AMOS PYGAMBERIŇ KITABY
1 Tekoýaly+ çopan* Amosyň* sözleri. Ýahuda patyşasy Uzyýanyň+ we Ysraýyl patyşasy Ýowaşyň+ ogly Ýerobgamyň+ döwründe, ýertitremeden+ iki ýyl öň, Amosa Ysraýyl hakda görnüş* berildi. 2 Ol şeýle diýdi:
«Ýehowa Siondan arslan kimin arlar.
Iýerusalimden batly ses bilen gygyrar.
Çopanlaryň öri meýdanlary gurar.
Karmeliň çür depesindäki otlar solar»+.
3 «Ýehowa şeýle diýýär:
„Damask üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Sebäbi ol Gileady demir döwek bilen döwdi+.
5 Damasgyň+ derwezeleriniň kiltlerini döwerin.
Bekat-aweniň ilatyny,
Beýteremiň hökümdaryny ýok ederin.
Siriýa halky Hire+ sürgün ediler — muny Ýehowa aýdýar“.
6 Ýehowa şeýle diýýär:
„Gaza+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Sebäbi ol ähli halky ýesir alyp+, Edomyň eline berdi.
7 Men Gazanyň+ diwarlaryna ot ýagdyraryn.
Ot onuň berk diňlerini kül-peýekun eder.
8 Aşdotyň+ ýaşaýjylaryny,
Aşkelonyň+ hökümdaryny ýok ederin.
Ekrona+ el götererin,
Piliştlileriň aman galanlaryny gyraryn“+.
Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
9 Ýehowa şeýle diýýär:
„Tir+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Sebäbi ol ähli halky ýesir alyp, Edomyň eline berdi.
Olar doganlyk ähtini unutdylar+.
10 Men Tiriň diwarlaryna ot ýagdyraryn.
Ot onuň berk diňlerini kül-peýekun eder“+.
11 Ýehowa şeýle diýýär:
„Edom+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Sebäbi ol gylyç bilen doganynyň yzyndan kowdy+.
Rehim-şepagat etmedi,
Zalymlyk bilen bölek-bölek etdi.
Gahar-gazaby sowaşmady+.
13 Ýehowa şeýle diýýär:
„Ammonlar+ üç gezek,
Hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Sebäbi olar araçägini giňeltmek üçin+
Gileadyň göwreli aýallarynyň garnyny ýardylar.
14 Şol söweş güni surnaý çalnar,
Şol harasat güni apy-tupan turar.
Men Rapanyň+ diwarlaryna ot ýagdyraryn,
Ot onuň berk diňlerini kül-peýekun eder.
15 Olaryň patyşasy han-begleri bilen bile sürgün ediler“+.
Muny Ýehowa aýdýar.
2 Ýehowa şeýle diýýär:
„Mowap+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Ol Edom patyşasynyň süňklerini hek bolýança ýakdy.
2 Mowaba ot ýagdyraryn,
Ot Kirýotyň+ berk diňlerini kül-peýekun eder.
Mowap söweş surnaýynyň sesinden,
Esgerleriň goh-galmagalyndan ýaňa heläk bolar+.
3 Men onuň hökümdaryny,
Han-beglerini ýok ederin+ — muny Ýehowa aýdýar“.
4 Ýehowa şeýle diýýär:
„Ýahuda+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Sebäbi olar Ýehowanyň kanunyndan ýüz öwürdiler+.
Onuň düzgünlerini berjaý etmediler.
Ata-babalarynyň egri ýolundan ýöräp azaşdylar+.
5 Şonuň üçin Ýahuda ot ýagdyraryn,
Ot Iýerusalimiň berk diňlerini kül-peýekun eder“+.
6 Ýehowa şeýle diýýär:
„Ysraýyl+ üç gezek, hatda dört gezek gozgalaň turuzdy,
Şonuň üçin çykaran hökümimi ýatyrmaryn.
Sebäbi olar adalaty kümşe,
Garyby çaryga çalyşýarlar+.
Hem atasy, hem ogly bir aýal bilen ýatyp,
Mukaddes adyma ysnat getirýärler.
8 Her bir gurbanlyk ojagynyň*+ ýanynda
Girewine alan donlaryny ýazyp oturýarlar+.
Jerime hökmünde alan şerabyny
Taňrylarynyň buthanasynda içýärler“.
9 „Kedr agajy kimin uzyn, dub agajy kimin berk amorlary,
Halkym üçin ýok etdim+.
Amorlaryň miwelerini, köküni weýran etdim+.
Eý Ysraýyl, muny eden men dälmi?“ Muny Ýehowa aýdýar.
13 Şonuň üçin bugdaý desselerinden doly arabanyň
Topragy owradyşy ýaly,
Menem sizi kül ederin.
14 Ýüwrük adamyň gaçara ýeri bolmaz+,
Gujur-gaýratly adam güýçden gaçar,
Batyr adam başyny gutaryp bilmez.
15 Ýaýçy söweşde ýeňiş gazanmaz,
Ýüwrükler gaçyp bilmez,
Atly janyny halas edip bilmez.
16 Şol gün pälwanlaryň pälwany hem
Ýalaňaç halda gaçyp gider+ — muny Ýehowa aýdýar».
3 «Eý Ysraýyl, Ýehowanyň siz hakda, Müsürden çykaran halky barada habaryny diňläň:
2 „Men ähli milletleriň arasyndan diňe sizi saýladym*+.
Şol sebäpli-de eden günäleriňiz üçin hasabat soraryn+.
3 Ýola bile çykýan iki adam öňünden gepleşmezmi?
4 Aw awlamadyk ýolbars tokaýda arlarmy?
Penjesine hiç zat düşmedik arslan mekanynda hyrlarmy?
5 Duzak gurulmasa*, guş düşermi?
Gapana hiç zat düşmese, ol ýapylarmy?
6 Şäherde surnaý çalynsa, adamlaryň ini tikeneklemezmi?
Ýehowa ýol bermese, şähere betbagtçylyk inermi?
7 Älemiň Hökümdary Ýehowa
Pygamberlerine syryny açman hiç zat etmez+.
8 Ýolbars arlanda+, kim gorkman durup biler?
Älemiň Hökümdary Ýehowa buýursa,
Kim pygamberlik etmän durup biler?“+
9 „Aşdotyň berk diňlerinde,
Müsüriň berk diňlerinde şuny yglan ediň:
10 Berk diňlerinde zalymlyk, sütem edip,
Hazyna toplan adamlar,
Halal ýaşamagyň nämedigini bilmezler“.
Muny Ýehowa aýdýar.
11 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Duşman ýurduňy gabar+,
Ol seni tapdan düşürer,
Seniň berk diňleriňi talar“+.
12 Ýehowa şeýle diýýär:
„Çopanyň ýolbarsyň agzyndan goýnuň diňe iki aýagyny
Ýa gulagyny alyp galyşy ýaly,
Samariýada ýumşak düşekde ýatan,
Owadan kürsüde+ oturan ysraýyl halkyndan hem
Sanlyja adam aman galar“.
13 Älemiň Hökümdary, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:
„Diňläň, Ýakup öýüne habar beriň.
14 Ysraýyla gozgalaň turzandygy üçin temmi bererin+.
Şol gün Beýteliň gurbanlyk ojaklaryny*+ ýykaryn,
Olaryň şahlaryny kesip, ýere taşlaryn+.
15 Olaryň gyşlyk we ýazlyk öýlerini ýer bilen ýegsan ederin“.
4 «Samariýa dagynda+ otlaýan Başan sygyrlary!
Sözümi diňläň!
Siz mätäçleri aldap+, garyplary ezdiňiz,
Siz äriňize: „Içere şerap getir!“ diýýärsiňiz.
2 Älemiň Hökümdary Ýehowa mukaddesliginden ant içýär:
„Şeýle bir günler geler,
Duşmanlar sizi gassabyň asgyjyndan asarlar,
Aman galanlaryňyzy çeňňekler bilen tutarlar.
3 Siz diwaryň oýuklaryndan göni çykyp gidersiňiz,
Sizi Harmona taşlarlar — muny Ýehowa aýdýar“.
5 Hamyrmaýaly çöregi ýakyp, şükür sadakasyny+ beriň.
Sadakalaryňyz hakda jar ediň!
Ysraýyl halky, siz şeýle zatlary gowy görýärsiňiz ahyryn“.
Muny Älemiň Hökümdary Ýehowa aýdýar.
6 „Men siziň ähli şäherleriňize açlyk inderdim,
Öýleriňizi çörege zar etdim+.
Şonda-da maňa dolanmadyňyz“+. Muny Ýehowa aýdýar.
7 „Hasyl ýygymyna üç aý galanda, size ýagyş bermedim+,
Bir şähere ýagmyr ýagdyrdym, beýlekisine ýagdyrmadym.
Ekin meýdanlarynyň birine ýagyş ýagdy,
Beýlekisi ýagyşsyz gurap galdy.
8 Iki-üç şäheriň ilaty suw içmek üçin başga şähere gitdiler+,
Ýöne suwdan ganmadylar.
Emma şonda-da siz maňa dolanmadyňyz“+.
Muny Ýehowa aýdýar.
9 „Men gallaňyzyň üstüne gyzgyn şemal öwüsdirdim,
Heňledip çüýretdim+.
Siz baglaryňyzy we üzümçiligiňizi köpeltseňiz-de,
Injir we zeýtun agaçlaryňyzy çekirtge iýip ýok etdi+.
Emma şonda-da siz maňa dolanmadyňyz“+.
Muny Ýehowa aýdýar.
10 „Müsürde edişim ýaly, siziň araňyza mergi ýolladym+,
Düşelgäňiz jesetleriň ysyndan ýaňa porsaýar+.
Emma şonda-da siz maňa dolanmadyňyz“.
Muny Ýehowa aýdýar.
11 „Sodom we Gomorrany+ kül edişim ýaly,
Siziň ýurduňyzy hem ýok etdim,
12 Şonuň üçin eý Ysraýyl, saňa şulary ederin,
Başyňa şulary indererin.
Eý Ysraýyl, Alla bilen ýüzleşmäge taýýar bol!
13 Seret, ol daglara şekil berdi+, şemaly ýaratdy+.
Ol pikirlerini adama aýdyp berýär,
Daň şapagyny garaňkylyga öwürýär+,
Belent ýerlerden ýöreýär+.
Ady Serkerdebaşy Ýehowadyr».
5 «Eý Ysraýyl öýi, siziň üçin aýdýan agymy* diňläň:
2 „Ysraýyl gyzy ýykyldy,
Indi ýerinden galyp bilmez.
Ony ýurdunda taşlap gitdiler,
Ýerinden galdyrjak tapylmaz“.
3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär:
„Ysraýyl öýüniň üstüne betbagtçylyk iner.
Şäherden söweşe müň adam çykar,
Ýöne ýüz adam aman galar.
Söweşe ýüz adam çykar, emma on adam aman galar“+.
4 Ýehowa Ysraýyl öýüne şeýle diýýär:
„Maňa dolanyň, halas bolarsyňyz+.
6 Ýehowa dolanyň, halas bolarsyňyz+.
Ýogsam ol Ýusup öýüni ýakyp kül eder.
Beýteli ýandyrar, söndüren bolmaz.
7 Siz adalatsyzlyk edip,
Halkyň durmuşyny ýowşan ýaly ajy etdiňiz.
Adalaty aýak astynda basgyladyňyz+.
8 Ol Ülker ýyldyzyny*, Üç Ýyldyzy* ýaratdy+.
Ol tümlügi ýagtylyga öwürýär,
Gündizi gije kimin garaňky edýär+.
Deňziň suwlaryny ýygnap,
Ýer ýüzüne çabga ýagdyrýar+.
Onuň ady Ýehowadyr.
9 Ol pälwany göz açyp-ýumasy salymda ýok eder,
Galanyň üstüne betbagtçylyk inderer.
10 Siz şäher derwezesinde käýinç berýänleri,
Hakykaty aýdýanlary ýigrenýärsiňiz+.
11 Siz garyba salgyt salýarsyňyz,
Bergisi üçin hasylyny elinden alýarsyňyz+.
Şonuň üçin oýma daşdan guran jaýyňyzda ýaşamarsyňyz+.
Eken saýlama üzümiňizden şerap içmersiňiz+.
12 Siz ençeme gezek gozgalaň turuzdyňyz,
Agyr günäleri etdiňiz.
Siz dogruçyl adama köp azar berdiňiz, para aldyňyz,
Şäher derwezesinde garyba adalatsyzlyk etdiňiz+.
Men ähli eden zatlaryňyzy bilýärin.
13 Şonuň üçin heläkçilik döwri geler+,
Şol döwürde düşünjeli adam dymar.
Belki şonda: „Hudaý biziň bilendir!“ diýşiňiz ýaly,
Serkerdebaşy Ýehowa, dogrudan-da, siziň bilen bolar+.
Belki, şonda Serkerdebaşy Ýehowa
Ýusup öýüniň aman galanlaryna rehim eder“+.
16 Ýehowa, Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:
„Ähli adamlar şäher meýdançalarynda* aglarlar.
Ähli köçelerde: „Waý halymyza!“ diýerler.
Daýhanlary matam tutmaga,
Agyçylary agy aýtmaga çagyrarlar“.
17 „Her bir üzümçilikde ýas tutarlar+,
Sebäbi men size jeza bermek üçin araňyzdan geçerin“.
Muny Ýehowa aýdýar.
18 „Ýehowanyň gününi küýseýänleriň waý halyna!+
Ýehowanyň gününde size näme bolar?+
Ol gün garaňkylyk we tümlük bolar+.
19 Ýolbarsdan gaçyp, aýa duşan adamyň,
Öýüne girip, diwara söýenende ýylan çakan adamyň ýagdaýy nähili bolsa, ol gün hem şeýle aýylganç bolar.
20 Ýehowanyň gününde ýagtylyk däl-de, garaňkylyk bolar,
Yşyk däl-de, tümlük bolar.
21 Baýramlaryňyzy ýigrenýärin, olar ýüregimi bulaýar+.
Uly baýramlarda berilýän gurbanlyklary halamaýaryn.
22 Maňa ýakma gurbanlyklaryny we sadakalary berseňiz-de,
Olardan hoşal bolmaryn+.
Parahatlyk gurbanlygy hökmünde beren
Semiz mallaryňyzy kabul etmerin+.
24 Goý, adalat derýa kimin aksyn+,
Dogruçyllyk çeşme kimin şarlap aksyn.
25 Eý Ysraýyl öýi, çölde 40 ýyllap
Maňa gurbanlyklar we sadakalar berdiňizmi näme?+
26 Indi eliňiz bilen ýasan ýyldyz butlaryňyz,
Sakut we Kaýwan* butlaryňyz siziň bilen sürgün ediler.
27 Men sizi Damaskdan hem aňry sürgün ederin“+.
Muny ady Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar»+.
6 «Sionyň gopbamsy halkynyň,
Samariýa dagyna daýanýanlaryň waý halyna!+
Ysraýyl öýüniň kömek soraýan baştutanlarynyň,
Beýik halklaryň baştutanlarynyň waý halyna!
2 Kalnehe gidip, ol ýere syn ediň.
Soňra beýik Hamata+ ýola düşüň,
Piliştlileriň Get şäherine baryň.
Olar siziň ýurtlaryňyzdan* gowumy?
Ýa-da olaryň ýurdy siziňkiden ulumy?
4 Siz piliň süňkünden+ ýasalan sekilerde ýatýarsyňyz,
Kürsülerde+ ýassanyp oturýarsyňyz,
Sürüdäki goçlary, bakylan öküzleri iýýärsiňiz+.
5 Siz arfanyň heňine görä aýdym düzýärsiňiz+,
Dawut ýaly täze saz gurallaryny ýasaýarsyňyz+.
6 Siz käsäni şerapdan püre-pür edip içýärsiňiz+,
Başyňyza atyr ysly ýag çalýarsyňyz.
Ýusubyň düşen agyr gününe+ biparh seredýärsiňiz.
7 Ilki bilen siz sürgün edilersiňiz+,
Meýlis gurnap, ýassanyp ýatan adamlaryň soňy geler.
8 Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär:
„Men Älemiň Hökümdary Ýehowa,
Öz adymdan ant içýärin+.
Ýakubyň tekepbirligi ýüregimi bulaýar+,
Berk diňlerini ýigrenýärin+,
Men şäheri, ähli zadyny duşmanyň eline bererin+.
9 Bir öýde on erkek bolsa, olaryň ählisi öler. 10 Olary daşary çykaryp, bir-birden otda ýakmak üçin agasy geler, olaryň jesetlerini öýden çykarar. Soňra içerdäki adamdan: „Ýene barmy?“ diýip sorar. Ol hem: „Ýok!“ diýip jogap berer. Şonda agasy: „Sesiň çykmasyn! Indi Ýehowanyň adyny çagyrmagyň peýdasy ýok“ diýer.
12 Atlar gaýalarda çapyp bilermi?
Öküzler gaýalarda ýer sürüp bilermi?
Siz adalaty, dogruçyllygy depeläp,
Halkyň durmuşyny zäherli ot, ýowşan ýaly ajy etdiňiz+.
13 Siz biderek zatlara guwanyp:
„Öz güýjümiz bilen aýaga galmadykmy?“+ diýýärsiňiz.
14 Şonuň üçin, Ysraýyl öýi, üstüňize bir milleti çozduraryn+,
Olar Lebo-hamatdan*+ Araba jülgesine çenli sizi ezerler“.
Muny Serkerdebaşy Ýehowa aýdýar».
7 Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa şuny görkezdi: patyşa üçin bede ýygnalypdy, güýzlük ekin ösüp başlanda, Hudaý çekirtge sürüsini iberdi. 2 Çekirtgeler ýurtdaky ähli gök otlary iýip gutardy. Şonda men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, ýalbarýaryn, halky bagyşla!+ Ýakup nädip aman galyp biler? Ol ejiz ahyryn!»+ diýdim.
3 Ýehowa pikirini üýtgetdi*+. Ýehowa: «Betbagtçylyk gelmez» diýdi.
4 Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa şuny görkezdi: Älemiň Hökümdary Ýehowa jeza bermek üçin ot iberdi. Ot deňzi we ýurduň bir bölegini ýalmap ýuwutdy. 5 Men: «Älemiň Hökümdary Ýehowa, ýalbarýaryn, saklan!+ Ýakup nädip aman galyp biler? Ol ejiz ahyryn!»+ diýdim.
6 Ýehowa pikirini üýtgetdi*+. Älemiň Hökümdary Ýehowa: «Beýle betbagtçylyk gelmez» diýdi.
7 Ol maňa şuny görkezdi: Ýehowa ölçeg daşy* bilen gurlan diwaryň üstünde durdy, elinde-de ölçeg daşy bardy. 8 Ýehowa maňa: «Amos, näme görýärsiň?» diýdi. Men: «Ölçeg daşyny» diýdim. Şonda Ýehowa şeýle diýdi: «Men ysraýyl halkymy ölçeg daşy bilen barlaryn. Indi men olary bagyşlamaryn+. 9 Yshagyň seždegähleri*+ weýran bolar, Ysraýylyň mukaddes ýerleri derbi-dagyn ediler+. Men Ýerobgamyň öýüne gylyç bilen gelerin»+.
10 Beýteliň+ Amazýa ruhanysy Ysraýyl patyşasy Ýerobgama+ şeýle habar ýollady: «Amos Ysraýylda size garşy dildüwşük gurnaýar+. Onuň sözleri halkyň ýüregine düşdi+. 11 Amos: „Ýerobgam gylyçdan öler, ysraýyl halky ýurdundan sürgün ediler“+ diýýär».
12 Amazýa ruhany Amosa şeýle diýdi: «Eý görgür*, bärden git, Ýahuda ýurduna gaç. Iýjek çöregiňi aňyrda gazan, pygamberligiňi-de şol ýerde et+. 13 Indi gaýdyp Beýtelde pygamberlik etme+. Sebäbi ol patyşanyň we patyşalygyň ybadathanasydyr»+.
14 Amos pygamber Amazýa şeýle diýdi: «Men pygamberem däl, pygamberiň ogly hem däl. Men bir çopandym+, injir agajyna seredýän bagbandym. 15 Emma Ýehowa meni goýun bakyp ýören ýerimden çagyrdy. Ýehowa maňa: „Bar, ysraýyl halkyma pygamberlik et“ diýdi+. 16 Indi Ýehowanyň sözlerini diňle! Sen maňa: „Ysraýyla garşy pygamberlik etme+, Yshagyň öýüne garşy ýekeje söz hem aýtma“+ diýdiň. 17 Şonuň üçin Ýehowa şeýle diýýär: „Seniň aýalyň zorlanar, ogul-gyzlaryň gylyç bilen öldüriler, ekin meýdanyň ölçeg ýüpi bilen paýlanar, sen ýat ýurtda ölersiň, ysraýyl halky sürgün ediler“»+.
8 Älemiň Hökümdary Ýehowa maňa tomus miwelerinden doly sebedi görkezdi. 2 Ol menden: «Amos, näme görýärsiň?» diýip sorady. Menem: «Tomus miwelerinden doly sebedi görýärin» diýip jogap berdim. Soňra Ýehowa şeýle diýdi: «Ysraýyl halkymyň soňy geldi. Indi olary bagyşlamaryn+. 3 Älemiň Hökümdary Ýehowa şeýle diýýär: „Şol gün ybadathanada aýdylýan aýdymlar aga öwrüler+. Daş-töwerekde jesetler pytrap ýatar+. Ümsüm boluň!“
4 Garyplary ezýänler,
Ýumşaklary ýok edýänler, diňläň!+
5 Siz şeýle diýýärsiňiz:
„Täze aý baýramy gutarsady+, bugdaý satardyk,
Sabat güni geçsedi+, galla satmaga giderdik.
Şonda çuwalymyzy* kiçeldip,
Bahasyny galdyrardyk,
Tereziden iýip, olary aldardyk+.
6 Mätäji kümüş teňňä satyn alardyk,
Garyby çaryga çalşardyk+.
Bugdaýyň kepegini satardyk“.
Tutuş ýurt tolkun atýan Nil derýasy kimin howsala düşer,
Müsüriň dolup-daşan Nil derýasy kimin bolar“+.
9 Älemiň Hökümdary Ýehowa yglan edýär:
„Şonda günortan çagy Gün batar,
Gündiziň güni ýagty jahany garaňkylyk basar+.
10 Men siziň baýramlaryňyzy ýasa+,
Aýdymlaryňyzy aga öwrerin,
Biliňize jul* guşap, saçyňyzy syraryn.
Ýalňyz perzendi üçin ýas tutýan adam ýaly bolarsyňyz,
Ol gün elhenç bolar“.
11 Älemiň Hökümdary Ýehowa yglan edýär:
„Şeýle günler geler, men tutuş ýurda açlyk indererin.
Adamlar bir döwüm çörege, bir owurt suwa däl-de,
Ýehowanyň agzyndan çykýan söze zar bolarlar+.
12 Olar deňizden-deňze,
Demirgazykdan gündogara çenli entärler.
Ýehowanyň sözüni agtararlar, ýöne tapmazlar.
13 Şol gün gözel gyzlar, goç ýigitler,
Teşnelikden ýaňa huşuny ýitirerler.
14 Samariýanyň butlaryndan+ ant içip:
„Eý Dan+, taňryň diri şaýatdyr!“ diýýänler,
„Beýer-şebanyň+ ýolundan ant içýärin!“ diýýänler ýykylar,
Hiç haçan aýaga galmazlar“»+.
9 Men gurbanlyk ojagynyň* ýanynda Ýehowanyň durandygyny gördüm+. Ol maňa şeýle diýdi: «Sütünleriň depesine ur, goý, tutuş öý sarssyn. Sütünleriň depesini owrat. Men aman galan adamlary gylyç bilen öldürerin. Hiç biri gaçyp gutulmaz+.
3 Karmeliň depesinde gizlenseler-de,
Olary agtaryp taparyn, ol ýerden alyp gaýdaryn+.
Menden gaçyp, deňziň düýbünde gizlenseler-de,
Olary ýylana çakdyraryn.
4 Duşmanlary olary ýesir alyp gitse-de,
Şol ýerde gylyç bilen öldürerin+.
Olardan gözümi aýyrman,
Ýagşylyk däl-de, ýamanlyk ederin+.
5 Älemiň Hökümdary,
Serkerdebaşy Ýehowa ýurda* elini degrende,
Bütin ýurt ereýär+, halky ýas tutýar+.
Tutuş ýurt tolkun atýan Nil derýasy kimin howsala düşer,
Müsüriň dolup-daşan Nil derýasy kimin bolar+.
6 „Ol basgançagyny göklerde gurdy,
Ýeriň üstüni gümmez bilen örtdi.
Deňziň suwlaryny ýygnap,
Ýer ýüzüne çabga ýagdyrdy+.
Onuň ady Ýehowadyr“+.
7 Ýehowa şeýle diýýär: „Ysraýyl halky!
Siz meniň üçin kuşlular* ýaly dälmi?
Emma Ýakubyň öýüni doly ýok etmerin“+.
Muny Ýehowa aýdýar.
10 „Heläkçilik inmez, golaýymyza-da gelmez“ diýýänler,
Halkymyň günä edenleri gylyçdan öler“.
11 „Şol gün Dawudyň weýran bolan öýüni dikelderin+.
Ýykylan diwarlaryny galdyraryn,
Haraba öwrülen ýerlerini abatlaryn,
Öňki günlerdäki ýaly täzeden guraryn+.
12 Şonda olar Edomyň+ aman galanlarynyň,
Adymy göterýän milletleriň üstünden höküm sürerler“.
Muny aýdýan Ýehowa hökman ýerine ýetirer.
13 Ýehowa diýýär: „Şeýle günler geler,
Bol hasyl orlup ýetişmänkä, sürüm wagty geler.
Üzüm sykylyp ýetişmänkä, ekiş möwsümi geler+.
Daglardan hem baýyrlardan
Täze şerap şarlap akar+.
14 Ysraýyl halkymyň ýesir düşenlerini yzyna getirerin+.
Olar haraba öwrülen şäherlerini dikeldip, onda ýaşarlar+,
Üzüm ekip, şerabyny içerler+,
Baglar ekip, miwesini iýerler“+.
15 „Olary öz topragynda ekerin,
Meniň beren ýurdumdan köki bilen sogrulmaz“+.
Muny Ýehowa Hudaýyňyz aýdýar».
Ýa-da: maldar.
Manysy: Ýük bolan; ýük göterýän.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözme-söz: tanadym.
Başga manysy: Tora däne sepilmese.
Sözlüge serediň.
Başga manysy: Köp.
Ýa-da: agy aýdymymy.
Başga manysy: geň zada öwrüler.
Sözme-söz: Kimany.
Sözme-söz: Kesili.
Sözlüge serediň.
Arfanyň bir görnüşi.
Olaryň sežde eden Sakut we Kaýwan butlary Saturn planetasyny aňladýan bolmaly.
Ýahuda we Ysraýyl patyşalyklaryny aňladýan bolmaly.
Ýa-da: Hamatyň girelgesinden.
Ýa-da: ökündi.
Ýa-da: ökündi.
Gurluşykda jaýyň diwarlaryny, burçlaryny dogry, göni çykarmak üçin ujuna agyr zat dakylyp, ýokardan aşak sallanýan eriş, kiriş.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýer ýüzi.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: ýer ýüzüne.
Ýa-da: efiopiýalylar.