Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lff sap. 12
  • Sapagyňy yzygider geç

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sapagyňy yzygider geç
  • Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • SÖHBETDEŞLIK
  • ESASY PIKIRLER
  • KÖPRÄK BILIŇ
  • Mukaddes Kitabyň näme peýdasy bar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Mukaddes Kitabyň näme peýdasy bar?
    Ebedi ýaşaň! Ilkinji sapaklar
  • Sen suwa çümdürilmäge taýýarmy?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Mukaddes Kitapda iş we pul barada näme diýilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
lff sap. 12
12-nji sapak. Iki çagaly gelin Ýehowanyň Şaýady bilen Mukaddes Kitapdan sapak geçýär.

12-NJI SAPAK

Sapagyňy yzygider geç

Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi
Çap edilen görnüşi

Käbir adamlar Mukaddes Kitaby öwrenmegi kyn görýärler, ýöne peýdasy hakda oýlanmaýarlar. Belki, sen: «Men şu kitaby soňuna çenli geçip bilermikäm?» diýýänsiň. Sapagyňy näme üçin yzygider geçmeli? Yzygider geçmäge näme kömek eder?

1. Mukaddes Kitap okuwyny näme üçin geçmeli?

Ýewreýler 4:12-de şeýle diýilýär: «Hudaýyň sözi diri hem güýçlüdir». Mukaddes Kitaba taý geljek kitap ýok, sebäbi onda Hudaýyň pikirleri, Ýehowanyň saňa söýgüsi hakda ýazylypdyr. Mukaddes Kitaby okap, diňe bir bilimiňi artdyrman, eýsem has düşünjeli bolarsyň we gelejege umytly gararsyň. Iň esasy zat, Ýehowa bilen dostlaşarsyň. Şeýle-de sapagy yzygiderli geçseň, durmuşyň kem-kemden gowulaşar.

2. Näme üçin Mukaddes Kitabyň gadyr-gymmatyny bilmeli?

Mukaddes Kitap — içi gymmatbaha dürdänelerden doly hazyna. Şonuň üçinem «hakykaty satyn al, asla satma» (Nakyllar 23:23). Mukaddes Kitabyň näçe gadyryny bilseň, şonça-da okasyň, öwrenesiň geler. Saňa hatda kynçylyklar hem päsgel berip bilmez (Nakyllar 2:4, 5-nji aýatlary oka).

3. Ýehowa nädip kömek edýär?

Ýehowa Gudratygüýçli Hudaý bolsa-da, seniň bilen dost bolasy gelýär. Ol özüni tanyşdyrmak isleýär. Ol saňa Mukaddes Kitaby yhlasly okamaga hem isleg, hem güýç berer (Filipililer 2:13-i oka). Käte okamak, öwrenmek, şoňa görä ýaşamak kyn bolsa, ol saňa kömek eder. Hatda sapak geçýäniň üçin kynçylyklar dörese-de ýa-da garşylyklar bolsa-da, Ýehowa saňa güýç berer. Sapagyňy yzygider geçmek üçin, her gün Ýehowadan kömek sora (1 Selanikliler 5:17).

SÖHBETDEŞLIK

Başagaýlyga we garşylyklara garamazdan, Mukaddes Kitaby öwrenmegi dowam ediň. Şeýle-de sapagy yzygider geçmäge Ýehowanyň kömek edişini biliň.

4. Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin wagt tapyň

Käte başagaý bolup, Mukaddes Kitaby öwrenmäge wagt tapylmaýar. Wagt tapmaga näme kömek eder? Filipililer 1:10-y okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Durmuşda «iň wajyp zatlar» näme?

  • Mukaddes Kitaby öwrenmek üçin nädip wagt tapyp bilersiň?

Suratlar: daşlardan hem-de çägeden doldurylan çüýşe gaplar. 1) Çäge bilen ulurak daşlar. 2) Içine çäge salnan çüýşe gap. 3) Çägäniň üstüne daşlar salnan, käbirleri sygmandyr. Suratlar: 1) Şol bir çäge bilen ulurak daşlar. 2) Ilki daşlar salnypdyr. 3) Soňra çäge guýulýar, ol hem gabyň boş ýerlerini doldurýar. Daşynda azajyk çäge bar.
  1. Bedräniň içine ilki çäge guýulsa, soňra üstünden daşlary ýerleşdirip bolmaz.

  2. Emma ilki daşlary salyp, soňra çäge guýulsa, onda olaryň ikisi hem ýerleşer. Edil şunuň ýaly, ilki bilen, «iň wajyp zatlary» etseňiz, başga işleriňizi etmäge wagt tapylar.

Mukaddes Kitapdan okuw geçip, Hudaý barada öwrenip bilýäris. Matta 5:3-i okap, aşakdaky sorag boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitapdan okuw geçmek näme üçin wajyp ekeni?

5. Garşylyklary ýeňip geçiň

Sapak geçýäniň üçin käbir adamlar garşy çykyp biler. Françesko baradaky WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Garşylyklary ýeňip, bereket aldy» (5:22)

«Ol soňuna çenli çydady» diýen wideodan parça. Françesko dostlaryna indi olar bilen gatnaşmaýandygyny aýdyp gaýdýar.
  • Françesko okuw geçýänini aýdanda, ejesi bilen dost-ýarlary muňa nähili garadylar?

  • Okuwyny dowam etmegi nähili peýda berdi?

2 Timoteos 2:24, 25-nji aýatlary okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Mukaddes Kitaby öwrenýändigiňe maşgalaňdakylar ýa-da dost-ýarlaryň nähili garaýar?

  • Biri seniň Mukaddes Kitapdan okuw geçýändigiňi halamasa, nähili gürleşerdiň? Näme üçin?

6. Ýehowa bil baglaň

Ýehowany näçe gowy tanasaň, şonça-da ony razy edip ýaşasyň geler. Ýöne käte Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmek kyn ýaly görnüp biler. Şonda ruhdan düşme, Ýehowa saňa kömek eder. WIDEONY görüp, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

WIDEO: «Ýehowanyň kömegi bilen düzeldik» (3:56)

  • Jim Ýehowany razy etmek üçin nämeleri etdi?

  • Jimden näme öwrenip bilersiň?

Ýewreýler 11:6-ny okap, aşakdaky soraglar boýunça gürrüňdeş boluň.

  • Ýehowany «ýürekden agtarýan», ýagny Hudaýy razy edip ýaşaýan adamlara näme garaşýar?

  • Sapagy geçmek üçin tagalla edişiňi görüp, Ýehowa näme pikir eder?

ADAMLAR ŞEÝLE DIÝSE: «Sen şu kitaby näme üçin okaýaň?»

  • Näme diýerdiň?

ESASY PIKIRLER

Yzygider sapak geçseň, häzirden bagtly bolarsyň, ebedi ýaşarsyň. Ýehowa bil bagla, ol hökman kömek eder.

Gaýtalamak

  • Näme üçin Mukaddes Kitabyň gadyr-gymmatyny bilmeli?

  • «Iň wajyp zatlar» näme?

  • Sapagyňy yzygider geçer ýaly näme üçin Ýehowadan kömek soramaly?

Maksat goýuň

KÖPRÄK BILIŇ

Köp adamlara wagtyny dogry ulanmaga dört maslahat kömek edýär. Şol maslahatlar hakda okaň.

«Wagtdan dogry peýdalanmak» («Oýanyň!» fewral, 2014)

Bir aýal äri garşy bolsa-da, Hudaýy razy etmek üçin elinde baryny edýär, Ýehowa-da oňa kömek edýär.

«Ýehowa ýükümizi götermäge güýç berýär» (5:05)

Aýaly çydamly bolany üçin, äri Ýehowa Hudaýa iman etdi.

«Ýehowanyň Şaýatlarynyň dinini barladym» (6:30)

Käte Ýehowanyň Şaýatlaryny maşgalalary bozmakda günäkärleýärler. Dogrudanam, şeýlemikä?

«Ýehowanyň Şaýatlary maşgalalary dargadýarmy?» (Internet makala)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş