Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 8 sah. 26—sah. 27 abz. 1
  • Ybraýym bilen Bibisara Hudaýa gulak asdy

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ybraýym bilen Bibisara Hudaýa gulak asdy
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Ybraýym pygamber kim?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
  • Ybraýym — Hudaýyň dosty
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýehowa oňa «dostum» diýdi
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Hudaý Ybraýymyň imanyny synaýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 8 sah. 26—sah. 27 abz. 1
Ybraýym bilen Bibisara Ur şäherinden göçmek üçin zatlaryny ýygnaýar

8-NJI SAPAK

Ybraýym bilen Bibisara Hudaýa gulak asdy

Wawilon şäheriniň golaýynda Ur şäheri bardy. Ol ýerdäki adamlaryň köpüsi her hili zat ýasap, şoňa sežde edýärdi. Ýöne bir adam diňe Ýehowa sežde edýärdi. Onuň ady Ybraýym.

Ýehowa Ybraýyma: «Öýüňi, dogan-garyndaşlaryňy goýup ýola düş, saňa nirä gitmelidigini aýdaryn» diýdi. Soňra: «Seniň çagalaryňy köpelderin, sen arkaly hemme adamlara ýagşylyk ederin» diýdi.

Ybraýym nirä gitmelidigini bilmese-de, Ýehowanyň aýdanyny etdi. Ybraýym, gelni Bibisara, kakasy Tarah we inisi Lut ýola düşdi. Olar diňe egin-eşiklerini we gerek zatlaryny aldylar.

Ybraýym maşgalasy bilen ahyry Ýehowanyň aýdan ýurduna bardy. Oňa Kengan diýilýärdi. Şol wagt Ybraýym 75 ýaşyndady. Ýehowa Kenganda Ybraýym bilen gepleşdi. Oňa: «Şu ýurdy çagalaryňa bererin» diýip söz berdi. Ýöne Ybraýym bilen Bibisaranyň çagasy ýokdy, özleri hem garrydy. Onda Ýehowanyň aýdyşy ýaly bolarmy?

Ybraýym maşgalasy bilen Kengan ýurduna barýar

«Ybraýym pygamber iman edendigi üçin Hudaýyň çakylygyna gulak asyp, miras beriljek ýere gitdi. Ol nirä barýandygyny bilmese-de, dogduk mekanyndan çykyp gaýtdy» (Ýewreýler 11:8).

Soraglar: Ýehowa Ybraýyma näme et diýdi? Ol Ybraýyma näme söz berdi?

1 Musa 11:29—12:9; Resullar 7:2—4; Galatýalylar 3:6; Ýewreýler 11:8

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş