Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/3 sah. 18
  • Özüňiz teselli tapyň, başgalara-da teselli beriň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Özüňiz teselli tapyň, başgalara-da teselli beriň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • HASRAT ÇEKÝÄN ADAMLARYŇ ÝÜREKDEN ALADASYNY EDIŇ
  • «Ähli ýas tutýanlara göwünlik beriň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Bütin teselliler Hudaýy Ýehowa bil baglaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Zorlugyň pidasy bolanlara teselli beriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/3 sah. 18

Özüňiz teselli tapyň, başgalara-da teselli beriň

Bikämil bolanymyz üçin ählimiz keselleýäris, käbirimiz hatda agyr kesele duçar bolýarys. Şeýle kynçylyklara uçranymyzda, nädip döz gelip bileris?

Bize, esasanam, maşgalamyz, dostlarymyz we dogan-uýalarymyz göwünlik berýär.

Dostlaryň mähirli we hoş sözleri melhem ýaly janyňa şypa berýär (Sül. tym. 16:24; 18:24; 25:11). Emma mesihçiler diňe bir teselli tapmagyň aladasyny etmeýär. Olar «Hudaýyň... (özlerine) berýän tesellisi bilen... her muşakgatymyzda bize teselli bermek» isleýär (2 Kor. 1:4; Luka 6:31). Meksikada welaýat gözegçisi bolup gulluk edýän Antonio özi hem dert çekensoň, teselli bermegi öwrendi.

Antonioda limfoma, ýagny ganyň rak keseli tapylanda, örän göwnüçökgün boldy. Şonda ol erbet duýgularyna erk etjek bolup jan etdi. Nädip? Ol Patyşalyk aýdymlaryny ýat tutup, aýdýardy. Aýdymyň sözlerini gaýtalap, bu barada oýlanýardy. Şeýle-de daşyndan doga edip, Mukaddes Ýazgylary sesli okap, has ruhlanýardy.

Antonio, aýratynam, dogan-uýalaryň has-da göwünlik berendigine häzir düşünýär. Ol şeýle diýýär: «Aýalym bilen ruhdan düşenimde, ýygnak ýaşulusy bolup gulluk edýän garyndaşymyň gelip, biziň bilen bile doga etmegini haýyş etdik». Şonda biz teselli tapyp, göwnümiz giňedi. Antonio sözüni dowam edip: «Maşgalamyzyň we ýygnakdaky dogan-uýalaryň kömegi bilen gysga wagtda erbet duýgularymyza erk edip bildik» diýýär. Ol mähirli we aladaçyl dostlarynyň bardygyna örän minnetdar!

Hasrat çekýän döwürde mukaddes ruh hem kömek edýär. Petrus resul Hudaýyň mukaddes ruhy «sylagdyr» diýdi (Res. iş. 2:38). B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni köp mesihçiler mukaddes ruh bilen mesh edilipdi. Emma biziň ählimize hem mukaddes ruh sowgady berilýär. Bu sowgat jomartlyk bilen berilýän bolsa, onda ony dilesek gowy bolmazmy? (Iş. 40:28—31).

HASRAT ÇEKÝÄN ADAMLARYŇ ÝÜREKDEN ALADASYNY EDIŇ

Pawlus resul ençeme gezek gämi heläkçiligine uçrapdy, hatda ölüm howpy hem abanypdy (2 Kor. 1:8—10). Ol ölümden gorkmaýardy, Hudaýyň kömek etjekdigine ynanyp, teselli tapýardy. Pawlus şeýle diýdi: «Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş! Ol rehimler Atasy, bütin teselliler Hudaýydyr... Ol her muşakgatymyzda bize teselli berýär» (2 Kor. 1:3, 4). Pawlus janyny aýamaýardy. Gaýtam, muşakgatlary başdan geçirip, rehimdarlyk häsiýetini ösdürip, hasrat çekýän adamlara has gowy teselli berýärdi.

Antonio gutulandan soň, ýene-de aýlanýan gözegçilik işine başlady. Ol hemişe dogan-uýalar bilen ýürekden gyzyklansa-da, keselinden gutulansoň, aýaly bilen syrkaw dogan-uýalaryňka baryp, ruhlandyrmak üçin jan edýär. Mysal üçin, Antonio agyr keselli bir dogany idänden soň, onuň ýygnak duşuşyklaryna barasy gelmeýändigini bilýär. Antonio: «Ol Ýehowany we dogan-uýalary söýmeýändigi üçin däl, eýsem keselden ýaňa örän göwnüçökgün bolany üçin barasy gelmeýär» diýdi.

Antonio bir oturyşykda ýarawsyz dogany ruhlandyrmak üçin doga etmegi haýyş etdi. Başda dogan doga etmäge çekinse-de, soňra razylaşdy. Antonio şeýle diýýär: «Ol şeýle bir gowy doga etdi welin, şondan soň onuň göwni göterildi. Ol indi özüni dereksiz duýmaýar».

Biziň ählimiz, az bolsun, köp bolsun, her hili kynçylyga uçraýarys. Emma Pawlus resulyň aýtmagyna görä, bu bize muşakgat çekýän adamlara teselli bermegi öwredýär. Şonuň üçin, geliň, Ýehowa Hudaýymyzyň göreldesine eýerip, hasrat çekýän dogan-uýalara mähirlilik bilen duýgudaşlyk bildirip, teselli bereliň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş