EÝÝUP KITABY
1 Uz ýurdunda Eýýup*+ atly bir adam ýaşaýardy. Ol halal we Hudaýa wepaly*+ adamdy. Eýýup Hudaýdan gorkýardy we erbetlikden gaça durýardy+. 2 Onuň ýedi ogly, üç gyzy bardy. 3 Şeýle-de 7 000 goýny, 3 000 düýesi, 1 000 iri şahly maly, 500 eşegi we ençeme gul-gyrnagy bardy. Ol gündogar halklaryň arasynda iň baý adamdy.
4 Ogullarynyň hersi öz öýünde gezekli-gezegine oturylyşyk* gurnardylar. Olar üç uýasyny hem oturmaga çagyrardylar. 5 Oturylyşykdan soňra Eýýup ogullaryny ýanyna çagyryp, Hudaýyň öňünde olary tämizlärdi. Ol: «Belki-de, ogullarym günä edendir, içinden Hudaýa gargandyr» diýip, säher bilen perzentleriniň hersi üçin ýakma gurbanlygyny+ bererdi. Eýýup hemişe şeýle ederdi+.
6 Bir gün perişdeler*+ Ýehowanyň huzuryna+ gelip, öz ýerlerinde durdular. Şeýtan+ hem olaryň arasyndady+.
7 Şonda Ýehowa Şeýtandan: «Nireden gelýärsiň?» diýip sorady. Şeýtan: «Men ýer ýüzüne aýlanyp, syn etdim»+ diýip, Ýehowa jogap berdi. 8 Ýehowa Şeýtana: «Gulum Eýýuba üns berdiňmi? Ýer ýüzünde Eýýup ýaly halal, Hudaýa wepaly*+, Alladan gorkýan we erbetlikden gaça durýan adam ýokdur» diýdi. 9 Şeýtan Ýehowa şeýle jogap berdi: «Eýýup Hudaýdan ýöne ýere gorkýarmy?+ 10 Eýýuby, öýüni we ähli zadyny goraýarsyň+. Sen Eýýubyň eden işine bereket berdiň+, mal-garasyny köpeltdiň. 11 Emma eliňi uzadyp, ähli zadyny alyp gör hany, ol saňa aç-açan* gargamazmy?» 12 Ýehowa Şeýtana: «Bolýar, onuň ähli zadyny seniň eliňe berýärin, ýöne onuň özüne degme» diýdi. Şondan soňra Şeýtan Ýehowanyň huzuryndan gitdi+.
13 Eýýubyň ogul-gyzlary iň uly agasynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrdylar+. 14 Şol gün hyzmatkärleriniň biri Eýýubyň ýanyna gelip: «Öküzler ýer sürýärdi, eşekler otlap ýördi. 15 Birdenkä sabalylar çozup, olary alyp gitdiler, gullaryňy bolsa gylyçdan geçirdiler. Diňe men gaçyp gutuldym, şu habary aýtmak üçin geldim» diýdi.
16 Ol sözüni soňlamanka, başga bir hyzmatkäri gelip: «Hudaý gökden ot ýagdyryp*, goýunlaryňy we çopanlaryňy ýakyp ýok etdi. Diňe men gaçyp gutuldym, şu habary aýtmak üçin geldim» diýdi.
17 Ol sözüni soňlamanka, başga bir hyzmatkäri gelip: «Haldeýler+ üç topara bölünip, üstümize çozdular, düýeleri sürüp alyp gitdiler, gullaryňy bolsa gylyçdan geçirdiler. Diňe men gaçyp gutuldym, şu habary aýtmak üçin geldim» diýdi.
18 Ol sözüni soňlamanka, başga bir hyzmatkäri gelip: «Ogul-gyzlaryň iň uly agasynyň öýünde nahar iýip, şerap içip otyrdylar. 19 Birdenkä çölden tüweleý gelip, jaýyň dört tarapyndan urdy. Jaý ogul-gyzlaryň üstüne ýykyldy, olaryň bary heläk boldy. Diňe men gaçyp gutuldym, şu habary aýtmak üçin geldim» diýdi.
20 Eýýup ýerinden turup, ýakasyny ýyrtdy we saçyny gyrkdy. Soňra ýüzüni ýere berip, Hudaýa tagzym etdi-de, 21 şeýle diýdi:
«Dünýä ýalaňaç indim,
Ýalaňaç-da giderin+.
Beren-de Ýehowa+, alan-da Ýehowa.
Ýehowanyň adyna alkyş bolsun!»
22 Başyna betbagtçylyk inse-de, Eýýup günä etmedi ýa-da bolan zatlar üçin Hudaýy günäkärlemedi.
2 Bir gün perişdeler*+ Ýehowanyň huzuryna+ gelip, öz ýerlerinde durdular. Şeýtan hem olar bilen Ýehowanyň huzuryna geldi we öz ornunda durdy+.
2 Ýehowa Şeýtana: «Nireden gelýärsiň?» diýdi. Şeýtan: «Men ýer ýüzüne aýlanyp, syn etdim»+ diýip, Ýehowa jogap berdi. 3 Ýehowa Şeýtana: «Gulum Eýýuba üns berdiňmi? Ýer ýüzünde Eýýup ýaly halal, Hudaýa wepaly*+, Alladan gorkýan we erbetlikden gaça durýan adam ýokdur. Sen meni Eýýuba garşy öjükdirip+, ony nähak ýere heläk etdirjek bolýarsyň, ýöne ol şonda-da maňa wepaly*»+ diýdi. 4 Şonda Şeýtan Ýehowa: «Adam şirin jany üçin ähli zadyndan geçer. 5 Eliňi uzadyp, agyr kesele duçar edip* gör hany, ol saňa aç-açan* gargamazmy?»+ diýdi.
6 Ýehowa Şeýtana: «Bolýar, Eýýuby seniň eliňe berýärin, ýöne janyna degme» diýdi. 7 Şeýtan Ýehowanyň huzuryndan gitdi. Ol Eýýubyň depesinden tä dabanyna çenli agyryly çybanlar çykardy+. 8 Eýýup külüň üstünde oturyp, küýzäniň bölekleri bilen endam-janyny gaşardy+.
9 Hatda Eýýubyň aýaly hem: «Entegem Hudaýa wepaly galjak* bolýarsyňmy? Alla gargap öleniň gowy dälmi?» diýdi. 10 Eýýup bolsa aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Biz hak Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmeli dälmi näme?»+ diýdi. Başyna betbagtçylyk inse-de, Eýýup dili bilen günä etmedi+.
11 Eýýubyň başyna düşen betbagtçylyklary eşiden üç dosty: teýmanly Alypaz+, şuwaslardan+ Bildat+ we nagamatly Sapar+ ýola düşdüler. Olar duşuşyp, Eýýuba duýgudaşlyk we göwünlik bermäge bile gitmegi makul bildiler. 12 Olar uzakdan Eýýuby tanamadylar, ýöne golaýyna baryp, gözüne ynanmadylar. Olar möňňürip aglaşdylar, ýakasyny ýyrtdylar we başyndan gum sowurdylar+. 13 Olar Eýýubyň ýanynda ýedi gije-gündizläp oturdylar. Eýýubyň çekýän jebir-jepasyny+ görüp, olaryň hiç biri geplemedi.
3 Soňra Eýýup söze başlady we dünýä inen gününi näletläp+, 2 şeýle diýdi:
3 «Goý, doglan günüm gurasyn+,
„Ogul doguldy!“ diýlen gijä nälet bolsun!
4 Goý, şol gün garaňkylyk bolsun,
Gökdäki Hudaý şol güni unutsyn.
Goý, şol güne yşyk nur saçmasyn.
5 Goý, ol güne tümlük, ölüm kölegesi düşsün,
Ony gara bulut örtsün,
Gündiziň güni ony garaňkylyk gaplasyn.
6 Şol gijäni tüm-garaňkylyk büresin+.
Ol gün şatlyk-şagalaň bolmasyn,
Aýyň günlerine girizilmesin.
7 Goý, şol gije hiç kim dünýä inmesin,
Şatlyk sesi eşidilmesin.
9 Goý, daň ýyldyzlary ýagty saçmasyn,
Gün şöhlesine zar bolsun,
Ýüzi daň şapagyna düşmesin.
10 Sebäbi ol ejemiň ýatgysyny+ baglamady,
Jebir-jepadan meni goramady.
11 Dünýä inen badyma ölsedim,
Doglan badyma jan bersedim+.
12 Ejem meni bagryna basmadyk bolsady,
Ak süýdüni emdirmedik bolsady.
13 Şonda maňa hiç kim azar bermezdi+,
Rahat ýatyp, agyr uka giderdim+.
14 Salan jaýlary haraba öwrülen,
Ýer ýüzüniň şalarynyň, geňeşçileriniň,
15 Öýlerini altyn-kümüşden dolduran
Han-begleriň gapdalynda ýatardym.
16 Men näme üçin öli doglan,
Ýagty jahany görmedik çaga ýaly bolmandyryn?
17 Mazarda erbediň gahary köşeşýär,
Ýadaw adamlar dynç alýar+.
18 Ol ýerde tussaglar rahat ýatýar,
Olar gözegçiniň sesini eşitmeýär.
19 Baý-da, garyp-da mazarda deňdir+,
Gul hojaýyndan azatdyr.
20 Alla näme üçin azap çekýäne nur saçýar,
Hasrat çekýäne ýaşaýyş berýär?+
21 Ölmek isleýänler näme üçin ölmeýär?+
Olar ölümi hazynadan hem köp agtarýarlar.
22 Olar mazara inende, begenýärler,
Şatlyk-şagalaň edýärler.
23 Hudaý näme üçin alaçsyz goýan adamyna+,
Ýolundan azaşan ynsana ýagtylyk berýär?
25 Gorkan zatlarym başyma geldi,
Heder edenim üstümden indi.
26 Rahatlyk, asudalyk, dynçlyk ýok,
Dertlerim gutarmady, wah, gutarmady».
4 Teýmanly Alypaz+ söze başlady:
2 «Seniň bilen biri gepleşmek islese, gaharyň gelermi?
Men hem dymyp bilmerin.
3 Hawa, sen köplere nesihat berdiň,
Ejiz gollara kuwwat berdiň.
4 Ruhdan düşeni ruhlandyrdyň,
Epilen dyzlara güýç-kuwwat berdiň.
5 Indi şol günler öz başyňa gelende, sen tapdan düşýärsiň,
Agyr günleri görüp, özüňi ýitirýärsiň.
6 Hudaýdan gorkýan bolsaň, imanyň nirede?
Hudaýa wepaly*+ bolsaň, umydyň nirede?
7 Ýadyňa sal, heý-de, bigüna adam ölüpmidi?
Dogruçylyň heläk bolany barmydy?
8 Erbetligi, ýamanlygy eken adamlaryň,
Eken zadyny orýandygyny gördüm.
9 Olar Hudaýyň demine ýok bolarlar,
Gazap oduna kül bolarlar.
10 Ýolbars arlaýar, arslan hyrlaýar,
Güýçli şiriň-de dişleri döwülýär.
11 Ýolbars aw tapman ölýär,
Çagalary çar tarapa pytrap gidýär.
12 Maňa gizlinlikde bir söz geldi,
Gulagyma bir pyşyrdy eşidildi.
13 Ynsanlar süýji ukuda ýatan mahaly,
Gören düýşüm* meni howsala saldy.
14 Endam-janym sandyrady,
Gorkudan süňklerim titredi.
15 Deňimden bir ruh geçdi,
Endam-janym tikenekledi.
16 Ol birdenkä aýak çekdi,
Kimdigini saýgaryp bilmedim.
Öňümde bir şekil peýda boldy.
Dym-dyrslykdy. Birdenkä şeýle ses eşitdim:
17 „Başy ölümli adam Hudaýdan has adalatly bolarmy?
Ynsan Ýaradandan has päk bolup bilermi?“
18 Hudaý hatda gullaryna ynanmaýar,
Perişdelerinden kemçilik tapýar.
20 Olar daň atyp, Gün batmanka ýom-ýok bolarlar,
Ömürlik ýitip giderler, hiç kim bilmez.
21 Olar ýüpi üzülen çadyra meňzemezmi?
Akylsyzlykdan ýaňa ömür tanapy kesilmezmi?
5 Çagyr hany! Saňa jogap berjek tapylarmy?
Haýsy perişdeden* kömek sorajak?
2 Sebäbi akmagy öýke-kine heläk edýär,
Göriplik adamy ölüme eltýär.
3 Men akmagyň döwran sürýändigini gördüm,
Emma onuň öýüne birdenkä nälet siňýär.
4 Ogullary howp astynda,
Derwezede+ urlar, arkasyny tutjak tapylmaz.
5 Bugdaýyny açlar iýýär,
Tikenekleriň arasyndakylary hem alýar,
Mekir adamlar mal-mülküni ýuwudýar.
6 Sebäbi ýamanlyk toprakdan,
Bela-beter ýerden çykmaýar.
7 Uçgunyň otdan syçraýşy ýaly,
Ynsan azap çekmek üçin dünýä inýär.
8 Seniň ýeriňe bolsam, Hudaýa ýalbarardym,
Dawamy Alla aýdardym.
9 Ol akyla sygmajak, beýik işleri edýär,
Sansyz-sajaksyz gudratlary görkezýär.
10 Ol ýere ýagmyr ýagdyrýar,
Meýdanlary suwarýar.
11 Garyplary beýgeldýär,
Göwnüçökgünleri halas edýär.
12 Ol hilegärleriň niýetini bozýar,
Eliniň işlerini puja çykarýar.
13 Ol akyldarlary öz duzagyna düşürýär+,
Parasatly adamlaryň maslahatyny ýele sowurýar.
14 Olar gündizine garaňkylykda gezýärler,
Günortan çagy gije dek sermenip ýörýärler.
15 Ol ynsany awuly dilden,
Pukaralary güýçliniň elinden halas edýär.
16 Ol garyba umyt berýär,
Erbetleriň bolsa agzy ýumulýar.
17 Hudaýyň temmi beren adamy bagtlydyr!
Gudratygüýçlüniň terbiýesinden ýüz öwürme.
18 Ol ýaralasa-da, ýarany saraýar,
Şikes ýetirse-de, eli bilen bejerýär.
19 Ol seni alty beladan gutarar,
Hatda ýedinji beladan hem gorar.
20 Açlyk döwri ölümiň penjesinden,
Uruşda kesgir gylyçdan seni azat eder.
21 Ol seni ajy dilden gorar+,
Gyrgynçylyk gelende gorkmarsyň.
22 Betbagtçylygyň, açlygyň üstünden gülersiň,
Ýer ýüzüniň ýyrtyjylaryndan gorkmarsyň.
23 Mellegiňde daş köp bolmaz*,
Ýyrtyjy haýwanlar saňa zyýan ýetirmez.
24 Çadyryňda arkaýyn* ýaşarsyň,
Öri meýdanda mal-garaň kemlik etmez.
25 Ogul-gyzlaryňa guwanarsyň,
Nesliň ýeriň ýüzünde gök maýsa kimin köpeler.
26 Ömür tanapyň kesilýänçä, gurbatyň gaçmaz.
Hasyl döwründäki galla desseleri dek bolarsyň.
27 Ine, biz derňedik, aýdylanlar hakykatdyr.
Muny diňle-de, kabul et».
6 Soňra Eýýup söze başlady:
2 «Meniň ähli derdim+ ölçensedi,
Başyma inen betbagtçylyk terezide çekilsedi!
3 Derdim deňiz çägesinden agyr.
Şonuň üçin men oýlanman gepleýärin+.
4 Gudratygüýçlüniň oklary içimden geçdi,
Olaryň zäheri bedenime ýaýrady+.
Hudaýyň urgusyndan ýaňa meni gorky gaplady.
5 Gök otuň içinde gulan+ aňňyrarmy?
Iými öňünde duran öküz molarmy?
6 Ýuwan nahar duzsuz iýilermi?
Mamamçörek gülüniň tagamy barmy?
7 Şeýle zatlara elimi degiresim gelmeýär,
Olaryň bary ýüregimi bulaýar.
8 Wah, Alla dilegimi eşidip,
Arzuwymy hasyl etsedi!
9 Wah, Hudaý janymy alsady,
Elini uzadyp, ömür tanapymy kessedi!+
10 Şonda kalbym aram tapardy.
Ajy ölümi gujak açyp garşy alardym.
Sebäbi Mukaddes Hudaýyň+ sözünden çykmadym.
11 Garaşara güýjüm ýok+,
Ýaşara gelejegim ýok.
12 Men daş kimin berkmi?
Ýa bedenim demirdenmi?*
13 Mal-mülkümden mahrum boldum,
Indi nädip aýaga galaryn?
15 Doganlarym dönüklik etdi+, guran çeşme-çaý kimin,
Tomusda gurap gidýän çeşmeler kimin boldular.
16 Buzlar eräp, olary bulançak edýär,
Garlar olaryň içinde eräp gidýär.
17 Olar tomsuň jöwzasynda guraýar,
Yssyda bugaryp gaýyp bolýar.
18 Olar ýollaryndan sowulýar,
Çöle akyp, ýitip gidýär.
20 Olara umyt edenler utanja galýar,
Çeşmä gelenleriň eden tamasy puja çykýar.
22 Men sizden zat soradymmy?
Baýlygyňyzdan diledimmi?
23 Meni duşmanyň elinden halas ediň diýdimmi?
Ýa sütem edýänlerden gutaryň diýdimmi?
24 Diňläýin+, eden işimi aýdyň.
Ýalňyşyma düşünmäge kömek ediň.
25 Dogry söz agyr degýän däldir+,
Ýöne siziň käýinjiňizden ne peýda?+
26 Men bir biçäre+, aýdýan sözlerimi,
Boş geplerimi ýazgarjak bolýarsyňyzmy?
28 Indi maňa serediň,
Ýüzüňize ýalan sözlärinmi?
29 Oýlanyp göräýiň, meni ýazgarmaň,
Men entegem dogry ýoldan ýöreýärin.
30 Aýdýanlarym ýalňyşmy?
Başyma düşen zady bilmeýärinmi?
2 Ol kölegäni küýseýän gul kimindir,
Hakyna garaşýan günlükçi ýalydyr+.
3 Ençeme aý bäri ömrüm manysyz geçýär,
Gijelerim sütem içinde ötýär+.
4 Düşegime geçenimde: „Haçan daň atar?“ diýýärin+,
Gijesi bilen iki ýana urnup, daňymy atyrýaryn.
7 Ömrüm şemal kimin geçip barýar+,
Ýagşylyga gözüm düşmeýär.
8 Meni görýän gözler indi görmez,
Gözleriň meni gözlär, ýöne tapmaz+.
11 Indi men dymjak däl,
Janym ýanýar, geplejek,
Derdim agyr, içimi dökjek+.
12 Maňa sakçy goýar ýaly,
Men deňizmi ýa läheň balykmy?
13 „Düşegime geçsem, teselli taparyn,
Ýatsam, derdim ýeňlär“ diýenimde,
14 Meni düýşler bilen gorkuzýarsyň,
Görnüşler* arkaly howsala salýarsyň.
15 Şonda asylyp* ölesim gelýär,
Şeýle ýaşanymdan ölenim gowy+.
16 Janymdan doýdum+, indi ýaşasym gelenok,
Maňa degme, sebäbi ömrüm bir dem kimindir+.
17 Başy ölümli ynsan kimmişin, aladasyny eder ýaly,
Oňa nazar salaryň ýaly?+
18 Her säher ony synlaýarsyň,
Her pursat ony synaýarsyň+.
19 Menden gözüňi sowjak dälmi?
Tüýküligimi ýuwudara maý berjek dälmi?+
20 Eý ynsan Gözegçisi+, günä etsem, saňa näme zyýany bar?
Meni näme üçin nyşana aldyň?
Saňa ýük boldummy?
21 Näme üçin ýazyklarymy bagyşlap,
Günämi geçmeýärsiň?
Indi topraga öwrülerin+,
Meni agtararsyň, ýöne tapmarsyň».
8 Şuwaslardan+ Bildat+ söze başlady:
2 «Haçana çenli şeýdip gepläp oturjak?+
Agzyňdan çykýan sözler tüweleý ýaly.
3 Hudaý adalatsyzlyk edermi?
Gudratygüýçli hakykaty ýoýarmy?
4 Ogullaryň Hudaýa garşy günä eden bolsa,
Ýazyklaryna görä jeza alandyr.
5 Eger Gudratygüýçlüni agtarsaň+,
Rehim etmegi üçin ýalbarsaň,
6 Päk, dogruçyl+ bolsaň,
Saňa nazar salardy*,
Hojalygyňy dikelderdi, abraýyňy artdyrardy.
7 Ýagdaýyň häzire çenli erbet bolsa-da,
Indi görjegiň gowy bolardy+.
8 Öten nesillerden sorap gör,
Ata-babalaryň toplan tejribesinden öwren+.
9 Biz düýn doguldyk, bilýän zadymyz ýok,
Ömrümiz kölege kimin gysga.
10 Olar saňa öwretmezmi?
Gören-eşidenlerini gürrüň bermezmi?
11 Batgasyz ýerde gargy bitermi?
Suwsuz ýerde gamyş ösermi?
12 Ol entek ösmänkä, köki bilen sogrulmanka,
Başga otlardan tiz guraýar.
13 Allany unudanlaryň soňy* şeýle bolar,
Hudaýsyzlaryň* umydy üzüler.
14 Bil baglaýan zady boşdur,
Möýüň kerebi kimin ejizdir.
15 Kerebe söýenen ýykylar,
Ýapyşjak bolsa, ol üzüler.
16 Ol Gün şöhlesine pajarlap ösýän,
Şahalary bagyň içine ýaýran agaç kimindir+.
17 Köki daşlara çyrmaşýar,
Olaryň arasynda ýaşaýar.
18 Emma ony köki bilen sogursaň,
Ýer oňa: „Seni tanamaýaryn“ diýer+.
19 Soňra ol ýitip gider+,
Ýer astyndan başgalary gögerer.
20 Hudaý wepaly* adamy terk etmez,
Zalymlary goldamaz.
21 Sen ýene-de hezil edip gülersiň,
Ýüregiň* şatlykdan dolar.
22 Seni ýigrenýänler utanja galar,
Ýamanlaryň çadyry zym-zyýat bolar».
9 Eýýup söze başlady:
2 «Men aýdylan zatlaryň dogrudygyny bilýärin.
Emma başy ölümli ynsan Hudaýdan dogry bolup bilermi?+
3 Alla bilen jedelleşmek isleýän adam+,
Onuň müň sowalyndan birine jogap berip bilermi?
4 Hudaý akyldardyr*, golunda kuwwat bardyr+.
Oňa garşy çykan adam aman galyp bilermi?+
5 Ol daglary ýumurýar, gahar-gazaby bilen agdarýar,
Emma adamlar mundan habarsyz galýar.
6 Ol dünýäni sarsdyrýar,
Sütünlerini titredýär+.
7 Güne buýruk berýär, şöhle saçmaýar,
Ýyldyzlara möhür basýar, ýagtylyk bermeýär+.
8 Ol gök gümmezini eli bilen ýazýar+,
Deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär+.
9 Uly Ýedigeni*, Üç Ýyldyzy* we Ülker ýyldyzyny*+,
Günorta ýyldyzlar toparyny ýaradan Alladyr.
10 Akyla sygmajak beýik işleri+,
Ençeme gudratlary edýän-de oldur+.
11 Ýanymdan geçýär, ony görmeýärin,
Geçip gidýär, ony duýmaýaryn.
12 Bir zatdan mahrum edende, kim oňa garşy çykar?
Kim oňa: „Näme edýärsiň?“ diýip biler?+
14 Jedel etse näme jogap bererin?
Oýlanyp sözlemegim gerek!
15 Günäm ýok bolsa-da, jogap berere dilim barmaz+,
Kazyma* ýalbaryp, günämi öt diýerin.
16 Ony çagyranymda jogap berermi?
Ahy-nalamy asla eşitmez.
17 Sebäbi başyma bela-beteri inderýär,
Ýaralarymy sebäpsiz ýere köpeldýär+.
18 Meni gaýgy-hasratdan doýurdy,
Demimi dürsäre maý bermedi.
19 Güýçlüler hakda söz açsak, Hudaýdan güýçli kim bar?+
Adalat barada dil ýarsak, kim ondan hasabat sorap biler?
20 Meniňki dogry bolsa-da, dilim meni ýazgarar,
Ýazyksyz bolsam-da, ol meni günäkär eder*.
21 Ýazyksyz bolsam-da, maňa näme boljagyny bilemok,
Men janymdan doýdum.
22 Men: „Ol günälini hem günäsizi ýok edýär“ diýýärin.
Şonuň üçin tapawudy näme?!
23 Sil duýdansyz inip, gyrgynçylyk getirse-de,
Ol dertli bigünäniň üstünden gülerdi.
24 Ol dünýäni erbetleriň eline berýär+,
Kazylaryň gözüni baglaýar.
Eger ol etmeýän bolsa, onda kim edýär?
25 Günlerim çapardan çalasyn geçýär+,
Ýagşylygy görmän ötüp barýaryn.
26 Gamyş gaýyk kimin ýüzüp gidýärler,
Awuny gören bürgüt deý okdurylyp barýarlar.
27 „Hasratymy unudaýyn,
Şat bolaýyn, ýüzüm nurlansyn“ diýsem-de,
28 Jebir-jepa gözümiň oduny aldy+,
Meni ýazykly hasaplajagyňy bilýärin.
29 Biderek ýere göreşmek nämä gerek?
Barybir meni günäli* hasaplarlar+.
30 Garyň suwuna ýuwunsam-da,
Ellerimi sabyn bilen ýuwsam-da+,
31 Sen meni batga taşlardyň,
Donum hem meni ýigrenerdi.
32 Hudaý ynsan däl, jogap bererim ýaly,
Onuň bilen kazyýete bararym ýaly+.
33 Dawamyzy çözjek,
Bize kazylyk etjek adam* ýok ahyryn.
34 Ol taýagyny depämden aýyrsady*,
Meni gorkuzmagyny bes etsedi+,
35 Şonda onuň bilen gorkman gepleşerdim,
Çekinmän sözleşerdim.
10 Men janymdan doýdum+.
Arz-şikaýatymy aýdaýyn,
Ýüregimi dökeýin.
2 Hudaýa diýerin: „Meni günäkärleme,
Aýt, sen näme üçin garşy çykdyň?
3 Meni gynaýarsyň, elleriň işini kemsidýärsiň+,
Erbetleriň maslahatyny goldaýarsyň.
Munuň saňa näme peýdasy bar?
4 Seniň gözleriň ynsan gözlerimi?
Ýa başy ölümli ynsan ýaly seredýärmiň?
5 Seniň günleriň başy ölümli ynsanyň günlerimi?
Ömrüň ynsan ömri deý gysgamy?+
6 Siňe seredip, ýalňyşymy agtarýarsyň,
Günämi, aýybymy gözleýärsiň+.
8 Özüň şekil berip, meni ýaratdyň+,
Indi meni kül-peýekun etjekmi?
10 Meni süýt kimin dökmänmidiň?
Peýnir kimin gatatmanmydyň?
11 Meni et hem deri bilen örtdüň,
Süňkler we siňirler bilen birleşdirdiň+.
13 Emma ýamanlyk etmegi ýüregiňe düwdüň*,
Bilýärin, olary eden sensiň.
14 Günä etsem, görerdiň+,
Ýazygymy geçmezdiň.
15 Günäli bolsam, waý günüme!
16 Başymy galdyrsam, ýolbars kimin topulýarsyň+,
Bar güýjüň bilen basýarsyň.
17 Täze şaýatlary garşyma goýýarsyň.
Maňa gahar-gazabyň tutaşýar,
Derdime dert goşýarsyň.
18 Meni näme üçin dünýä inderdiň?+
Käşgä ölsedim, hiç kim meni görmezdi.
19 Ýagty jahany görmezdim,
Ejemiň göwresinden göni mazara inerdim“.
20 Sanlyja günlerim galdy+. Hudaý menden el çeksin!
Menden gözüni sowsun, günüme goýsun!*+
21 Tüm-garaňky ýurda barýaryn+,
Yzyma dolanyp gelmerin+.
22 Garaňkylygyň mekanyna,
Tüm-garaňkylyk we bulam-bujar ýurda,
Ýagtylygy garaňkylyga meňzeýän ýurda barýaryn».
11 Nagamatly Sapar+ söze başlady:
2 «Aýdanlaryňa hiç kim gaýtargy bermez öýdýärmiň?
Gepiňi köpeldip*, özüňi aklajak bolýarmyň?
3 Boş sözleriň kimi dymdyryp biler?
Ýaňsyly sözleriň üçin saňa käýemezlermi?+
5 Eger Hudaý geplesedi,
Saňa garşy söz sözlesedi+,
6 Ol akyldarlygyň syryny açardy,
Sebäbi akyl-paýhasy çuňdur.
Şonda Hudaýyň käbir ýazygyňy geçýändigine düşünerdiň.
7 Hudaýyň çuň pikirlerine,
Gudratygüýçlüniň beýikligine akyl ýetirip bilermiň?
8 Akyldarlygy göklerden beýikdir. Oňa ýetip bilermiň?
Mazardan* çuňdur. Ýanyna baryp bilermiň?
9 Paýhasy ýer ýüzünden giňdir,
Deňizden uludyr.
10 Öňünden çykany saklap, kazyýete çagyrsa,
Kim oňa garşy çykyp biler?
11 Ýalançy adamy tanaýandyr.
Ol zalymlyga biparh seredermi?
12 Gulan ynsan bolup dogulmaz,
Akmak hem akylly bolmaz.
13 Wah, ýüregiňi arassalasadyň,
Hudaýa eliňi uzatsadyň.
14 Erbetlik edýän bolsaň, ondan el çek,
Çadyryňda pislik bolsa, ony ýok et.
15 Şonda utanman başyňy galdyrarsyň,
Berk durarsyň, asla gorkmarsyň.
16 Jebir-jepaňy unudarsyň,
Akyp giden suw kimin ýatlamarsyň.
17 Ömrüň gündiziň güni deý nur saçar,
Garaňkylygyň säher deý ýagty bolar.
18 Umytly bolup, arkaýyn ýaşarsyň,
Öý-içeriň aman bolar, asudalykda ýatarsyň.
19 Başyňy ýassyga goýarsyň, seni gorkuzan bolmaz,
Göwnüňden turmak isleýänler köp bolar.
12 Eýýup söze başlady:
2 «Siz örän akyldar adam,
Siz ölseňiz, akyldarlyk hem siziň bilen öler!
3 Menem paýhasly adamdyryn,
Sizden kem däldirin.
Siziň bilýäniňizi bilmeýän barmy?
Dogruçyl, Hudaýa wepaly* bolsam-da, ýaňsylandym.
5 Dertsiz adam başyna dert gelmez öýdýär.
Ol: „Dert ejizler üçin“ diýýär.
6 Talaňçylar çadyrynda asuda ýaşaýarlar+,
Hudaýyň gaharyny getirýänler,
Taňrylaryny elinde göterýänler sag-aman ýaşaýarlar+.
7 Indi haýwanlardan soraň, olar öwrederler;
Guşlardan soraň, olar size gürrüň bererler.
8 Ýer ýüzüne syn ediň*, size öwrederler;
Deňiz balyklary hakykaty aýdar.
9 Olaryň haýsy biri ähli zady
Ýehowanyň ýaradandygyny bilmeýär?
10 Her bir jandaryň jany,
Her bir ynsanyň ýaşaýyş demi Allanyň elinde+.
11 Diliň tagamy bilşi ýaly,
Gulak hem sözleri seljerýär+.
12 Akyldarlyk garrylarda dälmi?+
Düşünje uzak ömürde dälmi?
14 Onuň ýykanyny hiç kim dikeldip bilmez+,
Onuň ýapanyny hiç kim açyp bilmez.
16 Gudrat-da, akyldarlyk-da Hudaýdadyr+,
Aldan-da, aldanan-da onuň elindedir.
17 Ol geňeşdarlary aýakýalaňaç goýýar*,
Kazylaryň akylyny çaşyrýar+.
18 Patyşalaryň ygtyýaryny elinden alýar+,
Olary gul edýär.
19 Ol ruhanylary masgara edýär+,
Tagtda berk oturanlary agdarýar+.
20 Geňeşdarlary dymdyrýar,
Ýaşulularyň akylyny çaşyrýar.
21 Ol töreleri kemsidýär+,
Pälwanlaryň güýjüni alýar.
22 Garaňkylykdaky gizlin zatlary açýar+,
Tümlügiň jümmüşine nur saçýar.
23 Halklary ýok etmek üçin güýçlendirýär,
Milletleri sürgün etmek üçin köpeldýär.
24 Halkyň baştutanlaryny düşünjesiz edýär,
Olary çöl-beýewanda sergezdan edýär+.
13 Men bularyň ählisini gözüm bilen gördüm,
Gulagym bilen eşitdim, göz ýetirdim.
2 Siziň bilýäniňizi menem bilýärin,
Menem sizden kem däldirin.
3 Ýöne men Gudratygüýçli bilen gepleşjek,
Hudaýyň öňünde arzymy aýtjak+.
4 Ýalan söz bilen gara ýöňkeýärsiňiz,
Ähliňiz dereksiz lukmansyňyz+.
5 Eger siz dymsaňyz,
Has akylly görnersiňiz+.
6 Meniň delillerimi diňläň,
Ahy-nalama gulak goýuň.
7 Hudaýyň adyndan töhmet atýarsyňyzmy?
Onuň adyndan ýalan sözleýärsiňizmi?
8 Kazyýetde hak Hudaýyň tarapyny tutýarsyňyzmy?
Ony aklajak bolýarsyňyzmy?
9 Ol sizi barlasa, aman galarsyňyzmy?+
Başy ölümli ynsany aldaýşyňyz ýaly,
Ony-da aldap bilersiňizmi?
10 Göz üçin+ Hudaýyň tarapyny tutsaňyz,
Ol size hökman jeza berer.
11 Onuň beýikligini görüp hopugarsyňyz,
Ondan gorkup sandyrarsyňyz.
12 Nakyllaryňyz küle öwrüler,
Delilleriňiz toýun galkan kimin ejizdir.
13 Dymyň, men geplejek,
Soň başyma näme gelse, şol gelsin!
14 Näme üçin janymy otdan alyp, suwa salaýyn?
Näme üçin özümi howp astyna salaýyn?*
17 Sözümi ünsli diňläň,
Aýdýanlaryma gulak goýuň.
18 Men kazynyň öňünde duraýyn,
Günäsizdigimi anyk bilýärin.
19 Meniň bilen kim jedelleşip biler?
Indi dymsam, men ölerin!*
20 Ýa Allam, senden gizlenip ýörmäýin!
Meniň iki dilegim bar:
21 Agyr eliňi çek menden,
Senden gorkmaýyn, sandyramaýyn+.
22 Sen sora, men-de jogap bereýin,
Ýa-da men soraýyn, sen jogap ber.
23 Meniň ýazygym, günäm näme?
Ýalňyşymy, günämi aýt maňa.
25 Men şemala tozaýan ýaprak, guran samandyryn.
Meni näme üçin kowalaýarsyň, gorkuzýarsyň?
26 Maňa garşy arz-şikaýat ýygnaýarsyň,
Ýaşlyk ýalňyşyma temmi berýärsiň.
27 Aýagyma gandal salýarsyň,
Ähli ýollarymy barlaýarsyň,
Her bir ädimimi yzarlaýarsyň.
28 Şeýdip, adam* çüýräp gidýär,
Güýe düşen eşik kimin dargaýar.
3 Sen gözüňi aýyrman ynsany synlaýarsyň,
Höküm etmek üçin kazyýete eltýärsiň+.
4 Günäli adamdan bigünä* dünýä inermi?+
Asla dünýä inmez!
6 Nazaryňy ondan sow, goý, ol ýaşasyn,
Işini tamamlan işçi kimin dynç alsyn+.
7 Hatda agaç üçin hem umyt bar,
Çapylsa-da gögerýär.
Şahalary ýene boý alýar.
10 Adam ölýär, sarsman ýatýar.
Ömür tanapy üzülse, ol nirä gidýär?+
11 Deňziň suwy bugarýar,
Derýalar gurap galýar.
12 Ynsan hem bir ýykylsa galmaz+,
Gökler ýok bolýança, ol oýanmaz,
Hiç kim ukudan turzup bilmez+.
14 Adam ölse, ýene-de ýaşarmy?+
15 Sen çagyrarsyň, men jogap bererin+,
Meni küýsärsiň*, sebäbi meni öz eliň bilen ýaratdyň.
16 Häzir bolsa ädimlerimi sanaýarsyň,
Diňe günämi görýärsiň.
17 Ýazygymy torba salyp möhürleýärsiň,
Ýalňyşlarymy ýelimläp saklaýarsyň.
18 Daglaryň ýykylyp, weýran bolşy deý,
Gaýalaryň ýerinden süýşüşi deý,
19 Suwuň daşlary owradyşy dek,
Siliň topragy dargadyşy dek,
Senem başy ölümli ynsanyň umydyny üzýärsiň.
20 Ony tä ölýänçä köseýärsiň+.
Keşbini üýtgedip, mazara inderýärsiň.
21 Ogullary at-abraý gazansa-da, abraýdan düşse-de,
Ol baryndan bihabardyr+.
22 Ol diňe dirikä agyry duýýar,
Başy dikkä hasrat çekýär».
15 Teýmanly Alypaz+ söze başlady:
2 «Paýhasly adam boş deliller getirermi?
Ýüreginde erbet höwese ýer berermi?
3 Gury söz bilen käýemegiň,
Boş geplemegiň peýdasy ýokdur.
4 Hudaýdan gorkmaýarsyň,
Oňa ünsem bermeýärsiň.
5 Sözleriňden günäleriň görünýär*,
Diliň hilegärlik bilen gepleýär.
6 Men däl, seni öz diliň höküm edýär,
Dodaklaryň paş edýär, aýybyňy açýar+.
7 Dünýä inen ilkinji ynsan senmi?
Dag-depelerden öň doguldyňmy?
8 Özüňi Hudaýyň syrdaşy hasaplaýarmyň?
Sen ýeke-täk paýhasly adammy?
9 Bizden artyk bilýän zadyň barmy?+
Bizden artyk düşünjäň barmy?
10 Aramyzda kakaňdan-da uly,
Çal saçly garrylar, gojalar bar+.
11 Hudaýyň berýän tesellisi,
Hoşamaý sözler saňa az boldumy?
12 Näme üçin tekepbir ýüregiň ýesiri bolýarsyň?
Näme üçin gözleriňi alardýarsyň?
13 Hudaýa garşy gahar-gazabyň tutaşýar,
Diliňi saklaman, erbet sözleri aýdýarsyň.
17 Meni diňle, düşündireýin!
Görenlerimi beýan edeýin!
18 Akyldarlaryň nesihatyny aýdaýyn,
Ata-babalary olara gürrüň beripdir+, gizlemändir.
19 Olara ýurtdan paý berlipdi,
Aralarynda ýat adam ýaşamandy.
20 Erbet adam ömürboýy ejir çekýändir,
Ýyllarboýy jebir-jepa içindedir.
21 Elhenç sesler gulagynda ýaňlanýar+,
Asuda döwür garakçylar çozýar.
22 Heläkçilikden gutulmajagyny bilýär+,
Gylyçdan öljegine düşünýär.
23 Ol: „Çöregi nireden tapaýyn?“ diýip urunýar,
Heläkçiligiň gelýändigini ýüregi duýýar.
24 Gaýgy-hasrat gorkuzýar,
Patyşa kimin topulýar, sustuny basýar.
25 Ol Hudaýa el göterýär,
Gudratygüýçlüden üstün çykjak bolýar.
26 Galkany galyňdyr, berkdir,
Boýnuýogynlyk edýär, Hudaýa topulýar.
27 Ýüzünden ýag damýar,
Garnyny ýag basýar.
28 Ýaşaýan galalary weýran ediler,
Öýlerinde hiç kim ýaşamaz,
Olar haraba öwrüler.
29 Ol baýamaz, döwleti artmaz,
Mal-mülki ýer ýüzüne ýaýramaz.
31 Boş zatlara bil baglap, öz-özüni aldamasyn,
Sebäbi gazanan zady bolmaz.
32 Aýdylanlar tiz amala aşar,
Şahalary hiç haçan pyntyklamaz+.
33 Ol üzüm agajy kimin, bişmedik miwesini döker,
Zeýtun agajy kimin, güllerini döker.
35 Olar diňe erbetlik hakda pikir edýär,
Adamlara hemişe ýamanlyk edýär,
Ýürekleri mekirlikden doly».
16 Eýýup söze başlady:
2 «Men beýle sözleri köp eşidipdim,
Göwünlik bermän, derdime dert goşýarsyňyz!+
3 Boş gepiňi haçan goýjak?
Sen* näme beýle jogap berýärsiň?
4 Menem siziň ýaly gepläp bilerdim.
Meniň ýerime siz bolsadyňyz,
Menem sizi ýazgaryp, başymy ýaýkap bilerdim+.
5 Emma men beýle etmezdim, gaýtam sizi ruhlandyrardym,
Dilim bilen göwünlik berip, derdiňizi ýeňlederdim+.
6 Geplesem-de, derdim köşeşmeýär+,
Dymsam-da, janym aram tapmaýar.
7 Hudaý meni halys tapdan düşürdi+,
Ojagymy ýer bilen ýegsan etdi.
8 Hudaý meni urdy, hemme bilýändir,
Guran bedenim muňa şaýatdyr.
9 Hudaý gaharlanyp, meni bölek-bölek edýär+,
Maňa dişini gyjap, duşmany hasaplaýar.
Gözleri içimden geçip barýar+.
11 Alla meni ýaş oglanlaryň,
Erbet adamlaryň eline berdi+.
14 Endam-janymy kül-owram edýär,
Pälwan kimin üstüme topulýar.
16 Aglamakdan ýüz-gözüm çişdi+,
Gabaklarym gap-gara boldy.
17 Men hiç hili erbet iş etmeýärin,
Ak ýürekden doga-dileg edýärin.
18 Eý toprak, ganymy gizleme!+
Goý, sesim diňmesin!
19 Meniň şaýadym asmandadyr,
Güwä geçýänim gökdedir.
21 Iki adamyň arasynda töwellaçy bolşy ýaly,
Hudaý bilen meniň aramda-da töwellaçy bolsun+.
17 Güýç-kuwwatdan gaçdym, demimi sanap ýatyryn,
Meni mazar çagyrýar+.
2 Ýaňsylaýjylar ýanymda+,
Olaryň zalymlygy gözümiň alnynda.
3 Ýalbarýaryn, hemaýat et maňa!
Arkamy tutjak başga kim bar?+
4 Olara aň-düşünje bermediň+,
Olary beýgeltmediň.
5 Ol baýlygyny dostlary bilen paýlaşýar,
Çagalarynyň açlykdan gözleri garaňkyraýar.
7 Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi+,
On iki synam çöpe döndi.
8 Dogruçyl adam derdime aňk bolýar.
Hudaýsyzlary* görüp, bigünäler gaharlanýar.
10 Geliň, siz hem dawalaşyň!
Şu wagta çenli akylly gepläniňiz bolmady+.
12 Olar gijäni gündize öwürýärler.
„Garaňkylykdan soň ýagtylyk geler“ diýýärler.
14 Mazara+: „Kakam“,
Gurçuga: „Ejem, jigim“ diýerin.
15 Hany meniň umydym?+
Gören barmydyr?
16 Barymyz topraga siňeris,
Umydymyz hem gapysy gulply mazara iner»+.
18 Şuwaslardan Bildat+ söze başlady:
2 «Gepiňi haçan gutarjak?
Düşünjeli bolsaň, gepleşip bilerdik.
4 Gaharyňdan ýaňa ýarylaýjak bolýarsyň.
Näme, sen diýip ýer çepbe çöwrülsinmi?
Näme, daglar ýerinden gozgansynmy?
5 Pis adamyň yşygy söner,
Ojagynda ot tutaşmaz+.
6 Çadyrynda yşyk garaňkylyga döner,
Çyrasy bütinleý söner.
7 Ädiminiň bady gowşar,
Maslahaty ony tora salar+.
8 Aýaklary duzaga elter,
Ol çukuryň içine gaçar.
9 Gapan ökjesinden gapjar,
Duzak öz penjesine salar+.
10 Ýoluna tor gurarlar,
Ýodasyna gapan goýarlar.
11 Çar tarapdan gorky gaplar+,
Her bir ädimini yzarlar.
12 Güýç-kuwwaty gider,
Bela-beter+ dyzyny eper.
13 Derisi çüýrär,
Agyr kesel* ony guradar.
15 Çadyrynda kesekiler ýaşar.
Kükürt ýagyp, öýüni kül eder+.
16 Kökleri gurar,
Ýapraklary solar.
17 Ýer ýüzünde ýatlanmaz,
Köçelerde ady tutulmaz.
18 Ýagtylykdan garaňkylyga zyňlar,
Mes toprakdan kowlar.
19 Il içinde ne zürýady, ne-de nesli galar,
Obasynda janly-jemende galmaz.
20 Betbagtçylyk başyna iner,
Günbatar halky haýran galar,
Gündogar halky gorkudan ýaňa sandyrar.
21 Zalymyň öý-içerisiniň,
Hudaýy tanamaýan adamyň görjegi şudur».
19 Eýýup söze başlady:
4 Ýalňyşlyk eden bolsam,
Onda günäm öz boýnuma.
5 „Eliň bilen edeniňi egniň bilen çekýärsiň“ diýýärsiňiz.
Özüňizi menden ýokary tutýarsyňyz.
6 Emma Hudaýyň özi meni aldady,
Tor gurup, meni tutdy.
8 Ol ýolumy bekledi, aşyp bilemok,
Köçelerimi tümlük bilen gaplady+.
9 Ol meni at-abraýdan düşürdi,
Başymdan täjimi aldy.
10 Heläk bolýançam, meni gysyp gowurýar,
Umydymy köki bilen sogurýar.
11 Meni duşmany hasaplaýar,
Maňa garşy gahar ody tutaşýar+.
12 Goşunlary gelip, meni gabaýar,
Çadyrymyň daşynda düşelge gurýar.
13 Doganlarymy menden daşlaşdyrdy,
Tanyş-bilişler menden ýüz öwürdi+.
14 Hossarlarym meni taşlady,
Dost-ýarlarym meni unutdy+.
15 Myhmanlaryma+, gyrnaklaryma ýat boldum,
Olar üçin men bir gelmişek ýaly.
16 Hyzmatkärimi çagyrýaryn,
Rehim et diýip ýalbarýaryn, emma jogap bermeýär.
17 Demim aýalymyň ýüregini bulaýar+,
Erbet ysymdan ýaňa doganlarym ýanyma gelmeýär.
18 Çagalar hem meni kemsidýär,
Otursam-tursam üstümden gülýär.
21 Maňa rehim ediň, dostlarym, rehim ediň!
Alla meni eli bilen urdy+.
23 Käşgä sözlerim ýazylsady,
Olar kitaba ýazylsady!
24 Wah, demir galam, gurşun bilen,
Gaýanyň ýüzüne oýulyp ýazylsady!
26 Hamym çüýrese-de,
Janym içimdekä Hudaýy görerin.
27 Men ony hökman görerin.
Başganyň gözi däl, meniň öz gözüm görer!+
Içimde harasat gopýar*.
28 Siz maňa: „Azar berdikmi?“ diýýärsiňiz+.
Meni belanyň körügi hasaplaýarsyňyz.
20 Nagamatly Sapar+ söze başlady:
2 «Aýdanlaryň meni biynjalyk edýär,
Pikirlerim alada goýýar, geplemesem bolmaýar.
3 Käýinç sözleriň degnama degdi.
Men paýhasly adam, saňa jogap bereýin.
4 Elbetde, sen muny öňem bilýänsiň,
Adam döräli bäri ýagdaý şeýledir+.
5 Erbediň şatlykly sesi tiz kesilýändir,
6 Onuň at-abraýy göge baryp ýetse-de,
Başy bulutlara degse-de,
7 Öz nejasady kimin ebedilik ýok bolar.
Tanyş-bilişleri: „Ol nirede?“ diýer.
8 Düýş kimin geçip gider, hiç kim tapmaz,
Gijeki düýş kimin unudylar.
9 Ony gören gözler gaýdyp görmez,
Ony öz öýünde-de hiç kim tapmaz+.
10 Çagalary garyplardan hemaýat gözlär,
Ol baýlygyny öz eli bilen paýlar+.
11 Goç ýigit ýaly bolsa-da güýçli,
Dünýäden öter kuwwatly wagty.
12 Erbetlik agzynda bal ýaly bolsa,
Ony diliniň astynda gizlese,
13 Ony sorup, lezzet alsa,
Agzyndan çykarmasa,
14 Iýen nahary içinde ajar,
Kepjebaşyň zäherine döner.
15 Iýen bar baýlygyny gusar,
Hudaý baýlygyny içinden çykarar.
16 Kepjebaş ony çakar,
Alahöwren çakyp öldürer.
17 Akar suwlara,
Ýag bilen bala gözi düşmez.
18 Mal-mülküni yzyna berer, peýdasyny görmez,
Söwda edip gazanan baýlygynyň hözirini görmez+.
19 Sebäbi ol garyba sütem etdi,
Iliň jaýyna eýe çykdy.
20 Kalbynda rahatlyk bolmaz,
Baýlygy başyny gutarmaz.
21 Ýalmap-ýuwudara zady galmaz,
Mal-mülki tiz dargar.
22 Örän baýasa-da, aladasy artar,
Bela-beter başyna ýeter.
23 Gerk-gäbe doýanda,
Hudaý gahar-gazabyny üstüne döker,
Ýagmyr kimin bela-beter başyna ýagar.
24 Demir oklardan gaçyp gutulsa,
Mis peýkam içinden parran geçer.
26 Hazynasyny tümlük gaplar,
Hiç kimiň ýakmadyk ody ýuwudar,
Çadyrda galanlaryň başyna bela iner.
27 Asman onuň aýybyny açar,
Zemin garşysyna çykar.
28 Apy-tupan öýüni ýer bilen ýegsan eder,
Hudaýyň gahar gününde sil alar.
29 Erbetleriň Alladan aljak almyty şudur,
Hudaýyň olara berjek mirasy şudur».
21 Eýýup söze başlady:
2 «Aýtjak sözlerimi ünsli diňläň,
Şonda göwünlik berdigiňiz bolar.
3 Biraz sabyr ediň, men gepläýin,
Soňra üstümden gülüberiň+.
4 Ynsan bilen dawalaşýarynmy?
Eger şeýle bolsa, dymyp oturardymmy?
5 Agzyňyzdan bir sözem çykmasyn.
Maňa seredip, haýran galyň.
6 Oý-pikirden ýaňa janyma ýer tapamok,
Tutuş bedenim sandyraýar.
8 Çagalary hemişe ýanynda,
Agtyk-çowlugy daşynda.
9 Öýleri asuda, gorkyny bilmeýär+.
Hudaý olara jeza bermeýär.
10 Öküzleriniň sany artýar,
Sygyrlary guzlaýar, gölesi düşmeýär.
11 Ogullary ylgaşýar, oýnaýar,
Çagalary owlak ýaly ýaýnaýar.
12 Olar deprek, arfa çalyp aýdym aýdýarlar,
Tüýdük sesi bilen göwnüni açýarlar+.
14 Hudaýa diýýärler: „Bizi öz günümize goý!
Ýollaryňy öwrenmek islemeýäris+.
15 Gudratygüýçlä gulluk etmeris, ol kimmişin?!+
Hudaýy ýatlamagyň* näme peýdasy bar?“+
16 Bilýärin, olaryň rowaçlygy öz elinde däl+.
Men erbetleriň maslahatyna gulak asmaryn+.
17 Heý-de, erbetleriň çyrasy sönermi?+
Başyna betbagtçylyk inermi?
Hudaý olara gahar edip, jeza berermi?
18 Heý-de, olar gury ot kimin şemala uçarmy?
Ýele sowrulan saman ýaly bolarmy?
19 Hudaý erbediň jezasyny ogluna çekdirer.
Goý, erbediň özi-de Hudaýdan almytyny alsyn+.
20 Goý, ol heläkçiligi gözi bilen görsün.
Gudratygüýçlüniň gahar käsesinden içsin+.
21 Biwagt dünýäden ötse+,
Çagalarynyň bagtyna guwanyp bilermi?
23 Gujurly, aladasyz adam hem
Parahat döwür aradan çykýar+.
24 Garnyny ýag bassa-da,
Süňkleri berk bolsa-da, ömür tanapy üzülýär.
25 Başga biri bolsa ömürboýy dert çekip,
Ýagşylyk ýüzüni görmän dünýäden ötýär.
27 Men siziň oý-pikiriňizi bilip durun,
Siz ýamanlyk etmegiň küýüne düşdüňiz+.
28 Siz: „Hany baý aganyň öýi nirede?
Erbet adamyň çadyry nirede?“ diýýärsiňiz+.
29 Ýolagçylardan soramadyňyzmy?
Olaryň aýdanlaryna ynanmadyňyzmy?
30 Betbagtçylyk güni zalymlar aman galýar,
Gazap güni halas bolýar.
31 Kim onuň eden işini ýüzüne basar?
Eden etmişi üçin kim temmi berer?
32 Ony gonamçylyga elterler,
Mazarynyň* başynda sakçy goýarlar.
33 Ol gara ýeriň gujagynda süýji uka gidýär*+,
Ähli adamlar yzyndan barýar+.
Öňünden gidenleriň hem sany ýokdur.
34 Boş sözler bilen göwünlik bermek nämä gerek?+
Ýalandyr, bar gepiňiz ýalandyr!»
22 Teýmanly Alypaz+ söze başlady:
2 «Adamdan Hudaýa ne peýda?
Düşünjeli ynsandan ne peýda?+
4 Hormat goýýan bolsaň jeza bererdimi?
Seniň bilen jedelleşerdimi?
5 Birgiden erbet işleriň üçin,
Tükeniksiz günäleriň üçin jeza bermedimi?+
6 Ujypsyz zat üçin doganyňdan girew alardyň,
Garyp-gasaryň eşigini sypyryp, ýalaňaç goýardyň+.
7 Ýadaw adamdan bir owurt suwuňy,
Aç adamdan bir döwüm çöregiňi gysganardyň+.
8 Ýurt güýçliniň elinde+,
Onda abraýly adamlar ýaşaýar.
9 Dul aýallaryň elini boş goýberdiň,
Ýetimleriň ganatlaryny gyrdyň.
10 Indi çar tarapyňa duzak* gurulýar+,
Duýdansyz gelen heläkçilik gorkuzýar.
11 Tümlükdesiň, gözüň görmeýär,
Sil gelip, seni gark edýär.
12 Hudaý gökde dälmi?
Ýyldyzlara bir seret, olar uzakda.
13 Sen bolsa diýýärsiň: „Hudaý näme bilýär?
Ol tüm-garaňkylykdan höküm edip bilýärmi?
14 Ol gök gümmeziniň üstünde gezýär,
Bulutlar öňüni ýapýar, ol görmeýär“.
15 Sen gadymy ýoldan,
Erbetleriň ýolundan ýörejek bolýarmyň?
16 Wagtyndan öň olaryň ömür tanapy kesildi.
Derýa joşup, köki-damary bilen sogrup äkitdi+.
17 Hak Hudaýa: „Bizi öz günümize goý!
Gudratygüýçli näme edip biler?“ diýdiler.
18 Olaryň öýüni näz-nygmatdan dolduran Alladyr.
(Men erbetleriň maslahatyna gulak asmaýaryn).
19 Dogruçyllar olaryň düşen gününe şatlanar,
Bigünäler üstünden gülüp diýerler:
20 „Duşmanlarymyz gyryldy,
Olaryň bar zady ýanyp kül boldy“.
21 Hudaýy tana, parahat ýaşarsyň,
Bol berekede eýe bolarsyň.
22 Agzyndan çykan kanuna gulak goý,
Sözlerini ýüregiňde sakla+.
23 Gudratygüýçlä dolan, aman-esen ýaşarsyň+.
Çadyryňda erbetlik etmeseň,
24 Altynyňy ýere taşlasaň,
Ofer+ altynyňy jülgä zyňsaň,
25 Gudratygüýçli seniň altynyň,
Arassa kümşüň bolar.
26 Gudratygüýçlüniň işlerine şatlanarsyň,
Başyňy galdyryp, Hudaýa seredersiň.
27 Oňa ýalbararsyň, seni eşider,
Şonda wadalaryňy berjaý edersiň.
28 Niýetleriň amala aşar,
Ýoluňa nur saçylar.
29 Men-menlik etseň, masgara bolarsyň,
Ol pesgöwünli* adamy halas eder.
30 Bigünäni gutarar,
Eliň tämiz bolsa, seni-de halas eder».
23 Eýýup söze başlady:
2 «Ahy-nala edip, ysgyndan gaçdym.
Şu gün ýene-de zeýrenjek+.
3 Wah, Hudaýyň nirededigini bilsedim!+
Mekanyna barardym+.
4 Öňünde arzymy aýdardym.
Hemme delillerimi getirerdim.
5 Beren jogabyny diňlärdim,
Aýdan sözlerine gulak asardym.
6 Ol gudratly güýji bilen maňa garşy çykardymy?
Ýok, ol meni ünsli diňlärdi+.
7 Huzurynda dogruçylyň dawasy çözüler,
Men Kazymyň öňünde doly aklanardym.
8 Gündogara gitsem, ol ýerde ýok,
Günbatara gelsem, ol ýerde-de ýok.
9 Ol demirgazykda işlände, saýgaryp bilmedim,
Günorta dolananda, görüp bilmedim.
10 Ol meniň ýöreýän ýolumy gowy bilýär+,
Meni synaýar, indi men sap altyn ýaly bolaryn+.
11 Men onuň yzyndan ädimme-ädim gidýärin,
Onuň ýolundan sowulman barýaryn+.
12 Agzyndan çykan tabşyryklaryny bozmadym,
Sözlerini hazyna kimin ýygşyrdym+.
Olary artygy bilen berjaý etdim.
13 Bir zat etmek islese, kim oňa garşy çykar?+
Ol ýüregine düwse, hökman eder+.
14 Maňa etjek diýenini eder,
Onuň niýetleri köpdür.
15 Ol sebäpli men howsala düşýärin,
Ol hakda oýlansam, has-da gorkýaryn.
16 Alla meni gorkuzdy,
Gudratygüýçli meni gorka saldy.
17 Emma tüm-garaňkylyk örtse-de,
Men dymmaryn, asla dymmaryn.
24 Gudratygüýçli höküm gününi näme üçin bellemeýär?+
Ony tanaýanlar şol gün hakda näme üçin oýlanmaýar?
3 Ýetim-ýesirleriň eşegini elinden alýar,
Dul aýallaryň öküzini girewine alýar+.
4 Garyp-gasarlary ýoldan kowýarlar,
Mätäçler olaryň gözüne görünmekden gorkýarlar+.
5 Olar çagalary üçin çörek gözleýärler,
Gulan kimin çöl-beýewanda aýlanýarlar+.
6 Olar kesekiniň melleginde hasyl* ýygnaýar,
Erbediň galan-gaçan üzümini çöpleýär.
7 Gijäni eşiksiz, ýalaňaç geçirýär+,
Sowukda üstüni ýapara zady ýok.
8 Daglara ýagýan çabgadan ezilýärler,
Gizlenere ýer tapman, gaýalara söýenýärler.
9 Erbetler dul aýalyň çagasyny gujagyndan alýarlar+,
Garybyň egin-eşigini girewine goýýarlar+.
10 Olar aç-ýalaňaç halda,
Bugdaý desselerini daşamaly bolýarlar.
11 Yssyda hatar-hatar haýatlaryň arasynda işleýärler*,
Çukurda üzüm syksalar-da, janlary teşnedir+.
12 Şäherde ölüm ýassygynda ýatanlar iňňildeýär,
Agyr ýaralanan adamlar perýat edýär+,
Emma Hudaý olara ünsem bermeýär*.
15 Ahlaksyz adam garaňkylyga garaşýar+,
Ýüzüni örtüp: „Meni hiç kim görmez!“ diýýär+.
16 Gijelerine öýleri talaýarlar,
Gündizine öýünden çykmaýarlar.
Güneşiň nämedigini bilmeýärler+.
17 Säher çagy olar üçin tüm-garaňkylyk ýalydyr,
Gorkunç gijelere öwrenişipdirler.
18 Emma sil gelip, olary alyp gider,
Olaryň ýer paýlary näletlener+.
Üzüm baglaryna dolanmazlar.
20 Ejesi unudar, gurçuklar iýer.
Ol indi hiç haçan ýatlanmaz+.
Adalatsyz adam agaç kimin çapylar.
21 Sebäbi ol önelgesiz aýaly talaýar,
Dul aýaly ezýär.
22 Alla güýçlini ýere çalar,
Näçe beýgelse-de, uzak ömür sürmez.
24 Olar az wagtlyk göterilse-de, ýok bolarlar+.
Bugdaý başy kimin ýygnalar.
Peseldiler, hemmeler ýaly öler+.
25 Indi kim maňa ýalançy diýer,
Sözümi ýalana çykaryp biler?»
25 Şuwaslardan Bildat+ söze başlady:
2 «Alla hökümdardyr, haýbatlydyr,
Göklerde parahatlygy dikeldýändir.
3 Onuň goşunyny kim sanap biler?
Nury kime ýalkym saçmaýar?
5 Aý hem Hudaýyň gözüne şöhle saçmaýan ýaly,
Ýyldyzlar hem ýagtylyk bermeýän ýaly görünýär.
6 Başy ölümli ynsan gurçuk we gurtdur.
Ol nädip päk bolup bilsin?!»
26 Eýýup söze başlady:
2 «Seniň ejizlän adama kömek edişiň şumy?+
Sen-ä ejize ganym ekeniň!
3 Akylsyza akyl satyp bildiň!+
Akyl-paýhasyň çogup dur!
4 Kime akyl satjak bolýarsyň?
Muny kimden öwrendiň?*
5 Ölüler gorkudan ýaňa sandyraýar.
Olar deňizden, janly-jandarlaryndan aşakda bolsa-da,
7 Ol asmany* boş giňişlige ýazdy+,
Ýeri hiç zatdan asmady.
8 Damjalary bulutlara gaplaýar+,
Bulutlar agramyna böwsülmeýär.
9 Tagtyny bulutlar bilen örtýär+,
Ony hiç kim görüp bilmeýär.
10 Asman bilen deňziň arasyna çäk goýýar+,
Ýagtylyk bilen garaňkylygyň arasyna serhet çekýär.
11 Gögüň sütünleri sarsýar,
Hudaý käýände titreýär.
13 Demi bilen gök asmany ýagtyldýar,
Eli bilen süýrenýän ýylany mynjyradýar.
14 Ine, Hudaýyň diňe sanlyja işine seretdik+.
Ol hakda eşidenimiz diňe bir pyşyrdydyr.
Eger gök gürrüldisi ýaly sözlese, kim düşünip biler?»+
27 Eýýup sözüni dowam etdi:
2 «Maňa adalatsyzlyk eden Alla diri şaýatdyr+,
Meni ynjydan Gudratygüýçli diri şaýatdyr!+
3 Heniz dem alýarkam,
Içimde Hudaýyň beren ýaşaýyş demi barka+,
4 Agzymdan nähak söz çykmaz,
Dilim ýalan sözlemez!
5 Siziň aýdanlaryňyz bilen asla razylaşmaryn.
Soňky demime çenli wepaly* bolaryn!+
7 Goý, duşmanlarym erbetleriň gününe,
Ýagylarym zalymlaryň gününe düşsün.
9 Başyna betbagtçylyk inende,
Hudaý ahy-nalasyny eşidermi?+
10 Ol Gudratygüýçlüniň işlerine şatlanarmy?
Hudaýy hemişe çagyrarmy?
11 Size Hudaýyň güýç-kuwwaty hakda öwrederin*,
Gudratygüýçli hakynda hiç bir zady gizlemerin.
12 Siziň ähliňiz görnüş* gören bolsaňyz,
Näme üçin boş sözleri aýdýarsyňyz?
13 Hudaýyň erbetlere berjek paýy+,
Gudratygüýçlüniň zalymlara berjek mirasy şudur:
14 Ogul-gyzlary köp bolsa-da, gylyçdan geçer+,
Nesilleri açlykdan horluk çeker.
15 Aman galanlary gyrgynçylykdan öler,
Dul aýaly ýasyny tutmaz.
16 Kümşi çäge kimin,
Lybasy palçyk kimin üýşürse-de,
17 Aňyrsyna basyp goýsa-da,
Ony dogruçyl adam geýer+,
Bigünäler kümşüni paýlaşar.
18 Salan jaýy ýüpek gurçugyň pilesi ýaly,
Garawulyň kepbesi+ kimin gowşak bolar.
19 Baý uklanda, mal-mülkünden hiç zat galmaz*,
Gözüni açanda, baýlygy zym-zyýat bolar.
20 Gorky ony sil kimin basar,
Gije tupan turup ýok eder+.
21 Gündogar ýeli alyp gider.
Mekanyndan süpürip taşlar+.
22 Janhowluna gaçanda,
Tupan rehimsizlik bilen üstüni basar+.
28 Kümşüň alynýan ýeri bar,
Altynyň saplanýan ýeri bar+.
2 Demir toprakdan alynýar,
Mis daşlardan alynýar+.
3 Adam garaňkylykdan üstün çykýar,
Tümlügiň we zulmatyň içinde,
Gymmatbaha daşlary agtarýar.
4 Janly-jemende bolmadyk, ynsan aýagy basmadyk,
Unudylan ýerlerde magdan agtarýar,
Käbirleri ýüp bilen aşak inip işleýär.
6 Ol ýerde ýakut daşlary bardyr,
Topragynda altyn bardyr.
7 Ýyrtyjy guşlar ýoluny bilýän däldir,
Laçyn ol ýeri gören däldir.
8 Wagşy haýwanlar ol ýere baran däldir,
Arslan aýagy ol ýere seken däldir.
9 Ynsan elleri bilen gaýalary döwýär,
Daglary agdar-düňder edýär.
10 Gaýalardan suw akdyrýar+,
Gözi gymmatbaha daşlara düşýär.
11 Derýa akymyna böwet goýýar,
Gizlin zatlary ýagtylyga çykarýar.
13 Hiç bir adam onuň gadyryny bilmez+,
Ýagty jahanda tapyp bolmaz.
14 Derýalar: „Bizde däl!“ diýýär,
Deňizler-de: „Bizde ýok!“ diýýär+.
15 Ony sap altyna satyn alyp bolmaz,
Hiç bir kümşe çalşyp bolmaz+.
16 Ofer+ tyllasyna,
Gymmatbaha oniks we ýakut daşyna satylmaz.
17 Altyn we aýna oňa taý gelmez,
Sap altyn küýzä çalşyp bolmaz+.
18 Paýhasyň bahasy bir horjun merjenden gymmatdyr+,
Dürdäne bilen hrustaly oňa deňäp bolmaz.
20 Onda paýhasy nireden tapmaly?
Düşünjäniň gözbaşy nirede?+
21 Ol ähli janly-jandarlardan gizlenendir+,
Gögüň guşlaryndan hem ýygşyrylandyr.
22 Heläkçilik we ölüm diýer:
„Biz ol hakda diňe eşitdik“.
23 Mekanyny diňe Hudaý bilýär,
Gözlemeli ýerini diňe Alla bilýär+.
24 Ol ýeriň aňry ujuna çenli ser salýar,
Gök astyndaky ähli zady görýär+.
25 Ol güýçli ýel öwüsdirende+,
Deňizleri, derýalary* ölçände+,
26 Ýagyş üçin kanun goýanda+,
Gara buluda, ýyldyryma ugur görkezende+,
27 Paýhasy gördi, ol hakda gürrüň berdi,
Ony dikeltdi, synady.
28 Ol ynsana diýdi:
29 Eýýup sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Wah, öňki günlerim gaýdyp gelsedi,
Hudaý meni penasynda saklasady.
3 Çyrasy başyma ýagty saçardy,
Garaňkylykda ýoluma nur saçardy+.
4 Men gujur-gaýratlydym,
Hudaý bilen ýakyn dostdum+.
5 Gudratygüýçli ýanymdady,
Çagalarym* daşymdady.
6 Aýagymy süýt bilen ýuwardym,
Gaýalardan zeýtun ýagy akardy+.
9 Han-begler gürrüňini bes ederdi,
Elleri bilen agzyny ýapardy.
10 Atly-abraýlylardan ses-üýn çykmazdy,
Dilini ýuwudyp, ümsüm bolardy.
11 Sözümi eşiden meni öwerdi,
Gören gözler meni taryplardy.
14 Dogruçyllyk eşigim,
Adalat donum hem selläm boldy.
15 Körlere gözdüm,
Agsaklara aýakdym.
17 Erbetleriň äňini ýazdyryp+,
Awuny agzyndan kakyp alardym.
19 Köklerim suwlara tarap ýaýrar,
Gijelerine ýapraklaryma çyg düşer.
20 At-abraýym artar durar,
Ýaýym bilen atar duraryn“.
21 Halaýyk maslahatyma gulak gerip,
Ses-üýnsüz diňlärdi+.
22 Sözümi soňlanymda, diýmäge söz tapmazdy,
Aýdýanlarym gulaklaryna hoş ýakardy.
23 Ýagyş-ýagmyra garaşýan ýaly, maňa garaşardylar,
Sözlerim ýaz ýagşy deý gandyrardy+.
25 Olara serdar kimin ýol görkezerdim,
Esgerleriň arasyndaky patyşa kimin+,
Aglaýanlary köşeşdirýän adam kimin ýaşadym+.
30 Indi ýaşkiçiler üstümden gülýär+,
Olaryň kakalaryny çopan itlerimçe görmezdim.
2 Ýaşkiçilerden näme peýda gördüm?
Olar ysgyn-mydardan gaçýarlar.
3 Aç-suwsuz halys tapdan düşýärler,
Harabalykda, çöllerde kesek gemirýärler.
4 Şor otlary ýygýarlar,
Ýylgynyň köküni iýýärler.
5 Olar il arasyndan kowulýar+,
Ogurlykda tutulan ýaly üstüne gygyrylýar.
6 Olar belentli-pesli derelerde,
Çukurlarda, gowaklarda ýaşaýarlar.
7 Ýandaklaryň arasyndan uwlaşýarlar,
Tikenekleriň arasynda biri-birine gysylyşýarlar.
8 Akmaklaryň we at-abraýsyzlaryň ogullary
Öz ýurdundan kowulýar*.
12 Olar sagymdan gelip, üstüme topulýarlar,
Meni kowýarlar,
Ýoluma duzak gurup, heläk edýärler.
14 Olar diwary böwsüp gelýärler,
Bela kimin başyma inýärler.
18 Gahar bilen köýnegimden tutup süýreýärler*,
Ýakasy meni bogup barýar.
19 Hudaý meni palçyga pylçap urdy,
Gum we kül kimin boldum.
20 Perýat edýärin, jogap bereňok+,
Dileg edýärin, üns bereňok.
21 Gahar-gazap bilen maňa garşy çykdyň+,
Güýçli goluň bilen meni ezdiň.
22 Meni ýel bilen alyp gidýärsiň,
Tupan bilen eýläk-beýläk kowýarsyň*.
23 Bilýärin, meni ölüme ýollaýarsyň,
Hemmeleriň barjak öýüne iberýärsiň.
24 Agyr güne düşüp, perýat edýäne,
Biçäre adama+ hiç kim el galdyrmaz.
25 Dertliniň derdine agladym,
Garyp bilen bile gözýaş dökdüm+.
26 Ýagşylyga garaşdym, ýamanlyk geldi,
Ýagtylyga garaşdym, garaňkylyk geldi.
27 Içimi ot alýar, ynjalyk tapamok,
Başyma agyr günler düşdi.
28 Men tümlükde+, Güni göremok,
Il-güne ýalbaryp, kömek soraýaryn.
29 Men şagallara dogan,
Düýeguşlara dost boldum+.
31 Arfam ýas sazyny çalýar,
Tüýdügim zaryn-zaryn aglaýar.
31 Men gözlerim bilen äht baglaşdym+,
Gyz maşgala erbet höwes bilen seretmerin+.
2 Eger seredäýsem, Hudaýdan almytymy almarynmy?
Gökdäki Gudratygüýçli maňa näme berer?
3 Betbagtçylyk erbetleriň başyndan inmeýärmi?
Pisleriň maňlaýy daşa degmeýärmi?+
4 Ol meniň ýollarymy görmeýärmi?+
Her bir ädimimi yzarlamaýarmy?
5 Haçan men ýalan sözledim?*
Aldan adamym barmy?+
7 Aýagym dogry ýoldan çykan bolsa+,
Ýüregim gözlerimiň ýesiri bolan bolsa+,
Elimi harama uran bolsam,
8 Goý, hasylymy başgalar iýsin+,
Ekin-dikinim* köki bilen sogrulsyn.
9 Bir zenana ýüregimi aldyryp, toruna düşen bolsam+,
Goňşymyň gapysynda gizlenip ýatan bolsam+,
10 Goý, aýalym kesekiniň bugdaýyny üwesin,
11 Sebäbi şular haýasyz işlerdir,
Jeza mynasyp günädir+.
12 Ahlaksyzlyk ot kimin ýalmap ýuwudýar+,
Hasylyňy köki bilen kül edýär.
13 Gul-gyrnagym arz-şikaýat edende,
Men adalatsyzlyk eden bolsam,
14 Hudaý hasabat sorasa näme jogap bererdim?
Hudaý garşyma çyksa näme edip bilerdim?+
15 Enemiň göwresinde meni ýaradan,
Olary-da ýaratmadymy näme?+
Göwrede bize şekil beren ol dälmi näme?+
16 Garyplaryň soran zadyny bermedik bolsam+,
Dul aýallara gözýaş dökdüren bolsam+,
17 Çöregimi ýeke iýip,
Ýetime bermedik bolsam+,
18 (Ýaşlygymdan ýetimiň atasy boldum,
Çagalykdan dul aýallaryň daýanjy boldum).
19 Eşiksiz kösenýän garyby,
Ýapynjasyz mätäji görüp+,
20 Goýnumyň ýüňi bilen örtmedik bolsam,
Ol hem ýürekden alkyş aýtmadyk bolsa+,
21 Şäher derwezesinde+ kömek soran* ýetime+
Ýumrugymy çenän bolsam,
22 Goý, golum omzundan ýazsyn,
Elim tirsegimden döwülsin.
23 Şonda Hudaýyň jezasyndan gorkup,
Şöhratynyň öňünde durup bilmezdim.
24 Altyna bil baglan bolsam,
Sap altyna: „Daýanjym sensiň!“ diýen bolsam+,
25 Ummasyz baýlygyma buýsanyp,
Mal-mülküme guwanan bolsam+,
26 Nur saçýan Güne,
Şugla saçýan Aýa gözüm düşende+,
27 Ýüregim meni aldan bolsa,
Olara posa ýollap, sežde eden bolsam+,
28 Şonda agyr günä etdigim bolardy,
Hak Hudaýdan ýüz öwürdigim bolardy.
31 Öýümde ýaşaýanlardan:
„Eýýubyň saçagyndan et iýmedim“ diýeni barmy?+
32 Ýat adam gije köçede galmazdy+,
Ýolagçylara mydam gapym açykdy.
34 Il-günüň gepinden gorkup,
Goňşy-golamyň dilinden heder edip,
Öýümden çykman, dymyp oturdymmy?
35 Wah, meni diňlejek adam tapylsady!+
Aýdanlarymy subut edip, möhür basardym.
Wah, Gudratygüýçli maňa jogap bersedi!+
Aýyplaýjy günälerimi ýazyp bersedi!
36 Şonda ol ýazgyny gerşimde göterip,
Başyma täç ederdim.
37 Her bir ädimim hakda hasabat bererdim,
Şazada kimin huzuryna ynamly barardym.
38 Gara toprak maňa garşy nalyş okan bolsa,
Mellegimiň joýalaryny naladan bolsam,
39 Hasylyny mugt iýen bolsam+,
Ýer eýelerini alaçsyz goýan bolsam+,
40 Goý, bugdaý deregine ýandak,
Arpa deregine porsy ot bitsin».
Eýýup sözüni tamamlady.
32 Şeýlelikde, olaryň üçüsem jogap bermediler, sebäbi Eýýup özüniňkini dogry hasaplaýardy+. 2 Emma Ram neslinden buzlardan+ Berekeniň ogly Alyhuwyň gany gyzdy. Eýýubyň Hudaýy däl-de, özüni dogry hasaplaýandygyny görüp, gazap donuny geýdi+. 3 Ol Eýýubyň üç dostuna-da gaharlandy. Sebäbi olar Eýýuba jogap berip bilmediler, Hudaýy günäkärlediler+. 4 Alyhuw ýaşkiçidi, şonuň üçin Eýýubyň sözüni bölmän, garaşyp oturdy+. 5 Üç dostunyň aýdara zat tapmaýandygyny görüp, Alyhuwyň gahary has-da tutaşdy. 6 Soňra buzlardan Berekeniň ogly Alyhuw söze başlady:
«Men ýaş, siziň ýaşyňyz bir çene ýetdi+.
Size hormat goýup, sesimi çykarmadym+,
Bilenlerimi aýtmaga ýürek etmedim.
7 Men: „Goý, ýaşulular geplesin,
Garrylar nesihat bersin“ diýdim.
8 Emma ynsana düşünje berýän+ mukaddes ruhdur,
Gudratygüýçlüniň demidir.
9 Akyldarlyk diňe ýaşulularda bolmaýar,
Düşünje diňe garrylarda bolmaýar+.
10 Şonuň üçin: „Meni diňläň!
Menem bilenimi aýdaýyn“ diýdim.
11 Men siziň aýtjak sözleriňize garaşdym;
Siziň pikirlenip aýdan sözleriňize gulak asdym+.
12 Men sizi ünsli diňledim,
Hiç biriňiz Eýýubyň günäsini ýüzüne basyp bilmediňiz.
Onuň delillerine jogap berip bilmediňiz.
13 Şonuň üçin: „Biz köpi gören adamlar!
Adam däl-de, Hudaý Eýýubyň ýalňyşyny görkezer“ diýmäň.
14 Men siziň delilleriňizi getirmerin,
Eýýup maňa garşy bir sözem aýtmady.
15 Siz aljyrap, aýdara söz tapmadyňyz,
Sesiňize suw sepilen ýaly boldy.
16 Garaşdym, siz dymdyňyz,
Geplemän durduňyz, jogap bermediňiz.
17 Indi men gepläýin, jogap bereýin;
Bilenimi aýdaýyn.
18 Aýdara sözüm köp,
Mukaddes ruh meni gepledýär.
19 Şerapdan doly, agzy bagly
Täze meşik kimin ýaryljak bolýaryn+.
20 Rugsat beriň, gepläp içimi sowadaýyn!
Dilim bilen jogap bereýin.
21 Hiç kimi ala tutmaryn+,
Hiç kime ýaranjaňlyk etmerin.
22 Men ýaranjaňlyk etmegi başarmaýaryn,
Eger eden bolsam, Ýaradan meni dessine ýok ederdi.
33 Eýýup, indi meni diňle,
Sözlerime gulak goý.
2 Haýyş edýärin, indi gepläýin,
Sözlerim dilimiň ujunda.
3 Dilim bilenimi sözleýär,
Sözlerimden ýüregimiň päkdigi görünýär+.
5 Başarsaň, maňa jogap ber,
Delil getirip, özüňi aklajak bol.
6 Hak Hudaýyň öňünde deňdiris,
Ikimizem toprakdan ýaradylandyrys+.
7 Şonuň üçin menden gorkma,
Sözlerim agyr degip, howuňy basmasyn.
8 Aýdanlaryň gulagymdan gidenok,
Şu sözleri köp aýtdyň:
9 „Men päk, ýazyksyz+,
Tämiz, hiç bir etmişim ýok+.
10 Emma Alla maňa yrsaraýar,
Ganym duşmany hasaplaýar+.
11 Aýagyma gandal salýar,
Ähli ýollarymy barlaýar“+.
12 Ýöne sen ýalňyşýarsyň,
Hudaý başy ölümli ynsandan has beýikdir+.
13 Sen ondan näme üçin nägile?+
Saňa jogap bermändigi üçinmi?+
14 Hiç kim diňlemese-de,
Alla gaýta-gaýta aýdýar.
15 Il-gün süýji uka gidende,
Ýumşak düşekde ýatanda,
16 Şonda olaryň gulaklaryny açýar+,
Öwüt-nesihat berýär*,
17 Ynsany günäden saklaýar+,
Tekepbirlikden goraýar+.
18 Hudaý ony mazardan,
Janyny gylyçdan halas edýär+.
19 Syrkawyň endam-jany agyrýar,
Süňkleri yza çekýär, ýöne ol sapak edinýär.
20 Çöregi görüp, ýüregi bulanýar,
Süýji nahary işdäsi almaýar+.
21 Gapyrgasyny sanaýmaly hor bolýar,
Ol çöpe dönüp horlanýar.
22 Bir aýagy mazardadyr,
Jany ganhorlaryň elindedir.
23 Eger bir habarçy*,
Müňleriň içinden bir aklawçy,
Adama hakykaty öwretse,
24 Hudaý oňa rehim edip:
„Men onuň üçin töleg berjek+,
Mazardan alyp galyň+.
26 Ol ýalbarar, Alla oňa rehim eder+.
Hudaýyň ýüzüni görüp, şatlykdan ýaňa gygyrar.
Hudaý başy ölümli ynsany dogruçyl hasaplar.
27 Ol halkyň öňünde şeýle aýdym aýdar:
„Günä+ edip, hilegärlige baş urdum,
Etmişime görä jeza almadym*.
28 Ol janymy mazardan gutardy+,
Ýagty jahany görkezdi“.
29 Alla adam üçin şeýle zatlary,
Iki sapar, hatda üç sapar edýär.
30 Ol şatlanyp ýaşasyn diýýär,
Janyny mazardan alyp galýar+.
31 Diňle, Eýýup, maňa gulak as!
Sabyr et, sözümi dowam edeýin.
32 Aýtjagyň bar bolsa, aýt!
Günäsizdigiňi subut edesim gelýär.
33 Aýdara sözüň bolmasa, meni diňle,
Sözümi bölme, öwüt-nesihat bereýin».
34 Alyhuw sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Eý akyldarlar, maňa gulak asyň,
Düşünjeli adamlar, meni diňläň.
3 Diliň tagamy bilşi ýaly,
Gulak hem sözleri seljerýär.
4 Geliň, nämäniň dogrudygyny çözeliň,
Nämäniň ýagşydygyny bileliň.
6 Jezamyň agyrdygyny aýdyp ýalan sözledimmi?
Günäm ýok bolsa-da, bitmejek ýara salyndy“+.
7 Ýaňsyly gepleri suw deý içýän,
Eýýup ýaly adam barmy?
8 Ol günäkärler bilen dostlaşýar,
Erbetler bilen tirkeşýär+.
9 Ol: „Hudaýy razy edip,
Ynsan hiç zat gazanmaýar“+ diýdi.
10 Eý düşünjeli* adamlar, maňa gulak goýuň!
11 Ol adamy eden işlerine görä sylaglar,
Elleriniň işine görä hakyny berer+.
13 Tutuş ýer ýüzüni,
Bütin dünýäni kim Allanyň eline berdi?
14 Ol adamlara garşy çyksa,
Olaryň janyny* we demini alsa+,
15 Bütin adamzat gyrlar,
Ähli ynsanlar topraga öwrüler+.
16 Düşünjeli bolsaň, dykgatly bol,
Sözlerimi ünsli diňle.
17 Adalaty ýigrenýän kişi höküm sürüp bilermi?
Adyl hökümdary aýyplap bolarmy?
18 Patyşanyň ýüzüne: „Sen dereksiz adam“,
Beglere: „Deýýuslar“ diýermiň?+
19 Hudaý han-beglerden ýüz görmeýär,
Baýy garypdan ýokary tutmaýar+,
Sebäbi hemmeler onuň eliniň işidir+.
20 Olar ýarygije+ duýdansyz ölerler+,
Gorkudan ýaňa titräp, aradan çykarlar.
Güýçlülere ynsan eli degmez, ýöne şonda-da ýok bolarlar+.
21 Hudaý ynsanyň ýollaryny synlaýar,
Her bir äden ädimini görýär+.
23 Hudaý höküm etmek üçin
Hiç bir adama wagt bellän däldir.
24 Güýçlüleriň işini derňemän ýykýar,
Olaryň deregine başga birini goýýar+.
26 Halkyň gözüniň alnynda,
Erbet işleri üçin olara jeza berýär+.
27 Olar Hudaýdan ýüz öwürdiler+,
Ýoluny äsgermezlik etdiler+.
28 Olar sebäpli garyplar perýat edýär,
Mätäçleriň ahy-nalasy Alla baryp ýetýär+.
29 Hudaý jogap bermese, kim ýazgaryp biler?
Ol milletden ýa-da ynsandan gizlense,
31 Kim Hudaýa diýip biler:
„Men ýazyksyz bolsam-da, jeza çekdim+.
32 Bilmeýän zadym bolsa,
Ýalňyşlyk eden bolsam,
Aýt maňa, indi gaýtalamaýyn“.
33 Eger hökümine boýun bolmasaň, ol nädip sylaglasyn?
Men aýtmaýyn, özüň oýlanyp gör,
Şeýle gowy bilýän bolsaň, maňa-da aýt.
36 Eýýup soňuna çenli synalsyn!*
Sebäbi ol erbetler ýaly dil gaýtarýar.
35 Alyhuw sözüni dowam etdi:
2 «Meniňki dogry diýip,
Sen özüňi Hudaýdan hem dogruçyl hasaplaýarmyň?+
3 Sen şeýle diýýärsiň: „Seniň üçin tapawudy näme?*
Günä edenem bolsam, mundan beterini görmezdim“+.
4 Saňa-da, dostlaryňa-da+,
Men jogap bereýin.
5 Başyňy galdyryp, göge seret,
Asmandaky bulutlary synla+.
6 Günä etseň, Hudaýa näme zyýany bar?
Ýazygyň köp bolsa, ol näme zelel çeker?+
8 Erbetligiň diňe özüň ýaly adama zeper ýetirer,
Dogruçyllygyň hem diňe ynsana peýda getirer.
9 Agyr sütem sebäpli adam perýat edýär,
Güýçlüleriň elinden gutulmak isleýär+.
13 Ýürekden dileg etmeseň, Hudaý eşitmeýär+,
Gudratygüýçli hiç hili üns bermeýär.
14 „Dadyma ýetişenok“ diýip zeýrenip ýörseň,
Ol saňa jogap berermi?+
Şikaýatlaryň öňündedir, sabyrly garaş+.
15 Ol gaharly wagty temmi bermeýär,
Akylsyz sözleriňi diňlemeýär+.
16 Eýýup hiç zat bilmese-de,
Biderek sözläp, gepini köpeldýär»+.
36 Alyhuw sözüni dowam edip, şeýle diýdi:
2 «Biraz sabyr etseň, men düşündireýin,
Hudaýyň adyndan aýtjak sözüm bar.
3 Bilýänimi giňişleýin düşündireýin,
Ýaradanyň adalatlydygyny subut edeýin+.
4 Men hakykaty sözleýärin,
Hemme zady bilýän+ öňüňde dur.
5 Hudaý gudratlydyr+, hiç kimden ýüz öwürmeýär,
Aň-düşünjesi çuňdur.
8 Olara gandal salynsa,
Jebir-jepa ýüpleri baglansa,
9 Hudaý olaryň eden işlerini,
Tekepbirlik bilen eden günälerini paş edýär.
10 Olaryň gulagyna nesihat guýýar,
Erbet ýoldan dolanmagy ündeýär+.
11 Eger Hudaýa gulak asyp, gulluk etse,
Bolçulykda ýaşarlar, bagtly ömür sürerler+.
12 Gulak asmasalar, gylyçdan ölerler+,
Bilimsiz dünýäden öterler.
13 Hudaýsyzlar* ýüreginde öýke-kine saklaýarlar,
Hudaý gandal salsa-da, kömek soramaýarlar.
15 Hudaý ejizleri kyn gününde goldaýar,
Ezilenleriň gulagyna nesihat guýýar.
16 Ol seni agyr dertden gutarýar+,
Gözýetmez, giň sähra çykarýar+,
Saçagyňy dolduryp, göwnüňi göterýär+.
17 Erbetlere höküm çykarylar, jeza berler+,
Şonda adalat dikeldiler, janyň aram tapar.
18 Seresap bol, gaharlanyp, ýamanlyk edäýme+,
Para alyp, ýoldan çykaýma.
19 Kömek sorasaň-da, näçe urunsaň-da,
Gaýgy-aladadan dynyp bilermiň?+
20 Adamlaryň öz ýerine geçýän wagtyny,
Gijäni arzuw etme.
21 Ägä bol, kösenmejek bolup,
Erbet ýoldan ýöräýme+.
22 Hudaýyň güýjüniň çägi ýokdur,
Oňa taý geljek mugallym ýokdur.
25 Olary ynsan ogullary görýär,
Başy ölümli ynsan uzakdan ser salýar.
27 Ol suw damjalaryny ýygnaýar+,
Olary buludyň içinde ýagşa öwürýär.
28 Soňra bulutdan ýagyş ýagýar+,
Ynsanlaryň üstüne çabga guýýar.
30 Asmanda ýyldyrym çakdyrýar+,
Deňizleri suwdan doldurýar.
32 Ýyldyrymy eline alýar,
Nyşana tarap atýar+.
33 Ol barada gök gürrüldisi jar edýär,
Mal-gara kimiň* gelýändigini duýdurýar.
37 Ýüregim gürsüldäp urýar,
Agzymdan çykaýjak bolýar.
2 Hudaýyň güýçli sesine,
Agzyndan çykýan gürrüldisine diň sal.
3 Onuň sesi gök astynda ýaňlanýar,
Ýyldyrymy ýeriň dört künjeginde çakýar+.
6 Ol gara: „Ýeriň ýüzüni ört“ diýýär+,
Çabga-da: „Badyňy gowşatma“ diýýär+.
7 Ol adamlaryň ähli işini togtadýar*,
Başy ölümli ynsan Hudaýyň işlerine üns berýär.
8 Wagşy haýwanlar hinine girýär,
Süreninden çykmaýar.
11 Bulutlary ygaldan doldurýar,
Olaryň içinden ýyldyrym çakdyrýar+.
12 Olary islän tarapyna iberýär,
Tabşyran işini ýer ýüzünde berjaý etdirýär+.
15 Bilýäňmi, Hudaý bulutlara nädip diýenini etdirýär?*
Olaryň içinden nädip ýyldyrym çakdyrýar?
16 Bulutlar nädip ýüzýär?+
Hemme zady bilýän şeýle täsin işleri edýändir+.
17 Gyzgyn ýel* öwsende, ýer ýüzünde ümsümlik bolanda,
Egin-eşigiň näme üçin gyzýandygyny bilýäňmi?+
18 Asmany+ demir aýna ýaly ýaýmaga,
Hudaýa kömek edip bilermiň?
19 Aýtsana, biz oňa näme diýmeli?
Garaňkylyk içinde jogap tapamyzok.
20 Gepleşmek isleýändigimi aýdyp bilerinmi?
Muny oňa habar berip bilerinmi?+
21 Ýel turup, bulutlary äkidýänçä,
Asmanyň ýüzi açylýança,
Ynsanlar güneşi görmez.
22 Demirgazykda altyn şöhle görünýär,
Hudaýyň şöhraty+ akylyňy haýran edýär.
24 Goý, adamlar Hudaýdan gorksun!+
Ol akyllysyraýanlara rehim etmeýär»+.
38 Soňra Ýehowa harasadyň içinden+ Eýýuba şeýle diýdi:
3 Indi erkek ýaly biliňi berk guşa!
Men sorag berjek, senem jogap ber.
4 Ýeriň düýbüni tutanymda+, sen niredediň?
Bilýän bolsaň, aýt hany!
5 Bilýäňmi, onuň ölçegini kim berdi?
Daşyna ölçeg ýüpüni kim çekdi?
6 Ýeriň sütünleri nämä berkidildi?
7 Daň ýyldyzlary+ bilelikde şatlandy,
Perişdeler*+ joşup alkyş aýtdy.
Şonda sen niredediň?
8 Deňiz joşup çäginden*+ çykanda,
Öňüne kim böwet goýdy?
9 Deňzi bulutlar bilen,
Tüm-garaňkylyk bilen örtdüm.
10 Deňze çäk çekdim+,
Gapy goýup gulpladym.
11 „Şu ýere çenli gelip, mundan aňry geçme;
Äpet tolkunlaryň şu ýerde togtasyn“+ diýdim.
Şonda sen niredediň?
12 Sähere buýruk berip gördüňmi?
Daň şapagyna+ ýerini görkezdiňmi?
13 Oňa ýer ýüzüne aýlanmagy,
Erbetleri kowup çykarmagy tabşyrdyňmy?+
14 Möhür basylan toýun deý, ýer ýüzi özgerýär,
Nagyşly köýnek geýen ýaly owadanlaşýar.
15 Erbetleriň yşygy elinden alynýar,
Ýokary galdyran gollary döwülýär.
16 Deňziň gözbaşyna baryp gördüňmi?
Düýbüni barlap gördüňmi?+
18 Ägirt uly ýer ýüzüne akyl ýetirdiňmi?+
Bularyň baryny bilýän bolsaň, aýt hany!
19 Ýagtylygyň mekany nirede?+
Garaňkylygyň mesgeni nirede?
20 Olary öz mekanyna eltip bilermiň?
Öýüne barýan ýoly görkezip bilermiň?
21 Sen şol döwür dünýä indiňmi?
Şeýle zatlary biler ýaly, uzak ömür sürdüňmi?
22 Garyň ammarlaryna girdiňmi?+
Jöwenegiň* ammarlaryny gördüňmi?+
23 Men olary betbagtçylyk gününe,
Uruş we söweş gününe saklaýaryn+.
25 Sil akar ýaly ýap çeken kim?
Gara buluda ýol çeken kim?+
26 Ynsanyň aýak basmadyk ýerine,
Janly-jemendesiz çöllere kim ýagyş ýagdyrýar?+
27 Gurap ýatan topragy gandyryp,
Gök otlary kim ösdürýär?+
29 Buzuň ejesi kim?
Gyrawy kim dünýä indirdi?+
30 Suwuň ýüzi doňup gataýar,
Deňziň ýüzi daş ýaly bolýar+.
32 Ýyldyzlar toparyny* öz wagtynda çykaryp bilermiň?
Uly Ýedigene*, ogullaryna ýol görkezip bilermiň?
34 Çabga ýagsyn diýip,
Bulutlara buýruk berip bilermiň?+
35 Ýyldyrym çakdyryp bilermiň?
Olar gelip: „Hyzmatyňa taýyn!“ diýerlermi?
37 Bulutlary sanap bilýän akyldar barmy?
Asmanyň suwly küýzelerini kim döküp biler?+
38 Şonda toprak batga öwrüler,
Kesekler palçyga döner.
39 Ýolbars üçin aw awlap bilermiň?
Arslanlaryň garnyny doýrup bilermiň?+
40 Olar mekanynda ýatýarlar,
Bukuda peýläp ýatýarlar.
39 Dag geçileriniň guzlajak wagtyny bilýärmiň?+
Keýikleriň guzlaýşyny gördüňmi?+
2 Haçan olaryň aýy-güni dolýar?
Guzlajak wagtyny bilýärmiň?
3 Olar guzlamak üçin ýere çökýär,
Burgynyň yzasyndan dynýar.
4 Owlaklary çölde ulalyp, güýçlenýär.
Olar enesini terk edip, yzyna dolanmaýar.
5 Gulany azatlyga goýberen kim?+
Ýüpden boşadan kim?
6 Men gulana çölleri öý,
Şor ýerleri mesgen edip berdim.
7 Ol şäheriň gohuny halamaýar,
Baş öwredýäniň sesini eşitmeýär.
8 Öri gözläp, depelerde aýlanýar,
Dürli-dümen gök otlary agtarýar.
9 Ýabany öküz saňa hyzmat edermi?+
Ýatagyňda bir gije ýatarmy?
10 Ýabany öküze boýuntyryk dakyp bilermiň?
Mellegiňde joýa çekdirip bilermiň?
Ýa-da ekin meýdanyňy sürdürip bilermiň?
11 Onuň güýjüne bil baglap bilermiň?
Agyr işiňi etdirip bilermiň?
12 Ýabany öküz hasylyňy ýygnarmy?
Hasylyňy harmana üýşürermi?
13 Leglegiňki+ ýaly ganaty, owadan peri bolmasa-da,
Düýeguş begenip ganat kakmaýarmy?
14 Düýeguş ýumurtgalaryny taşlap gidýär,
Olary çäge ýylydýar.
15 Ýumurtgalary aýak astynda ýenjilse-de,
Ýabany haýwanlar basgylasa-da,
Ol muny unudýar.
16 Balalaryna keseki kimin ýowuz daraşýar+,
Zähmetiniň biderek boljakdygyndan gorkmaýar.
17 Sebäbi Hudaý düýeguşa akyl-paýhas,
Aň-düşünje bermedi.
18 Ol ganat kakyp ylganda,
Atyň we çapyksuwaryň üstünden gülýär.
19 Bedewe güýç-kuwwat berýän senmi?+
Boýnunyň ýalyny* ösdürýän senmi?
20 Senmi ony çekirtge kimin bökdürýän?
Kişňände, sesi aýylgançdyr+.
22 Ol gorkyny bilmeýär+,
Hiç zatdan heder etmeýär,
Gylyçdan hem gaçmaýar.
23 Gün şöhlesine naýza ýalpyldaýar,
Ok gaby ata degip zarňyldaýar.
24 Surnaýyň sesine bir ýerde durmaýar*,
Keýpi göterilip, öňe okdurylýar.
25 Surnaý çalnanda, ol kişňeýär,
Söweş ysyny uzakdan alýar.
Serkerdeleriň gohuny, söweş sesini eşidýär+.
26 Laçyna uçmagy sen öwretdiňmi?
Günorta barýan ýoly sen görkezdiňmi?
27 Bürgüt seniň buýrugyň bilen göge galýarmy?+
Belentlikde höwürtge ýasaýarmy?+
28 Ol gijesini gaýalarda geçirýär,
Daglaryň uçut ýerlerinde* höwürtge ýasaýar.
29 Awuny daglardan gözleýär+,
Gözleri awuny uzakdan görýär.
30 Balasy gan içýär,
Nirede maslyk bolsa, ol şol ýere barýar»+.
40 Ýehowa Eýýuba şeýle diýdi:
2 «Ynsan Gudratygüýçlüni ýazgaryp,
Onuň bilen jedelleşip bilermi?+
Hudaýy günäkärleýän jogap bersin»+.
3 Eýýup Ýehowa şeýle diýdi:
4 «Men bir dereksiz adam+.
Saňa näme jogap bereýin?
Men sesimi çykarmaýyn+.
5 Men bir gezek, hatda iki gezek gepledim,
Indi dymaýyn, hiç zat aýtmaýyn».
6 Şonda Ýehowa harasadyň içinden+ Eýýuba şeýle diýdi:
7 «Indi erkek ýaly biliňi berk guşa!
Men sorag berjek, senem jogap ber+.
8 Meni adalatsyz görýärmiň?
Özüňi aklamak üçin, meni ýazgarýarmyň?+
10 Onda şan-şöhrata beslen,
Mertebe we hormat donuny geý.
11 Gahar-gazabyňy saklama,
Tekepbirleri tapyp, olary dyza çöker.
12 Ulumsylary tapyp, olary abraýdan düşür,
Erbetleri duran ýerinde mynjyrat.
13 Hemmesini bile topraga göm,
Olary garaňkylykda baglap goý.
14 Şonda seniň sag eliň halas edip biljekdigini
Men-de boýun alaryn.
15 Begemota seret, seni ýaradyşym ýaly ony-da ýaratdym,
Ol öküz kimin ot iýýär.
16 Begemotyň güýji bilindedir,
Kuwwaty garyn gasynlaryndadyr!
17 Guýrugy kedr agajy kimindir,
Budunyň siňirleri örüm-örümdir.
18 Süňkleri mis kimindir,
Aýaklary demir kimindir.
19 Ol Hudaýyň ýaradan iň täsin haýwanydyr,
Ony diňe Ýaradan gylyçdan geçirip biler.
20 Daglar onuň öri meýdany,
Ýabany haýwanlar bilen bile ýaýnaýar.
21 Ol tikenli agaçlaryň aşagynda,
Gamyşly batgalyklarda ýatýar.
22 Tikenli agaçlar üstüne kölege salýar,
Jülgäniň derekleri gurşaýar.
23 Derýa joşsa-da, ol gorkmaýar,
Iordan+ möwç ursa-da, ol äwmeýär.
24 Oýa wagty kim ony tutup biler?
Kim onuň burnuna çeňňek ildirip biler?
2 Burnundan gamyş geçirip bilermiň?
Ýa-da äňine çeňňek ötürip bilermiň?
3 Ol saňa ýalbar-ýakar edermi?
Seniň bilen mähirli gepleşermi?
4 Ömürboýy guluň bolmak üçin,
Seniň bilen äht baglaşarmy?
5 Guş oýnan ýaly, onuň bilen oýnarmyň?
Gyzlaryň oýnar ýaly, ony daňyp bilermiň?
6 Balykçylar ony satyp bilermi?
Söwdagärler özara paýlaşyp bilermi?
8 Oňa eliňi degrip gör hany!
Şol gün ýadyňdan çykmaz.
Beýle zady hiç haçan gaýtalamarsyň.
9 Arzuw edýänsiň, ýöne tutup bilmersiň,
Garasyny göreniňde ýüregiň ýarylar.
10 Oňa garşy çykmaga hiç kim milt etmez.
Onda Meniň garşymda kim durup biler?+
11 Men bergili bolar ýaly, kim maňa karz berdi?+
Gök astyndaky bar zat meniňkidir+.
12 Onuň beýik güýji, täsin bedeni,
Aýaklary barada ýene-de gürrüň edeýin.
13 Kim onuň sowudyny çykaryp biler?
Kim agzyna golaýlaşyp biler?
14 Kim onuň agzyny eli bilen açmaga ýürek eder?
Onuň dişleri gorkunçdyr.
15 Hatar-hatar galkanlar bilen örtülendir arkasy*,
Biri-birine ykjam berkidilendir hemmesi.
16 Biri-birine şeýle ýakyndyr welin,
Arasyndan howa-da geçip bilmez.
17 Özara berkidilendir,
Galkanlary aýrylmaz, mäkäm seplenendir.
18 Pyşgyranda ýagty saçýar,
Gözleri daň şapagyna meňzeýär.
19 Agzyndan ýyldyrym çakýar,
Ot uçgunlary syçraýar.
20 Lowlap* ýanýan ojak ýaly,
Burnundan tüsse çykýar.
21 Demi kömürleri tutaşdyrýar,
Agzyndan alaw çykýar.
22 Güýji onuň boýnunda,
Görenleriň zähresi ýarylýar.
23 Gat-gat derisi mäkäm birleşendir,
Demir ýaly berkdir, asla sypyryp bolmaz.
24 Ýüregi daş kimin gatydyr,
Degirmeniň aşaky daşy kimindir.
25 Ýerinden galsa, pälwan titreýär,
Ýüzüşini görse, özlerini ýitirýär.
26 Ondan ne gylyç, ne naýza,
Ne hanjar, ne-de ok geçer+.
27 Ol demri saman,
Misi çüýrän agaç hasaplar.
28 Atylan okdan gaçmaz,
Sapan* daşyny samança görer.
29 Onuň üçin taýak çöp kimindir,
Zyňlan naýzalaryň üstünden gülýändir.
30 Garnynyň asty gyýçak küýze döwükleri kimindir,
Harman döwülýän tagta kimin batgalykda ýüzýär+.
31 Çuňlugyň suwlaryny gazan kimin gaýnadýar,
Deňzi melhem gaýnadylýan gaba dönderýär.
32 Ýüzende öwşün atýan yz galdyrýar,
Deňiz çal saça meňzeýär.
33 Älem-jahanda oňa taý geljek ýokdur,
Ne gorkyny, ne ürküni bilýändir.
34 Tekepbirlere göwni ýetýän däldir,
Ol ýyrtyjy haýwanlaryň şasydyr».
42 Eýýup Ýehowa şeýle diýdi:
2 «Indi men düşündim, sen ähli zady başarýaň.
Başarmajak zadyň ýok, isläniňi edýärsiň+.
4 Sen: „Indi erkek ýaly biliňi berk guşa!
Men sorag berjek, senem jogap ber“+ diýdiň.
5 Sen hakda gulagym bilen eşidipdim,
Indi seni gözüm bilen gördüm.
7 Ýehowa Eýýup bilen gürrüňini tamamlady. Soňra Ýehowa teýmanly Alypaza şeýle diýdi:
«Meniň saňa we iki dostuňa+ gaharym gelýär, sebäbi siz gulum Eýýup ýaly men barada dogry zady aýtmadyňyz+. 8 Şonuň üçin ýedi öküz bilen ýedi goçy alyň-da, gulum Eýýubyň ýanyna baryp, özüňiz üçin ýakma gurbanlygyny getiriň. Gulum Eýýup siziň üçin dileg eder+, onuň dilegini kabul ederin. Şonda eden akmaklygyňyz üçin temmi bermerin. Siz gulum Eýýup ýaly men barada hakykaty aýtmadyňyz».
9 Teýmanly Alypaz, şuwaslardan Bildat, nagamatly Sapar gidip, Ýehowanyň tabşyryşy ýaly etdiler. Ýehowa Eýýubyň dilegini kabul etdi.
10 Eýýup dostlary üçin dileg edenden soň+, Ýehowa Hudaý ony agyr derdinden azat etdi+ we öňki baýlygyny gaýtaryp berdi. Ýehowa Eýýubyň mal-mülküni öňküsinden iki esse artdyrdy+. 11 Eýýubyň ähli dogan-garyndaşlary we köne dost-ýarlary+ gelip, öýünde bile iýip içdiler. Ýehowa Eýýubyň başyndan agyr günleriň inmegine ýol beripdi. Şol sebäpli olar dertleşip, teselli berdiler. Olaryň hersi Eýýuba bir tokga kümüş we altyn ýüzük berdiler.
12 Ýehowa Hudaý Eýýuba öňküsindenem has köp bereket berdi+. Eýýubyň 14 000 goýny, 6 000 düýesi, 2 000 sygry we öküzi, 1 000 eşegi bardy+. 13 Eýýubyň ýene-de ýedi ogly we üç gyzy boldy+. 14 Ol birinji gyzyna Ýemima, ikinji gyzyna Kesiýa we üçünji gyzyna Kerenhapuk adyny dakdy. 15 Dünýäde Eýýubyň gyzlaryna owadanlykda taý geljek gyz ýokdy. Kakasy gyzlaryna-da doganlary bilen bir hatarda miras paýyny berdi.
16 Soňra Eýýup 140 ýyl ýaşady we dört neslini, ogullarynyň agtyk-çowluklaryny gördi. 17 Eýýup garrady we dünýäden razy bolup aradan çykdy.
Ýigrenjiň pidasy diýmegi aňladýan bolmaly.
Ýa-da: aýypsyz.
Ýa-da: toý-meýlis.
Sözme-söz: Hudaýyň ogullary.
Ýa-da: aýypsyz.
Sözme-söz: ýüzüňe.
Başga manysy: ýyldyrym çakdyryp.
Sözme-söz: Hudaýyň ogullary.
Ýa-da: aýypsyz.
Ýa-da: aýypsyzlygyndan el çekmedi.
Sözme-söz: bedenine we süňküne degip.
Sözme-söz: ýüzüňe.
Ýa-da: aýypsyzlygyňdan el çekmejek.
Ýewreýçe «Liwýatan». Sözlüge serediň.
Ýa-da: Aýypsyz.
Sözme-söz: görnüşim. Sözlüge serediň.
Sözme-söz: mukaddesden.
Ýa-da: Mellegiňdäki daşlar seniň bilen äht baglaşar.
Sözme-söz: parahatlykda.
Sözme-söz: misdenmi?
Ýa-da: Dost-ýaryna wepaly söýgüsini bildirmeýän.
Ýa-da: mäkisinden.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: boglup
Ýa-da: Seniň üçin aýaga galardy.
Sözme-söz: ýollary.
Ýa-da: Imandan dänenleriň.
Ýa-da: aýypsyz.
Sözme-söz: Dodaklaryň.
Sözme-söz: Hudaýyň ýüregi paýhaslydyr.
Sözme-söz: As.
Sözme-söz: Kesil.
Sözme-söz: Kima.
Uly deňiz jandaryny aňladýan bolmaly.
Başga manysy: Dawagärime.
Sözme-söz: egri hasaplar.
Sözme-söz: erbet.
Ýa-da: töwellaçy; araçy.
Ýa-da: urmagyny bes etsedi.
Ýa-da: wepaly söýgiňi bildirdiň.
Ýa-da: demimi; ruhumy.
Sözme-söz: ýüregiňde ýygşyrdyň.
Ýa-da: biraz göwnüm göterilsin!
Ýa-da: Öwnüp.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: aýypsyz.
Başga manysy: Ýer bilen gepleşiň.
Ýa-da: maslahatçylaryň egin-eşigini sypyrýar.
Sözme-söz: Näme üçin bedenimi dişimde götereýin?
Ýa-da: ýollarymy.
Ýa-da: imandan dänen.
Başga manysy: Garşyma çyksalar, indi dişim gysyp ölerin!
Sözme-söz: ol. Eýýup göz öňünde tutulýan bolmaly.
Başga manysy: sogrulýar.
Sözme-söz: Haramdan päk.
Sözlüge serediň.
Ýagny mazardan.
Ýa-da: örän göresiň geler.
Ýa-da: Günäleriň aýtmaly sözleriňi agzyňa salýar.
Ýagny gutulmaga umydy bolmaz.
Ýa-da: Imandan dänenleriň.
Ýagny Alypaz.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Güýjüm. Sözme-söz: Şah. Sözlüge serediň.
Başga manysy: Ukusyz gözlerim Hudaýa bakýar.
Ýa-da: Imandan dänenleri.
Ýa-da: aýypsyzlygyny.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: haram.
Sözme-söz: Ölümiň nowbahary.
Ýa-da: Elhenç patyşanyň öňüne eltiler.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: kemsitdiňiz.
Sözme-söz: Dişimiň hamy bilen gutuldym.
Sözme-söz: Näme üçin etimi iýip doýmaýarsyňyz?
Sözme-söz: şu toprakda.
Ýa-da: Böwreklerim işlänok.
Ýa-da: Imandan dänen.
Ýa-da: güýç-kuwwaty.
Ýa-da: Tarpa-taýyn. Ýagny ejir çekmän ölmek.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: tanamagyň.
Ýa-da: ygtyýarlylara.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Jaýlanan jülgesiniň topragy oňa süýjüdir.
Ýa-da: aýypsyz.
Ýa-da: dogruçyllygyňdan göwni hoşmuka?
Sözme-söz: guş duzagy.
Ýa-da: ýere bakýan.
Başga manysy: saman.
Başga manysy: Zeýtuny ýenjip, ýag alýarlar.
Başga manysy: hiç kimi jogapkärçilige çekmeýär.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: ýollaryny.
Sözme-söz: Kimiň ruhy bilen gepleýärsiň?
Sözlüge serediň.
Ýewreýçe «Abaddon».
Sözme-söz: demirgazygy.
Sözme-söz: Rahawy.
Ýa-da: aýypsyz.
Ýa-da: ýaňsa almaz.
Ýa-da: Imandan dänen.
Başga manysy: Size Hudaýyň eli bilen öwrederin.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Baý bolup uklasa-da, hiç zat ýygnamaz.
Başga manysy: Olar.
Üstünden gülmegi ýa-da haýran galmagy aňladýan bolmaly.
Dag-magdan işleri göz öňünde tutulýan bolmaly.
Ýa-da: Efiopiýa.
Sözme-söz: suwlary.
Ýa-da: Hyzmatkärlerim.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: gizlenerdi.
Sözme-söz: Höwürtgämde jan bererin.
Başga manysy: Nurana ýüzümi soldurmazdylar.
Sözme-söz: taýaklanyp kowulýar.
Sözme-söz: aýdym aýdyp.
Sözme-söz: ýaýymyň kirşini gowşatdy.
Sözme-söz: Olar agyzzyrygyny aýyrdylar.
Başga manysy: Olara kömek edýän.
Sözme-söz: Gutulyşym.
Başga manysy: Agyr keselden ýaňa bedenim çüýreýär.
Başga manysy: meni ýok edýärsiň.
Başga manysy: Gyzgynym galyp, süýeklerim.
Başga manysy: ýalançylara goşuldym?
Ýa-da: Neslim.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Başga manysy: Şäher derwezesinde ygtyýarymyň bardygyny gören.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Öwüt-nesihatyna möhür basýar.
Ýa-da: perişde.
Başga manysy: Emma peýda görmedim.
Sözme-söz: ýürekli.
Ýa-da: ruhuny.
Ýa-da: Imandan dänen.
Başga manysy: Atam, Eýýup synalsyn!
Hudaýa ýüzlenip aýdylýan bolmaly.
Başga manysy: Ol patyşalary tagta çykaryp.
Ýa-da: Imandan dänenler.
Buthanadaky käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Başga manysy: Azgyn erkekleriň arasynda dünýäden ötýärler.
Başga manysy: ony ýazgaryp; ondan hasabat sorap.
Sözme-söz: Çadyryndan çykýan.
Başga manysy: ynsanlaryň arkasyny alýar.
Başga manysy: nämäniň.
Sözme-söz: işine möhür basýar.
Ýa-da: wepaly söýgüsini bildirýär.
Ýa-da: buýruk berýär?
Sözme-söz: Günorta ýeli.
Ýa-da: Maslahatymy; nesihatymy.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Hudaýyň ogullary.
Sözme-söz: ýatgydan.
Ýa-da: Ölüm kölegesiniň.
Ýa-da: Dolynyň; buzuň.
Başga manysy: Ýyldyrym.
Sözme-söz: Kimanyň.
Sözme-söz: Kesiliň.
Sözme-söz: Mazzarot. 2Pa 23:5-de bu sözüň köplük sany täleý ýyldyzyny aňladýar.
Sözme-söz: As.
Başga manysy: Hudaýyň.
Başga manysy: Ynsana.
Başga manysy: Onuň aňyna.
Ýa-da: ösgün gylyny.
Başga manysy: sesini eşidip, gulagyna ynanmaýar.
Sözme-söz: dişlerinde.
Ýewreýçe «Liwýatan». Sözlüge serediň.
Balygy tutmak üçin ujuna demir çiş berkidilen uzyn taýak.
Başga manysy: Hatar-hatar galkanlary onuň buýsanjydyr.
Ýa-da: Gamyş.
Iki ýany ýüpli, ortasyna atyljak daş salynýan enjam.
Ýa-da: Maslahatymy; nesihatymy.