HOŞEÝA PYGAMBERIŇ KITABY
1 Ýahuda patyşalary+ Uzyýanyň+, Ýotamyň+, Ahazyň+, Hizkiýanyň+ we Ysraýyl patyşasy Ýowaşyň+ ogly Ýerobgamyň+ döwründe Ýehowa Beýeriň ogly Hoşeýa* bilen gepleşdi. 2 Ýehowa habaryny Hoşeýa arkaly yglan etdi. Ýehowa oňa: «Git-de, öýlen. Seniň aýalyň zyna edip, ogul-gyz dograr. Sebäbi bütin halk ahlaksyz aýal ýaly, Ýehowa biwepalyk etdi»+ diýdi.
3 Hoşeýa gidip, Diblaýymyň gyzy Gomere öýlendi. Ol göwreli bolup, Hoşeýa bir ogul dogrup berdi.
4 Ýehowa Hoşeýa şeýle diýdi: «Onuň adyna Ýizregel* dak. Sebäbi men tizden Ýizregeliň gany üçin Ýehuwyň+ öýünden hasabat soraryn, Ysraýyl öýüniň hökümdarlygynyň soňuna çykaryn+. 5 Şol gün Ýizregel jülgesinde Ysraýylyň ýaýyny döwerin».
6 Gomer ýene göwreli bolup, bir gyz dogurdy. Şonda Alla Hoşeýa şeýle diýdi: «Gyzyň adyna Loruhama* dak, sebäbi men Ysraýyl öýüne rehim etmerin+, olary sürgün ederin+. 7 Men Ýahuda+ öýüne rehim ederin. Olaryň Hudaýy men, Ýehowa, halkymy halas ederin+, ýöne ýaý, gylyç, goşun*, atlar we atlylar bilen halas etmerin»+.
8 Gomer Loruhamany süýtden aýrandan soň, ýene-de göwreli bolup, bir ogul dogurdy. 9 Hudaý şeýle diýdi: «Adyna Logam* dak, sebäbi siz meniň halkym bolmarsyňyz, menem siziň Hudaýyňyz bolmaryn.
10 Ysraýyl ogullary deňiz ýakasyndaky çäge ýaly sansyz-sajaksyz bolar+. Size: „Meniň halkym däl“+ diýipdim, indi size: „Biribaryň ogullary“+ diýerin. 11 Ýahuda hem ysraýyl halky agzybirlikde jem bolar+. Olar bir ýolbaşçy saýlap, watanyna dolanarlar. Şol gün Ýizregel+ üçin beýik gün bolar.
2 Aga-inileriňe: „Meniň halkym!“*+,
Aýal doganlaryňa: „Rehim edilen aýal!“*+ diý.
2 Ejeňizi ýazgaryň, ony aýyplaň.
Sebäbi ol meniň aýalym däl+, menem äri däl.
Ol indi ahlaksyzlyk etmesin.
Biwepalyk etmesin.
3 Ýogsam men ony doglan günündäki ýaly ýalaňaçlaryn.
Ony çöl-beýewana döndererin.
Takyrlyga öwrüp,
Teşnelikden öldürerin.
4 Ogullaryna rehim etmerin,
Sebäbi olar zynadan doglandyr.
5 Olaryň ejesi zyna ederdi+.
Ol göwreli bolup, bihaýa işleri ederdi+.
Ol şeýle diýdi: „Oýnaşlarymyň yzyndan giderin+.
Olar maňa suw, çörek,
Ýüň, zygyr* köýnek, ýag we şerap berer“.
6 Men onuň ýoluna tikenekler bilen böwet goýaryn.
Ol ýollaryny tapmaz ýaly,
Öňünde daşdan diwar guraryn.
8 Ol bugdaýy, täze şeraby, ýagy,
Altyn-kümşi bolluk bilen bereniň mendigime düşünmedi+.
Gaýtam meniň beren altyn-kümşümi Bagala bagyş etdi+.
9 „Şonuň üçin men oňa başgaça daraşaryn.
Orak döwründe gallany,
Möwsüminde täze şeraby elinden alaryn+.
Ýalaňaç bedenini ýapýan
Ýüň, zygyr köýnegini egninden sypyraryn.
10 Oýnaşlarynyň gözüniň alnynda uýat ýerlerini açaryn.
Hiç kim meniň elimden halas edip bilmez+.
11 Şatlyk-şagalaňyny, toý-baýramlaryny+,
Täze aý baýramyny,
Sabat gününi we baýramçylyklaryny ýatyraryn.
12 Onuň: „Oýnaşlarymyň beren haky“ diýen agaçlaryny,
Üzüm we injir agaçlaryny weýran ederin.
Olary ýabany haýwanlar iýerler.
Ekin meýdanlaryny jeňňele öwrerin.
13 Bagal butlaryna+ gurbanlyk beren her güni üçin
Ondan hasabat soraryn.
Ol gulakhalka, şaý-sepleri dakyp,
Oýnaşlarynyň yzyna düşdi.
Meni bolsa unutdy“+. Muny Ýehowa aýdýar.
15 Şondan soň üzümçiligini gaýtaryp bererin,
Akor+ jülgesi bilen umydyna gowşuraryn+.
Ol ýaşlyk günlerindäki ýaly,
Müsürden çykan günlerindäki ýaly, maňa jogap berer+.
16 Şol gün meni „hojaýynym“ diýip däl,
„Ärim“ diýip çagyrarsyň“. Muny Ýehowa aýdýar.
18 Şol gün halkymyň bähbidi üçin ýyrtyjy haýwanlar,
Guşlar, süýrenijiler bilen äht baglaşaryn+.
Men ýurtdan ýaýy, gylyjy, urşy ýok ederin+.
Halkymy asuda ýaşadaryn+.
19 Seniň bilen ebedilik nika baglaşaryn.
Dogruçyl, adalatly we rehimdar boljakdygymy+,
Seni söýjekdigimi* söz berýärin.
20 Saňa wepaly bolmagy wada berýärin.
Sen meni, Ýehowany tanarsyň+.
21 Şol gün men gökleriň soran zadyny bererin“.
Muny Ýehowa aýdýar.
„Olar hem ýeriň soran zadyny bererler+.
22 Ýer bolsa bugdaýyň, ýagyň, täze şerabyň soran zadyny,
23 Men ony özüm üçin ýer ýüzüne tohum edip seperin+.
Rehim edilmedige* rehim ederin.
Halkym bolmadyga*: „Meniň halkym“+ diýerin.
Olar hem maňa: „Biziň Hudaýymyz sensiň“+ diýerler“».
3 Soňra Ýehowa maňa şeýle diýdi: «Ysraýyl halky başga taňrylara sežde etse-de+, kişmiş kökeleri* gowy görse-de, Ýehowa halkyny söýýär+. Aýalyň oýnaşy bolsa-da, zyna etse-de+, senem ony söý».
2 Şonda men ony 15 kümşe we bir ýarym ganar* arpa satyn aldym. 3 Men oňa: «Biz bir düşekde ýatmarys, ýöne sen ahlaksyzlyk etmersiň. Başga erkek bilen ýatmarsyň. Indiden beýläk* diňe meniň aýalym bolarsyň» diýdim.
4 Sebäbi ysraýyl halkynyň hem uzak wagtlap ne patyşasy+, ne han-begleri, ne gurbanlyklary, ne sütüni, ne öňlügi*+, ne-de maşgala butlary*+ bolar. 5 Soňky günlerde ysraýyl halky Ýehowa Hudaýyny+ we Dawut patyşasyny+ gözläp, yzyna dolanar. Olar Ýehowanyň berekedini almak üçin gorkudan ýaňa titräp, onuň huzuryna gelerler+.
4 Eý ysraýyl halky, Ýehowanyň sözüni diňläň,
Sebäbi ýurduň ilaty bilen Ýehowanyň dawasy bar+.
Ýurtda ne hakykat, ne-de söýgi* bar,
Olar Hudaýy hem tanamaýar+.
3 Şonuň üçin ýurt ýas tutar+,
Halk güýç-gurbatdan gaçar.
Çöl haýwanlary, asman guşlary,
Hatda deňiz balyklary gyrlar.
4 «Halk ruhany bilen dawalaşýan adam ýaly kesirdir+.
Indi hiç kim dawalaşmasyn, başgalary ýazgarmasyn+.
5 Sen gündiziň güni büdrärsiň,
Pygamber-de gije ýöreýän ýaly ýykylar.
Seniň ejeň janyny alaryn.
6 Meni tanamaýandygy üçin halkym ýok ediler.
Siz hem meni tanamak islemediňiz+.
Siz indi meniň ruhanym bolmarsyňyz.
Meniň kanunymy ýatdan çykaranyňyz üçin+,
Men hem siziň ogullaryňyzy unudaryn.
7 Ruhanylaryň sany artdygyça, köp günä etdiler+.
Men olary at-abraýdan düşürip, masgara ederin*.
8 Ruhanylar halkymyň günäsinden eklenýär.
Olaryň günä etmegini isleýär.
9 Ruhanylaryň başyna gelen, halkyň hem başyna geler.
Olaryň saýlan ýollary üçin hasabat soraryn,
Eden işlerini egni bilen çekerler+.
10 Olar iýerler, ýöne doýmazlar+,
Olar zyna ederler, emma köpelmezler+.
Sebäbi Ýehowa hormat goýmadylar.
12 Halkym agaç butlaryndan maslahat soraýar.
Hasasy* näme aýtsa, şony-da edýär.
Ahlaksyz pikirler olary ýoldan çykarýar,
Zynahorlyk edip, Hudaýyna tabyn bolmaýar.
13 Daglaryň depesinde gurbanlyk berýärler+,
Baýyrlarda, dub, stiraks* agaçlarynyň aşagynda,
Her bir uly agajyň+ kölegesinde,
Gurbanlyk ýakýarlar.
Gyzlaryňyz ahlaksyzlyk,
Gelinleriňiz zyna edýärler.
14 Men gyzlaryňyzyň ahlaksyzlyk,
Gelinleriňiziň zyna edendigi üçin jeza bermerin.
Sebäbi erkekleriňiz ahlaksyz aýallaryň yzyna düşýär,
Buthanadaky ahlaksyzlar* bilen gurbanlyk berýärler.
Düşünjesiz halk+ bolsa heläk bolar.
16 Ysraýyl baş bermeýän öküz kimin boldy+.
Ýehowa olary tokly bakýan ýaly otluk meýdanda bakarmy?
17 Efraýym butlara baglanyp galdy+.
Ony öz ýoluna goýberiň!
Häkimleri bihaýa işleri halaýar+.
19 Şemal ony ganatlarynda alyp gider,
Beren gurbanlyklary üçin masgara bolar».
Ysraýyl öýi, eşitdim-eşitmedim diýmäň!
Patyşanyň köşgündäkiler, gulak asyň!
Siz Mispada gurlan duzak,
Taboryň+ üstüne atylan tor bolduňyz.
Şonuň üçinem höküm edilersiňiz.
2 Gozgalaňçylar köp gan dökdüler.
Men olara duýdurypdym.
3 Men Efraýymy tanaýaryn.
Ysraýyl menden gizlenip bilmez.
Efraýym, sen zyna etdiň.
Ysraýyl öz-özüni haram etdi+.
4 Olar edýän işleri üçin Hudaýa dolanyp bilmeýärler.
Sebäbi olaryň pikiri ahlaksyzlykdan doly+.
Olar Ýehowany tanamaýarlar.
5 Tekepbir ysraýyl öz aýybyny özi açdy+.
Ysraýyl we Efraýym günä edip büdrediler,
Ýahuda hem olar bilen bile ýykyldy+.
6 Olar mal-garasyny alyp, Ýehowany gözlediler,
Ýöne tapyp bilmediler.
Hudaý olary taşlap gitdi+.
Olar bir aýyň içinde mülki bilen bile ýok bolarlar.
8 Gibeýada we Ramada+ söweş surnaýyny çalyň!+
„Benýamin, yzyňdan gideris!“ diýip,
Beýtawende+ gygyrsynlar.
9 Eý Efraýym, höküm güni gorkunç ýagdaýa düşersiň+.
Men boljak zatlary ysraýyl taýpalaryna aýdaryn.
10 Ýahudanyň hanlary araçägini süýşürýän adama meňzeýär+.
Gaharymy suw kimin olaryň üstüne dökerin.
11 Efraýym ezildi, hökümden ýaňa ýer bilen ýegsan edildi.
Sebäbi ol duşmanynyň yzyna düşmegi ýüregine düwdi+.
12 Men Efraýyma güýe düşürdim,
Ýahuda öýüni çüýretdim.
13 Efraýym kesellände, Ýahuda ýara çykanda,
Efraýym Assiriýa+ gitdi,
Çaparyny beýik patyşanyň ýanyna ýollady.
Emma ol seni sagaldyp bilmedi,
Derdiňe derman bolmady.
14 Men Efraýym üçin şir kimin,
Ýahuda üçin güýçli arslan kimin bolaryn.
15 Men mekanyma giderin,
Olar jezasyny çekýänçä dolanmaryn.
Ol bizi ýaralasa-da, indi ýaralarymyzy sarar.
2 Ol bizi iki günde sagaldar,
Üçünji gün aýaga galdyrar.
Bizem onuň huzurynda ýaşarys.
3 Biz Ýehowany tanarys, höwes bilen agtararys.
Hökman daň atar, Hudaý hökman geler.
Ol çabga deý,
Zemini gandyrýan ýaz ýagşy deý geler».
4 «Efraýym men saňa näme edeýin?
Ýahuda saňa näme çäre göreýin?
Seniň wepaly söýgiň* ümür kimindir,
Tiz ýok bolýan säher çygy ýalydyr.
Olara çykarylan höküm güneş kimin aýdyň bolar+.
6 Men gurbanlyklary däl-de,
Wepaly söýgini* has gowy görýärin.
Ýakma gurbanlygyny däl-de,
Hudaý barada bilim almagyny isleýärin+.
7 Olar günäli adamlar, ähtini bozdular+.
Ýurdunda maňa dönüklik etdiler.
9 Ruhanylar galtamanlar ýaly peýläp ýatýarlar.
Şekemiň+ şaýolunda adamlary gyrýarlar.
Utanç-haýany bilmeýärler.
10 Ysraýyl öýünde bir elhenç zady gördüm.
11 Eý ýahuda halky, sizi hasyl ýygnalyşy kimin ýygnaryn,
Halkymyň ýesir düşenlerini gaýtaryp getirerin»+.
2 Men olaryň ähli erbet işlerini ýada salaryn,
Ýöne olar muňa düşünmeýärler+.
Olaryň edýän işleri açyk-aýdyň*,
Meniň gözümiň alnynda.
3 Olar erbet işleri bilen patyşanyň,
Hilegärlik bilen han-begleriň göwnüni göterýärler.
5 Patyşanyň baýram gününde
Hanlar şerapdan serhoş bolup+,
Gahar-gazaba mündüler, ýarawsyz hala düşdüler.
Patyşa hem ýaňsylaýjylar bilen dostlaşdy.
6 Olaryň erbetlikden doly ýüregi* otly tamdyr kimindir.
Çörekçi bütin gije ýatsa-da,
Daňdan hem tamdyrda ot lowlap ýanýandyr.
7 Hemmesi tamdyr kimin gyzdylar,
Han-beglerini* ýalmap ýuwutdylar.
8 Efraýym halklar bilen garyşyp gitdi+.
Efraýym bir tarapy bişmedik külçe ýalydyr.
9 Kesekiler güýjüni alsa-da+, ol bilmedi.
Başy çuw ak bolsa-da, hiç zada düşünmedi.
10 Tekepbir Ysraýyl öz aýybyny özi açdy+,
Emma Ýehowa Hudaýyna dolanmady+,
Başyna gelen ähli zady görüp-de, Hudaýy gözlemedi.
11 Efraýym akylsyz, düşünjesiz kepderi kimindir+.
Olar Müsüre ýalbardy+, Assiriýadan kömek sorady+.
12 Olar nirä gitseler-de, üstlerine tor ataryn.
Asman guşlary kimin tutaryn.
Men halka aýdan jezamy bererin+.
13 Olar menden gaçdylar, waý olaryň halyna!
Maňa garşy günä etdiler, goý, indi gyrylsynlar!
Olary halas etjekdim, emma men hakda ýalan ýaýratdylar+.
14 Olar düşeginde zar-zar agladylar,
Ýöne meni ýürekden çagyrmadylar+.
Bugdaý we täze şerap diläp, bedenine ýara saldylar.
Menden ýüz öwürdiler.
15 Men olary terbiýeledim, goluna güýç-kuwwat berdim.
Olar hile gurup, maňa garşy çykdylar.
16 Olar ýoluny üýtgetdiler, ýöne Hudaýa dolanmadylar.
Olar kirşi gowşan ýaý kimin derde ýaraýan däldirler+.
Han-begler ajy dilleri sebäpli gylyçdan geçiriler.
Müsür ýurdunda gülki bolarlar»+.
8 «Surnaý çalyň!+
2 Halkym: „Hudaýym, seni tanaýarys“+ diýip gygyrýar.
3 Ysraýyl ýagşylykdan ýüz öwürdi+.
Goý, indi ony duşman yzarlasyn.
4 Menden soraman patyşa bellediler.
Menden rugsatsyz han-begleri goýdular.
5 Eý Samariýa, ýasan göle butuňy kül-owram ederin+.
Olara garşy gaharym lowlaýar+.
Olar haçana çenli günäden tämizlenmän ýörerler?
6 Ol Ysraýylyň işidir.
Ussanyň ýasan buty Hudaý däldir.
Samariýanyň ýasan göle butuny kül-owram ederin.
Bugdaý baş çykarmaz+.
Sümmülden un alynmaz.
Alynaýsa-da, kesekiler ýalmap ýuwudar+.
8 Ysraýyly weýran ederler+,
Olar halklaryň arasynda+
Dereksiz küýze kimin bolarlar.
9 Olar ýeke gezýän gulan kimin Assiriýa+ gitdi.
Efraýym hak töläp, ahlaksyz aýallar bilen ýatdy+.
10 Olar hak töläp, başga milletli ahlaksyz aýallar bilen ýatdy,
Indi men olary bir ýere ýygnaryn.
Olar patyşanyň, han-begleriň agyr ýükünden ezilerler+.
11 Efraýym gurbanlyk ojaklaryny* köpeldip, günä etdi+.
Gurbanlyk ojaklary günä batyrdy+.
12 Halkyma köp kanunlary berdim.
Emma olar äsgermezçilik etdiler+.
13 Maňa gurbanlyk berip, etini özleri iýdiler.
Ýehowa olardan razy däldir+.
Indi Alla ýazyklaryny ýatlar, günäleri üçin jeza berer+.
Men olaryň şäherlerini oda ýakaryn.
Diňlerini ýakyp kül ederin»+.
9 «Ysraýyl halky, begenme!+
Milletler ýaly çapak çalma!
Sen ahlaksyzlyk edip, Hudaýyňdan daşlaşdyň+.
Her harmanda zyna edip alan hakyňa guwandyň+.
2 Olaryň harmany, üzüm sykylýan çukurlary boşap galar,
Täze şeraby hem bolmaz+.
Olar ýas çöregi ýaly bolar.
Ony iýenleriň hemmesi haram bolar.
Olaryň çöregi özleri üçindir,
Ýehowanyň öýüne getirilmez.
5 Sen ýygnak güni näme edersiň?
Ýehowanyň baýram güni näme işlärsiň?
6 Olar heläkçilikden başyny gutarmak üçin gaçarlar+,
Müsür olary ele salar+, Memfis olary jaýlar+.
Kümüşden ýasalan gymmatbaha zatlaryny
Haşal otlar basar,
Çadyrlarynda tikenekler biter.
Pygamberiň, weliniň* akmaklygy belli bolar,
Sebäbi siz köp günä etdiňiz,
Daş-töweregiňiz duşmandan doldy».
8 Efraýymyň garawuly+ Hudaýa wepalydy+.
Indi pygamberleriniň ýollary+ awçynyň duzagy kimindir.
Allanyň öýi dawa-jenjelden doldy.
9 Ysraýyllar gibeýalylar ýaly azgynçylyga batdylar+.
Hudaý olaryň ýazyklaryny ýatlar, günäleri üçin jeza berer+.
10 «Ysraýyl çölde biten üzüm agajy ýalydy+.
Olaryň ata-babalary injiriň ilkinji hasyly kimindi.
Emma olar Pegor Bagalynyň+ ýanyna gitdiler,
Özlerini ýigrenji taňra bagyş etdiler+,
Sežde edýän buty ýaly ýigrenji boldular.
11 Efraýymyň şöhraty guş kimin uçup gitdi,
Aýallary ne göwreli boldy, ne-de çaga dogurdy+.
12 Oglan-uşagyny kemala getirse-de,
Men birine-de rehim etmän, ählisini gyraryn+.
Olardan ýüz öwren günüm dady-perýat ederler+.
13 Sähralykda ekilen Efraýym meniň üçin Tir+ ýalydy,
Indi bolsa Efraýymyň ogullarynyň damagy çalnar».
14 Eý Ýehowa, olara etmişine görä temmi ber.
Goý, olaryň çagasy düşsün, göwsünde süýt bolmasyn.
15 «Gilgalda+ erbet işleri etdiler, şonda men olary ýigrendim.
Olaryň ähli han-begleri kesirdir.
16 Efraýymy ýykan-ýumran ederin+.
Olaryň köküni guradaryn, gaýdyp miwe bermezler.
Hatda çaga dogursalar-da, eziz balalaryny öldürerin».
17 Meniň Hudaýym olardan ýüz öwrer,
Sebäbi halk Hudaýy diňlemedi+,
Olar milletler arasynda gaçgak bolup ýaşarlar+.
10 «Ysraýyl ýabany* üzüm agajy ýaly bol miwe bererdi+.
Miwe berdigi saýyn, köp gurbanlyk ojagyny* gurdy+.
Topragy mes boldugy saýyn, keramatly sütünleri dikdi+.
2 Olar ikiýüzlüdir,
Indi olaryň aýyby açylar.
Gurbanlyk ojaklary, keramatly sütünleri ýykylar.
3 Halk diýer: „Biz Ýehowadan gorkmadyk,
Şonuň üçin patyşamyz hem ýok+.
Patyşamyz bolsa-da, ondan ne peýda?“
4 Olar boş sözleri aýdýarlar,
Ýalandan ant içip+ äht baglaşýarlar.
Adalatsyz hökümleri mellekde ösýän zäherli ot kimindir+.
Halk onuň üçin ýas tutar,
Göle butuna buýsanýan ruhanylar-da aglarlar.
Sebäbi göle buty sürgün ediler.
6 Ony Assiriýa äkidip, beýik patyşa+ sowgat bererler.
Efraýym masgara bolar.
Ysraýyl boş sözlere gulak asyp, utanja galar+.
Gurbanlyk ojaklaryny+ ýandak bilen tikenek basar.
Halk daglara: „Üstümize ýykylyň!“
Depelere: „Bizi gizläň!“ diýerler+.
9 Ysraýyl, sen Gibeýanyň günlerinden bäri günä edýärsiň+.
Olar erbet işlerinden el çekmediler.
Hatda gylyç hem Gibeýanyň zalym halkyny
Köki-damary bilen ýok edip bilmedi.
10 Men islän wagtym olara jeza bererin.
Olaryň iki günäsini hem
Boýnuna boýuntyryk edip salaryn,
Halklar olara garşy çykarlar.
11 Efraýym baş öwredilen,
Harman döwmegi halaýan sygyr* kimindi.
Men oňa boýuntyryk salmaga dözmedim.
Indi Efraýyma agyzzyryk salaryn+,
Ýahuda ýer sürdürerin, Ýakuba ýer tekizlederin.
12 Dogruçyllyk tohumyny ekiň, wepaly söýgini* oruň.
13 Emma siz zalymlygy ekip,
Adalatsyzlygy orduňyz+.
Ýalanyň miwesini iýdiňiz.
Siz özüňize bil baglap,
Pälwanlaryň köplügine buýsandyňyz.
14 Şalmanyň Arbel öýüni talaýşy ýaly,
Söweş güni eneleriň çagalary bilen parçalanyşy ýaly,
Esgerler gygyryşyp halkyňyza hüjüm ederler.
Ähli galalaryňyz derbi-dagyn bolar»+.
15 Eý Beýtel, zalymlygyň köplügi üçin,
Senem şeýle güne düşersiň+.
Daň atanda, Ysraýyl patyşasy ýok ediler*+.
4 Men mähir we söýgi bilen golundan tutup* ýöretdim+.
Men onuň boýnundan boýuntyrygyny çykaryp taşladym,
Her birini mähir bilen naharladym.
6 Olar pälinden taparlar+, gylyçdan geçiriler,
Gylyç şäherlerini weýran edip+, kiltlerini döwüp taşlar.
7 Halkym maňa biwepalyk etmegi ýüregine düwdi+.
Olara: „Hudaýa dolanyň!“ diýdiler,
Emma hiç biri seslenmedi.
8 Efraýym, men senden nädip ýüz öwreýin?+
Ysraýyl, seni nädip duşmanyň eline bereýin?
Heý-de, seni Admanyň gününe salarynmy?
Heý-de, seni Zeboýymy+ edişim ýaly ederinmi?
Meniň ýüregim gyýyldy,
Size rehimim indi+.
9 Gaharymy başyňyzdan indermerin.
Indi Efraýymy ýok etmerin+,
Sebäbi men ynsan däl, Hudaýdyryn,
Siziň Mukaddes Hudaýyňyzdyryn.
Men gazap bilen üstüňize gelmerin.
10 Olar Ýehowanyň yzyndan gider, ol arslan kimin arlar+.
Hudaý batly ses bilen gygyrar,
Ogullary günbatardan sandyr-sandyr edip gelerler+.
11 Olar Müsürden guş kimin,
Assiriýadan kepderi kimin titräp gelerler+.
Men olary öýünde ýaşadaryn — muny Ýehowa aýdýar+.
12 Efraýym maňa ýalan sözleýär.
Nirä seretsem, Ysraýyl öýüniň hilegärligini görýärin+.
Emma Ýahuda Allanyň ýolundan ýöreýär,
Iň Mukaddes Hudaýa wepaly bolýar»+.
12 «Efraýym ýel bilen garnyny doýurjak bolýar,
Günuzyn gündogar şemalynyň yzyndan kowýar.
Ol ýalan ýagdyrýar, zalym işleri edýär.
Assiriýa+ bilen äht baglaşýar, Müsüre+ ýag iberýär.
2 Ýehowanyň Ýahuda bilen dawasy bar+,
Ýakubyň eden işleri üçin hasabat sorar,
Ýazyklaryna görä temmi berer+.
4 Ol perişde bilen göreşip, ony ýeňdi.
Ol zaryn-zaryn aglady, bereket sorap ýalbardy»+.
Hudaý oňa Beýtelde duşdy, biz hakda gürrüň açdy+.
5 Ýehowa Serkerdebaşydyr+,
Ýehowa ady bilen tanalýandyr+.
7 Täjiriň kem çekýän terezisi bar,
Ol ýalan sözlemegi gowy görýär+.
8 Efraýym diýýär: „Men baýadym+,
Genji-hazyna topladym+.
Der döküp zähmet çekdim,
Menden hiç hili ýazyk tapmazlar“.
9 Müsürden çykanyňdan bäri,
Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn+.
Baýram günlerinde* bolşy ýaly,
Seni ýene-de çadyrda ýaşadaryn.
10 Men pygamberler+ bilen gürleşdim,
Köp görnüşleri* berdim.
Pygamberler arkaly köp mysallary gürrüň berdim.
11 Gileadda jadygöýlik edýärler+, ýalan sözleýärler.
Ekin meýdanda üýşürilen daşlara meňzeýär+.
14 Efraýym Allanyň göwnüne degdi+,
Döken gany öz boýnuna bolar,
Ol Hojaýynyna ysnat getirendigi üçin jezasyny çeker»+.
13 «Efraýym geplände, halk sandyraýardy.
Ol Ysraýylda atly-abraýlydy+.
Emma Bagala sežde edip+, günä gazandy,
Ömür tanapy kesildi.
2 Olar günä üstüne günä edýärler.
Kümüşden guýma butlary ýasaýarlar+.
Butlar ussatlyk bilen ýasalýar, ählisi ussanyň işidir.
Olar: „Gurbanlyk berýänler göleleri öpsün“+ diýýärler.
3 Şonuň üçin olar säher çagyndaky ümür kimin,
Tiz ýok bolýan çyg kimin,
Harmanda sowrulýan saman kimin,
Tüýnükden çykýan tüsse ýaly bolarlar.
4 Müsürden çykanyňdan bäri,
Men seniň Hudaýyň Ýehowadyryn+.
Menden başga Hudaýy tanamadyň.
Menden başga halasgäriň ýokdugyny bilýärdiň+.
5 Çölde, takyrlykda saňa göz-gulak boldum+.
6 Olar topragyň bol hasylyndan doýdular+,
Garynlaryny doýrup, tekepbirlik etdiler.
Soňra meni unutdylar+.
7 Men olar üçin arslan ýaly+,
Ýolda peýläp ýatan alajabars kimin bolaryn.
8 Çagasyndan aýra düşen aýy kimin üstlerine topularyn,
Olaryň döşüni ýararyn.
Şir kimin ýalmap ýuwudaryn.
Olary wagşy haýwan tüýt-müýt eder.
9 Eý Ysraýyl, sen ýok edilersiň,
Sebäbi sen maňa, hemaýatkäriňe garşy çykdyň.
10 Hany seniň patyşaň?
Goý, seni şäherleriň bilen halas etsin+.
Hany seniň hökümdaryň?
Sen: „Maňa patyşa, han-begleri ber“+ diýipdiň.
12 Efraýymyň etmişi baglanyp goýuldy,
Günäsi möhürlenip goýuldy.
13 Onuň burgusy tutar.
Emma ol akylsyz oguldyr,
Dünýä inmeli wagty gelende, ýatgydan çykmak islemez.
Eý ölüm, hany seniň zäheriň?+
Eý doýmaz-dolmaz mazar, hany seniň güýjüň?+
Men oňa rehim etmerin.
15 Ol gamyşlaryň arasynda pajarlap össe-de,
Çölden gündogar şemaly, Ýehowanyň şemaly gelip,
Guýularyny guradar, çeşmesiniň suwuny keser,
Hazynasynda duran şaý-seplerini talar+.
16 Samariýa Hudaýyna garşy gozgalaň turzup, günä etdi+.
14 «Eý Ysraýyl, Ýehowa Hudaýyňa dolan+,
Siz günäleriňiz sebäpli büdrediňiz.
2 Ýehowa dolanyp, şu sözleri aýdyň:
„Günälerimizi bagyşla+, gurbanlyklarymyzy kabul et.
Agzymyzdan çykýan alkyş sözleri
3 Bizi Assiriýa halas etmez+,
Gaýdyp at üstüne çykmarys+.
Indi ýasalan zada: „Hudaý!“ diýmeris.
Sebäbi diňe sen ýetime rehim edýärsiň“+.
4 Men olary sagaldaryn+, indi maňa biwepalyk etmezler.
5 Men Ysraýyl üçin çyg kimin bolaryn.
Ol çigildem deý gül açar,
Liwanyň agaçlary kimin kök urar.
6 Onuň şahalary ýaýrar,
Owadanlygy zeýtun agajy kimin bolar.
Liwanyň agaçlary kimin atyr ysy bark urar.
7 Halkym meniň saýamda ýaşar.
Olar bugdaý ýetişdirerler,
Üzüm agajy ýaly pajarlap öserler+.
Meniň şöhratym Liwanyň şeraby kimin bolar.
8 Efraýym: „Men butlary başyma ýapaýynmy?“+ diýer.
Men olary diňlärin, olaryň aladasyny ederin+,
Al-ýaşyl öwüsýän arça kimin bolaryn.
Olara miwe bererin».
9 Araňyzda akyldar barmy? Goý, muňa düşünsin.
Araňyzda paýhasly barmy? Goý, muny bilsin.
«Hoşaýar» adynyň gysga görnüşi. Manysy: Ýahyň halas edeni; Ýah halas etdi.
Manysy: Hudaý tohum seper.
Manysy: Rehim edilmedik.
Ýa-da: söweş; uruş.
Manysy: Meniň halkym däl.
Hoş 1:9-yň çykgydyna serediň.
Hoş 1:6-nyň çykgydyna serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Birinji ärimiň.
Ýa-da: Saňa wepaly söýgimi bildirjekdigimi.
Manysy: Hudaý tohum seper.
Hoş 1:6-nyň çykgydyna serediň.
Hoş 1:9-yň çykgydyna serediň.
Ýagny ýalan taňrylar üçin bişirilýän külçe.
Bir ganar 220 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Ýa-da: Uzak wagtlap.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: wepaly söýgi.
Başga manysy: Olar meni şöhratlandyrmaýarlar, gaýtam masgara edýärler.
Sözme-söz: Ýüregi.
Ýa-da: Palçynyň hasasy.
Hoşboý ysly, ak gülli agaç.
Buthanadaky käbir aýallar we erkekler butlara sežde edenlerinde ahlaksyzlyk edýärdiler.
Ýa-da: bugdaýdan ýasalan piwosyny.
Belki, başga milletli aýaldan doglan Hudaýy tanamaýan çagalar.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: rehimdarlygy.
Ýa-da: Olary eden işleri gurşady.
Başga manysy: Olaryň ýüregi oý-pikirlerinden ýaňa.
Sözme-söz: Kazylaryny.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: dolanarlar.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: gür şahaly.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: dymdyrylar.
Sözlüge serediň.
Ýagny bogaz bolmadyk sygyr.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: dymdyrylar.
Ýagny Ysraýyla öwüt-ündew etmek üçin iberilen pygamberler we başga adamlar.
Sözme-söz: ynsan ýüpleri we söýgi ýüpleri. Belki, çaga ýöremegi öwredenlerinde ulanylýan ýüp göz öňünde tutulýandyr.
Ýa-da: Wepaly söýgini bildir.
Sözme-söz: Bellenen günlerde.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: Siriýa.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: Dodaklaryň öküzçelerini saňa gurbanlyk bereris.