Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • nwt Serdarlar 1:1—21:25
  • Serdarlar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Serdarlar
  • Mukaddes Kitap
Mukaddes Kitap
Serdarlar

SERDARLAR KITABY

1 Ýuşa aradan çykandan+ soňra ysraýyl ogullary Ýehowadan: «Kenganlaryň garşysyna ilki haýsymyz söweşe çykmaly?» diýip soradylar+. 2 Ýehowa olara: «Ýahuda çykar+. Men ýurdy onuň eline berdim» diýip jogap berdi. 3 Şonda ýahuda taýpasy şimgon taýpasyna: «Ýörüň, bize berlen ýeri*+ eýelemek üçin kenganlar bilen söweşmäge gideliň. Soňra bizem size berlen ýeri eýelemäge kömek ederis» diýdi. Şimgon taýpasy olara kömek etmäge gitdi.

4 Ýahuda taýpasy söweşe çykdy. Ýehowa kenganlary we perizleri olaryň eline berdi+. Olar Bezekde 10 000 adamy öldürdiler. 5 Olar Bezekde Adonybezegi hem gözläp tapdylar we söweşdiler, kenganlary+ hem perizleri+ gyrdylar. 6 Emma Adonybezek gaçyp gitdi. Olar Adonybezegi kowalap tutdular, eliniň we aýagynyň başam barmaklaryny çapdylar. 7 Şonda Adonybezek: «Men 70 patyşanyň eliniň we aýagynyň başam barmaklaryny çapypdym. Olar saçagymdan galan⁠-⁠gaçan çörekleri iýerdiler. Ine, Hudaý olara edenimi öz başyma getirdi» diýdi. Soňra Adonybezegi Iýerusalime+ getirdiler. Adonybezek şol ýerde aradan çykdy.

8 Ýahuda taýpasy Iýerusalimi+ basyp aldy, ilatyny gylyçdan geçirdi, şäheri bolsa otlady. 9 Soňra olar Negepde, Şepelada+ we daglarda ýaşaýan kenganlar bilen söweşmäge gitdiler. 10 Olar Hebronda (öňki ady Kirýat⁠-⁠arba) ýaşaýan kenganlaryň üstüne çozup, Şeşaýy, Ahymany we Talmaýy* gyrdylar+.

11 Soňra olar Debiriň ilatynyň üstüne çozdular+. Öň Debiriň ady Kirýat⁠-⁠seperdi+. 12 Kalep+: «Kirýat⁠-⁠seperi basyp alana gyzym Akşany berjek»+ diýdi. 13 Şäheri Kalebiň inisi Kenazyň+ ogly Otnyýel+ basyp aldy. Kalep oňa gyzy Akşany berdi. 14 Akşa gaýyn öýüne ugramanka, kakasy Kalepden ýer soramagy ärinden haýyş etdi. Ol eşekden düşende*, kakasy: «Gyzym, näme isleýäň?» diýip sorady. 15 Gyzy: «Kaka, maňa günortadaky* takyrlygy berdiň. Haýyş edýärin, Gullot⁠-⁠maýymy* hem maňa beräý!» diýdi. Kalep gyzyna ýokarky Gulloty we aşaky Gulloty berdi.

16 Musanyň gaýynatasynyň+ neslinden kenler+ ýahudalar bilen palma agaçly şäherden*+ çykyp, Aratyň+ günortasyndaky Ýahudanyň çölüne gitdiler. Olar ýerli halkyň arasynda ornaşdylar+. 17 Ýahuda taýpasy şimgon taýpasy bilen Sepatdaky kenganlaryň üstüne çozdular. Olaryň şäherini derbi⁠-⁠dagyn edip+, adyna Horma*+ goýdular. 18 Soňra ýahuda taýpasy Gazany+, Aşkelony+, Ekrony+ we daş⁠-⁠töweregini basyp aldy. 19 Ýehowa olary goldaýardy. Ýahudalar daglyk ýerleri eýelediler, emma düzde ýaşaýan adamlary boýun egdirip bilmediler. Sebäbi olaryň tigirleri kesgir gylyçly söweş arabalary bardy+. 20 Musanyň wada berişi ýaly, Hebrony Kalebe berdiler+, ol hem Anagyň üç ogluny+ kowup çykardy.

21 Benýaminler Iýerusalimden ýabuslary kowmadylar. Olar häzire çenli Iýerusalimde ýaşaýarlar+.

22 Ýusubyň nesilleri+ bolsa Beýtele garşy söweşe çykdy, Ýehowa hem olary goldady+. 23 Olar Beýteli (şäheriň öňki ady Luz)+ gözden geçirmäge adam ugratdylar. 24 Olar şäherden çykyp gelýän bir adama duşup: «Şähere barýan ýoly görkezseň, saňa rehim ederis*» diýdiler. 25 Şonda ýaňky adam olara şähere barýan ýoly görkezdi. Olar şäheriň ilatyny gylyçdan geçirdiler, emma ol adama we maşgalasyna rehim etdiler+. 26 Ol adam hetleriň ýurduna baryp, bir şäher gurdy we adyna Luz dakdy. Şäher häzirem şol ady göterýär.

27 Manaşanyň nesilleri Beýtşeýany, Tanahy+, Dory, Iblegamy, Megiddony we daş⁠-⁠töweregindäki galalary basyp almadylar+, sebäbi kenganlary ýurtdan çykaryp bilmediler. 28 Ysraýyllar kuwwatlanyp, kenganlary gul edip işletdiler+, ýöne ýurtdan kowup bilmediler+.

29 Efraýymyň nesilleri Gezerdäki kenganlary kowmadylar. Kenganlar hem olar bilen Gezerde ýaşadylar+.

30 Zebulunyň nesilleri Kitronyň we Nahalolyň+ halkyny kowup çykarmadylar. Kenganlar hem olar bilen ýaşap, gul ýaly işlediler+.

31 Aşeriň nesilleri Akkonyň, Sidonyň+, Ahlabyň, Akzybyň+, Helbanyň, Apigiň+ we Rehobyň+ ilatyny kowup çykarmady. 32 Aşerler kenganlary kowmansoň, olar bilen ýaşadylar.

33 Naftalynyň nesilleri Beýtşemeşiň we Beýtanatyň+ halkyny kowman, kenganlaryň arasynda ýaşadylar+. Emma Beýtşemeşiň we Beýtanatyň halkyny gul edip işletdiler.

34 Amorlar Danyň nesillerini daglara tarap gysdylar, olary düzlüge goýbermediler+. 35 Amorlar Heres dagynda, Aýalonda+ we Şegalbimde+ ýaşadylar. Ýöne Ýusubyň nesilleri kuwwatlanyp, olary gul edip işletdiler. 36 Amorlaryň ýeri Akrap depesinden+ başlap, Seladan daglara tarap uzalyp gidýärdi.

2 Ýehowanyň perişdesi+ Gilgaldan+ Bohime gelip, ysraýyllara şeýle diýdi: «Men sizi Müsürden çykaryp, ata⁠-⁠babalaryňyza wada beren* ýurduma+ getirdim. Men: „Siziň bilen baglaşan ähtimi hiç haçan bozmaryn+. 2 Siz şol ýeriň halky bilen äht baglaşmaň+, gurbanlyk ojaklaryny* ýumruň“+ diýipdim. Ýöne siz näme üçin gulak asmadyňyz?+ 3 Şonuň üçin men aýdyşym ýaly, olary öňüňizden kowmaryn+. Olar size duzak gurarlar+, siz hem taňrylaryna sežde edip, duzaga düşersiňiz»+.

4 Ýehowanyň perişdesiniň aýdan sözlerini eşidip, ysraýyllaryň ählisi möňňürip aglaşdylar. 5 Olar şol ýeriň adyna Bohim* dakdylar we Ýehowa gurbanlyk berdiler.

6 Ýuşa adamlary öýli⁠-⁠öýüne ugratdy. Ysraýyllaryň hersi alan mülküni eýelemäge gitdiler+. 7 Ýuşanyň döwründe we ondan köpräk ýaşap, Ýehowanyň uly işlerini gören ýaşulularyň döwründe halk Ýehowa gulluk etdi+. 8 Ýehowanyň guly Nunuň ogly Ýuşa 110 ýaşynda aradan çykdy+. 9 Ýuşany öz mülkünde, Efraýym daglaryndaky Timnat⁠-⁠heresde+, Gagaş dagynyň demirgazygynda jaýladylar+. 10 Şol nesil dünýäden ötdi we Ýehowany tanamaýan, ysraýyllara eden işlerini bilmeýän nesil döredi.

11 Şeýlelikde, ysraýyllar Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşdular we Bagal butlaryna sežde etdiler+. 12 Olar ata⁠-⁠babalaryny Müsür ýurdundan çykaran Hudaýy Ýehowany terk etdiler+ we daş⁠-⁠töweregindäki halklaryň taňrylaryna gulluk edip+, olara tagzym etdiler. Olar Ýehowany ynjatdylar+. 13 Ýehowadan ýüz öwrüp, Bagala we Aştoret butlaryna sežde etdiler+. 14 Şol sebäpli Ýehowa gahar⁠-⁠gazaba münüp, ysraýyllary duşmanlarynyň eline berdi+. Olar hem ysraýyllary taladylar. Hudaý olary goňşy halklaryň eline berdi+. Olar duşmanlaryna garşy durup bilmediler+. 15 Ysraýyllar nirä gitseler⁠-⁠de, Ýehowa olara garşy çykyp, üstlerinden betbagtçylyk inderdi+. Ýehowanyň aýdyşy ýaly, Ýehowanyň ant içişi ýaly+, olar görgi baryny gördüler+. 16 Soňra Ýehowa ysraýyllary garakçylaryň elinden halas etmek üçin serdarlary belledi+.

17 Ysraýyllar serdarlara⁠-⁠da gulak asman, başga taňrylara sežde edip*, olara tagzym etdiler. Olaryň ata⁠-⁠babalary Ýehowanyň tabşyryklaryny berjaý edýärdi+, emma ogullary berjaý etmeýärdi. Ata⁠-⁠babalarynyň ýolundan tiz sowuldylar. 18 Ýehowa olara serdarlary belledi+. Ýehowa serdarlaryň her birini goldardy we olaryň döwründe halky duşmanlaryndan halas ederdi. Duşmanlar halky ezerdi we köp azar bererdi. Halkynyň ahy⁠-⁠nalasyny eşidip+, Ýehowanyň haýpy gelerdi*+.

19 Emma bellenen serdar aradan çykanda, ysraýyllar ýene⁠-⁠de başga taňrylara sežde edip, olara tagzym etdiler we ata⁠-⁠babalaryndan hem beter boldular, has erbet işlere baş goşdular+. Olar kesirlik etdiler we erbet işlerinden el çekmediler. 20 Ahyry Ýehowanyň ysraýyllara gahar⁠-⁠gazaby tutaşyp+, şeýle diýdi: «Olar ata⁠-⁠babalary bilen baglaşan ähtimi+ bozdular, maňa gulak asmadylar+. 21 Şol sebäpli Ýuşanyň basyp almadyk halklarynyň hiç birini ýurtdan kowup çykarmaryn+. 22 Men ysraýyl halkyny synap görjek, olar ata⁠-⁠babalary ýaly Ýehowanyň ýolundan ýörärmi ýa⁠-⁠da ýok?»+ 23 Şonuň üçin Ýehowa şol halklary derrew kowmandy we ýurtda ýaşamaga ýol beripdi. Olary Ýuşanyň eline bermändi.

3 Kenganda bolan söweşlere gatnaşmadyk ysraýyllary synamak üçin+, Ýehowa käbir halklary ýurtdan kowmady. 2 Ol muny urşa gatnaşmadyk täze nesle söweşmegi öwretmek üçin etdi. 3 Ýurtdan kowulmadyk halklar şulardyr: piliştlileriň bäş hany+, ähli kenganlar, sidonlylar+ we Bagal⁠-⁠hermon dagyndan Lebo⁠-⁠hamata*+ çenli uzalyp gidýän Liwan dagynda+ ýaşaýan hiwiler+. 4 Olar ysraýyllary synamak üçin galdyrylypdy. Şonda Ýehowanyň Musa arkaly beren tabşyryklaryny olaryň berjaý edýändigi ýa⁠-⁠da etmeýändigi belli bolardy+. 5 Şeýlelikde, ysraýyllar kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, hiwileriň we ýabuslaryň arasynda ýaşadylar+. 6 Ysraýyllar olar bilen gyz alşyp berişdiler we taňrylaryna sežde edip başladylar+.

7 Ysraýyllar Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşdular. Olar Ýehowa Hudaýyny unudyp, Bagal butlaryna+ we keramatly pürslere* sežde etdiler+. 8 Şonda Ýehowa gahar⁠-⁠gazaba münüp, ysraýyllary Mesopotamiýanyň* patyşasy Kuşanrişataýymyň eline berdi. Olar sekiz ýyllap Kuşanrişataýymyň golastynda boldular. 9 Ysraýyllar kömek sorap, Ýehowany çagyrdy+. Ýehowa olary halas etmek üçin+ Kalebiň inisi Kenazyň ogly Otnyýeli+ iberdi. 10 Ol Ýehowanyň mukaddes ruhundan dolup+, ysraýyllara serdar boldy. Otnyýel Mesopotamiýanyň* patyşasy Kuşanrişataýyma garşy söweşe çykyp, ýeňiş gazandy. Sebäbi Ýehowa Kuşanrişataýymy Otnyýeliň eline beripdi. 11 Şondan soň 40 ýyllap ýurtda parahatlyk höküm sürdi. Soňra Kenazyň ogly Otnyýel aradan çykdy.

12 Ysraýyllar ýene⁠-⁠de Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşdular+. Şonuň üçin Ýehowa Mowap+ patyşasy Eglona ysraýyl halkynyň üstünden agalyk etmäge ýol berdi. Sebäbi ysraýyllar Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdiler. 13 Hudaý ammonlary+ we amalekleri+ ysraýyllara garşy aýaga galdyrdy. Olar ysraýyllaryň üstüne çozup, palma agaçly şäheri*+ basyp aldylar. 14 Ysraýyllar 18 ýyllap Mowap patyşasy Eglonyň guly boldular+. 15 Ysraýyllar Ýehowadan kömek soradylar+. Ýehowa olary halas etmek üçin+ benýamin taýpasyndan+ Geranyň ogly Ehuty+ serdar edip belledi, ol çepbekeýdi+. Bir gün ysraýyllar Mowap patyşasy Eglona Ehutdan salgyt ugratdylar. 16 Ehut uzynlygy bir tirsek* iki tarapy kesgir gylyç ýasady we eşiginiň aşagyndan sag buduna daňdy. 17 Soňra ol Mowap patyşasy Eglona salgydy getirip berdi. Eglon örän semiz adamdy.

18 Ehut salgydy berdi⁠-⁠de, ýanynda gelen adamlar bilen gaýtdy. 19 Gilgaldaky+ oýma butlaryň ýanyna* ýetenlerinde, Ehut yzyna dolandy we patyşanyň ýanyna gelip: «Patyşahym, size aýtjak gizlin habarym bar» diýdi. Patyşa hyzmatkärlerine: «Çykyň!» diýdi. Olaryň hemmesi çykyp gitdiler. 20 Ýokarky salkyn otagda patyşanyň bir özi galdy. Ehut patyşanyň golaýyna baryp: «Alladan habar getirdim» diýdi. Patyşa tagtyndan turanda, 21 Ehut sag buduna daňylan gylyjyny çep eli bilen aldy⁠-⁠da, patyşanyň garnyna sokdy. 22 Gylyç patyşanyň garnyna sapy bilen girdi. Ehut gylyjyny yzyna sogurmady, patyşanyň garnynyň ýagy gylyjy örtüp, nejasady daşyna çogdy. 23 Ehut ýokarky otagyň gapylaryny gulplady⁠-⁠da, eýwandan* gaçyp gitdi. 24 Soňra patyşanyň nökerleri geldiler we ýokarky otagyň gapylarynyň gulpludygyny görüp: «Patyşa aýakýoluna giden bolmaly» diýişdiler. 25 Olar ep⁠-⁠esli garaşdylar, gapylar açylmansoň, biynjalyk boldular we açary alyp, otagy açdylar. Görseler, patyşa öli ýatan eken.

26 Olar nämäniň⁠-⁠nämedigine düşünýänçäler, Ehut gaçyp gitdi we oýma butlaryň ýanyndan* geçip+, sag⁠-⁠aman Seýire baryp ýetdi. 27 Ehut Efraýymyň daglaryna+ baryp, surnaý çaldy+. Şonda ysraýyllar dagdan aşak indiler, Ehut hem olara baştutan boldy. 28 Ehut olara: «Meniň yzyma düşüň, Ýehowa mowaplary eliňize berdi» diýdi. Olar hem Ehutyň yzyna düşdüler. Mowaplar gaçyp bilmez ýaly, ysraýyllar Iordanyň ýalpak ýerlerini eýelediler we şol ýerden hiç kimi geçirmediler. 29 Olar mowaplaryň 10 000 edermen we batyr ýigitlerini öldürdiler+, olaryň ýekejesi⁠-⁠de halas bolup bilmedi+. 30 Şol gün Mowap Ysraýylyň golastyna geçdi we ýurtda 80 ýyllap parahatlyk höküm sürdi+.

31 Ehutdan soň Anatyň ogly Şamgar+ serdar boldy. Ol çopanyň taýagy*+ bilen 600 piliştlini öldürip+, ysraýyllary halas etdi.

4 Ehut aradan çykansoň, ysraýyllar ýene⁠-⁠de Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşdular+. 2 Ýehowa olary Hasorda hökümdarlyk edýän Kengan patyşasy Ýabiniň eline berdi*+. Onuň goşun serkerdesi Sisera Haroşetde*+ ýaşaýardy. 3 Ýabin* patyşanyň tigirleri kesgir gylyçly 900 sany söweş arabasy bardy+. Ol ysraýyllaryň üstünden 20 ýyldan bäri agalyk edýärdi+. Ysraýyllar Ýehowa perýat etdiler+.

4 Şol döwürde Lapydotyň aýaly Debora pygamber+ ysraýyl halkyna kazylyk edýärdi. 5 Ol Efraýymyň daglarynda ýerleşýän Rama+ bilen Beýteliň+ aralygyndaky Deboranyň palma agajynyň aşagynda oturýardy; ysraýyllar dawalaryny çözmek üçin onuň ýanyna barýardylar. 6 Ol Kedeş⁠-⁠naftalydaky+ Abynogamyň ogly Baraga+ habar ýollady: «Ysraýylyň Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Bar, naftaly we zebulun taýpasyndan 10 000 adamy ýanyňa al⁠-⁠da, olar bilen Tabor dagyna çyk. 7 Men Ýabiniň goşun serkerdesi Siserany söweş arabalary we goşuny bilen Kişon+ derýasyna* getirip, seniň eliňe bererin“»+.

8 Barak oňa: «Eger meniň bilen gitseň, menem giderin; eger gitmeseň, menem gitmerin» diýdi. 9 Debora: «Men seniň bilen giderin. Sen söweşe gatnaşsaň⁠-⁠da, şöhrat gazanmarsyň. Ýehowa Siserany bir aýalyň eline berer»+ diýdi. Soňra Debora ýerinden turdy⁠-⁠da, Barak bilen Kedeşe+ gitdi. 10 Barak zebulunlar bilen naftalylary+ Kedeşe çagyrdy, onuň yzyna 10 000 adam düşdi. Debora hem Barak bilen gitdi.

11 Kenlerden+ Heber doganlaryndan we Musanyň gaýynatasy Hobabyň+ ogullaryndan aýry ýaşady. Ol çadyryny Kedeşde ýerleşýän Sawananimdäki uly agajyň golaýynda gurdy.

12 Abynogamyň ogly Baragyň Tabor dagyna+ çykandygyny Sisera habar berdiler. 13 Sisera Haroşetden tigirleri kesgir gylyçly 900 sany söweş arabasyny we tutuş goşunyny çagyrdy⁠-⁠da, Kişon derýasyna*+ tarap ýola düşdi. 14 Debora Baraga: «Biliňi berk guşa, Ýehowa şu gün Siserany eliňe berer. Ýehowa öňüňden gider» diýdi. Şonda Barak 10 000 adamy bilen Tabor dagyndan aşak düşdi. 15 Ýehowa Siserany, söweş arabalaryny we tutuş goşunyny aljyraňňylyga salyp+, Baragyň gylyjy bilen gyrdy. Sisera arabasyndan düşüp, gaçyp gitdi. 16 Barak Siseranyň söweş arabalaryny we goşunyny Haroşete çenli kowalady. Olaryň ählisini gylyçdan geçirdi, ýekejesi hem diri galmady+.

17 Sisera bolsa gaçyp, kenlerden Heberiň+ aýaly Ýaýylyň+ çadyryna bardy. Sebäbi Hasor patyşasy Ýabin+ Heberiň hojalygy bilen gowy gatnaşýardy. 18 Ýaýyl Siseranyň öňünden çykyp: «Geliň, agam! Giriň, gorkmaň!» diýdi. Ol çadyra girdi, Ýaýyl hem onuň üstüne ýorgan ýapdy. 19 Sisera Ýaýyla: «Men suwsadym, biraz suw beräý⁠-⁠dä» diýdi. Ýaýyl içi süýtli meşigiň agzyny açyp uzatdy+. Soňra ýene⁠-⁠de onuň üstüne ýorgany ýapdy. 20 Sisera: «Çadyryň agzynda dur. Eger biri: „Bärde adam barmy?“ diýip sorasa, „Ýok“ diýip jogap ber» diýdi.

21 Heberiň aýaly Ýaýyl çadyryň gazygyny we çekiji alyp, ýuwaşlyk bilen Siseranyň ýanyna bardy. Sisera ýadap halys bolansoň, süýji uka gidipdi. Ýaýyl gazygy onuň kellesinde goýdy⁠-⁠da, çekiç bilen urup, kellesini ýere çüýledi welin, ol jan berdi+.

22 Barak Siserany yzarlap geldi. Ýaýyl onuň öňünden çykyp: «Geliň, gözleýän adamyňyzy görkezeýin» diýdi. Barak çadyra girip görse, Sisera öli ýatyrdy, kellesine gazyk kakylypdy.

23 Şol gün Hudaý Kenganyň patyşasy Ýabini ysraýyllara tabyn etdi+. 24 Ysraýyllar günsaýyn güýçlenip, Kenganyň+ patyşasy Ýabin bilen söweşdiler, ahyry patyşany öldürdiler+.

5 Şol gün Debora+ bilen Abynogamyň ogly Barak+ şeýle aýdym aýtdylar+:

 2 «Ysraýylyň esgerleri saçyny ýaýdy*,

Halk höwes bilen söweşe çykdy+.

Ýehowany şöhratlandyryň!

 3 Diňläň, eý patyşalar! Gulak asyň, eý hökümdarlar!

Men Ýehowanyň şanyna aýdym aýdaryn.

Ysraýylyň Hudaýy+ Ýehowany wasp ederin+.

 4 Eý Ýehowa, sen Segirden çykdyň+,

Edomdan ýöriş etdiň.

Ýer titredi, asmandan ýagyş guýdy,

Bulutlardan ýagyn ýagdy.

 5 Daglar Ýehowanyň öňünde eredi*+,

Ýehowanyň, Ysraýylyň Hudaýynyň+ öňünde

Sinaý durup bilmedi+.

 6 Anatyň ogly Şamgaryň+ günlerinde,

Ýaýylyň+ günlerinde ýollar boşap galdy,

Ýolagçylar ondan sowlup geçdi.

 7 Men, Debora+, heniz gelmänkäm,

Ysraýylyň enesi bolmankam+,

Ysraýylyň obalarynda ynsan garasy ýokdy.

 8 Olar täze taňrylary saýlady+,

Derwezeleriň öňünde söweş boldy+.

Ysraýylyň 40 000 esgerinde,

Ne galkan bardy, ne⁠-⁠de naýza.

 9 Ýüregim Ysraýyl serdarlary bilen+,

Halky üçin söweşen serdarlar bilen+.

Ýehowany şöhratlandyryň!

10 Eý ak eşekde gelýänler,

Nepis halyda oturanlar,

Ýoldan geçip barýanlar,

Hudaýyň işleri hakda oýlanyň!

11 Malyny suwa ýakýan çopanlaryň sesi gelýär.

Olar Ýehowanyň adalatly hökümleri hakda,

Obalylaryň Ysraýylda eden adyl işleri hakda gürrüň berýär.

Ýehowanyň halky derwezeleriň öňüne ýygnanyşýar.

12 Oýan, eý Debora+, oýan!

Oýan, aýdym aýt!+

Eý Barak, aýaga gal!+

Abynogamyň ogly, duşmanlaryňy ýesir al!

13 Diri galanlar begleriň ýanyna bardy,

Ýehowanyň halky ýanyma söweşmäge geldi.

14 Jülgede ýaşaýanlar efraýym taýpasyndandy.

Eý Benýamin, olar seniň bilen, seniň halkyň bilendir.

Mahyrdan+ serkerdeler geldi,

Zebulundan söweşe çagyrýanlar* geldi.

15 Ysaharyň serkerdeleri Debora bilendi,

Barak+ hem ysahar taýpasy bilen ýanyndady.

Ol jülgä pyýada geldi+.

Rubeniň ikigöwünli esgerleri köpdi.

16 Siz arkasy agyr horjunly eşek ýaly oturdyňyz.

Çopanyň tüýdügini diňlemäge geldiňizmi?+

Rubeniň ikigöwünli esgerleri köpdi.

17 Gilead Iordanyň aňyrsynda galdy+.

Dan näme üçin gämiden düşmedi?+

Aşer hem deňiz ýakasynda gol gowşuryp oturdy,

Ol gämi duralgalaryndan gaýtmady+.

18 Zebulun janyndan geçmäge taýyndy,

Naftaly+ baýyrda özüni aýamady+.

19 Patyşalar gelip söweşdiler.

Tanahda, Megiddo suwlarynda+,

Kengan hanlary söweşdiler+.

Emma ýekeje⁠-⁠de kümüş alyp bilmediler+.

20 Asman ýyldyzlary hem söweşe çykdy,

Hersi öz ýerinden Sisera hüjüm etdi.

21 Kişon derýasy joşup akdy,

Gadymy derýa duşmanlary syryp süpürdi+.

Men güýçlüleri mynjyratdym.

22 Atlar toýnaklaryny ýere urdular,

Bedewler öňe okduryldylar+.

23 Ýehowanyň perişdesi: „Merosy näletläň,

Halkyna gargyş okaň.

Olar Ýehowany goldamadylar,

Batyr ýigitleri Ýehowa ýardam etmediler“ diýdi.

24 Kenlerden Heberiň+ aýaly Ýaýyl+,

Iň bagtly aýaldyr.

Çarwa gelinleriň iň bagtlysydyr.

25 Sisera suw dilände süýt berdi,

Şakäsede gaýmak hödürledi+.

26 Soňra çadyryň gazygyna elini uzatdy,

Sag eline çekiç aldy.

Siseranyň kellesine urdy,

Gazygy kellesinden* geçirdi+.

27 Ol Ýaýylyň öňünde ýykyldy,

Aýak astynda serlip ýatdy.

Ýykylan ýerinde jan berdi.

28 Siseranyň ejesi penjireden seredip otyrdy,

Gözüni ýola dikip diýdi:

„Oglumyň söweş arabasy näme üçin eglenýär?

Atlarynyň toýnak sesi näme üçin eşidilmeýär?“+

29 At⁠-⁠abraýly aýallar köşeşdirýärdi.

Ol öz⁠-⁠özüne şeýle diýýärdi:

30 „Belki, alan oljasyny paýlaşýandyr,

Her esgere birki gyzdan düşendir.

Sisera reňkli matalary saýlap alandyr.

Olja paýlaşýanlar nagyşly lybaslary, al⁠-⁠elwan matalary,

Keşdeli ýapynjalary iki⁠-⁠ikiden egnine atýandyr“.

31 Ýehowa, goý, duşmanlaryň heläk bolsun+,

Seni söýýänler Gün kimin nur saçsyn!»

Şeýlelikde, tutuş ýurtda 40 ýyllap parahatlyk höküm sürdi+.

6 Ysraýyllar ýene⁠-⁠de Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdiler+. Şol sebäpli Ýehowa olary ýedi ýyllap midýanlaryň eline berdi+. 2 Midýanlar ysraýyllaryň üstünden agalyk edýärdi+. Olaryň sütemi zerarly ysraýyllar dagyň gowaklarynda, gaçybatalgalarda* we barmasy kyn bolan ýerlerde gizlenerdiler+. 3 Midýanlar, amalekler+ we gündogarda ýaşaýan halklar+ ekiş döwri ysraýyllaryň üstüne çozardylar. 4 Olar Ysraýylda düşläp, tä Gaza çenli ähli ekinleri ýok ederdiler. Ysraýylda ne azyk, ne goýun, ne öküz, ne⁠-⁠de eşek goýardylar+. 5 Duşmanlaryň mal⁠-⁠garalary we çadyrlary şeýle köpdi welin, olar çekirtge ýaly çozardylar+. Adamlarynyň we düýeleriniň san⁠-⁠sajagy ýokdy+. Olar ýurdy ýer bilen ýegsan ederdiler. 6 Ysraýyllar midýanlaryň derdinden ýaňa garyp galdylar we Ýehowa ýalbardylar+.

7 Ysraýyllar midýanlaryň sütemine çydaman Ýehowadan kömek soradylar+. 8 Şonda Ýehowa pygamberini iberip, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şeýle diýýär: „Sizi Müsürden çykaran, gulçulykdan azat eden mendirin!+ 9 Müsürlileriň we sütemkeş halklaryň elinden men halas etdim. Duşmanlary kowup çykardym, ýurduny size berdim+. 10 Men size: „Hudaýyňyz Ýehowa mendirin!+ Amorlaryň taňrylaryndan gorkmaň“+ diýdim. Emma sözlerime gulak asmadyňyz“»+.

11 Soňra Ýehowanyň perişdesi+ Opradaky uly agajyň aşagyna gelip oturdy. Agaç abygezer tiresinden+ Ýowaşyňkydy. Ýowaşyň ogly Gedeýon+ midýanlardan gizlenip, üzüm sykylýan çukurda bugdaý döwýärdi. 12 Ýehowanyň perişdesi: «Edermen ýigit, Ýehowa hemaýat etsin!»+ diýdi. 13 Gedeýon: «Agam, eger Ýehowa hemaýat edýän bolsa, şu güne düşerdikmi?+ Ata⁠-⁠babalarymyz: „Ýehowa bizi Müsürden azat etdi“+ diýip gürrüň bererdiler. Hany, onuň gudratly işleri?+ Indi Ýehowa bizi terk edip+, midýanlaryň eline berdi» diýdi. 14 Şonda Ýehowa oňa ýüzlenip: «Biliňi berk guşa! Sen ysraýyl halkyny midýanlaryň elinden halas edersiň+. Seni men iberýärin!» diýdi. 15 Gedeýon: «Eý Ýehowa, men ysraýyly nädip halas edeýin? Men manaşanyň iň kiçi tiresinden*, öýde meni hiç kim diňlemeýär» diýip jogap berdi. 16 Emma Ýehowa: «Men seni goldaryn!+ Sen midýanlary bir demde gylyçdan geçirersiň» diýdi.

17 Gedeýon: «Eger menden razy bolsaň, maňa bir alamat görkez, şonda seniň kimdigiňi bilerin. 18 Men sadakamy getirip, öňüňde goýýançam, gaýrat edip, garaş»+ diýdi. Ol: «Garaşaryn» diýdi. 19 Gedeýon gidip, owlak soýdy we bir çuwal* undan petir* bişirdi+. Ol eti sebede salyp, çorbasyny jama guýdy we uly agajyň aşagynda oturan perişdäniň öňüne getirip goýdy.

20 Hak Hudaýyň perişdesi: «Et bilen petiri uly daşyň üstüne goý⁠-⁠da, çorbany üstünden guý» diýdi. Gedeýon aýdylyşy ýaly etdi. 21 Soňra Ýehowanyň perişdesi hasasyny uzadyp, et bilen petire degirdi welin, daşdan ot çykyp, olary ýakyp kül etdi+. Soňra Ýehowanyň perişdesi gözden gaýyp boldy. 22 Gedeýon Ýehowanyň perişdesi bilen gepleşendigine düşündi+.

Gedeýon: «Eý Älemiň Hökümdary Ýehowa! Işim gaýtdy! Men Ýehowanyň perişdesi bilen ýüzbe⁠-⁠ýüz gepleşdim»+ diýdi. 23 Emma Ýehowa: «Gorkma+, köşeş, ölmersiň!» diýdi. 24 Şonda Gedeýon Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny* gurdy, oňa şu günlere çenli Ýehowa⁠-⁠Salam*+ diýilýär. Ol häzire çenli abygezerleriň Opra şäherinde ýerleşýär.

25 Şol gije Ýehowa Gedeýona şeýle diýdi: «Kakaň sürüsinden bir öküzçäni we ýediýaşar öküzi* al. Kakaňa degişli Bagalyň gurbanlyk ojagyny ýumur, gapdalyndaky keramatly pürsi* çap+. 26 Soňra şu depede Ýehowa Hudaýyňa daşlardan gurbanlyk ojagyny gur, çapan keramatly pürsüňi ýakyp, ýediýaşar öküzi gurbanlyk getir». 27 Gedeýon on hyzmatkärini ýanyna alyp, Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Ýöne dogan⁠-⁠garyndaşlaryndan* we il⁠-⁠günden gorkup, ähli zady gündiz däl⁠-⁠de, gije etdi.

28 Şäheriň adamlary ertesi ir bilen turup görseler, Bagalyň gurbanlyk ojagy ýumrulypdyr, keramatly pürs çapylypdyr we täze gurlan gurbanlyk ojagynda ýediýaşar öküz gurbanlyk berlipdir. 29 Olar bir⁠-⁠birine: «Muny kim etdi?» diýişdiler. Sorag⁠-⁠ideg edip, Ýowaşyň ogly Gedeýonyň edendigini bildiler. 30 Şäheriň adamlary Ýowaşa: «Ogluňy ber, biz ony öldürjek, sebäbi ol Bagalyň gurbanlyk ojagyny ýumrup, keramatly pürsi çapypdyr» diýdiler. 31 Ýowaş+ olaryň haýbatyna şeýle jogap berdi: «Bagaly goramak size galdymy? Ol siziň kömegiňize mätäçmi? Bagaly goran adam häziriň özünde öldürilsin+. Eger ol Hudaý bolsa, goý, öz⁠-⁠özüni gorasyn+, sebäbi bir⁠-⁠ä onuň gurbanlyk ojagyny ýumrupdyr». 32 Kakasy şol gün Gedeýonyň adyna Ýerubagal* dakyp: «Goý, Bagal öz⁠-⁠özüni gorasyn! Bir⁠-⁠ä onuň gurbanlyk ojagyny ýumrupdyr» diýdi.

33 Midýanlar+, amalekler+ we gündogarda ýaşaýan halklar jem bolup+, derýadan geçdiler we Ýizregel jülgesinde düşlediler. 34 Ýehowanyň ruhy Gedeýonyň üstüne indi+. Ol surnaý çalanda+, abygezerler+ kömege geldiler. 35 Ol bütin manaşa taýpasyna çapar ýollady, olar hem Gedeýona goşuldylar. Şeýle⁠-⁠de Gedeýon aşerlere, zebulunlara we naftalylara çapar ýollady, olar hem kömege geldiler.

36 Gedeýon hak Hudaýa şeýle diýdi: «Eger sözüňde durup, ysraýyl halkyny meniň elim bilen halas etmek isleseň+, 37 onda men harmanda ýüň ýazyp goýaýyn. Eger irden çyg diňe ýüňüň üstüne düşüp, ýer gury bolsa, onda ysraýyl halkyny meniň elim bilen halas etjekdigiňi, sözüňde durjakdygyňy bilerin». 38 Ertesi şeýle⁠-⁠de boldy. Ol irden turup, ýazylgy duran ýüňi sykdy welin, uly jam doldy. 39 Emma Gedeýon hak Hudaýa ýüzlenip: «Meniň ýene bir haýyşym bar, gaharyň gelmesin, ýene bir synaga rugsat ber. Indi çyg diňe ýere düşsün, ýüň bolsa gury galsyn» diýdi. 40 Hudaý şol gije şeýle⁠-⁠de etdi: çyg diňe ýere düşdi, ýüň bolsa gury galdy.

7 Soňra Ýerubagal, ýagny Gedeýon+ we esgerleri daň bilen turup, Harot çeşmesinde düşlediler. Midýanlar bolsa olaryň demirgazyk tarapyndaky jülgede, More depesinde düşlediler. 2 Ýehowa Gedeýona şeýle diýdi: «Esgerleriň örän köp, midýanlary eliňize bermerin+, ýogsam ysraýyllar: „Men öz güýjüm bilen ýeňiş gazandym“ diýip öwner+. 3 Esgerleriňe: „Kim gorkýan bolsa, öýüne gaýtsyn“ diý»+. Gedeýon esgerlerini synagdan geçirenden soňra, olaryň 22 000⁠-⁠si öýüne gaýtdy, 10 000⁠-⁠si galdy.

4 Ýehowa Gedeýona: «Esgerleriň sany entegem köp, olary çeşmäniň ýakasyna elt. Men olary synap görjek. Seniň bilen gitsin diýenlerim gider, gitmesin diýenlerim gitmez» diýdi. 5 Gedeýon adamlary çeşmäniň ýakasyna eltdi.

Şonda Ýehowa: «Çeşmeden suwy eli bilen alyp içýänleri* bir aýry, dyzyna çöküp, eglip içýänleri bir aýry duruz» diýdi. 6 Suwy 300 adam eli bilen içdi, galanlary bolsa dyzyna çöküp içdi.

7 Ýehowa Gedeýona: «Men sizi eli bilen suw içen 300 adam arkaly halas ederin, midýanlary eliňize bererin+. Beýleki esgerler bolsa öýüne gaýtsyn» diýdi. 8 Gedeýonyň ýanynda 300 esgeri galdy. 300 esger beýleki esgerleriň azygyny we surnaýlaryny alyp, olary öýüne ugratdylar. Midýanlar olardan aşakda, jülgede düşläpdiler+.

9 Şol gije Ýehowa Gedeýona şeýle diýdi: «Tur, duşmanlaryň üstüne çoz. Men olary seniň eliňe berdim+. 10 Eger çozmaga gorkýan bolsaň, nökeriň Pura bilen düşelgä bar. 11 Olaryň gürrüňini diňle, şonda sen duşmanlaryň bilen gorkman söweşersiň». Ol nökeri Pura bilen düşelgäniň golaýyna bardy.

12 Midýanlar, amalekler we gündogarda ýaşaýan halklar+ jülgede edil çekirtge ýaly üýşüpdirler. Olaryň düýeleri şeýle köpdi welin, deňiz ýakasyndaky çäge ýaly sansyz⁠-⁠sajaksyzdy+. 13 Gedeýon düşelgä gelende, bir adam dostuna düýşüni gürrüň berip otyrdy. Ol: «Men düýşümde arpa çöreginiň midýanlaryň düşelgesine togalanyp gelýändigini gördüm. Ol togalanyp gelşine çadyry ýykdy, çadyr ýykan⁠-⁠ýumran boldy»+ diýdi. 14 Dosty bolsa: «Ol ysraýyllardan bolan Ýowaşyň ogly Gedeýonyň gylyjy bolmaly+. Hudaý midýanlary we düşelgedäki bütin goşuny onuň eline berdi»+ diýdi.

15 Gedeýon düýşi we ýorgudyny eşidip+, Hudaýa tagzym etdi. Soňra ol ysraýyllaryň düşelgesine gelip: «Turuň, Ýehowa midýanlary elimize berdi» diýdi. 16 Ol 300 esgeri üç topara bölüp, olaryň hersine surnaý+ bilen boş küýze berdi. Küýzeleriň içinde alawly taýak bardy. 17 Gedeýon olara: «Maňa seredip, meniň edenlerimi ediň. Düşelgä golaýlanymda, meniň edenlerimi etmelisiňiz. 18 Men ýanymdakylar bilen surnaý çalanymda, sizem düşelgäniň ähli tarapyndan surnaý çalyp: „Ýehowa üçin! Gedeýon üçin!“ diýip gygyrmalysyňyz» diýdi.

19 Gedeýon ýanyndaky 100 esgeri bilen gijäniň ikinji nobatynda*, garawullaryň ýaňy çalşan mahaly düşelgäniň golaýyna geldi. Olar surnaý çalyp+, küýzeleri döwdüler+. 20 Şonda toparlaryň üçüsi hem surnaýy batly çalyp, küýzeleri çym⁠-⁠pytrak etdiler. Olar çep eline alawly taýagy alyp, sag elindäki surnaýy çalyp: «Ýehowa üçin! Gedeýon üçin!» diýip gygyryşdylar. 21 Her bir esger düşelgäniň daş⁠-⁠töwereginde öz ornunda durdy, duşmanlar bolsa howsala düşüp gygyryşdylar we gaçmak bilen boldular+. 22 Gedeýonyň 300 esgeri surnaýlaryny dyngysyz çalýardy, Ýehowa duşmanlary bir⁠-⁠birine garşy çykardy, olar bir⁠-⁠birini gylyçdan geçirdiler+. Düşelgedäki galan esgerler bolsa gaçyp, Beýtşitta, Zerera we Tabatdaky Abyl⁠-⁠mehola+ baryp ýetdiler.

23 Ysraýylyň naftaly, aşer we manaşa taýpalaryny çagyrdylar+. Olar midýanlaryň yzyndan kowdular. 24 Gedeýon Efraýymyň daglaryna çapar ýollap: «Midýanlar geçmez ýaly, Beýtbaryň we Iordanyň ýalpak ýerlerini eýeläň» diýdi. Efraýymlaryň ählisi ýygnanyp, Beýtbaryň we Iordanyň ýalpak ýerlerini eýelediler. 25 Şeýle⁠-⁠de olar midýanlaryň Orep we Zeýep hanlaryny ýesir aldylar. Orebi Orep gaýasynda öldürdiler+. Zeýebi bolsa Zeýebiň üzüm sykylýan çukurynda öldürdiler. Orep bilen Zeýebiň kellesini Iordanyň golaýyna, Gedeýona getirip berdiler. Olar midýanlary yzarlamagyny dowam etdiler+.

8 Efraýymlar Gedeýona: «Edeniň näme? Bizi näme üçin midýanlar bilen söweşe çagyrmadyň?»+ diýdiler. Olar Gedeýon bilen dawalaşdylar+. 2 Gedeýon olara: «Siz menden has köp zat etdiňiz. Efraýymlaryň+ çöplän üzümi abygezerleriň ýygnan hasylyndan köp dälmi?+ 3 Hudaý midýanlaryň Orep bilen Zeýep hanlaryny siziň eliňize berdi ahyryn»+ diýdi. Gedeýon: «Siz menden has köp zat etdiňiz» diýende, olaryň gahary köşeşdi.

4 Soňra Gedeýon 300 esgeri bilen Iordan derýasyndan geçdi. Olar ýadaw bolsalar⁠-⁠da, duşmanyň yzyndan kowaladylar. 5 Gedeýon Sukotyň adamlaryna: «Midýan hanlary Zeba bilen Zalmuny kowalaýaryn. Nökerlerime çörek beräýiň, olar ýadaw» diýdi. 6 Emma Sukotyň hanlary: «Nökerleriňe çörek berer ýaly, Zeba bilen Zalmuny tutduňmy?» diýdiler. 7 Gedeýon: «Ýehowa Zeba bilen Zalmuny elime berer. Şonda men demirtiken bilen endam⁠-⁠janyňyzy eleme⁠-⁠deşik ederin»+ diýdi. 8 Ol ýoluny dowam edip, Penuwele bardy. Olardan çörek soranda, Penuweliň adamlary hem sukotlylar ýaly jogap berdi. 9 Gedeýon Penuweliň adamlaryna: «Men sag⁠-⁠aman yzyma gelsem, diňiňizi ýumraryn»+ diýdi.

10 Zeba we Zalmun 15 000⁠-⁠e golaý esgeri bilen Karkora geldi. Olar gündogar halklaryň+ diri galan barja esgeridi. Olaryň 120 000 esgeri gylyçdan geçirilipdi. 11 Gedeýon Nobanyň we Ýogbegiň+ gündogaryndaky çarwalaryň ýoly bilen gidip, duşmanyň düşelgesine duýdansyz çozdy. 12 Midýan hanlary Zeba bilen Zalmun gaçmak bilen boldy, emma Gedeýon olary kowalap tutdy. Muny gören goşun aljyraňňylyga düşdi.

13 Ýowaşyň ogly Gedeýon söweşden Heres ýoly bilen gaýtdy. 14 Ýolda ol sukotly bir ýigidi ele salyp, soraga tutdy. Ýigit Sukotyň 77 han⁠-⁠beginiň we ýaşulularynyň adyny ýazyp berdi. 15 Soňra Gedeýon Sukotyň adamlarynyň ýanyna baryp: «Siz: „Ýadaw nökerleriňe çörek berer ýaly, Zeba bilen Zalmuny tutduňmy?“ diýip, üstümden gülüpdiňiz. Ine olar!»+ diýdi. 16 Ol Sukotyň ýaşulularynyň endam⁠-⁠janyny demirtiken bilen eleme⁠-⁠deşik edip, temmi berdi+. 17 Ol Penuwel diňini+ ýer bilen ýegsan edip, halkyny bir çetden gyrdy.

18 Gedeýon Zeba bilen Zalmundan: «Siz Taborda nähili adamlary öldürdiňiz?» diýip sorady. Olar: «Seniň ýalydylar, şazada meňzeýärdiler» diýip jogap berdiler. 19 Gedeýon: «Olar meniň süýtdeş doganlarym. Ýehowa diri şaýatdyr! Eger olary öldürmedik bolsaňyz, size rehim ederdim» diýdi. 20 Ol nowbahar ogly Ýethere: «Tur, öldür olary!» diýdi. Emma ol ýaş bolansoň, gorkudan ýaňa gylyjyny gynyndan hem çykaryp bilmedi. 21 Zeba bilen Zalmun: «Erkek bolsaň, tur⁠-⁠da, özüň öldür»+ diýdi. Gedeýon hem ýerinden turup, olary gylyçdan geçirdi. Soňra düýeleriniň boýnundan asylan ýarym aý şekilli şaý⁠-⁠seplerini aldy.

22 Ysraýyllar Gedeýona: «Sen bizi midýanlaryň elinden halas etdiň. Indi sen, ogullaryň, agtyklaryň hökümdarlyk etsin»+ diýdiler. 23 Gedeýon olara: «Menem, ogullarymam hökümdarlyk etmez. Size Ýehowa hökümdar bolar»+ diýdi. 24 Gedeýon sözüni dowam edip: «Meniň haýyşym bar, her biriňiz oljaňyzdan bir burunhalka beriň» diýdi. (Sebäbi ysmaýyllar+ altyn burunhalka dakynýardylar). 25 Olar: «Elbetde, bereris!» diýdiler. Soňra ýapynja ýazyp, hersi oljasyndan bir burunhalka atdy. 26 Gedeýonyň sorap alan altyn burunhalkalarynyň agramy 1 700 şekel* altyna barabar boldy. Mundan başga⁠-⁠da, aý şekilli şaý⁠-⁠sepleri, gulakhalkalary, midýan hanlarynyň badam reňkli ýüň donlaryny we düýä dakylýan şaý⁠-⁠sepleri+ berdiler.

27 Gedeýon altynlary öňlük*+ üçin ulandy we Opra şäherinde+ goýdy. Ysraýyllar hem öňlüge sežde edip başladylar+. Ol Gedeýona we öý⁠-⁠içerisine duzak boldy+.

28 Şeýlelikde, midýanlar+ ysraýyllara boýun egdiler, gaýdyp baş galdyrmadylar. Gedeýonyň döwründe ysraýyllar 40 ýyllap parahat ýaşadylar+.

29 Ýowaşyň ogly Ýerubagal+ öýüne dolanyp, şol ýerde ýaşady.

30 Gedeýonyň bilinden önen 70 ogly bardy, sebäbi onuň aýaly köpdi. 31 Şekemdäki gyrnagy hem bir ogul dogurdy, Gedeýon oglunyň adyna Abymälik+ goýdy. 32 Ýowaşyň ogly Gedeýon uzak ömür sürüp aradan çykdy, ony abygezer tiresiniň Opra şäherinde+, kakasynyň mazarynda jaýladylar.

33 Gedeýon aradan çykansoň, ysraýyllar ýene⁠-⁠de Bagal butlaryna sežde edip, biwepalyk* etdiler+ we Bagal⁠-⁠berit taňrysyna gulluk edip başladylar+. 34 Ysraýyllar duşman elinden halas eden+ Ýehowa Hudaýyny unutdylar+. 35 Olar Ýerubagalyň, ýagny Gedeýonyň ysraýyllar üçin eden ýagşy işlerini ýatdan çykaryp, onuň maşgalasyna wepaly bolmadylar*+.

9 Ýerubagalyň ogly Abymälik+ Şekemde ýaşaýan daýylarynyň we babasynyň dogan⁠-⁠garyndaşlarynyň ýanyna baryp: 2 «Şekemiň baştutanlaryna* şeýle diýiň: „Size Ýerubagalyň 70 oglunyň+ baş bolany gowumy ýa bir adamyň? Unutmaň, biz garyndaş“» diýdi.

3 Daýylary onuň sözlerini Şekemiň baştutanlaryna ýetirdiler. Olar hem: «Ol özümiziňkidir» diýşip, Abymäligiň tarapdary boldular. 4 Olar Bagal⁠-⁠beritiň+ ybadathanasyndan 70 kümüş alyp, Abymälige berdiler. Abymälik işýakmaz we dereksiz adamlary hakyna tutup, olar bilen agyz birikdirdi. 5 Soňra Abymälik Opradaky+ kakasynyň öýüne baryp, doganlaryny, ýagny Ýerubagalyň 70 ogluny bir daşyň üstünde öldürdi+. Diňe Ýerubagalyň körpe ogly Ýotam gizlenip, diri galdy.

6 Şekemiň we Beýt⁠-⁠millonyň baştutanlary Şekemdäki uly agajyň golaýyndaky sütüniň ýanyna ýygnanyşyp, Abymäligi patyşa edip bellediler+.

7 Olar muny Ýotama habar berenlerinde, ol Gerizim dagynyň+ depesine çykdy⁠-⁠da, batly gygyryp, şeýle diýdi: «Eý Şekemiň baştutanlary, gulak asyň! Şonda Hudaý hem sizi diňlär.

8 Günlerde bir gün agaçlar özüne patyşa saýlamakçy bolýarlar. Olar zeýtun agajyna ýüzlenip: „Bize patyşa bol“+ diýýärler. 9 Emma zeýtun agajy: „Men Hudaýy we adamlary şöhratlandyrýan ýagymy taşlap, başga agaçlara saýa salarynmy?!“ diýip jogap berýär. 10 Soňra olar injir agajyna: „Bize patyşa bol“ diýýärler. 11 Injir agajy: „Men şirin⁠-⁠şeker miwämi taşlap, başga agaçlara saýa salarynmy?!“ diýip jogap berýär. 12 Olar üzüm agajyna: „Bize patyşa bol“ diýýärler. 13 Üzüm agajy: „Men Hudaýyň we adamlaryň göwnüni göterýän täze şerabymy taşlap, başga agaçlara saýa salarynmy?!“ diýip jogap berýär. 14 Iň soňunda olar tikenli agaja: „Bize patyşa bol“+ diýýärler. 15 Tikenli agaç hem olara: „Eger patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda boluň. Ýogsam menden ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp kül eder“ diýýär.

16 Siz Abymäligi patyşa saýlap+, dogry edendirin öýdýäňizmi? Ýerubagalyň öý⁠-⁠içerisine eden ýagşylygyňyz şumy? Şumy siziň minnetdarlygyňyz? 17 Kakam sizi midýanlardan halas etmek üçin janyny gaýgyrman söweşdi+. 18 Siz bolsa kakamyň öý⁠-⁠içerisine garşy çykyp, 70 ogluny bir daşyň üstünde öldürdiňiz+. Gyrnagyndan doglan ogly Abymäligi+ doganyňyz hasaplap, Şekeme patyşa bellediňiz. 19 Eger siz Ýerubagala we öý⁠-⁠içerisine ýagşylyk etdik diýýän bolsaňyz, onda Abymälik bilen şatlanyň, ol hem siziň bilen şatlansyn. 20 Eger başgaça bolsa, Abymälikden ot çykyp, Şekem bilen Beýt⁠-⁠millon baştutanlaryny ýakyp kül etsin+. Şekem bilen Beýt⁠-⁠millon baştutanlaryndan hem ot çykyp, Abymäligi ýakyp kül etsin»+.

21 Soňra Ýotam+ Beýere gidip, dogany Abymälikden gizlenip ýaşady.

22 Abymälik Ysraýylyň üstünden üç ýyllap hökümdarlyk etdi. 23 Şonda Hudaý Şekem baştutanlary bilen Abymäligiň arasynda düşünişmezlik döretdi. Olar Abymälige garşy çykdylar. 24 Şeýdip, Ýerubagalyň 70 ogluny öldüren Abymälikden we ony goldan Şekem baştutanlaryndan ar alynmalydy+. 25 Şekemler Abymäligi ele salmak üçin dagyň depesinde adamlary goýdular. Olar deňinden geçýänleriň ählisini talaýardylar. Muny Abymälige habar berdiler.

26 Ebetiň ogly Gagal doganlary bilen Şekeme+ geldi. Şekemiň baştutanlary olary goldadylar. 27 Olar üzüm ýygmaga çykdylar, şerap ýasamak üçin üzüm sykdylar we meýlis gurnadylar. Soňra taňrysynyň ybadathanasynda+ iýip içdiler we Abymäligi näletlediler. 28 Soňra Ebetiň ogly Gagal şeýle diýdi: «Abymälik bilen Zebula gulluk eder ýaly, olar kimmişin? Ol Ýerubagalyň+ ogly dälmi? Zebul weziri dälmi? Geliň, Şekemiň kakasy Hamoryň ogullaryna gulluk edeliň! Biz näme üçin Abymälige gulluk etmeli? 29 Men halka serdar bolsadym, onda Abymäligi tagtdan agdarardym». Soňra ol: «Goşun topla⁠-⁠da, gel, söweşeli!» diýip, Abymäligiň üstünden güldi.

30 Galanyň hany Zebul Ebetiň ogly Gagalyň aýdan sözlerini eşidende, gahar⁠-⁠gazaba mündi. 31 Ol gizlinlikde* Abymälige çapar ýollap, şeýle diýdi: «Ebetiň ogly Gagal doganlary bilen Şekeme gelip, halky seniň garşyňa öjükdirýär. 32 Esgerleriň bilen gije gelip, galanyň golaýynda bukuda ýat. 33 Daň atan badyna, gala çoz. Gagal ýaranlary bilen gaýtawul berse, olary ýeňmek üçin güýjüňi gaýgyrma».

34 Abymälik gije turup, esgerlerini dörde böldi⁠-⁠de, Şekeme çozmak üçin gizlenip ýatdy. 35 Ertesi Ebetiň ogly Gagal derwezäniň öňüne baranda, Abymälik nökerleri bilen bukudan çykyp başladylar. 36 Gagal olary görüp, Zebula: «Seret! Dagdan adamlar inip gelýär» diýdi. Zebul bolsa: «Dagyň kölegesi adam bolup görünýändir» diýdi.

37 Biraz wagtdan Gagal ýene⁠-⁠de: «Seret! Dagdan adamlar inip gelýär. Olaryň bir bölegi Meýonim agajynyň ýanyndan gelýär» diýdi. 38 Şonda Zebul: «Hany sen: „Abymälige gulluk eder ýaly, ol kimmişin?“ diýýärdiň⁠-⁠le?+ Olara göwnüň ýetenokdy, şeýle dälmi?! Bar, indi olar bilen söweş!» diýdi.

39 Gagal Şekemiň baştutanlaryna baş bolup, Abymälige garşy söweşe çykdy. 40 Abymälik Gagalyň yzyndan kowdy; Gagal hem gaçyp gitdi. Galanyň derwezesine barýan ýol jesetden doldy.

41 Abymälik Arumada ýaşady. Zebul+ bolsa Gagal bilen doganlaryny Şekemden kowdy. 42 Ertesi Şekemiň halky galadan çykyp başlady we muny Abymälige habar berdiler. 43 Şonda Abymälik adamlaryny üç topara bölüp, bukuda garaşyp ýatdy. Ol galadan çykyp gelýän adamlara topulyp, olary öldürdi. 44 Abymälik öz topary bilen gala tarap gidip, derwezäni eýeledi. Beýleki iki topar bolsa galanyň daşyndaky adamlara çozup, olary gyrdy. 45 Abymälik uzakly gün söweşip, galany basyp aldy, ilatyny gyrdy; galany ýumurdy+, ýerine duz sepdirdi.

46 Şekem diňiniň baştutanlary muny eşidip, El⁠-⁠beritiň+ ybadathanasynyň gaçybatalgasynda gizlendi. 47 Olaryň bir ýere ýygnanandygyny Abymälige habar berdiler. 48 Ol şol bada nökerleri bilen Zalmon dagyna çykdy. Abymälik eline palta alyp, agajyň şahasyny çapdy⁠-⁠da, egnine alyp, nökerlerine: «Sizem meniň edenimi ediň» diýdi. 49 Olar hem agajyň şahalaryny çapyp aldylar⁠-⁠da, Abymäligiň yzyna düşdüler. Olar şahalary gaçybatalganyň daş⁠-⁠töweregine üýşürip otladylar. Şeýdip, Şekem diňiniň ilaty, 1 000⁠-⁠e golaý aýal⁠-⁠erkek öldürildi.

50 Soňra Abymälik Tebese gitdi, ol galany gabady we basyp aldy. 51 Galanyň ortasynda berk diň bardy. Aýal⁠-⁠erkekler we baştutanlar oňa gaçdylar. Olar diňiň gapysyny gulplap, depesine çykdylar. 52 Abymälik diňi otlamak üçin daşyny gabady⁠-⁠da, gapysyna bardy. 53 Şonda bir aýal degirmen daşyny* zyňyp, Abymäligiň kellesini ýardy+. 54 Ol derrew ýarag göterýän nökerini çagyryp: «Gylyjyňy çykaryp, meni öldür, ýogsam meni aýal öldürdi diýerler» diýdi. Nöker gylyjyny Abymäligiň içinden geçirdi, ol hem jan berdi.

55 Ysraýyllar Abymäligiň ölenini görüp, öýli⁠-⁠öýüne dargadylar. 56 Abymälik 70 doganyny öldürip, kakasynyň öýüne zalymlyk edipdi. Hudaý şol zalymlygy Abymäligiň öz başyndan inderdi+. 57 Hudaý Şekemiň ilatynyň zalymlygyny olaryň özüne görkezdi. Ýerubagalyň+ ogly Ýotamyň näleti+ olaryň başyndan indi.

10 Abymälikden soň Ysraýyly halas etmäge ysahar taýpasyndan Tola bellendi+. Ol Dodonyň agtygy, Puwasyň ogludy we Efraýymyň daglarynda ýerleşýän Şemirde ýaşaýardy. 2 Tola Ysraýyla 23 ýyl serdarlyk edip, aradan çykdy we Şemirde jaýlandy.

3 Soňra Ysraýyla gileadly Ýaýyr 22 ýyl serdarlyk etdi. 4 Onuň 30 ogly bardy. Ogullarynyň hersi bir eşege münerdi we Gilead topragynda 30 şäheri bardy. Şol şäherlere häzirem Hawot⁠-⁠ýaýyr+ diýilýär. 5 Ýaýyr dünýäden ötüp, Kamonda jaýlandy.

6 Ysraýyllar ýene⁠-⁠de Ýehowanyň ýigrenýän işlerini etdiler+. Olar Bagal+ we Aştoret butlaryna, Aramyň*, Sidonyň, Mowabyň+, ammonlaryň+, piliştlileriň taňrylaryna sežde edip başladylar+. Olar Ýehowany unutdylar we oňa gulluk etmediler. 7 Şonuň üçin ysraýyl halkyna Ýehowanyň gazaby tutaşdy. Hudaý olary piliştliler bilen ammonlaryň eline berdi*+. 8 Şol ýyl olar ysraýyllary derbi⁠-⁠dagyn edip, köp azar berdiler. Olar Iordanyň gündogaryndaky Gilead topragynda, amorlaryň mülkünde ýaşaýan ysraýyllara 18 ýyllap sütem etdiler. 9 Ammonlar Iordan derýasyndan geçip, ýahuda, benýamin we efraýym taýpalary bilen söweşdiler. Ysraýyllar gözgyny ýagdaýa düşdüler. 10 Olar Ýehowa Hudaýyna: «Biz senden, öz Hudaýymyzdan ýüz öwürdik we Bagal butlaryna sežde edip, saňa garşy günä etdik»+ diýip, ondan kömek soradylar+.

11 Ýehowa ysraýyllara şeýle diýdi: «Size müsürliler+, amorlar+, ammonlar, piliştliler+, 12 sidonlylar, amalekler we midýanlar sütem etdiler. Şonda men sizi olaryň elinden azat etmedimmi? Siz perýat edeniňizde, men dadyňyza ýetişmedimmi? 13 Emma menden ýüz öwrüp, başga taňrylara gulluk etdiňiz+. Indi sizi halas etmerin+. 14 Baryň, öz saýlan taňrylaryňyza ýüz tutuň+. Agyr günüňizde, goý, olar kömek etsin»+. 15 Ysraýyllar Ýehowa: «Biz günä etdik, näme temmi berseň ber. Ýöne häzir welin, bizi halas et, ýalbarýarys!» diýdiler. 16 Olar başga taňrylardan ýüz öwrüp, Ýehowa gulluk edip başladylar+. Hudaý ysraýyllaryň çekýän jebrini görüp, olara dözmedi+.

17 Bir gün ammonlar+ ýygnanyşyp, Gilead topragynda düşelge gurdular. Ysraýyllar hem jem bolup, Mispada düşelge gurdular. 18 Gileadyň halky we han⁠-⁠begleri bir⁠-⁠birine: «Ammonlar bilen söweşde kim serdar bolar?+ Goý, ol adam tutuş Gileada hökümdarlyk etsin» diýişdiler.

11 Güýçli pälwan Ýeftah+ Gileadda ýaşaýardy, ol ahlaksyz aýalyň ogludy, kakasynyň ady Gileaddy. 2 Gileada öz aýaly hem birnäçe ogul dogrup berdi. Olar ulalanda Ýeftaha: «Kakamyzyň öýünden hiç zat miras almarsyň, sen başga aýalyň ogly» diýip, kowup goýberdiler. 3 Ýeftah doganlaryndan gaçyp, Tob topragynda ýaşady. Ýeftahyň ýanyna işsiz adamlar üýşüp, onuň yzyna düşdüler.

4 Birnäçe wagtdan ammonlar ysraýyl halky bilen söweşip başlady+. 5 Şonda Gileadyň ýaşululary Tob topragyndan Ýeftahy getirmek üçin dessine ýola düşdüler. 6 Olar Ýeftaha: «Ammonlar bilen söweşde serkerdämiz bol» diýdiler. 7 Ýeftah Gileadyň ýaşulularyna: «Meni ýigrenip, kakamyň öýünden kowanlar siz dälmi?+ Bu gün başyňyza iş düşende, men gerek boldummy?» diýdi. 8 Gileadyň ýaşululary Ýeftaha: «Dogry aýdýarsyň, ýöne biz seniň kömegiňe mätäç. Eger biziň bilen gidip, ammonlara garşy söweşseň, tutuş halkyň we Gileadyň üstünden hökümdarlyk edersiň»+ diýdiler. 9 Ýeftah Gileadyň ýaşulularyna: «Men siziň bilen gidip, ammonlara garşy söweşsem, Ýehowa hem olary elime berse, men baştutanyňyz bolaryn» diýdi. 10 Gileadyň ýaşululary Ýeftaha: «Goý, Ýehowa aramyzda şaýat bolsun! Biz seniň sözüňden çykmarys» diýdiler. 11 Ýeftah Gileadyň ýaşululary bilen gitdi. Halk ony baştutan we serdar edip belledi. Ýeftah aýdan sözlerini Mispada+ Ýehowanyň öňünde gaýtalady.

12 Soňra Ýeftah ammonlaryň+ patyşasyna çaparlaryny ýollap: «Ýurduma hüjüm eder ýaly, menden aryň köýdümi?» diýdi. 13 Ammonlaryň patyşasy Ýeftahyň çaparlaryna: «Ysraýyllar Müsürden çykyp gelýärkäler, Arnondan+ başlap Ýaboga we Iordana çenli aralykdaky ýerlerimi elimden aldylar+. Indi ol ýerleri gowulyk bilen yzyna beriň» diýdi. 14 Ýeftah ammonlaryň patyşasyna ýene⁠-⁠de çaparlary ýollap, 15 şeýle diýdi:

«Ine Ýeftahyň aýdan sözleri: „Ysraýyllar mowaplaryň+, ammonlaryň topragyny basyp almady+. 16 Ysraýyllar Müsürden çykanda, Gyzyl deňze+ çenli çölüň içi bilen gidip, Kadeşe+ geldiler. 17 Olar Edom+ hanyna çapar ýollap: „Ýurduňdan geçmäge rugsat ber“ diýip haýyş etdiler. Emma Edom hany diňlemegem islemedi. Soňra olar Mowap+ hanyna çapar ýolladylar, ýöne ol hem razylaşmady. Şol sebäpli ysraýyllar Kadeşde+ galdylar. 18 Olar Edom we Mowap ýurdundan aýlanyp+, çölüň içi bilen gitdiler; Mowabyň gündogaryna gelip+, Arnonda düşlediler. Ysraýyllar Mowap topragyna girmediler+, sebäbi Arnon Mowap bilen serhetdeşdi.

19 Soňra ysraýyllar Heşbonda höküm sürýän amor hany Sihonyň ýanyna çapar ýollap: „Ýurduňdan geçip, mülkümize barmaga rugsat ber“ diýip haýyş etdiler+. 20 Emma Sihon ysraýyllara ynanmady we ýurdundan geçmäge rugsat bermedi. Ol tutuş halkyny ýygnap, Ýahazda düşelge gurdy we ysraýyllar bilen söweşdi+. 21 Şonda Ysraýyl Hudaýy Ýehowa Sihony we tutuş halkyny ysraýyllaryň eline berdi. Ysraýyl hem amorlary derbi⁠-⁠dagyn edip, olaryň ýurduny eýeledi+. 22 Şeýdip, olar Arnondan Ýaboga we çölüň içi bilen Iordana çenli amorlaryň tutuş ýurduny basyp aldylar+.

23 Ysraýyl Hudaýy Ýehowa amorlary kowup, ýurdy ysraýyllara berdi+. Indi sen ysraýyllary ýurdundan kowjak bolýarmyň? 24 Kemoş taňryňyzyň+ beren ýurduna eýelik edişiň ýaly, biz hem Ýehowa Hudaýymyzyň beren ýurduna eýelik ederis+. 25 Seniň Mowap hany Sefuryň ogly Ballakdan+ näme artyk ýeriň bar? Ol Ysraýyl bilen söweşmedi, hatda garşylyk görkezmedi. 26 Ysraýyllar eýýäm 300 ýyl bäri Heşbonda we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda+, Arogerde we daş⁠-⁠töweregindäki galalarda, Arnonyň kenar ýakalaryndaky şäherlerinde ýaşap gelýärler. Siz näme üçin şunça ýyllap olary yzyna almadyňyz?+ 27 Men saňa ýamanlyk etmedim. Sen maňa garşy çykyp, ýalňyşýarsyň. Ysraýyl bilen ammon halkynyň arasyndaky dawany, goý, Beýik Kazy Ýehowa+ çözsün“».

28 Ammon patyşasy Ýeftahyň sözüne gulak asmady.

29 Ýeftaha Ýehowanyň ruhy indi+. Ol Gileadyň we Manaşanyň üstünden geçip, Gilead topragyndaky Mispa geldi+, soňra ammonlaryň üstüne gitdi.

30 Şonda Ýeftah Ýehowa wada berip+: «Ammon halkyny meniň elime ber. 31 Ýehowa, ýeňiş gazanyp öýüme gelsem, meni garşylamak üçin öňümden çykan seniňki bolsun+, ony saňa ýakma gurbanlygy hökmünde bagyş ederin*» diýdi+.

32 Ýeftah ammonlar bilen söweşmäge gitdi. Ýehowa hem oňa ýeňiş berdi. 33 Ýeftah Arogerden tä Minnite we Abyl⁠-⁠keramyma çenli olary gyrdy, 20 şäheri derbi⁠-⁠dagyn etdi. Şeýdip, ammonlar ysraýyllara boýun boldy.

34 Ahyry Ýeftah Mispa+, öýüne geldi. Ine⁠-⁠de, öňünden deprek kakyp, tans edip, gyzy çykdy. Ol Ýeftahyň ýalňyz perzendidi. Ondan başga Ýeftahyň ne gyzy, ne⁠-⁠de ogly bardy. 35 Ol gyzyny görende, ýakasyny ýyrtyp: «Wah, gyzym! Meniň ýüregime hanjar urduň*. Balamy öz elim bilen bermeli boldum. Men Ýehowa kasam etdim, indi dänip bilmerin»+ diýdi.

36 Gyzy Ýeftaha: «Kakam jan! Ýehowa kasam eden bolsaň, beren sözüňde dur+, sebäbi Ýehowa duşmanymyz ammonlardan aryňy aldy» diýdi. 37 Ol sözüni dowam edip: «Kaka, bir haýyşym bar! Joralarym bilen iki aýlap daglara gideýin, olar bilen aglaýyn. Indi men durmuşa çykyp bilmerin» diýdi.

38 Kakasy: «Gidiber!» diýip, gyzyny iki aýlyk goýberdi. Ol joralary bilen daglara gidip aglady, sebäbi indi ol durmuşa çykyp bilmeýärdi. 39 Ol iki aýdan kakasynyň ýanyna dolanyp geldi. Kakasy kasamyny ýerine ýetirdi+. Gyzyna hiç haçan erkek kişi ýanaşmady*. Ysraýylda şeýle adat* bardy: 40 ysraýyl gyzlary gileadly Ýeftahyň gyzyny ruhlandyrmak* üçin her ýyl dört günläp ýanynda bolardylar.

12 Efraýymlar ýygnanyşyp, derýadan geçdiler we Safona* gelip, Ýeftaha: «Ammonlar bilen söweşe näme üçin bizi çagyrmadyň?+ Indi seni öýüň bilen bile otlarys» diýdiler. 2 Ýeftah olara: «Halkym bilen ammonlaryň arasynda uruş turdy. Men sizi kömege çagyrdym, ýöne siz gelmediňiz. 3 Şonuň üçin men öz janymy aýaman, ammonlar bilen söweşmäge gitdim+. Ýehowa olary meniň elime berdi. Indi näme üçin meniň bilen uruşmaga geldiňiz?» diýdi.

4 Ýeftah gileadlylaryň+ ählisini ýygnap, efraýymlar bilen söweşdi we olary gyrdy. Efraýymlar: «Eý Efraýym bilen Manaşa topragynda ýaşaýan gileadlylar! Siz Efraýymyň gaçgaklary» diýerdiler. 5 Gileadlylar Efraýymyň golaýyndaky Iordanyň ýalpak ýerlerini eýelediler+. Gaçyp barýan efraýymlar: «Geçmäge rugsat ediň» diýse, gileadlylar olardan: «Sen efraýymlardanmy?» diýip sorardy. Eger: «Ýok!» diýse, 6 olar: «„Şibbolet“ diý hany» diýerdiler. Emma efraýymlar sözi dogry aýdyp bilmeýärdi, şonuň üçin «Sibbolet» diýerdi. Şonda gileadlylar olary Iordan derýasynyň ýalpak ýerinde öldürdiler. Şeýdip, efraýymlardan 42 000 adam öldürildi.

7 Gileadly Ýeftah Ysraýylda alty ýyl serdarlyk etdi. Soňra ol aradan çykyp, Gilead topragynda, öz şäherinde jaýlandy.

8 Ýeftahdan soň beýtullahamly Ybsan Ysraýyla serdarlyk etdi+. 9 Onuň 30 ogly we 30 gyzy bardy. Ol gyzlaryny başga tirelere durmuşa çykardy, ogullaryna⁠-⁠da başga tirelerden gyz alyp berdi. Ol Ysraýyla ýedi ýyl serdar boldy. 10 Soňra Ybsan aradan çykyp, Beýtullahamda jaýlandy.

11 Ybsandan soň zebulun taýpasyndan Elon Ysraýylda on ýyl serdarlyk etdi. 12 Soňra zebulun taýpasyndan Elon aradan çykyp, Zebulun topragyndaky Aýalonda jaýlandy.

13 Elondan soň piratonly Hileliň ogly Abdon Ysraýyla serdar boldy. 14 Onuň 40 ogly we 30 agtygy bardy. Olaryň hersi bir eşek münerdi. Ol Ysraýylda sekiz ýyl serdar boldy. 15 Soňra piratonly Hileliň ogly Abdon aradan çykyp, amalekleriň+ dagynda, Efraýym topragyndaky Piratonda jaýlandy.

13 Ysraýyllar ýene⁠-⁠de Ýehowanyň ýigrenýän işlerini edip başladylar+. Ýehowa hem olary 40 ýyllap piliştlileriň eline berdi+.

2 Şol döwürde Zorada+ dan taýpasyndan+ Manowa+ atly bir adam bardy. Aýalynyň çagasy bolmaýardy+. 3 Günlerde bir gün Ýehowanyň perişdesi aýalynyň ýanyna gelip: «Sen önelgesiz bolsaň⁠-⁠da, göwreli bolup bir ogul dograrsyň+. 4 Indi çakyr, şerap içme+, haram zatlary iýme+. 5 Sen göwreli bolup ogul dograrsyň, saçyna päki degmeli däldir+. Çaga ejesiniň göwresinde galan gününden başlap, Hudaýyň neziri* bolar we ysraýyllary piliştlileriň elinden halas eder»+ diýdi.

6 Aýaly äriniň ýanyna gelip şeýle diýdi: «Meniň ýanyma hak Hudaýyň guly geldi, daş keşbi Hudaýyň perişdesiniňki ýaly haýbatlydy. Men onuň nireden gelenini soramadym, ol hem adyny aýtmady+. 7 Ol maňa: „Sen göwreli bolup ogul dograrsyň. Indi çakyr, şerap içme, haram zatlary iýme. Çaga ejesiniň göwresinde galan gününden başlap, tä dünýäden ötýänçä, Hudaýyň neziri bolar“ diýdi».

8 Manowa Ýehowa dileg edip: «Eý Ýehowa, ýalbarýaryn! Hak Hudaýyň guly ýene⁠-⁠de gelsin, doguljak çaga nädip terbiýe bermelidigini öwretsin» diýdi. 9 Hak Hudaý Manowanyň dilegini eşitdi. Aýaly şäheriň daşynda wagty, hak Hudaýyň perişdesi ýene⁠-⁠de geldi, emma aýalyň ýanynda Manowa ýokdy. 10 Aýal şol bada äriniň ýanyna ylgap bardy⁠-⁠da: «Ol adam ýene⁠-⁠de geldi»+ diýdi.

11 Manowa aýaly bilen onuň ýanyna baryp: «Aýalym bilen gepleşen senmi?» diýip sorady. Ol: «Hawa, men» diýip jogap berdi. 12 Manowa: «Goý, aýdanyň bolsun! Ýöne çagany nädip terbiýelemeli, gelejegi nähili bolar?»+ diýdi. 13 Ýehowanyň perişdesi Manowa: «Aýalyň aýdanlarymy etmelidir+. 14 Ol üzümden edilen hiç zat iýmesin, çakyr, şerap içmesin+, haram zatlardan iýmesin+. Aýalyň aýdanlarymyň ählisini etmelidir» diýdi.

15 Manowa Ýehowanyň perişdesine: «Biraz aýak çekseň, owlak soýup, nahar bişireýin»+ diýdi. 16 Ýehowanyň perişdesi Manowa: «Men galsam⁠-⁠da, nahar iýmerin. Ýöne Ýehowa ýakma gurbanlygyny berip bilersiň» diýdi. Manowa onuň Ýehowanyň perişdesidigini bilmeýärdi. 17 Ol Ýehowanyň perişdesine: «Aýdanlaryň ýerine ýetende, saňa alkyş aýdar ýaly, adyň näme?»+ diýdi. 18 Ýehowanyň perişdesi: «Meniň adymy sorama. Adymy eşiden haýran galar» diýdi.

19 Soňra Manowa owlak bilen galla sadakasyny bir daşyň üstünde goýup, Ýehowa gurbanlyk berdi. Hudaý Manowa bilen aýalynyň gözüniň alnynda täsin gudrat görkezdi. 20 Gurbanlyk ojagynyň* ýalny asmana galanda, Ýehowanyň perişdesi ýalyn bilen bile ýokary galdy. Manowa bilen aýaly gudraty görüp, ýere ýüzin ýykyldylar. 21 Şonda Manowa onuň Ýehowanyň perişdesidigine düşünip galdy+. Ýehowanyň perişdesi olara gaýdyp görünmedi. 22 Manowa aýalyna: «Biz Hudaýy gördük, indi öleris»+ diýdi. 23 Aýaly: «Eger Ýehowa bizi öldürmekçi bolsa, biziň elimizden ýakma gurbanlygyny+, galla sadakasyny kabul etmezdi. Ol şeýle gudratlary görkezmezdi, ýaňky sözleri hem aýtmazdy» diýdi.

24 Aýlar⁠-⁠günler geçip, aýal bir ogul dogurdy we adyna Şimşon+ dakdy. Ýehowa Şimşony çagalygyndan goldaýardy*. 25 Günlerde bir gün Zora bilen Eştawolyň+ arasyndaky Mahan⁠-⁠danda+ Şimşona Ýehowanyň ruhy indi+.

14 Soňra Şimşon Timnaha gidip, bir piliştli gyza duşdy. 2 Şimşon ene⁠-⁠atasynyň ýanyna gidip: «Timnahda bir piliştli gyza aşyk boldum, şol gyzy alyp beriň» diýdi. 3 Emma kakasy bilen ejesi: «Dogan⁠-⁠garyndaşlaryňdan, öz iliňden gyz tapmadyňmy?+ Indi sünnetsiz piliştliniň gyzyna öýlenjek bolýarmyň?» diýdiler. Şimşon kakasyna: «Alyp beräý⁠-⁠dä, gyz göwnüme ýarady» diýdi. 4 Şimşonyň islegi Ýehowadandy, ýöne ene⁠-⁠atasy muňa düşünmeýärdi. Ol* piliştlilerden ar almak üçin amatly pursat gözleýärdi, sebäbi şol döwürde ysraýyllaryň üstünden piliştliler agalyk edýärdi+.

5 Şimşon ene⁠-⁠atasy bilen Timnaha gitdi. Timnahdaky üzümçiligiň ýanynda Şimşonyň öňünden arlap ýolbars çykdy. 6 Ýehowanyň ruhy Şimşona güýç berdi+ welin, ol ýolbarsy edil owlak ýaly ikä böldi; Şimşonyň elinde hiç zat ýokdy. Ol eden işini ene⁠-⁠atasyna aýtmady. 7 Şimşon baryp, gyz bilen duşuşdy we gyzy has⁠-⁠da gowy gördi+.

8 Şimşon gyzy öz öýüne alyp gaýtmak+ üçin ýene⁠-⁠de Timnaha gitdi. Ol ýolda öldüren ýolbarsynyň maslygyny görmäge sowuldy. Maslykda arynyň öýjügi bar eken. 9 Ol baldan goşawujyny dolduryp, ýolboýy ýalap gitdi, ene⁠-⁠atasyna⁠-⁠da getirip berdi. Olar hem iýdiler, emma Şimşon baly ýolbarsyň maslygyndan alandygyny aýtmady.

10 Şimşonyň kakasy gyzyň öýüne geldi. Şimşon hem öýlenýän ýigitleriň edişi ýaly toý tutdy. 11 Olar Şimşon üçin 30 ýigidi dost saýladylar. 12 Şimşon olara: «Men bir matal aýtjak; siz mataly toýuň ýedi gününde dogry çözüp berseňiz, 30 zygyr* köýnek hem⁠-⁠de 30 don bererin. 13 Eger çözüp bilmeseňiz, siz maňa 30 zygyr köýnek we 30 don berersiňiz» diýdi. Olar Şimşona: «Matalyňy aýt, eşideli» diýdiler. 14 Şimşon olara şeýle diýdi:

«Iýegenden iýmit çykdy,

Güýçlüden süýji çykdy»+.

Olar mataly üç günläp çözüp bilmediler. 15 Dördünji gün olar Şimşonyň aýalyna: «Äriňi yr+, matalyň çözgüdini bilip ber; ýogsam özüňi⁠-⁠de, kakaň öýüni⁠-⁠de otlarys. Bizi talamak üçin çagyrdyňyzmy?» diýdiler. 16 Şimşonyň aýaly ýanyna geldi⁠-⁠de, aglap: «Sen meni ýigrenýän bolmaly, meni söýmeýärsiň+. Sen halkyma matal aýtdyň, maňa bolsa jogabyny aýtmadyň» diýdi. Şimşon: «Ene⁠-⁠atama aýtmadygymy saňa aýdarynmy?» diýdi. 17 Ýöne aýaly toýuň ýedinji gününe çenli aglap⁠-⁠eňräp ýördi. Ahyrsoňy ýedinji gün diýlende, Şimşon matalyň çözgüdini aýalyna aýtdy. Ol hem ýigitlere jogabyny ýetirdi+. 18 Ýedinji gün Gün batmanka*, şäheriň ýigitleri:

«Baldan süýji,

Ýolbarsdan güýçli näme bar?»+ diýip jogap berdiler.

Şimşon hem olara:

«Siz meniň sygrym bilen ýer sürmedik bolsaňyz,

Mataly çözüp bilmezdiňiz»+ diýdi.

19 Şimşona Ýehowanyň ruhy indi+. Ol Aşkelona+ gitdi we 30 adamy öldürip, eşiklerini aldy⁠-⁠da, matalyň jogabyny aýdan ýigitlere berdi+. Ol gaharlanyp, kakasynyň öýüne gaýtdy.

20 Şimşonyň aýalyny+ toýda oturan dostlarynyň birine berdiler+.

15 Birnäçe wagtdan, orak döwri Şimşon bir owlagy alyp, gelnini görmäge geldi. Ol: «Men içki otaga, aýalymyň ýanyna girjek» diýdi. Emma gyzyň kakasy Şimşony saklady. 2 Kakasy: «Sen gyzymy ýigrenensiň öýdüp+, toýda oturan dostlaryň birine berdim+. Ine, gyz jigisi has⁠-⁠da owadan. Belki, ony alarsyň?» diýdi. 3 Şimşon bolsa: «Indi piliştlilere näme etsem⁠-⁠de, hiç kim hiç zat diýip bilmez» diýdi.

4 Şimşon 300 tilkini tutup, iki⁠-⁠ikiden guýruklaryny biri⁠-⁠birine daňdy. Olaryň guýrugynyň arasyna taýak berkitdi. 5 Şimşon taýaklary otlap, tilkileri piliştlileriň galla meýdanyna kowdy. Olaryň galla meýdanyny, desse⁠-⁠desse duran bugdaýlaryny, üzümlerini, zeýtun agaçlaryny otlady.

6 Piliştliler: «Muny kim etdikä?» diýişdiler. Şonda olara: «Muny timnahlynyň giýewi Şimşon etdi, sebäbi gaýynatasy onuň gelnini toýda oturan dostuna beripdir»+ diýdiler. Piliştliler gidip, Şimşonyň aýalyny we gaýynatasyny otladylar+. 7 Şimşon olara: «Eger siz şeýle edýän bolsaňyz, arymy alýançam köşeşmerin»+ diýdi. 8 Ol piliştlileri biruçdan öldürip başlady. Öldürilenleriň san⁠-⁠sajagy ýokdy. Soňra ol Eýtam gaýasyndaky gowaga gitdi.

9 Piliştliler Ýahuda gelip düşelge gurdular we Lehiniň daşyny gabadylar+. 10 Ýahudanyň ilaty: «Biziň üstümize näme üçin geldiňiz?» diýip soradylar. Şonda olar: «Şimşony tutup, edenini öz başyna getirjek bolýarys» diýip jogap berdiler. 11 Ýahudadan 3 000 adam Eýtam gaýasyndaky gowaga baryp Şimşona: «Häzir piliştliler üstümizden höküm sürýär+. Şony bilip⁠-⁠de, näme üçin başymyza bela getirdiň?» diýdiler. Şimşon olara: «Men olardan arymy aldym» diýdi. 12 Adamlar: «Biz seni daňyp, piliştlileriň eline bermek üçin geldik» diýenlerinde, Şimşon: «Meni öldürmejegiňize ant içiň» diýdi. 13 Olar: «Bolýar, öldürmeris, biz seni daňyp, piliştlilere bereris» diýdiler.

Olar Şimşony iki sany täze ýüp bilen daňdylar⁠-⁠da, gowakdan alyp gitdiler. 14 Şimşony Lehä getirenlerinde, piliştliler begenjinden ýaňa gygyryşdylar. Şonda Ýehowanyň ruhy Şimşona güýç berdi+ we elindäki ýüpler* otda ýanan sapak kimin üzülip gitdi+. 15 Ol ölen eşegiň äňini aldy⁠-⁠da, onuň bilen müň adamy öldürdi+. 16 Şimşon şeýle diýdi:

«Eşegiň äňi bilen bir süri duşmanlary gyrdym!

Eşegiň äňi bilen müň adamy öldürdim»+.

17 Şu sözleri aýdyp, ol elindäki äňi zyňdy, şol ýeriň adyna Ramat⁠-⁠lehi*+ dakdy. 18 Biraz wagtdan ol suwsuzlykdan ýaňa ysgyndan gaçdy. Şimşon Ýehowa ýalbaryp: «Sen guluňa uly ýeňiş berdiň. Indi men damagym kepäp ölmelimi? Sünnetsiz piliştlileriň eline düşmelimi?» diýdi. 19 Alla Lehidäki çukurdan suw çykardy+. Şimşon suwdan gandy, özüne gelip kuwwatlandy. Şonuň üçin Şimşon ol ýeriň adyna En⁠-⁠hakor* dakdy. Ol şu günlerem Lehide ýerleşýär.

20 Şimşon piliştlileriň höküm sürýän döwründe 20 ýyllap Ysraýyla serdar boldy+.

16 Bir gün Şimşon Gaza gitdi we ahlaksyz aýala sataşyp, öýüne bardy. 2 Gazanyň halkyna: «Şimşon galaňyza gelipdir» diýdiler. Olar daşyny gabap, daň atýança galanyň derwezesinde garawullap ýatdylar. Olar: «Daňdan tutup öldüreris» diýşip, bütin gije sessiz⁠-⁠üýnsüz oturdylar.

3 Şimşon ýarygijä çenli ýatdy, soňra turup, galanyň derwezesini gulpy we söýeleri bilen gopardy⁠-⁠da, egnine atyp, Hebronyň garşysyndaky dagyň depesine alyp gitdi.

4 Soňra Şimşon Sorek jülgesinde ýaşaýan Delile atly bir gyza aşyk boldy+. 5 Piliştli hanlar gyzyň ýanyna gelip: «Saňa herimiz 1 100 kümüş bereli. Sen Şimşonyň gözüni⁠-⁠başyny aýlap, beýik güýjüniň syryny bil+. Biz ony daňyp, boýun egdirmek isleýäris» diýdiler.

6 Delile Şimşondan: «Sen güýji nireden alýarsyň? Seni näme bilen daňyp, boýun egdirip bolar?» diýip sorady. 7 Şimşon: «Meni täze ýedi kiriş* bilen daňsalar, güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 8 Piliştli hanlar Delilä täze ýedi kiriş getirip berdiler. Ol Şimşony ýedi kiriş bilen daňdy. 9 Hanlar içki otagda bukulyp otyrdylar. Delile: «Şimşon, piliştliler gelýär!» diýdi. Şonda Şimşon kirişleri edil oda ýanan sapak ýaly üzüp taşlady+, güýjüniň syry bilinmän galdy.

10 Delile Şimşona: «Sen meni oýnap, ýalan sözlediň. Indi bir aýdaý, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. 11 Şimşon: «Eger meni täze ýüp bilen daňsalar, men güýçden gaçyp, beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi. 12 Delile Şimşony täze ýüp bilen daňdy⁠-⁠da: «Piliştliler gelýär!» diýdi. (Hanlar içki otagda bukulyp otyrdylar). Şimşon ýüpi oda ýanan sapak ýaly üzüp taşlady+.

13 Delile Şimşona: «Sen ýene⁠-⁠de meni aldap, üstümden güldüň+. Aýtsana, seni näme bilen daňyp bolar?» diýdi. Şimşon: «Eger sen meniň ýedi örüm saçymy dokmaçynyň ýüpi bilen örseň, güýjüm gaçar» diýdi. 14 Delile onuň aýdyşy ýaly edip, saçyny darak bilen berkitdi⁠-⁠de: «Şimşon, piliştliler gelýär!» diýdi. Ol ukudan oýandy⁠-⁠da, daragy we ýüpleri goparyp taşlady.

15 Delile: «Sen maňa ynanmaýarsyň. „Men seni söýýärin“+ diýmäge neneň diliň barýar? Meni üç gezek aldadyň, güýjüň syryny aýtmadyň»+ diýdi. 16 Delile her gün iňirdäp şeýle bir ýürege düşdi welin, Şimşon janyndan doýdy+. 17 Ol ahyry Delilä syryny açyp: «Meniň saçyma heniz päki degmedi. Ejemiň göwresindekäm Hudaý meni nezir edip belledi+. Eger meniň saçymy gyrksalar, güýjüm gidip, kuwwatym gaçar, şonda beýleki adamlar ýaly bolaryn» diýdi.

18 Delile Şimşonyň dogrusyny aýdýandygyna düşünip, derrew piliştli hanlara habar ýollap+: «Indi geliberiň, ol maňa syryny açdy» diýdi. Piliştli hanlar kümüşlerini alyp geldiler. 19 Delile Şimşony dyzynda uklatdy⁠-⁠da, bir adamy çagyryp, ýedi örüm saçyny gyrkdyrdy. Delile Şimşonyň erkini ele aldy, Şimşonyň güýji kem⁠-⁠kemden gaçyp başlady. 20 Delile: «Şimşon, piliştliler gelýär!» diýip gygyrdy. Ol ukudan oýanyp: «Öňkim ýaly boşanaýyn»+ diýdi. Emma Ýehowanyň indi güýç bermeýändigini bilmeýärdi. 21 Piliştliler ony tutup, gözlerini oýdular. Gaza getirip, mis gandal bilen bagladylar. Şimşony zyndana atyp, degirmen üwetdiler. 22 Şimşonyň saçy günsaýyn ösüp başlady+.

23 Piliştli hanlar Dagon+ taňra gurbanlyk bermek üçin ýygnanyp, baýramçylyk bellediler. Olar: «Taňrymyz Şimşony tutup berdi» diýişýärdiler. 24 Halk taňrysyna bakyp: «Köp adam öldürip+, ýurdy tozduran duşmany tutup berdiň»+ diýip, alkyş aýtdylar.

25 Olaryň keýpi kök bolup: «Şimşony getiriň, göwün açalyň» diýdiler. Şimşony zyndandan getirip, sütünleriň arasynda duruzdylar. 26 Şimşon elinden tutup duran oglanjyga: «Jaýy saklaýan sütünleriň ýanyna elt, men olara söýeneýin» diýdi. 27 Jaýyň içi aýal⁠-⁠erkekden doludy. Piliştli hanlar hem şol ýerdedi. Jaýyň üstünde⁠-⁠de 3 000⁠-⁠e golaý adam Şimşona tomaşa edip durdy.

28 Şimşon+ Ýehowa ýalbaryp: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, meni ýadyňa sal, haýyş edýärin! Hudaýym, ýene birje gezek maňa güýç ber+, ýalbarýaryn! Iň bolmanda, bir gözüm üçin piliştlilerden ar alaýyn»+ diýdi.

29 Şimşon jaýy saklaýan ortaky iki sütüne söýenip, birine sag elini beýlekisine çep elini goýdy. 30 Ol: «Piliştliler bilen bile öleýin» diýip, bar güýji bilen sütünleri itekledi welin, tutuş jaý hanlaryň we märekäniň üstüne ýykyldy+. Şimşonyň şol gün öldürenleri bütin ömründe öldürenlerinden köp boldy+.

31 Şimşonyň doganlary we kakasynyň tutuş maşgalasy gelip, jesedini alyp gitdiler hem⁠-⁠de Zora+ bilen Eştawolyň aralygynda jaýladylar. Kakasy Manowa+ hem şol ýerde jaýlanypdy. Şimşon Ysraýylda 20 ýyllap serdar boldy+.

17 Efraýymyň daglarynda+ Mikaý atly bir adam ýaşaýardy. 2 Günlerde bir gün ol: «Eje, ýadyňda bolsa, 1 100 kümşüň ogurlanypdy. Şonda meniň ýanymda ogra gargapdyň. Kümüşleri men aldym, olar mende» diýdi. Şonda ejesi: «Oglum, goý, Ýehowa seni ýalkasyn!» diýdi. 3 Mikaý 1 100 kümşi berende, ejesi: «Men kümüşleri Ýehowa bagyş etjek. Ine olary yzyna saňa berýärin. Sen olardan oýma we guýma butlaryny ýasa»+ diýdi.

4 Ejesi oglunyň beren pullaryndan 200 kümşi alyp, zergäre berdi. Ussa oýma we guýma butlaryny ýasady. Soňra olary Mikaýyň öýüne getirip goýdular. 5 Mikaý taňrylaryna buthana gurdy. Ol öňlük*+ tikdi we maşgala butlaryny*+ ýasady, ogullarynyň birini bolsa ruhany edip belledi*+. 6 Şol döwürde Ysraýylyň patyşasy ýokdy+. Her kes öz bilenini ederdi+.

7 Ýahudalardan bir ýigit Ýahudanyň Beýtullahamyna+ az wagtlyk ýaşamaga geldi. Ol lewilerdendi+. 8 Günlerde bir gün ol Ýahudanyň Beýtullahamyndan çykyp gaýtdy⁠-⁠da, ýaşamaga ýer gözläp başlady. Ahyry ol Efraýymyň daglarynda ýaşaýan Mikaýyň öýüne geldi+. 9 Mikaý ondan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Ýigit: «Men Ýahudanyň Beýtullahamyndan gelýärin, ýaşamaga ýer gözleýärin. Men lewi taýpasyndan» diýip jogap berdi. 10 Mikaý: «Meniň öýümde galaý, maslahatçym* hem ruhanym bolarsyň. Men saňa ýylda on kümüş tölärin, iýjegiňi hem geýjegiňi bererin» diýdi. Lewi hem öýe girdi. 11 Şeýdip, lewi Mikaýyň öýünde galmaga razy boldy. Mikaý oňa ogly ýaly seretdi. 12 Şeýle⁠-⁠de ol lewini ruhany edip belledi+, şonuň üçin ýigit Mikaýyň öýünde ýaşaberdi. 13 Mikaý: «Indi Ýehowa maňa ak pata berer, sebäbi ruhanym lewilerden» diýdi.

18 Şol döwürde Ysraýylyň patyşasy ýokdy+. Dan taýpasy+ ýaşar ýaly ýer gözleýärdi. Sebäbi şol wagta çenli ysraýyl taýpalarynyň arasynda olara mülk paýy berilmändi+.

2 Danlar öz taýpasyndan, Zora bilen Eştawoldan+ bäş edermen adama: «Baryň, ýurdy gözden geçiriň» diýip ugratdylar. Olar Efraýymyň daglarynda ýaşaýan Mikaýyň+ öýüne baryp, gijäni geçirdiler. 3 Olar Mikaýyň öýünde bolýan ýaş lewini gepleýşinden tanap, ýanyna bardylar⁠-⁠da: «Seni kim getirdi? Bärde näme edýärsiň? Näme işläp ýörsüň?» diýip soradylar. 4 Ýigit: «Mikaý meni hakyna tutup, ruhanysy etdi» diýip jogap berdi+. 5 Olar: «Işimiziň ugruna boljagyny⁠-⁠bolmajagyny Hudaýdan sorap beräý» diýdiler. 6 Ruhany: «Arkaýyn gidiberiň, Ýehowa siziň bilen bolar» diýdi.

7 Bäş adam ol ýerden gaýdyp, Laýyşa+ geldi. Laýyşyň ilaty sidonlylar ýaly özbaşyna ýaşaýardy. Laýyşlylar parahat we asuda halkdy+. Olara azar berýän, üstüne çozýan adam ýokdy. Olar Sidondan uzakdady, hiç kim bilen gatnaşmaýardy.

8 Içalylar Zora bilen Eştawola+ dolanyp gelende, ildeşleri olardan: «Näme habar?» diýip soradylar. 9 Olar: «Ýurduň mes toprakly ýerleri bar eken. Ýaýdanyp durmalyň, tizräk baryp eýe çykalyň. 10 Ol ýurt giň we halky asuda+ ýaşaýar. Hudaý ýurdy elimize berer. Ol ýerde dünýäniň ähli baýlygy, näz⁠-⁠nygmaty bar»+ diýdiler.

11 Dan taýpasyndan 600 adam eline ýarag alyp, Zoradan we Eştawoldan+ ýola düşdüler. 12 Olar Ýahudadaky Kirýat⁠-⁠ýegarimiň+ günbatarynda düşelge gurdular. Şol sebäpli ol ýere henize çenli Mahan⁠-⁠dan*+ diýilýär. 13 Soňra olar Efraýymyň daglarynda ýaşaýan Mikaýyň öýüniň golaýyna bardylar+.

14 Laýyş+ topragyny gözden geçirmäge giden bäş adam ildeşlerine: «Bilýäňizmi, şol öýde öňlük*, guýma, oýma we maşgala butlary* bar+. Olary näme ederis?» diýdiler. 15 Soňra olar Mikaýyň öýünde ýaşaýan lewiniň+ ýanyna baryp, hal⁠-⁠ahwalyny soradylar. 16 Dan taýpasyndan eli ýaragly 600 adam+ derwezäniň agzynda durdy. 17 Ýurdy görmäge gelen bäş adam+ öňlügi+, oýma, guýma we maşgala butlaryny+ almaga bardylar. (Ruhany+ derwezäniň agzynda eli ýaragly 600 adamyň ýanynda durdy). 18 Olar Mikaýyň öýüne girip, öňlügi, oýma, guýma we maşgala butlaryny alanlarynda, ruhany: «Näme edýärsiňiz?» diýdi. 19 Olar: «Ýuwaş, sesiňi çykarma. Ýör, biziň bilen git, maslahatçymyz* we ruhanymyz bol. Diňe bir adama ruhany bolmak+ gowumy ýa⁠-⁠da Ysraýylyň bir tiresine, hatda tutuş taýpasyna ruhany bolmak gowumy?»+ diýdiler. 20 Olaryň sözi ruhanynyň göwnünden turdy. Ol öňlügi, oýma we maşgala butlaryny+ alyp, olaryň yzyna düşdi.

21 Olar çagalaryny, mal⁠-⁠garasyny we gymmatbaha zatlaryny alyp ýola düşdüler. 22 Olar Mikaýyň öýünden uzaklaşanda, Mikaýyň goňşy⁠-⁠golamlary ýygnanyşyp, danlaryň yzyndan kowalap başlady. 23 Olar danlaryň yzyndan gygyrdylar. Danlar bolsa Mikaýa: «Näme boldy? Adamlary nämä üýşürdiň?» diýdiler. 24 Ol: «Siz meniň ruhanymy, ýasan taňrylarymy alyp gitdiňiz. Mende hiç zat goýman „Näme boldy?“ diýip soraýaňyzmy?» diýdi. 25 Danlar: «Sesiňe bat berme, ýogsam gaharymyz gelse, seni⁠-⁠de, öý⁠-⁠içeriňi⁠-⁠de öldüreris» diýip jogap berdiler. 26 Danlar öz ýollary bilen gitdiler. Mikaý hem olaryň güýçlüdigini görüp, öýüne dolandy.

27 Olar Mikaýyň ýasan butlaryny we ruhanysyny alyp, Laýyşa+ tarap gitdiler. Olar Laýyşyň asuda we aladasyz ýaşaýan halkyny+ gylyçdan geçirdiler, şäheri bolsa otladylar. 28 Olaryň dadyna hiç kim ýetişmedi, sebäbi Sidondan uzakda ýaşaýardylar we hiç kim bilen gatnaşmaýardylar. Söweş Beýt⁠-⁠rehop+ jülgesinde bolup geçdi. Danlar şäheri täzeden gurup, ýaşap başladylar. 29 Şeýle⁠-⁠de olar atalary, Ysraýyl ogly Danyň+ hatyrasyna şäheriň adyna Dan+ goýdular. Şäheriň öňki ady Laýyşdy+. 30 Danlar oýma butlaryny+ getirip goýdular. Musanyň ogly Gerşomyň+ neslinden Ýonatan+ we onuň ogullary halk sürgün edilýänçä dan taýpasyna ruhany bolup gulluk etdiler. 31 Olar Mikaýyň ýasan oýma butuny dikdiler. Hak Hudaýyň çadyry bolsa Şilodady+.

19 Şol döwürde Ysraýylyň patyşasy ýokdy+. Efraýymyň daglarynyň+ çet ýerinde bir lewi ýaşaýardy. Ol Ýahudanyň Beýtullahamyndan+ bir gyrnaga* öýlendi. 2 Ýöne gyrnak oňa ikilik etdi we atasy öýüne gaýdyp, dört aýlap Ýahudanyň Beýtullahamynda ýaşady. 3 Äri aýalynyň göwnüni tapmak üçin yzyndan gitdi. Ol ýanyna iki eşegi bilen hyzmatkärini aldy. Şeýlelikde, aýaly ärini atasynyň öýüne eltdi. Gaýynatasy giýewini güler ýüz bilen garşylap, 4 öýünde üç gün bolmaga yrdy. Olar iýip içdiler, giýewi gijesini gaýynlarynda geçirdi.

5 Dördünji gün diýlende, olar säher bilen ýola düşmekçi boldy, emma gaýynatasy giýewine: «Ýolda ajygyp, ysgyndan gaçmaz ýaly biraz çörek iýip gidiň» diýdi. 6 Olar oturyp, bile iýip içdiler. Gaýynatasy giýewine: «Ýene bir gün gal, göwnüňi açarsyň» diýdi. 7 Giýewi gitmekçi boldy, emma gaýynatasy ýene bir gije galmagy haýyş etdi.

8 Ol bäşinji gün irden turup gitmekçi bolanda, gaýynatasy: «Ýolda ajygyp, ysgyndan gaçmaz ýaly biraz çörek iýiň» diýdi. Olar öýläne çenli oturyp iýip içdiler. 9 Ol turup, gyrnagy we hyzmatkäri bilen ýola düşmekçi boldy. Gaýynatasy: «Seret, eýýäm Gün ýaşdy, şu gije⁠-⁠de gal. Garaňky düşüp barýar, bu günem galsaň göwnüňi hoşlarsyň, ertir ir bilen turup öýüňe gidersiň» diýdi. 10 Emma ol razy bolmady; iki eşegi, gyrnagy we hyzmatkäri bilen Ýabusa, ýagny Iýerusalime+ tarap ýola düşdi.

11 Olar Ýabusa golaýlanlarynda, Gün ýaşyp barýardy. Hyzmatkäri hojaýyndan: «Gijäni Ýabus şäherinde geçirelimi?» diýip sorady. 12 Hojaýyny: «Olar ysraýyllardan däl, biz kesekileriň galasyna barmarys, Gibeýa+ gideris» diýdi. 13 Şeýle⁠-⁠de ol hyzmatkärine: «Gibeýa ýa⁠-⁠da Rama+ ýetjek bolaly, gijäni şolaryň birinde geçireris» diýdi. 14 Olar ýoluny dowam etdiler. Gün ýaşanda, benýaminleriň Gibeýa galasyna golaýlaşdylar.

15 Olar gijäni geçirmek üçin Gibeýa bardylar we şäher meýdançasynda* oturdylar, ýöne hiç kim olary myhman almady+. 16 Bir garry adam ekin meýdanyndan öýüne gelýärdi. Ol Efraýymyň daglaryndan+ gelipdi, birnäçe wagtdan bäri Gibeýada ýaşaýardy. Galanyň halky bolsa benýaminlerdi+. 17 Garry şäher meýdançasynda oturan ýolagçylary görüp: «Nireden gelip, nirä barýarsyňyz?» diýip sorady. 18 Ol: «Biz Ýahudanyň Beýtullahamyndan gelýäris. Indi Efraýym daglarynyň çet ýerine, öz obama barýaryn. Men Ýahudanyň Beýtullahamyna+ baryp gaýtdym, indi Ýehowanyň öýüne barýaryn*. Emma hiç kim meni myhman alanok. 19 Bizde eşeklere berere ot⁠-⁠iým bar+. Gyrnagym, hyzmatkärim, özüm üçinem çörek+ bilen şerap bar. Biz zada zar däl» diýip jogap berdi. 20 Garry: «Arkaýyn bol, ýetmeýän zadyňy bererin, ýöne daşarda ýatma» diýdi. 21 Garry olary öýüne getirip, eşeklerine iým berdi. Soňra olar aýagyny ýuwdular we iýip içdiler.

22 Myhmanlar saçagyň başynda otyrkalar, galanyň azgyn adamlary öýüň daşyny gabadylar. Olar garra: «Öýüňe gelen erkegi daşary çykar, biz onuň bilen ýatjak*» diýip, jaýyň gapysyny döwere getirdiler+. 23 Öýüň eýesi daşary çykdy⁠-⁠da: «Ýok, inilerim, beýle azgynçylygy etmäň, ol meniň myhmanym ahyry. Aýyp işe baş goşmaň. 24 Öýde päk* gyzym bilen myhmanyň gyrnagy otyr. Ikisini⁠-⁠de bereýin, olara isläniňizi ediň+. Emma myhmanyma hiç hili erbetlik etmäň» diýdi.

25 Adamlar garryny diňlemediler. Şonda myhman gyrnagyny+ olaryň eline berdi. Olar aýaly uzak gije zorlap, köp kösediler we daň atanda goýberdiler. 26 Daňdan gyrnak hojaýynynyň myhman bolan öýüniň gapysyna gelip ýykyldy. Ol jahan ýagtylýança, gapynyň agzynda ýatdy. 27 Hojaýyny ir bilen turup, ýoluny dowam etmek üçin öýden çyksa, gyrnagy elini bosaga goýup ýatan eken. 28 Ol gyrnagyna: «Tur, gideli» diýdi, emma ondan ses çykmady. Şonda ol gyrnagyň jesedini eşegine ýükläp, öýüne tarap ýola düşdi.

29 Ol öýüne baryp, gassap pyçagy bilen gyrnagy 12 bölege böldi we Ysraýylyň her taýpasyna bir bölegini ugratdy. 30 Muny gören her bir adam: «Ysraýyl Müsürden çykandan bäri, beýle azgynçylyk görlüp⁠-⁠eşidilen däldir. Muny beýle goýup bolmaz, maslahatlaşyp+ bir zat edeliň» diýdi.

20 Dandan+ Beýer⁠-⁠şeba çenli we Gilead topragynda+ ýaşaýan ähli ysraýyllar Mispada ýygnandylar. Olar bir adam ýaly Ýehowanyň huzuryna geldiler+. 2 Ysraýyl halkynyň we taýpalarynyň ähli han⁠-⁠begleri Hudaýyň halkynyň geňeşine* geldiler. 400 000 sany eli gylyçly we pyýada esger bardy+.

3 Benýaminler ysraýyllaryň Mispada ýygnanandygyny eşitdiler.

Ysraýyllar: «Bolan elhenç wakany gürrüň beriň»+ diýdiler. 4 Öldürilen aýalyň äri lewilerdendi+. Ol: «Men gijäni geçirmek üçin gyrnagym bilen benýaminleriň Gibeýa galasyna barypdym+. 5 Gije Gibeýanyň adamlary* meni öldürjek bolup, myhman öýümiň daşyny gabadylar. Emma maňa degmän gyrnagymy zorladylar, ol hem öldi+. 6 Men gyrnagymy böleklere bölüp, Ysraýylyň ähli künjegine paýladym+, sebäbi olar Ysraýyl topragynda azgynçylyk we biabraýçylyk etdiler. 7 Indi, ysraýyl ogullary, gelen kararyňyzy aýdyp, maslahat beriň»+ diýdi.

8 Şonda tutuş halk bir adam ýaly aýaga galyp şeýle diýdi: «Indi hiç kim çadyryna, öýüne gaýtmaz. 9 Bije atyp, Gibeýa galasyna garşy kimiň gitmelidigini bileliň+. 10 Ysraýylyň her taýpasyndan 100 adamdan 10 adam, 1 000 adamdan 100 adam, 10 000 adamdan 1 000 adam goşuna azyk getirip bersin. Goşun bolsa Ysraýylda biabraýçylyk eden benýaminleriň Gibeýa galasyna garşy söweşer». 11 Ysraýyllar gala çozmak üçin bir adam ýaly jem boldular.

12 Ysraýyllar benýaminiň taýpa baştutanlaryna adam ugradyp: «Beýle azgynçylygy nädip edip bildiňiz? 13 Gibeýanyň zalym adamlaryny elimize beriň+, biz olary öldürip, Ysraýyldan erbetligi köki bilen aýrarys»+ diýdiler. Emma benýaminler ysraýyl doganlaryna gulak asmadylar.

14 Ysraýyl ogullary bilen söweşmek üçin benýaminler ähli galalaryndan gelip, Gibeýada jemlendiler. 15 Şol gün benýamin galalaryndan eli gylyçly 26 000, Gibeýadan bolsa 700 edermen esger ýygnandy. 16 Olaryň 700 edermen esgeri çepbekeýdi, olar şeýle bir mergendi welin, atan daşy nyşanadan sowa* geçmezdi.

17 Ysraýylyň beýleki taýpalarynda söweşe ukyply, eli gylyçly 400 000 esger bardy+. 18 Ysraýyllar Beýtele baryp, Hudaýdan: «Benýaminler bilen söweşe ilki kim gider?» diýip soradylar+. Ýehowa: «Ýahuda gider» diýip jogap berdi.

19 Ysraýyllar säher bilen turup, Gibeýa galasyna garşy söweşmek üçin düşelge gurdular.

20 Ysraýyl ogullary benýaminler bilen söweşmäge çykdylar. Olar Gibeýanyň garşysynda nyzama durdular. 21 Benýaminler Gibeýadan çykyp, şol gün ysraýyllaryň 22 000 esgerini öldürdiler. 22 Emma ysraýyllaryň goşuny gorkmady, olar ertesi gün ýene⁠-⁠de nyzama durdular. 23 Şeýle⁠-⁠de olar Ýehowanyň huzuryna baryp, Gün ýaşýança agladylar, soňra Ýehowadan: «Biz ýene⁠-⁠de benýamin doganymyz bilen söweşelimi?»+ diýip soradylar. Ýehowa olara: «Söweşiň!» diýip jogap berdi.

24 Ertesi güni ysraýyllar benýaminleriň üstüne gitdiler. 25 Benýaminler hem Gibeýadan çykyp, ysraýyllaryň eli gylyçly 18 000 esgerini gyrdylar+. 26 Şonda ysraýyl ogullarynyň ählisi Beýtele gitdiler. Olar Ýehowanyň huzurynda oturyp aglaşdylar+, agşama çenli agyz beklediler+ we Ýehowa ýakma+, parahatlyk gurbanlyklaryny+ berdiler. 27 Ysraýyllar Ýehowadan maslahat soradylar+, sebäbi şol wagtlar hak Hudaýyň äht sandygy Beýteldedi. 28 Şol günler Harunyň agtygy, Algazaryň ogly Pinehas+ äht sandygynyň öňünde gulluk edýärdi. Olar: «Benýamin doganlarymyza garşy söweşe gidelimi ýa⁠-⁠da ýok?»+ diýip soradylar. Ýehowa olara: «Gidiň, ertir men olary siziň eliňize bererin» diýip jogap berdi. 29 Ysraýyllaryň esgerleri Gibeýanyň daş⁠-⁠töwereginde bukuda ýatdylar+.

30 Üçünji gün diýlende, ysraýyllar benýaminleriň üstüne gitdiler we Gibeýanyň garşysynda öňküsi ýaly nyzama durdular+. 31 Benýaminler goşunyň garşysyna çykyp galadan daşlaşdylar+. Olar ýene⁠-⁠de hüjüm edip, Beýtele we Gibeýa barýan uly ýollarda esgerleri gylyçdan geçirip başladylar. Şol ýerde 30⁠-⁠a golaý esger wepat boldy+. 32 Benýaminler: «Olary ýene⁠-⁠de gyrarys»+ diýdiler. Ysraýyllar bolsa: «Yza çekilip olary aldalyň, benýaminleri galadan daşlaşdyryp, uly ýollara getireliň» diýişdiler. 33 Ysraýyl ogullary aýaga galyp, Bagal⁠-⁠tamarda nyzama durdular. Gibeýanyň daş⁠-⁠töwereginde gizlenip oturan adamlar bolsa hüjüme geçdiler. 34 Tutuş Ysraýyldan saýlanyp alnan 10 000 esger Gibeýa galasynyň golaýynda gazaply söweşdiler. Emma benýaminler başyna injek betbagtçylykdan bihabardy.

35 Ýehowa benýaminleri ysraýyllaryň öňünde derbi⁠-⁠dagyn etdi+. Şol gün ysraýyllar benýaminleriň eli gylyçly 25 100 esgerini öldürdiler+.

36 Ysraýyllar yza çekilende, benýaminler ýeňeris öýtdüler+. Ysraýyllar Gibeýada bukuda ýatanlara bil baglap, yza çekildiler+. 37 Bukuda ýatanlar bolsa dessine Gibeýa çozdular. Olar galany eýeläp, ilatyny gylyçdan geçirdiler.

38 Ysraýyl ogullary özara gepleşipdiler; bukuda ýatan esgerler galadan al⁠-⁠asmana tüsse çykaryp, olara duýduryş bermelidiler.

39 Ysraýyllar yza çekilende, benýaminler olara topulyp, 30⁠-⁠a golaý esgerini öldürdiler+. Olar: «Ysraýyllaryň ýeňiljegi görnüp dur»+ diýişdiler. 40 Emma galadan tüsse ýokary galyp başlady. Benýaminler yzyna seretse, galadan gap⁠-⁠gara tüsse al⁠-⁠asmana galýar. 41 Şonda gaçyp barýan ysraýyllar yzyna dolandylar, benýaminler üstüne abanýan howpy görüp gorkdular. 42 Olar ysraýyllardan gaçyp, çöle tarap eňdiler. Ysraýyllar galany eýelän esgerler bilen bilelikde olaryň yzyndan kowdular. 43 Olar badyny gowşatman benýaminleri kowalap, gabawa saldylar. Olar Gibeýanyň gündogarynda benýaminleri gyrdylar. 44 Şeýlelikde, benýaminleriň 18 000 batyr esgeri öldürildi+.

45 Diri galanlary çöle, Rimmon gaýasyna tarap gaçdylar+. Ysraýyllar uly ýollarda olaryň 5 000 esgerini öldürdiler. Olar Gidoma çenli benýaminleriň yzyndan kowup, ýene 2 000 esgerini öldürdiler. 46 Şol gün benýaminlerden eli gylyçly jemi 25 000 esger öldürildi+. Olaryň hemmesi mert adamlardy. 47 Benýaminleriň 600 esgeri çölüň içi bilen Rimmon gaýasyna gaçdylar we dört aýlap şol ýerde boldular.

48 Ysraýyllar yzyna gaýdyp, benýaminleriň beýleki galalaryna bardylar. Olaryň ilatyny, mal⁠-⁠garasyny gyrdylar we ähli zadyny ýok etdiler. Olar ýoluň ugrundaky ähli galalary otlap kül etdiler.

21 Ysraýyllar: «Hiç kim benýaminlere gyz bermez» diýip, Mispada+ ant içdiler+. 2 Halk Beýtele+ gelip, Hudaýyň huzurynda Gün ýaşýança zaryn⁠-⁠zaryn aglaşdylar. 3 Olar: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, Ysraýylyň başyna näme üçin şeýle bela⁠-⁠beter indi? Ysraýylyň bir taýpasy ýitip gidibermelimi?» diýdiler. 4 Ertesi gün halk ir bilen turup, ýakma we parahatlyk gurbanlyklaryny+ bermek üçin gurbanlyk ojagyny* gurdular.

5 Ysraýyllar Mispada Ýehowanyň huzuryna gelmedik adam hökman öldüriler diýip ant içipdiler. Şonuň üçin olar: «Ýehowanyň huzuryna geňeşmäge ysraýyl taýpalaryndan gelmedik barmy?» diýip soradylar. 6 Ysraýyllar benýamin doganlarynyň düşen ýagdaýyna gynanyp: «Şu gün ysraýylyň bir taýpasy kesilip taşlandy. 7 Biz olara gyz bermeris diýip, Ýehowanyň huzurynda ant içdik+. Indi diri galan benýaminler üçin nireden gyz taparys?»+ diýdiler.

8 Olar: «Ýehowanyň huzuryna ysraýyl taýpalaryndan Mispa gelmedik barmy?»+ diýdiler. Halkyň ýygnanan düşelgesine Ýabeş⁠-⁠gilead galasyndan hiç kim gelmändir. 9 Halky sanap görseler, Ýabeş⁠-⁠gilead galasyndan bir adam hem gelmändir. 10 Şonda jemagat ol ýere 12 000 batyr ýigitlerini ugradyp: «Gidiň⁠-⁠de, Ýabeş⁠-⁠gileadyň aýal⁠-⁠erkeklerini, çagalaryny gylyçdan geçiriň+. 11 Siz olaryň erkekleriniň we aýallarynyň ählisini öldüriň. Emma durmuşa çykmadyk gyzlaryny diri galdyryň» diýip tabşyryk berdiler. 12 Ýabeş⁠-⁠gilead galasynda 400 gyz bardy. Olary Kengan topragynda ýerleşýän Şilodaky+ düşelgä getirdiler.

13 Ysraýyllar Rimmon gaýasyndaky+ benýaminlere habar ýollap, ýaraşmagy teklip etdiler. 14 Benýaminler ýurduna dolanyp geldiler. Halk olara Ýabeş⁠-⁠gileadyň diri galan gyzlaryny berdi+. Ýöne olaryň hemmesine gyz ýetmedi. 15 Ysraýyllaryň benýamin doganlaryna rehimi indi+, sebäbi Ýehowa olary ysraýyl taýpalaryndan aýra saldy. 16 Halkyň ýaşululary: «Benýaminleriň gelin⁠-⁠gyzlarynyň ählisi öldürildi. Olaryň galan erkeklerine nireden gyz tapmaly?» diýip soradylar. 17 Olar şeýle jogap berdiler: «Ysraýylyň bir taýpasy ýitip gitmez ýaly, diri galan benýaminlere mülk bereliň. 18 Ýöne biz olara gyz berip bilmeris, sebäbi ysraýyl halky: „Benýaminlere gyz beren adam näletlidir“ diýip ant içipdi»+.

19 Olar: «Ine, Şiloda+ her ýyl Ýehowa bagyşlap baýramçylyk bellenilýär. Şilo Beýteliň demirgazygynda, Beýtelden Şekeme barýan uly ýoluň gündogarynda, Lebonyň günortasynda ýerleşýär» diýdiler. 20 Olar benýaminlere şeýle tabşyryk berdi: «Gidiň⁠-⁠de, üzümçiligiň içinde gizlenip oturyň. 21 Şilonyň gyzlary üýşüp tans etseler, üzümçilikden çykyň⁠-⁠da, heriňiz birini tutup, Benýamin topragyna alyp gaýdyň. 22 Gyzlaryň kakasy ýa⁠-⁠da agasy üstümize gelse, olara: „Benýaminlere⁠-⁠de, bize⁠-⁠de rehim eýläň. Söweşde ýesir alnan gyzlar olara ýetmedi+. Siz hem antyňyzdan dänip, gyz berip bilmezdiňiz“ diýeris»+.

23 Benýaminler aýdylyşy ýaly hem etdiler. Olaryň hersi tans edýän gyzlaryň birini alyp, mülküne dolandylar we galalaryny täzeden dikeldip+, ýaşap başladylar.

24 Şonda ysraýyllar öýli⁠-⁠öýüne, taýpasyna we mülküne dolandylar.

25 Şol döwürde Ysraýylyň patyşasy ýokdy+. Her kes öz bilenini ederdi.

Sözme-söz: paýy.

4Ms 13:22-däki Talmaý sözüniň çykgydyna serediň.

Başga manysy: eşekde otyrka, elini çarpanda.

Ýa-da: Negepdäki.

Manysy: Suw bulaklary.

Ýagny Ýerihondan.

Manysy: Derbi-dagyn edilen.

Sözme-söz: wepaly söýgini bildireris.

Ýa-da: ant içen.

Sözlüge serediň.

Manysy: Aglaşýanlar.

Ýa-da: başga taňrylar bilen ahlaksyzlyk edip.

Ýa-da: ökünerdi.

Ýa-da: Hamatyň girelgesine.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Aram-naharaýymyň.

Sözme-söz: Aramyň.

Ýagny Ýerihony.

Belki, bilek. Takmynan 38 sm. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Başga manysy: daş gazylyp alynýan ýere.

Başga manysy: penjireden.

Başga manysy: daş gazylyp alynýan ýerden.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: Ýabine satdy.

Ýa-da: Haroşet-Hagoýymda.

Sözme-söz: Ol.

Ýa-da: jülgesine.

Ýa-da: jülgesine.

Hudaýa özüňi bagyş etmegi ýa-da wada bermegi aňladýan bolmaly.

Başga manysy: titredi.

Başga manysy: kätibiň guralyny göterýänler.

Ýa-da: çekgesinden.

Başga manysy: ýerzeminlerde.

Sözme-söz: müňünden.

Bir çuwal takmynan 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Ýa-da: hamyrmaýasyz çörek.

Sözlüge serediň.

Manysy: Ýehowa parahatlyk Hudaýy.

Sözme-söz: ikinji öküzi.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: kakasynyň öý-içerisinden.

Manysy: Goý, Bagal öz-özüni gorasyn.

Sözme-söz: it ýaly dili bilen içýänleri.

Takmynan gije sagat 22:00-dan 2:00-a çenli.

Bir şekel 11,4 g. Goşmaça maglumata serediň: B14.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: zyna.

Ýa-da: wepaly söýgini bildirmediler.

Başga manysy: ýer eýelerine.

Ýa-da: hilegärlik bilen.

Degirmeniň ýokarky daşy göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: Siriýanyň.

Sözme-söz: satdy.

Hudaýa gulluk etmek üçin doly bagyş etmegi aňladýan bolmaly.

Sözme-söz: Sen meni çökerdiň.

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.

Ýa-da: kanun.

Ýa-da: öwmek.

Başga manysy: demirgazyga.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Ýa-da: ýalkaýardy; bereket berýärdi.

Hudaý göz öňünde tutulýan bolmaly.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: ol içki otaga girmänkä.

Ýa-da: zygyr ýüpler.

Manysy: Äň depesi.

Manysy: Perýat edeniň çeşmesi.

Ýa-da: ýaýyň kirşi; malyň çig siňri.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: birine bolsa ygtyýar berdi.

Sözme-söz: atam.

Manysy: Danlaryň düşelgesi.

Sözlüge serediň.

Sözlüge serediň.

Sözme-söz: atamyz.

Ýa-da: gul aýala.

Sözlüge serediň.

Başga manysy: Ýehowanyň öýünde gulluk edýärin.

Ýa-da: ony zorlajak.

Ýa-da: durmuşa çykmadyk.

Ýa-da: ýygnagyna.

Başga manysy: ýer eýeleri.

Sözme-söz: saçyň taryna degmän.

Sözlüge serediň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş