Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w06 1/6 sah. 8—11
  • Zebur kitabynyň ikinji bölüminden peýdaly pikirler.

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Zebur kitabynyň ikinji bölüminden peýdaly pikirler.
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Ýehowa biziň penamyz, arkadaýanjymyz»
  • (Zebur 42:1—50:23)
  • «Diňe Hudaýda ynjal, eý janym»
  • (Zebur 51:1—71:24)
  • «Bütin ýer ýüzi Onuň şöhratyndan dolsun!»
  • Zebur kitabynyň birinji bölüminden peýdaly pikirler.
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan aýdymlar
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Zebur kitabynyň bäşinji bölüminden peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Zebur kitabynyň üçünji we dördünji bölüminden peýdaly pikirler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
w06 1/6 sah. 8—11

Ýehowanyň Sözi diri

Zebur kitabynyň ikinji bölüminden peýdaly pikirler.

ÝEHOWANYŇ gulllukçylary hökmünde biz synaglaryň boljagyny bilýäris. Pawlus resul: «Mesih Isada Hudaýyň ýoluna mynasyp ýaşamak isleýänleriň bary azar çeker» diýip ýazdy (2 Timoteos 3:12). Synaglara we yzarlamalara döz gelip, Hudaýa wepaly galmaga näme kömek ederkä?

Zebur kitabynyň ikinji bölümi bize kömek eder. Synaglaryň hötdesinden gelmek üçin Zebur kitabynyň 42—72-nji mezmurlarynyň aýtmagyna görä, biz Ýehowa ynanmaly we oňa bil baglamaly. Bu biziň üçin nähili gowy sapak! Hudaýyň ylhamlanan Zebur kitabynyň ikinji bölümi, şu günlerem «diri hem täsirli» (Ýewreýler 4:12).

«Ýehowa biziň penamyz, arkadaýanjymyz»

(Zebur 42:1—50:23)

Ýesirlikde bolan lewili Ýehowa sežde etmek üçin ybadathana baryp bilmeýändigine gynanyp, özüne göwünlik berip: «Eý janym, sen näme üçin sussupes we içimde yňranýarsyň? Hudaýa umyt bagla» diýip, nagma aýdýardy (Zebur 42:5, 11; 43:5). Bu sözler 42, 43-nji mezmurlaryň aýatlarynda üç gezek gaýtalanyp, bu iki mezmury birleşdirýär. 44-nji mezmurda Hizkiýa patyşanyň günlerinde aşurlylar Ýahuda çozanda, ýehudylar üçin edilen doga beýan edilýär.

45-nji mezmur patyşanyň nika toýyny beýan edip, Isa patyşa barada welilik edýär. Indiki üç mezmurda Ýehowa «pena hem arkadaýanç» we «bütin dünýäniň üstünde» beýik Patyşa hökmünde suratlandyrylýar (Zebur 46:1; 47:2; 48:3). 49-njy mezmurda adamyň «doganynyň azat edilmegini asla gazanyp bilmeýändigi» aýdylýar (Zebur 49:7). Zebur kitabynyň ikinji bölüminiň ilkinji sekiz mezmuryny Korah ogullary ýazan bolmaly. 50-nji mezmury bolsa Asaf ýazdy.

Sowallaryň jogaby:

44:18 — «Şagallar mekany» näme? Mümkin, mezmurçy söweş meýdanynda wepat bolanlaryň şagalar üçin iýmit bolýandygyny aýdýandyr.

45:13, 14a — «Patyşanyň ýanyna getirilýän» «patyşa gyzy» kim? Ol «milletler [ebedi, TD] patyşasy» Ýehowa Hudaýyň gyzy (Ylham 15:3). Ol Ýehowanyň özüne perzent edinen 144 000 mesh edilen mesihçileri suratlandyrýar (Rimliler 8:16). Ýehowanyň «gyzy» bezegli gelin ýaly öýlenýän ýigidiň, ýagny Isa patyşanyň ýanyna getirilýär (Ylham 21:2).

45:14b, 15 — «Gyzlar» kimi suratlandyrýar? Mesh edilenleriň galyndysyny goldaýan — «uly märeke». Olar «agyr muşakgatdan [diri] çykyp geleni» üçin, Isa patyşanyň gökde nika toýy bolanda, ýer ýüzünde bolarlar (Ylham 7:9, 13, 14). Şonda olar «begenç we şatlykdan» dolarlar.

45:16 — Nädip «ogullary atallarynyň ýerine geçer»? Isa ýer ýüzünde doglanda, onuň ýerdäki ata-babalary bardy. Isa Muňýyllyk Patyşalygynda olary direlder, şonda olar onuň ogullary bolar. Olaryň käbirini «bütin ýer ýüzünde hökümdar» edip bellär.

50:2 — Näme üçin Iýerusalime «gözellikde kämil» diýilýär? Bu şäheriň daş görnüşiniň owadanlygyny aňlatmaýar. Ýehowa Iýerusalimde ybadathanasyny ýerleşdirendigi we bellän patyşalarynyň tagty şol ýerde bolandygy üçin şähere gözellik berdi.

Biziň üçin sapak:

42:1—3. Keýigiň suwsuz ýerde suwy küýseýşi ýaly, lewilide uzak wagt Ýehowany küýseýär. Ol ybadathana baryp, Ýehowa sežde edip bilmeýändigi sebäpli gynanyp, işdäsi tutulyp, «gözýaşlary oňa gije-gündiz iýmit boldy». Biz doganlar bilen gatnaşyp, pikir alşyp bilýändigimiz üçin minnetdar bolmaly dälmi näme?

42:4, 5, 11; 43:3—5. Biz bir sebäbe görä ýygnakdan wagtlaýynça daşda bolan ýagdaýymyzda, doganlarymyz bilen şatlykly gulluk edendigimizi ýatlasak, ruhlanarys. Başda ýatlamalar aýralyk derdini gozgasa-da, ol Ýehowanyň penadygyny we oňa bil baglamalydygyny ýatladar.

46:1—3. Ýehowanyň «bize pena hem arkadaýançdygyna» berk ynansak, muşakatlara döz gelip bileris.

50:16—19. Ýalan sözleýän we erbet işe baş goşýan adamyň Hudaýyň adyndan gürlemäge haky ýok.

50:20. Adamyň ýalňyşy barada gybat etmegiň deregine, olara üns bermeli däl (Koloseliler 3:13).

«Diňe Hudaýda ynjal, eý janym»

(Zebur 51:1—71:24)

Zebur kitabynyň bu ýygyndysy Dawudyň Batşeba bilen günä edenden soň, ýürekden eden dogalary bilen başlanýar. 52—57-nji mezmurlarda ýüküni Ýehowanyň üstüne atýanlary we onda teselli gözleýänleri Hudaýyň halas edýändigi görkezileýär. 58—64-nji mezmurlarda Dawudyň horluk çeken wagtlary Ýehowanyň penasynda gizlenendigi görkezilýär. Ol şeýle nagma aýdýar: «Diňe Hudaýda ynjal, eý janym, çünki umydym Ondadyr» (Zebur 62:5).

Halasgärimiz bilen ýakyn dostlugymyz bizi «onuň adynyň hormatyna aýdym aýtmaga, senasyna şöhrat goşmaga» höweslendirmeli (Zebur 66:2). 65-nji mezmurda Ýehowa eli açyk, gamhor hökmünde, 67, 68-nji mezmurlarda gutulyş Hudaýy hökmünde, 70-71-nji mezmurda bolsa Halasgär hökmünde wasp edilýär.

Sowallaryň jogaby:

51:12 — Dawut kimiň «islegli ruhuny» dileýär? Bu Hudaýyň Dawuda kömek etmek taýynlygy ýa-da Ýehowanyň mukaddes ruhy däl-de, Dawudyň ýüregindäki hyjuwy. Ol Hudaýdan dogry işler etmegi dileýär.

53:1 — «Hudaý ýok» diýýän adam näme üçin «akylsyz»? Akylsyz diýmek akyly ýerinde däldigini aňlatmaýar. Olar ahlak taýdan akylsyz, ahlagyň pese düşülşi barada Zebur 53:1—4-nji aýatlarda gowy suratlandyrylýar.

58:3—5 — Erbetler haýsy manyda ýylan ýaly? Olaryň biri barada aýdýan ýalan sözleri ýylanyň zäheri kimindir. Ýalan sözleýänler adamyň abraýyny düşürip zäherleýärler. «Olar öz gulagyny gapyp-da... ker ýylan kimin» maslahata gulak asmaýar.

58:7 — Erbetler nädip «akyp ýatan suw kimin dargaýar»? Dawut pygamber Wada edilen diýaryň jülgeleriniň suwy barada aýdan bolmaly. Sil wagtlary, jülgäniň suwy joşup, soň ol derrew azalyp guraýardy. Dawut pygamber erbetleriňem şeýle tiz ýok edilmegi barada doga edýärdi.

68:13 — Nädip «Gögerçiniň ganatlary kümşe, onuň ýelekleri sap altyna gaplanýar»? Gögümtil çal reňkli gögerçiniň ýelekleri kümüş reňkde öwşün atýar. Günüň şöhlesinde bolsa, ýelekleri altyn reňkde öwşün atýar. Dawut söweşden ýeňiş gazanyp gelýän ysraýylly esgerleri şol gögerçine deňän bolmaly. Sebäbi gögerçin owadan we ganatlary berk kepderi. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň käbiri, mümkin, ol olja hökmünde alnan ussalaryň ýasan zadydyr öýdýärler. Näme-de bolsa, Dawut şu mezmurda Ýehowanyň halkyna ýeňiş berýändigini wasp edýär.

68:18 — «Ynsanlar arasyndan... sylaglar alan» kimler? Olar Wada edilen diýar basylyp alnanda, ýesirlige düşen adamlar. Olara soňra lewililere kömek etmek tabşyryldy (Ezra 8:20).

68:30 — «Gamyşlykdaky wagşy haýwana... käýe» diýmek nämäni aňladýar? Hudaýyň halkynyň duşmanlaryny wagşy haýwanlar kimin suratlandyryp, Dawut pygamber Hudaýdan olara käýemegi, ýagny olaryň zyýan ýetirýän güýjüni saklamagy dileýär.

69:23 — «Olaryň billerini üznüksiz bük» diýmek näme? Bildäki muskullar agyr ýüki götermek we daşamak üçin gerek. Biliň bükülmegi bilen güýjüň gaçýar. Dawut duşmanlarynyň güjüniň gaçmagyny diledi.

Biziň üçin sapak:

51:1-4, 17. Biz günä etsegem, Ýehowa Hudaýdan daşlaşmaly däl. Biz ýürekden toba etsek, Hudaýyň rehim etjekdigine ynansa bolar.

51:5, 7-10. Günä edenimizde, Ýehowadan günämizi geçmegini diläp bileris, çünki biz günäni miras aldyk. Şeýle-de biz arassa, Ýehowa bilen gowy gatnaşykda bolar ýaly, ýüregimizden günäli höwesleri aýyrmagy, durnukly ruhy Hudaýdan dilemeli.

51:18. Dawudyň günäsi bütin halkyň abadanlygyna täsir edýärdi. Şonuň üçin ol: «Siona ýagşylyk et» diýip, Ýehowa doga etdi. Bizem agyr günä edenimizde, Hudaýyň adyna we ýygnaga ysnat getirýäris. Ýetiren zyýanymyzy aýyrmagy Hudaýdan dilemeli.

52:8. Biz Hudaýa tabyn bolup, oňa gulak assak, «Hudaýyň öýünde ýaşyl zeýtun agajy kimin» bolarys, ýagny Hudaýa ýakynlaşarys hem-de gullukda ruhy miwe bereris (Ýewreýler 12:5, 6).

55:4, 5, 12-14, 16-18. Dawudyň ogly Abşalomyň oňa garşy dildüwüşmegi, ýakyn maslahatçysy Ahitofeliň dönüklik etmegi Dawudy gaty gynandyrdy. Ýöne şonda-da Dawut Ýehowa bil baglady. Bizem gynananymyzda, Hudaýa bolan imanymyzy gowşatmaly däl.

55:22. Ýükümizi Ýehowanyň üstüne nädip taşlamaly? 1) Aladalarymyzy dogada Ýehowa aýtmaly. 2) Maslahaty we goldawy Mukaddes Ýazgylardan we ýygnakda gözlemeli, 3) Ýagdaýymyzy gowulandyrmak üçin elimizden gelenini etmeli (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6; 11:14; 15:22; Filipililer 4:6, 7).

56:8. Ýehowa biziň diňe bir ýagdaýymyza däl, eýsem şol sebäpli dörän içgi duýgularymyza-da düşünýär.

62:11. Hudaý daşky güýçlere bagly däl, sebäbi «gudrat Hudaýyňkydyr». Ýehowanyň özi güýjüň çeşmesi.

63:3. Hudaýyň «merhemeti ýaşaýyşdan hem oňat» sebäbi onsuz ýaşaýyş manysyz. Hudaý bilen dostlaşmak paýhaslydyr.

63:6. Gije asuda we hiç zat ünsüňi sowmaýan wagty oýlanmak üçin amatly wagt.

64:2-4. Gybat gowy adamyň abraýyny düşürip biler. Gybaty diňlemelem däl, ýaýratmalam däl.

69:4. Biz özümiziň günämizi duýmasagam, käwagt gowy gatnaşygy saklmak üçin «tölemeli», ýagny ötünç soramaly.

70:1-5. Biz kömek soranymyzda, Ýehowa eşidýär (1 Selanikliler 5:17; Ýakup 1:13; 2 Petrus 2:9). Ýehowa synaglaryň dowam etmegine ýol berse-de, olara döz gelmäge paýhas we güýç berýär. Ol bize güýjümizden öte synalmagymyza ýol bermeýär (1 Korintoslylar 10:13; Ýewreýler 10:36; Ýakup 1:5—8).

71:5, 17. Dawut pygamber ýaşlykdan bäri Ýehowa umyt baglany üçin, batyrgaý hem-de güýçlidi, hatda filistlili Golýat atly äpet esger bilenem başa-baş söweşe çykdy (1 Patyşalar 17:34—37). Ýaşlar hemişe Ýehowa bil baglamaly.

«Bütin ýer ýüzi Onuň şöhratyndan dolsun!»

Zebur kitabynyň ikinji bölümindäki soňky 72-nji mezmurynda Süleýmanyň patyşalygy beýan edilýär. Ol Hudaýyň patyşalygynyň hökümdarlyk etjek döwrüniň nusgasy. Şol wagt nähili ajaýyp bereketler eçiler bol parahatlyk bolar, sütemiň we zorlugyň soňuna çykylar, ýer ýüzünde galla bol bolar! Sen Hudaýyň şol we beýleki bereketlerini alan adamlaryň arasynda bolmak isleýärmisiň? Sen Ýehowa doly bil baglap, ony pena we arkadaýanç edinseň, şol adamlaryň arasynda bolarsyň.

Dawut dogasyny şeýle sözler bilen tamamlaýar: «Reb [Ýehowa] Hudaý, Ysraýyl Hudaýy mübärek bolsun! Ajaýyp zatlar edýän diňe Oldur. Onuň şöhratly ady ebedi mübärek bolsun! Bütin ýer ýüzi Onuň şöhratyndan dolsun! Omyn, omyn» (Zebur 72:18—20). Geliň, bizem Dawut ýaly Ýehowa alkyş aýdalyň we onuň adyny şöhratlandyralyň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş