Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • g18 No. 2 sah. 8
  • 5. Gürrüňdeş bolmak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • 5. Gürrüňdeş bolmak
  • Oýanyň! — 2018
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • NÄME?
  • NÄME ÜÇIN WAJYP?
  • NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
  • Ata-eneler we çagalar, mähirlilik bilen gürrüňdeş boluň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • 8. Görelde
    Oýanyň! — 2018
  • Çagany nädip terbiýelemeli?
    Siziň maşgalaňyz bagtly bolup biler
  • Ata-eneler çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Oýanyň! — 2018
g18 No. 2 sah. 8
Ene-ata köprüden geçip, gyzynyň ýanyna barýar

Gürrüňdeşlik — ene-ata bilen çaganyň arasyndaky köpri

ENE-ATALARA

5. Gürrüňdeş bolmak

NÄME?

Gürrüňdeş bolmak üçin ene-atalaram, çagalaram biri-birine pikirini we duýgularyny açyk aýtmaly.

NÄME ÜÇIN WAJYP?

Esasanam, ýetginjekler bilen dil tapyşmak kyn bolýar. Bir kitapda şeýle diýilýär: «Çagaňyz kiçijekkä soramasaňyzam size bar zady gürrüň berendir, indi bolsa sorasaňyzam hiç zat aýdasy gelýän däldir. Sebäbi çaganyň ýüregi içinden gulplanan gapa meňzeýär. Ýetginjek çagaňyz „gapyny“ açmasa, siz girip bilýän dälsiňiz» («Breaking the Code»). Çagaňyz ýüz bermeýän, gepleşesi gelmeýän ýaly bolup görünse-de, dilini tapyp, gürrüňdeş boluň.

NÄME EDIP BILERSIŇIZ?

Çagaňyzyň gepleşesi gelýän wagty diňläň. Hatda daň atýança gürrüňdeş bolasy gelse-de, diňlemäge taýyn boluň.

«Çagaňyz size ýüregini dökjek bolsa, „uzakly gün öýde bolup aýtman, gel-gel şu wagt aýdasyň geldimi?“ diýmegiňiz mümkin. Ýöne çagaňyzy bir zat biynjalyk edýän bolsa, onuň ýüzüni almaň, gaýtam begeniň» (Leýli).

«Men irräk ýatmagy gowy görýän. Ýöne çagalarym bilen gürrüňimiz ýarygije gyzygyp başlaýar» (Hesel).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Goý, her kim öz peýdasyny däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlesin» (1 Korinfliler 10:24).

Işiňizi goýup, ünsli diňläň. Bir adam şeýle diýýär: «Çagalarym bir zat gürrüň berende, kelläm başga ýerde bolýar. Olar muny derrew aňyp: „Kakam bizi diňlänogam“ diýýärler».

Çagaňyz bir zat diýende, hatda telefon ýa telewizor görüp oturanam bolsaňyz, olary öçüriň. Çagaňyzyň aýdýan zady siz üçin gyzykly bolmasa-da, ünsli diňläň.

«Ene-ata çagasy bilen gyzyklanyp, ony diňlemeli. Ýogsam çagalar: „Aýdanymyň peýdasy näme?! Barybir diňlänok“ diýip, başga birine içini döker» (Maral).

«Çagaňyzyň aýdýany nädogram bolsa, derrew düzetjek bolmaň» (Arslan).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Aýdýan zatlarymy ünsli diňläň» (Luka 8:18).

Çagaňyz bilen her wagt gürrüňdeş boluň. Çagalar bilen ýörite oturyp gepleşmelidir öýtmäň. Bile bir iş edeniňizde, bir ýere gideniňizde gürrüňdeş boluň.

«Biz ulagda barýarkak gyzykly gürrüň edýäris. Şonda çagalar ýüzbe-ýüz oturyp gepleşenimizden has arkaýyn gepleşip bilýärler» (Nartäç).

Saçak başynda-da gürleşmäge gowy pursat bolýar.

«Agşam nahar iýenimizde şol gün bolan zatlar hakda gürrüň edýäris. Şeýle gürrüňler kynçylyklary bile ýeňmäge kömek edýär, maşgalamyzam agzybir bolýar» (Rejep).

MUKADDES KITAPDAKY MASLAHAT: «Diňlemäge taýyn bolmaly, geplemäge howlukmaly däl» (Ýakup 1:19).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş