Ýehowa — biziň mesgenimiz
«Ýa Reb, Sen bize bütin döwürlerde mesgen bolduň». ZEB. 90:1
1, 2. Hudaýyň gullukçylary bu dünýäde özlerini nähili duýýarlar we haýsy manyda olaryň mesgeni bar?
SIZ bu zalym dünýäde özüňizi myhman ýaly duýýarmysyňyz? Eger şeýle bolsa, onda siz ýeke däl! Asyrlar boýy Ýehowany söýýän adamlar özlerini keseki ýa-da ýat duýupdyrlar. Meselem, Kengan ýurdunda ýaşan Hudaýyň wepaly gullukçylary bir ýerden başga ýere göçüp, «özleriniň... ýat hem mysapyrdyklaryny boýun aldylar» (Ýew. 11:13).
2 Şonuň ýaly-da, «gökleriň raýatlary», ýagny Mesihiň mesh edilen şägirtleri bu dünýäde özlerini «garyp, mysapyr» hasaplaýarlar (Flp. 3:20; 1 Pet. 2:11). Mesihiň «başga goýunlary-da» «(Isanyň) dünýäden bolmaýşy ýaly... dünýäden däldirler» (Ýahýa 10:16; 17:16). Muňa garamazdan, Hudaýyň halkynyň «mesgeni» ýok diýip bolmaz. Biziň göçme manyda örän howpsuz we mähir çoýýan öýümiz bar; ony iman gözi bilen görüp bolýar. Musa: «Ýa Reb, Sen bize bütin döwürlerde mesgen bolduň» diýdi (Zeb. 90:1). Ýehowa geçmişde ýaşan wepaly gullukçylaryna nädip «mesgen boldy»? Ol Öz adyny göterýän şu günki halkyna nädip «mesgen bolýar»? Ýehowa gelejekde ýeke-täk howpsuz mesgen boljakdygyny nädip subut eder?
ÝEHOWA GEÇMIŞDÄKI GULLUKÇYLARYNA «MESGEN BOLDY»
3. Zebur 90:1-de Ýehowa näme bilen deňeşdirilýär we näme üçin?
3 Ýehowanyň nähili şahsyýetdigini gowy biler ýaly, käte Mukaddes Ýazgylarda Ol nämedir bir zat bilen deňeşdirilip görkezilýär. Meselem, Zebur 90:1-de Ýehowa «mesgen» ýa-da öý bilen deňeşdirilýär. Biz öý barada oýlananymyzda söýgi, parahatlyk we howpsuz ýeri göz öňüne getirýäris. Ýehowa näme üçin mesgen bilen deňeşdirilýär? Sebäbi Ol söýgüniň nusgasy (1 Ýahýa 4:8). Şeýle-de Oňa wepaly gullukçylaryny «aman-esen ýaşadýan» parahatlyk Hudaýy diýilýär (Zeb. 4:8). Geliň, häzir Ýehowanyň Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba nädip mesgen bolandygyna seredeliň.
4, 5. Hudaý Ybraýyma «mesgen» bolandygyny nädip subut etdi?
4 Ýehowa Ybraýyma: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy... taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git» diýýär. Bu sözleri eşidip, Ybraýym örän geň galandyr. Emma Ýehowanyň indiki aýdan sözleri oňa teselli beren bolmaly: «Senden beýik bir millet ýaradyp, Men seni ýalkaryn, Seni belende götererin... Seni ýalkany ýalkaryn, Seni näletläni-de näletlärin» (Gel. çyk. 12:1—3).
5 Ýehowa Ybraýyma şu sözleri aýtmak bilen, oňa we onuň nesillerine howpsuz mesgen boljakdygyny wada berdi (Gel. çyk. 26:1—6). Ýehowa beren wadasyny doly berjaý etdi. Meselem, Müsüriň fyrowna we Geraryň patyşasy Abimelege Ybraýymy öldürmäge hem-de onuň aýaly Sarany almaga ýol bermedi. Ol Yshak bilen Rebekany hem şeýle gorapdy (Gel. çyk. 12:14—20; 20:1—14; 26:6—11). Biz şeýle okaýarys: «Hudaý hiç bir adama olary ezmäge rugsat etmedi; olaryň hatyrasyna patyşalara hem temmi berip: „Mesh edenlerime el degirmäň, pygamberlerime ezýet bermäň“ diýdi» (Zeb. 105:14, 15).
6. Yshak Ýakuba näme diýdi we Ýakup özüni nähili duýan bolmaly?
6 Ýehowa Ybraýymyň agtygy Ýakubyň hem aladasyny etdi. Ýakup öýlenmeli bolanda, atasy Yshak oňa şeýle diýdi: «Sen het gyzlaryna öýlenme! Sen Padanarama, babaň Betuweliň öýüne git-de, şol ýerde... Labanyň gyzlaryndan birine öýlen» (Gel. çyk. 28:1, 2). Ýakup Yshaga derrew gulak asdy. Ol Kenganda maşgala agzalaryny goýup, 100-lerçe km uzaklykda ýerleşýän Harana ýeke özi giden bolmaly (Gel. çyk. 28:10). Ýakup şu zatlar barada oýlanan bolmaly: «Men näçe wagtlyk giderin? Daýym meni görüp begenermi? Men Ýehowany söýýän gelinlik taparynmy?» Ýakup şeýle zatlar barada alada edenem bolsa, Beýerşebadan takmynan 100 km uzaklykda ýerleşýän Luza baranda, bu aladalar zym-zyýat boldy. Ol ýerde näme bolduka?
7. Hudaý Ýakuby nämä ynandyrdy?
7 Ýakup Luzdaka, Ýehowa onuň düýşüne girip, şeýle diýýär: «Men hemişe seniň bilen biledirin. Sen nirede bolsaň-da, Men seni goraryn we seni ýene-de şu ýurda gaýtaryp getirerin. Saňa beren wadamy ýerine ýetirýänçäm, Men seni terk etmerin» (Gel. çyk. 28:15). Bu mähirli sözler Ýakuba nähili teselli berendir! Onuň Hudaýyň aýdan sözleriniň ýerine ýetişini göresi gelendir. Eger sen başga ýurtda gulluk etmek üçin öýüňden gaýdan bolsaň, onda Ýakubyň duýgusyna düşünýänsiň. Elbetde, senem Ýehowanyň aladaňy edýändigini duýan bolsaň gerek!
8, 9. Ýehowa Ýakuba nädip «mesgen» boldy we biz ondan näme öwrenip bileris?
8 Ýakup Harana baranda, ony daýysy Laban gowy garşy alýar. Soňra ol gyzlary Lea bilen Raheli Ýakuba gelinlik edip berýär. Emma Laban Ýakuba adalatsyzlyk edip başlaýar we onuň iş hakyny on sapar üýtgedýär (Gel. çyk. 31:41, 42). Ýakup bu bolýan zatlara döz gelýär, sebäbi ol Ýehowanyň aladasyny etjekdigine ynanýardy. Ýehowa Ýakuby ýalkaýar! Birnäçe wagtdan Hudaý Ýakuba «süri-süri dowarlary, gul-gyrnaklary, düýeleri hem eşekleri» bilen Kengana dolanmagy tabşyrýar (Gel. çyk. 30:43). Ýakup Hudaýa çuňňur minnetdarlyk bildirip, şeýle doga edýär: «Men Seniň söýgiňe we wepalylygyňa mynasyp däldirin. Iordan derýasyndan geçenimde, elimdäki hasamdan başga zadym ýokdy. Indi bolsa men iki toparyň eýesi boldum» (Gel. çyk. 32:10).
9 Hawa, Ýakup bilen bolan waka Musanyň: «Ýa Reb, Sen bize bütin döwürlerde mesgen bolduň» diýen sözlerini subut edýär! (Zeb. 90:1). Ýehowa özgermedi; «Onda ne üýtgeme, ne-de çalşyk kölegesi bardyr». Ol häzirem wepaly gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny edýär we olara howpsuz mesgen bolýar (Ýakup 1:17). Geliň, häzir bu barada gürrüň edeliň.
ÝEHOWA BIZE «MESGEN BOLÝAR»
10. Biz näme üçin Ýehowanyň öz gullukçylaryna howpsuz «mesgen» bolýandygyna ynanyp bileris?
10 Şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň, siz kazyýetiň öňünde akylly we güýçli adamyň garşysyna şaýatlyk etmelisiňiz. Ol zalym, ýalançy, ganhor we ähli adamlaryň üstünden agalyk edýär. Siz kazyýetden gaýdanyňyzda nähili duýguda bolarsyňyz? Siz özüňizi howpsuz duýarmysyňyz? Ýok! Siz howpsuzlyk üçin gorag sorarsyňyz. Şonuň ýaly-da, Ýehowanyň gullukçylary mertlik bilen Onuň tarapyny tutup, zalym duşman Şeýtana garşy gorkman güwälik edýärler (Ylham 12:17-i okaň). Şeýtan Hudaýyň halkyna degmezmi näme? Elbetde, deger. Ýöne biz şonda-da ruhy taýdan ösýäris we muny diňe bir ýol bilen düşündirip bilýäris: Ýehowa bizi goraýar; esasan-da, şu soňky günlerde Ol biziň «mesgenimiz» bolýar (Işaýa 54:14, 17-nji aýatlary okaň). Emma biz Şeýtana «mesgenimizden» çykarmaga ýol bersek, Ýehowa bize howpsuz «mesgen» bolup bilmez.
11. Biz Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň göreldesine nädip eýerip bileris?
11 Geliň, Ybraýym, Yshak we Ýakupdan ýene nämeler öwrenip biljekdigimize seredeliň. Olar Kengan ýurdunda ýaşasalar-da, özlerini ýerli halkdan çetde tutup, olaryň erbet we ahlaksyz işlerini ýigrenipdirler (Gel. çyk. 27:46). Olara nämäniň ýagşy we nämäniň erbetdigini saýgarmaga kömek etmek gerek däldi, sebäbi olar prinsipe görä ýaşaýardylar. Olar Ýehowanyň nämäni gowy görüp, nämäni ýigrenýändigini bilýärdiler we bu olara ýerli halka goşulmazlyga kömek edýärdi. Bu bize nähili gowy görelde! Sen dost tutunmak we göwün açmak babatda Ýehowanyň şu wepaly gullukçylaryndan görelde almaga çalyşýarmyň? Gynansak-da, mesihçileriň käbiri Şeýtanyň dünýäsinde özüni biraz bolsa-da arkaýyn duýýarlar. Eger sizem özüňizi arkaýyn duýup başlan bolsaňyz, onda Ýehowa doga ediň. Bu dünýäniň Şeýtanyňkydygyny unutmaň. Ol diňe özüni bilýär we hiç kimiň aladasyny etmeýär (2 Kor. 4:4; Efes. 2:1, 2).
12. a) Ýehowa ruhy maşgalasynyň aladasyny nädip edýär? b) Siz Ýehowanyň berýän kömegine nähili garaýarsyňyz?
12 Eger biz Şeýtanyň hilelerine garşy göreşmek islesek, onda Ýehowanyň gullukçylaryna berýän ähli kömeginden peýdalanmaly. Muňa ýygnak duşuşyklary, maşgala okuwy we «adamlar görnüşindäki sylaglar (TD)» degişli. Hudaýyň bellän bu ýaşululary bize durmuşda ýüze çykýan kynçylyklara hötde geler ýaly, teselli berýärler we goldaýarlar (Efes. 4:8—12). Birnäçe ýyl Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzasy bolup gulluk eden Jorj Gangas doganymyz şeýle ýazdy: «Men Hudaýyň halkynyň arasynda özümi öýümde ýaly arkaýyn duýýaryn». Siz hem özüňizi şeýle duýýarmysyňyz?
13. Biz Ýewreýler 11:13-den nähili wajyp sapak edinip bileris?
13 Biz Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň göreldesine eýermek üçin, ýaşaýan ýerimizdäki adamlardan özümizi çetde tutmaly. Birinji abzasda belläp geçişimiz ýaly, olar «özlerini ýer ýüzünde ýat hem mysapyrdyklaryny boýun aldylar» (Ýew. 11:13). Siz bu dünýäniň adamlaryndan tapawutlanýarmysyňyz? Bu käte aňsat däl. Emma Hudaýyň kömegi we dogan-uýalaryň goldawy bilen, muny başararsyňyz. Siz ýeke däldigiňizi-de unutmaň! Ýehowa Hudaýa gulluk etmek isleýänleriň ählisi şeýle göreş alyp barýarlar! (Efes. 6:12). Eger biz Ýehowa bil baglap, Ony özümize mesgen tutunsak, bu söweşde ýeňiş gazanyp bileris.
14. Ýehowanyň gullukçylary nähili «şähere» garaşdylar?
14 Biz Ybraýymdan görelde alyp, nazarymyzy sylaga dikmeli (2 Kor. 4:18). Pawlus resul Ybraýymyň «ussasy, gurujysy Hudaý bolan berk esasly şähere garaşýandygy» barada ýazdy (Ýew. 11:10). Bu «şäher» Mesihi Patyşalygy aňladýar. Elbetde, Ybraýym ol «şähere» girmek üçin garaşmalydy. Emma bize garaşmak gerek däl. Sebäbi ol Patyşalyk häzir gökde höküm sürýär. Mukaddes Ýazgylardaky pygamberlige görä, ol tizden ýeriň üstünden hem doly höküm sürüp başlar. Siz bu Patyşalygyň hakykydygyna ynanýarmysyňyz? Siz Patyşalygy durmuşyňyzda birinji orunda goýup, özüňizi bu dünýäden çetde tutýarmysyňyz?(2 Petrus 3:11, 12-nji aýatlary okaň).
ÝEHOWA BIZE «MESGEN BOLUP» GALÝAR
15. Bu dünýä bil baglaýanlara näme garaşýar?
15 Şeýtanyň dünýäsiniň soňy golaýlaşdygyça, «burgular» örän güýçlener (Mat. 24:7, 8). Uly muşakgatda ýaşaýyş has-da erbetleşer. Bütin dünýäde betbagtçylyklar bolar we adamlar öz janlary üçin gorkarlar (Hab. 3:16, 17). Olar şeýle çykgynsyz ýagdaýa düşerler welin, «gowaklardan, daglaryň gaýalaryndan» gorag gözlärler (Ylh. 6:15—17). Emma olary ne hakyky gowaklar, ne-de daglara meňzeş syýasy we täjirçilik guramalar gorar.
16. Ýygnak duşuşyklaryna nähili garamaly we näme üçin?
16 Emma Ýehowanyň halky howpsuz «mesgenine», ýagny Ýehowa Hudaýa begenerler. Olar Habakkuk pygamber ýaly «Rebde şatlanarlar». Olaryň «Halasgäri (Ýehowada) ýüregi joşar» (Hab. 3:18). Ýehowa agyr kynçylyklarda halkyna nädip gorag berip biler? Biz sabyrly bolsak, bu zatlary gözümiz bilen göreris. Ýehowanyň ysraýyllylary Müsürden guramaçylykly çykaryşy ýaly, biz hem Onuň görkezme berjekdigine ynanyp bileris (Müsürden çykyş 13:18-i okaň; Ylh. 7:9). Mümkin, Ýehowa ýygnak duşuşygy arkaly görkezme berer. «Işaýa» kitabynda «otaglaryňyza giriň» diýilýär. Bu Hudaýyň halkyna gorag beriljekdigini görkezýär. Hawa, bu sözler bütin dünýädäki ýygnaklarda yglan ediler (Işaýa 26:20-ni okaň). Siz ýygnak duşuşyklaryny wajyp hasaplaýarmysyňyz? Ýygnak duşuşyklarynda berilýän görkezmä çalt seslenýärmisiňiz? (Ýew. 13:17).
17. Ýehowa haýsy manyda dünýäden öten wepaly gullukçylary üçin «mesgen» bolýar?
17 Ýehowa uly muşakgatdan öň dünýäden öten wepaly gullukçylaryna-da howpsuz «mesgen» bolar. Nädip? Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň ölenine ençeme ýyl geçipdi, şonda Ýehowa Musa şeýle diýdi: «Men seniň... Hudaýyň... Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» (Müs. çyk. 3:6). Isa-da bu sözlere salgylanyp, şeýle diýdi: «Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr, çünki Onuň ýanynda hemmeler diridir» (Luka 20:38). Hawa, Ýehowanyň wepaly gullukçylary dünýäden ötse-de, Hudaý üçin olar diridir. Hudaýyň olary direltjekdigi şübhesiz! (Wag. 7:1).
18. Täze dünýäde Ýehowa gullukçylary üçin haýsy manyda «mesgen» bolar?
18 Täze dünýäde Ýehowa gullukçylary üçin başga manyda «mesgen» bolar. Ylham 21:3-de şeýle diýilýär: «Hudaýyň çadyry şindi ynsanlaryň arasynda. Hudaý olar bilen bile ýaşar». Ilki bilen, Ýehowa Isa Mesih arkaly ýer ýüzündäki raýatlarynyň üstünden 1 000 ýyl höküm sürer. 1 000 ýyl tamamlanandan soňra, Isa Atasynyň Ýer babatdaky niýetini doly amala aşyryp, Patyşalygy Ýehowa tabşyrar (1 Kor. 15:28). Şonda kämil adamlara Isanyň töwella etmegi gerek bolmaz, sebäbi Ýehowa olar bilen bolar. Bize, gör, nähili ajaýyp gelejek garaşýar! Geliň, geçmişde ýaşan wepaly gullukçylaryň göreldesine eýerip, Ýehowany häzirden «mesgen» tutunalyň!