Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • T-23 sah. 2—6
  • Ýehowa Ol kim?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa Ol kim?
  • Ýehowa Ol kim?
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Şol Ýasaýjy kimkä?
  • Onuň adynyň manysy
  • Ýehowanyň esasy häsiýetleri
  • Ýehowa baradaky bilim näme peýda berýär?
  • Hakyky Hudaý kim?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Ýalňyz hak Hudaý Ýehowany dabaralandyryň
    Ýalňyz hak Hudaýa sežde ediň
  • Hudaýyň ajaýyp häsiýetleri
    Bagtly ýaşamaga kömek edýän hakyky iman
Ýehowa Ol kim?
T-23 sah. 2—6

Ýehowa Ol kim?

XIX asyryň fransuz barlag geçirijisi ANRI MUO, Kambodžadaky jeňňeliň içinden kynlyk bilen geçip gelýärkä, töwerek daşyny giň garym gurşaýan bir ybadathana çykdy. Bu ybadathananyň ady — Angkor-Watdy — ýer ýüzündäki iň uly dini ýadygärlikdi. Haşal ot basyp giden bu binanyň ynsan elleri bilen döredilendigini Muo derrew aýdyp bilerdi. «Gadymy Mikelanjelo diýen biriniň guran bu binasy — Gresiýa we Rim döwründen bize çenli ýeten zatlaryň ählisinden uludyr» — diýip Muo ýazýar. Bu ähli çylşyrymly binalaryň asyrlar boýy idegsizlikde duranyna garamazdan, olary kimdir biriniň gurandygy barada Muoda hiç hili şübhe döremändir.

Ençeme asyrlar mundan öň ýazylan bir paýhasly kitapda şoňa meňzeşräk netije çykarylmagy gyzyklydyr: «Çünki her öý biri tarapyndan ýasalýar, Hudaý bolsa bar zady ýasandyr» (Ýewreýler 3:4). «Tebigat bilen ynsan elleriniň eden zadyny deňeşdirip bolmaz» — diýip, kimdir biri aýdyp biler. Emma hemme alymlar munuň ýaly garşylyk bilen razy däl.

Meselem, Lihaý uniwersitetiniň (Pensilwaniýa, ABŞ) biohimiýa professory Maýkl Bihi: «Biohimiki sistemalaryň jansyz obýektler däldigini» boýun alyp, şeýle sorag berýär: «Janly biohimiki sistemalary döretmek mümkinmi?» Soňra onuň belleýşine görä, şu günler alymlar, meselem, gen inženeriýasynyň usullary bilen, janly organizmlerde belli bir maksat üçin düýpli üýtgeşikler edip bilýärler. Hawa, janly we jansyz zatlary ýasamak mümkin! Janly öýjükleriň mikrodünýäsine seredip, Bihi geň galdyrýan çylşyrymly sistemalar barada aýdýar, onuň aýry-aýry bölekleri biri-biri bilen diňe özara berk gatnaşykda işleýär. Alym nähili netijä gelýärkä? «Öýjügi dykgatly öwrenmegiň netijesi, ýagny ýaşaýşy molekulýar derejede öwrenmegiň netijesi — onuň ýasalandygy barada düşnükli we ynandyrjy aýdýar».

Bu çylşyrymly sistemalaryň hemmesini kim ýasadyka?

Şol Ýasaýjy kimkä?

Ýasaýjy baradaky soraga jogap, ýokarda sitata getirilen paýhasly gadymy kitapda, ýagny Mukaddes Ýazgylarda berilýär. Eýýäm onuň ilkinji sözleri hemme zady ýaradan kim diýen soraga örän düşnükli we ýönekeý jogap berýär: «Başlangyçda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» (Barlyk 1:1).

Adamlaryň oýlap tapan hudaýlaryndan tapawutlanmak üçin Ýaradyjy Özüne deňi-taýy bolmadyk at goýdy: «Gökleri Ýaradan.., ýeri we onuň hasylyny Ýazýan, adamlara dem berýän hakyky Hudaý, Ýehowa, ine, şeýle diýdi» (Işaýa 42:5, 8, TD). Ýehowa — bu, Älemi döreden we Ýer ýüzünde adamlary ýaradan Hudaýyň adydyr. Emma Ýehowa — ol kim? Ol nähili Hudaý? Siz näme üçin Oňa gulak asmaly?

Onuň adynyň manysy

Hemme zatdan öňürti, Ýaradyjynyň ady — Ýehowa — nämäni aňladýandygyny göreliň. Hudaýyň ady dört ýewreý harplary (יהוה) bilen ýazylýar we Mukaddes Ýazgylaryň Ýewreý Ýazgylary diýip atlandyrylýan böleginde takmynan 7 000 gezek duş gelýär. Bu at — hawah («bolmak») diýen ýewreý işliginiň ýükletme derejesidir, we şonuň üçin hem, onuň manysy — «Ol boldurýar», ýa-da «Ol bolmana berýär». Başgaça aýdaňda, Ýehowa, Öz niýetlerini amala aşyrmak üçin, hikmet bildirip, kim bolmaly bolsa şol hem bolýar. Wadalaryny ýerine ýetirmek üçin ol, Ýaradan, Höküm ediji, Halasgär, Ýaşaýşy goraýjy we şuňa meňzeş bolýar. Onuň üstesine-de, ýokarda agzalan ýewreý işliginiň görnüşi, ýa-da «Ýehowa» diýen at häzirki zamanda edilýän herekedi görkezýär. Şundan, Ýehowa elmydama-da öz wadalarynyň Berjaý edijisi bolýar diýen netije çykýar. Ol diri Hudaý!

Ýehowanyň esasy häsiýetleri

Mukaddes Ýazgylarda özüniň ähli wadalaryny berjaý edýän Ýaradyjy örän özüne çekiji şahsyýet hökmünde beýan edilýär. Ýehowanyň özi tapawutlanýan häsiýetlerini açyp, şeýle diýdi: «Ýehowa, Ýehowa, rehimdar we mähriban, gaharlanmaga haýal we merhemete we hakykata bol, müňlerçelere merhemetini saklaýan, ýalňyşy we ýazygy we günäni bagyşlaýan Hudaýdyr» (Çykyş 34:6, 7, TD). Ýehowa «merhemete bol» Hudaý hökmünde beýan edilýär. Şu ýerde «merhemet» diýip terjime edilen ýewreý sözüni şeýle hem «wepaly söýgi» ýaly terjime etmek mümkin. Ozaldan gelýän niýetlerini amala aşyrmak bilen, Ýehowa ýaradan zatlaryna söýgüsini bildirmegini wepalylyk bilen dowam edýär. Eýsem siz şeýle söýgüniň gadyryny bilmezdiňizmi!

Ýehowa köp sabyrly we biziň günälerimizi geçmäge taýyn. Bizde kemçilik gözlemeýän, gaýtam bagyşlamaga taýýar biri biziň ýanymyzda bolsa, gör nähili ýakymly. Emma bu, Hudaýyň günälere gözüni ýumýandygyny aňlatmaýar. Onuň Özi şeýle diýdi: «Men Ýehowa, adalaty söýýän, adalatsyz talaňy ýigrenýän» (Işaýa 61:8, TD). Adalatly Hudaý hökmünde, Ýehowa, erbetligini dowam edýän, düzelmeýän günäkärlere ebedilik sabyr etmez. Şonuň üçin, Ýehowa öz bellän wagtynda dünýädäki ähli adalatsyzlygy ýok eder diýip biz ynanýarys.

Işleriňde söýgini we adalaty sazlaşykly utgaşdyrmak üçin örän hikmetli bolmaly. Biz bilen gatnaşyklarda Ýehowa edil şol häsiýetlerini bildirýär (Rimliler 11:33—36). Ýaradanyň hikmeti ähli ýerde görüniýär. Gurşap alýan dünýäniň gudratlary şoňa subutnamadyr (Zebur 104:24; Süleýmanyň Tymsallary 3:19).

Ýöne diňe hikmet ýeterlikli däl. Niýet eden zatlaryny doly amala aşyrmak üçin Ýaradyjynyň güýji bolmaly, we Onuň güýji Mukaddes Ýazgylaryň görkezişi ýaly, hakykatdan-da beýik: «Gözleriňizi ýokaryk galdyryň we serediň. Şol zatlary kim ýaratdy? Olaryň goşunyny hatda sanap çykarýan Şoldur, olaryň ählisini Ol hatda adyny tutup çagyrýar. Hereket etdirýän güýjüniň köplügi sebäpli... olaryň hiç biri hatardan çykmaýar» (Işaýa 40:26, TD). Hawa, Ýehowanyň «hereket etdirýen güýjüniň köplügi», Oňa öz niýetlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Eýsem Ýehowanyň bu häsiýetleriniň hemmesi, sizi özüne çekenokmy?

Ýehowa baradaky bilim näme peýda berýär?

Ýehowa, «[Ýeri] ýöne biderek ýaratmady: Ol ony... [özi bilen gowy aragatnaşygy saklaýan adamlar] ...ýaşar ýaly ýasady» (Işaýa 45:18, TD; Barlyk 1:28). Ol ýerdäki ýaradanlary barada alada edýär. Hudaý adamzada jennetde kämil başlangyç berdi. Adamlar bolsa şol jennedi zaýalap, Ýehowanyň gaharyny getirdiler. Ýöne Ýehowa öz adynyň manysyna doly laýyklykda hereket edip, adamlar we Ýer baradaky ilkinji niýetini ýerine ýetirer (Zebur 115:16; Ylham 11:18). Ol ýer ýüzünde jenneti dikeldip, Ony çagalary kimin höwes bilen özüne tabyn bolýan adamlara berer (Süleýmanyň Tymsallary 8:17; Matta 5:5).

Mukaddes Ýazgylaryň soňky kitabynda şol Jennetdäki ýaşaýşyň nähili boljakdygy beýan edilýär: «Ol olaryň gözlerinden ähli ýaşlaryny süpürer. Indi ne ölum, ne ýas, ne agy, ne-de agyry bolar. Çünki öňki zatlar aradan aýryldy» (Ylham 21:3, 4). Bu hakyky ýaşaýyş bolar, Ýehowa siziň hem edil şular ýaly ýaşamagyňyzy isleýär. Biziň Gökdäki Atamyz gör nähili jomart! Ol barada, we şol Jennetde ýaşamak üçin sizden näme talap edilýändigi barada köpräk bilesiňiz gelýärmi?

Başgaça görkezilmedik bolsa, aýatlar Mukaddes Ýazgylaryň türkmen terjimesinden alynandygyny aňladýar. Eger-de aýatdan soň TD goýlan bolsa, onda ol aýat Mukaddes Ýazgylaryň iňlisçe çap edilen Täze Dünýä Terjimesinden alynandygyny aňladýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş