamberlik görnüşleriň, Işaýanyň pygamber bolmazyndan öň ýa-da soň görendigi barada Mukaddes Ýazgylarda aýdylmaýar (Işaýa 6:6—9). Ýahuda bilen Iýerusalim «dabanyndan depesine çenli» ruhy taýdan kesellidi (Işaýa 1:6). Butparazlyk giňden ýaýrapdy. Ýolbaşçylary parahordy. Aýallary tekepbirdi. Adamlar hak Hudaýa nädogry gulluk edýärdiler. Işaýa pygambere bilim almak islemeýän we düşünjesiz adamlara öwran-öwran gaýtalap aýtmaga ýumuş berildi.
Ysraýyl bilen Siriýa birleşip, Ýahuda howp salýardy. Ýehowa Işaýany we onuň çagalaryny «alamat we gudrat hökmünde» ulanyp, Siriýa bilen Ysraýyl goşunynyň ýeňmejegini aýdýar (Işaýa 8:18). Ebedi parahatlyk diňe «Parahatlyk Şazadasy» höküm sürende berkarar bolar (Işaýa 9:6, 7). Şeýle-de Ýehowa «gaharynyň gamçysy» hökmünde ulanan Aşur halkyna höküm çykarýar. Ýehudylar ýesirlige äkidilse-de, ýöne «galyndy dolanar» (Işaýa 10:5, 21, 22). «Ýessäniň köküniň pudagynyň» hökümdarlygynda hakyky adalatlylyk bolar (Işaýa 11:1).
Sowallaryň jogaby:
1:8, 9 — Sion gyzlary nädip «üzümlikdäki çadyr kimin, mellekdäki çatma kimin... galdy»? Aşurlylar Iýerusalimi basyp alanda, ol üzümlikdäki çadyr ýa-da mellekdäki çatma ýaly goragsyz ýaly bolup görünjekdigini aňladýar. Ýöne Ýehowa kömege gelip, onuň Sodom we Gomorra ýaly ýok bolmagyna ýol bermez.
1:18 — «Geliň, dawamyzy çözeliň» diýen jümle nämäni aňladýar? Bu deň hukuklylaryň arasyndaky ylalaşyp düşünişmeklige çagyryş däl. Adyl kazy Ýehowa ysraýyllylaryň özgermegine we ahlak taýdan saplanmagyna mümkinçilik berýär.
6:8a — Näme üçin bu aýatda «men» we «biz» diýen at çalyşmasy ulanylýar? «Men» diýlende Ýehowa Hudaý göz öňünde tutulýar. «Biz» diýen söz bolsa, Ýehowanyň ýanynda ýene bir şahsyýetiň bardygyny görkezýär. Ol şahsyýet onuň «ýalňyz» Ogly (Ýahýa 1:14; 3:16).
6:11 — Işaýa pygamber: «Ýehowa, haçana çenli?» diýmek bilen nämäni göz öňünde tutýar? Işaýa Ýehowanyň habaryny biperwaý adamlara haçana çenli wagyz etmelidigini soramaýar. Ol halkyň ruhy taýdan gözgyny ýagdaýynyň haçana çenli Hudaýyň adyna ysnat getirjekdigini bilmek isleýär.
7:3, 4 — Näme üçin Ýehowa Ahaz atly zalym patyşany halas etdi? Siriýa we Ysraýyl patyşalary Ýahudanyň patyşasy Ahazy tagtdan düşürip, onuň ýerine Dawudyň neslinden bolmadyk Tabeýeliň ogluny goýmakçy boldular. Şeýtmek bilen, olar Dawut bilen Patyşalyk baradaky baglaşylan ähti bozup, Şeýtan Iblisiň hileli niýetine ýardam ederdiler. Ýehowanyň Ahazy halas etmeginiň sebäbi onuň neslinden «Parahatlyk Şazadasy» gelmelidi (Işaýa 9:6).
7:8 — Efraýym nädip altmyş bäş ýyldan «halk bolmagyny bes etdi»? Işaýa pygamberlik edeninden biraz wagt geçenden soň, on taýpaly patyşalygyň halky sürgün edildi. «Ysraýyl patyşasy Pekahyň döwründe» ýurda gelmişekler gelip başladylar (4 Patyşalar 15:29). Bu aşurlylaryň patyşasy Sanheripiň ogly we mirasçysy Esarhaddonyň günlerine çenli dowam etdi (4 Patyşalar 17:6; Ezra 4:1, 2; Işaýa 37:37,38). Işaýa 7:8-de aşurlylaryň göçüşi we altmyş bäş ýyldan soň samariýalylaryň sürgün edilişi aýdylýar.
11:1, 10 — «Ýessäniň kökünden çykan pudak» Isa Mesih ýene-de nädip «Ýessäniň Köki» bolup bilýär? (Rimliler 15:12). Isa «Ýessäniň pudagydy», ýagny onuň neslindendi. Ol Ýessäniň neslinden Dawudyň ogludy (Matta 1:1—6; Luka 3:23—32). Ýöne Isanyň patyşalyk tagtyna geçmegi bilen onuň orny ata-babalarynyňka garanda üýtgeýär. Isanyň ygtyýarlygyna we hökümdarlygyna gulak asýan adamlara ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga mümkinçilik berler hem-de Isa olaryň «ebedi Atasy» bolar (Işaýa 9:6). Şeýdip, ol ata-babalarynyň, Ýessäniň «köki» bolar.
Biziň üçin sapak:
1:3. Ýaradyjynyň talabyna görä ýaşamaýan adamlar, eýesini tanaýan öküz ýa eşekçe-de bolmaýar. Emma Ýehowanyň ähli eden zatlary üçin minnetdarlygymyzy artdyrsak, paýhasly hereket edip, ondan daşlaşmarys.
1:11—13. Ýehowa ýalan dini däpleri we göz üçin edilýän dogalary ýigrenýär. Biziň edýän işlerimiz we dogalarymyz dogry niýet bilen bolmaly.
1:25—27; 2:2; 4:2, 3. Ýahuda derbi-dagyn edilip, onuň halky sürgün edildi. Soňra halkyň toba gelen galyndysy Iýerusalime dolandy we hakyky sežde dikeldildi. Toba gelen adamlara Ýehowanyň rehimi inýär.
2:2—4. Biz Patyşalyk baradaky wagyz işine we şägirt taýýarlamaga yhlasly gatnaşsak, köp halklara parahatlygyň ýollaryny öwrenmäge we biri-biri bilen ylalaşyp ýaşamaga kömek ederis.
4:4. Ýehowa ahlaksyzlygy we gandöküşikligi ýok eder.
5:11—13. Mesihçi dynç alanda özüne erk etmese we paýhasly bolmasa, alan bilimine görä hereket etmeýär (Rimliler 13:13).
5:21—23. Mesihçi ýaşulular we gözegçiler «öz gözüne akyldar» bolmakdan gaça durmaly. Şeýle-de olar spirtli içgileri aşa köp içmeli däl we ala tutmaly däl.
11:3a Isanyň göreldesi we taglymatlary Ýehowadan gorkmagyň bagtly edýändigini görkezýär.
«ÝEHOWA ÝAKUBA REHIM EDER»
13—23-nji baplarda Ysraýyl halkyna garşy hökümler yglan edilýär. Emma «Ýehowa Ýakuba rehim edip», sürgündäki ysraýyllylaryň ählisine ýurduna dolanmaga mümkinçilik berer (Işaýa 14:1). 24—27-nji baplarda Ýahudanyň weýran ediljegi we onuň dikeldiljegi habar berilýär. Ýehowa «serhoş Efraýymyň [Ysraýylyň]» Siriýa bilen, Ýahudanyň «ruhanysy we pygamberiniň» Aşur bilen äht baglaşanyna gaharlanýar (Işaýa 28:1, 7). «Ariýeliň [Iýerusalimiň] gününe waý», çünki olar kömek üçin «Müsüre gidýärler» (Işaýa 29:1; 30:1, 2). Emma Ýehowa iman edýän adamlaryň halas boljakdygyny öňünden aýdýar.
Ýaş şiriň oljasyny goraýşy kimin Ýehowa «Sion dagyny» gorar (Işaýa 31:4). Şeýle-de: «Ine, patyşa dogrulykda höküm sürer» diýip, wada berýär (Işaýa 32:1). Aşurlylaryň Ýahuda howp salýandygy üçin, hatda «parahatlyk ilçileri-de» ajy aglaýarlar. Ýehowa halkynyň «günälerini bagyşlap», olary sagaltjakdygyny wada berýär (Işaýa 33:7, 22—24). «Ýehowa bütin milletlere gaharlanýar, goşunlaryň ählisine gazaplanýar» (Işaýa 34:2). Ýahuda terk edilmez. «Çöl we gury ýer begener, ýaşalmaýan ýurt şatlanar, nerkes kimin gül açar» (Işaýa 35:1).
Sowallaryň jogaby:
13:17 — Midiýalylar haýsy manyda kümşi gymmat hasaplamaýardylar we altyna höwes etmeýärdiler? Midiýalylar we parslar ýeňişde gazanan şöhratyny uruşda alan oljasyndan ýokary saýýardylar. Haçan-da Kir patyşa ýeňende, Nebukadnezar patyşanyň Ýehowanyň ybadathanasyndan olja hökmünde alan altyndyr kümüş gaplaryny ysraýyllylara gaýdyp berende aýan boldy.
14:1, 2 — Ýehowanyň halky nädip «ony ýesir edenleri ýesir eder» we «ony ezýänleriň üstünden agalyk sürer»? Bu pygamberlik midiýalylaryň we parslaryň Babylda höküm süren mahaly Dawut ýokary wezipä bellenende, Pars patyşasy Esteri aýal edinende we Pars patyşanyň uly weziri edip Mordekaý bellenende berjaý boldy.
20:2—5 — Işaýa pygamber, dogrudan-da, üç ýyllap çuw ýalaňaç ýördümi? Mümkin, ol donuny çykaryp diňe köýnekde gezen bolmaly (1 Patyşalar 19:24, 2 Patyşalar 6:14, 20-ni deňeşdir).
21:1 — «Deňiz kenaryndaky çöl» diýip, nirä aýdylýar? Babyl şäheriniň golaýynda hiç hili deňiz kenary bolmasa-da, bu aýatda Babyl göz öňünde tutulýar. Sebäbi onuň golaýyndaky Ýefrat we Tigr derýalary her ýyl joşanda ülkäni suw basyp, batgalyk «deňzine» öwrülýärdi.
24:13—16 — Halklaryň arasynda ýehudylar nädip «hasyly ýygnalan zeýtun we üzüm agajy ýaly bolar»? Dogrudan-da, hasyl ýygnalandan soň, agaçda birnäçe miwäniň ýa-da üzüm şahasynda üzümiň galyşy ýaly, Iýerusalim bilen Ýahuda weýran edilende-de, birnäçe adam aman galdy. Diri galan adamlar «Gündogarda ýerleşýän Babyla» ýa-da «[Ortaýer] deňziniň adalaryna» göçürseler-de, olar şol ýerde Ýehowany şöhratlandyrýardylar.
24:21 — «Belentlikdäki goşun» we «ýerdäki patyşalar» kim? «Belentlikdäki goşun» zalym ruhlary aňladýan bolmaly. «Ýerdäki patyşalar» bolsa, jynlaryň gol astyndaky ýer ýüzünde hökümdarlyk edýän patyşalary aňladýar (1 Ýahýa 5:19).
25:7 — «Ähli halklara örtülen we ähli taýpalara ýapylan örtgi» näme? Bu adamlaryň esasy iki duşmanyny, ýagny günäni we ölümi aňladýar.
Biziň üçin sapak:
13:20—22; 14:22, 23; 21:1—9. Babyl baradaky pygamberligiň ýerine ýetişi, Ýehowanyň pygamberlik sözleriniň hemişe ýerine ýetýändigini görkezýär.
17:7, 8. Ysraýyllylaryň köpüsi Ýehowadan dänse-de, oňa gulak asýanlaram bardy. Käbir hristianlaram Patyşalyk baradaky habara gulak asýarlar.
28:1—6. Ysraýyl Aşuryň eline düşse-de, Hudaý wepaly adamlary halas eder. Ýehowa dogry adamlara umyt berýär.
28:23—29. Ýehowa akýürekli adamlary zerurlygyna we ýagdaýyna görä terbiýeleýär.
30:15. Ýehowa biziň halas bolmagymyz üçin, gutulyşy adamlardan gözlemän, «rahat bolup» iman etmegimizi talap edýär. Onsoňam, biz «rahatlygy saklasak», ýagny gorkmasak, Ýehowanyň gorap biljekdigine ynanýarys.
30:20, 21. Biz Mukaddes Ýazgylar we «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» edebiýatlary arkaly Ýehowany «görýäris» hem-de onuň gutulyş sesini «eşidýäris» (Matta 24:45).
Işaýanyň pygamberligi Hudaýyň Sözüne ynamymyzy berkidýär
Biz Işaýa kitabyndaky Hudaýyň habaryna nähili minnetdar! Ýerine ýetýän pygamberlikler, Ýehowanyň «agzyndan çykýan sözüniň boş gaýdyp gelmejegine» ynamymyzy berkidýär (Işaýa 55:11).
Işaýa 9:7 we 11:1—5, 10-njy aýatlarda Mesih baradaky pygamberlikler hakynda näme diýse bolar? Şu pygamberlikler Ýehowanyň halas etjekdigine ynamymyzy berkitmeýärmi näme? Şeýle-de bu kitapda esasan hem şu günler ýerine ýetýän we gelejekde ýerine ýetjek pygamberlikler bar (Işaýa 2:2—4; 11:6—9; 25:6—8; 32:1, 2). Dogrudanam, Işaýa pygamberiň kitaby «Hudaýyň sözüniň diridigine» ynamymyzy berkidýär! (Ýewreýler 4:12).