Isa sanlyja adam arkaly köpleri doýurýar
«(Isa) çörekleri bölüşdirip, şägirtlere berdi, şägirtler hem olary märekä paýladylar». MAT. 14:19
1—3. Betsaýdanyň golaýynda Isanyň uly märekäni nädip doýurandygyny gürrüň beriň. (Makalanyň başyndaky surata serediň).
ŞEÝLE wakany göz öňüne getireliň (Matta 14:14—21-nji aýatlary okaň). B. e. 32-nji ýylynyň Pasha baýramynyň öňüsyrasydy. Aýallar we çagalardan başga bäş müňe golaý erkek adam Isanyň hem-de onuň şägirtleriniň yzyna düşdüler. Olar Jelile deňziniň demirgazyk kenar ýakasyndaky Betsaýda obasyna golaý bir çola ýerde ýerleşdiler.
2 Isa märekäni görüp, haýpy geldi. Şonuň üçin olaryň arasyndaky syrkawlary sagaltdy we olara Hudaýyň Patyşalygy barada köp zatlary öwretdi. Wagt gijigende bolsa, şägirtler Isadan märekäni golaýdaky obalara gidip, özlerine iýere zat satyn almaga goýbermegini haýyş etdiler. Emma Isa şägirtlerine: «Olara siz iýere zat beriň» diýdi. Isanyň sözlerine şägirtler ör-gökden geldiler, çünki olarda bary-ýogy bäş çörek bilen iki sany kiçijik balyk bardy.
3 Isanyň märekä ýüregi awap, gudrat görkezdi. Şu gudrat barada Injiliň başdaky dört kitabynda-da ýazylan (Mar. 6:35—44; Luka 9:10—17; Ýahýa 6:1—13). Isa şägirtlerine märekäni elli-elliden we ýüz-ýüzden topar-topar edip, gök otuň üstünde oturtmagy buýurdy. Ol şükür edeninden soňra, çörekleri we balyklary paýlamaga taýýarlap goýdy. Emma olary özi paýlaman, «bölüşdirip, şägirtlere berdi, şägirtler hem olary märekä paýladylar». Haýran galaýmaly, her adam üçin bolelin iýmit bardy! Oýlanyp görüň, Isa sanlyja adam arkaly, ýagny şägirtleriniň üsti bilen müňlerçe adamy doýurdya.
4. a) Isa haýsy iýmiti bermek barada has köp alada edýärdi we näme üçin? b) Şu we indiki makalada nämä serederis?
4 Isa şägirtlerine ruhy iýmiti bermek, ýagny olara Hudaýyň Sözündäki hakykaty öwretmek barada has-da köp alada edýärdi. Sebäbi olar şol hakykatlary öwrenseler, ebedi ýaşap bilerdiler (Ýahýa 6:26, 27; 17:3). Isanyň märekä ýüregi awap, olara çörek we balyk berşi ýaly, ol şägirtlerine-de ençeme sagatlap köp zatlary öwredýärdi (Mar. 6:34). Ýöne ol ýerdäki ömrüniň gysgadygyna we tizden göge gitmelidigine düşünýärdi (Mat 16:21; Ýahýa 14:12). Isa göge gidende, ýerdäki şägirtlerine nädip ruhy iýmit berer? Ýokarda aýdylyşy ýaly, ol sanlyja adam arkaly köpleri doýrar. Şol sanlyja adam kimler bolmaly? Geliň, Isanyň I asyrda sanlyja adam arkaly köp sanly mesh edilen şägirtlerine ruhy iýmiti berşine seredeliň. Indiki makalada bolsa, şu wajyp soragyň jogabyny bileris: «Şu günler ruhy iýmit bermek üçin Isanyň ulanýan sanlyja adamy kimler?»
ISA SANLYJA ADAMY SAÝLAÝAR
5, 6. a) Isa ölenden soň hem şägirtlerine ruhy iýmitiň berilmegi üçin nähili wajyp karar kabul etdi? b) Isa şägirtlerini jogapkärli wezipä nädip taýýarlady?
5 Paýhasly maşgalabaşy aradan çykaýan ýagdaýynda-da, maşgalasy rahat ýaşap biler ýaly, öňünden aladasyny edýär. Şonuň ýaly-da, mesihçiler ýygnagynyň başy bolan Isa hem ölenden soň şägirtlerine ruhy iýmitiň berilmegi barada alada etdi (Efes. 1:22). Mysal üçin, Isa ölümine iki ýyl galanda örän wajyp karar kabul etdi. Ol köplere iýmit berjek sanlyja adamy saýlady. Geliň, şol barada gürrüň edeliň.
6 Isa bütin gijäni doga edip geçirip, şägirtleriniň arasyndan on iki resuly saýlady (Luka 6:12—16). Ol soňky iki ýylyň dowamynda on iki resulyna sözde we iş ýüzünde ençeme zatlary öwretdi. Hawa, resullaryň öwrenmeli zady köpdi. Şonuň üçin-de, olara «şägirt» diýilýärdi (Mat. 11:1; 20:17). Isa olara gerekli maslahatlary berdi we ökdelik bilen wagyz etmegi öwretdi (Mat. 10:1—42; 20:20—23; Luka 8:1; 9:52—55). Isa resullaryny öňünden taýýarlan bolmaly, sebäbi ol ýerdäki gullugyny tamamlap, göge galandan soň, olar wajyp işi ýerine ýetirmelidi.
7. Isa resullaryň, esasan, haýsy ýumuş bilen meşgullanmalydygyny nädip görkezdi?
7 Resullara nähili ýumuş tabşyryldy? B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost gününiň ýakynlaşmagy bilen, resullaryň «wezipesi», ýagny ýygnaga gözegçilik etjekdigi aýan boldy (Res. iş. 1:20). Olar näme etmelidiler? Muny bilmek üçin direlen Isanyň Petrus resul bilen eden gürrüňine üns bereliň (Ýahýa 21:1, 2, 15—17-nji aýatlary okaň). Beýleki resullaryň ýanynda Isa Petrusa: «Guzularymy otlat» diýdi. Isa şeýle sözler bilen, köplere ruhy iýmiti berjek sanlyja adamlaryň arasynda resullaryň boljakdygyny görkezdi. Gör, Isa «guzularyny» nähili söýýär!b
PENTIKOST GÜNÜNDEN BAŞLAP KÖPLER IÝMITLENÝÄR
8. Pentikost güni täze mesihçiler Isanyň kim arkaly ruhy iýmit berýändigine düşünendigini nädip görkezdiler?
8 B. e. 33-nji ýylyndan başlap, direlen Isa mesh edilen şägirtlerine resullar arkaly ruhy iýmit berýär (Resullaryň işleri 2:41, 42-nji aýatlary okaň). Mesh edilen täze mesihçiler Isanyň kim arkaly iýmit berýänini anyk bilýärdiler. Şonuň üçinem olar «resullaryň nesihatlaryny diňlemek... bilen... wagtlaryny geçirýärdiler». Bir alymyň aýtmagyna görä, «wagtlaryny geçirmek» diýip terjime edilen grek sözi «belli bir işe aň-düşünjäň bilen doly berilmegi» aňladýar. Täze mesihçiler hakykaty has çuň öwrenmek isleýärdiler we ony kimiň öwredýändigini-de bilýärdiler. Resullar Isanyň sözlerini, işlerini we oňa degişli aýatlaryň manysyny düşündirende, täze mesihçiler ähli zady höwes bilen kabul edýärdilerc (Res. iş. 2:22—36).
9. Resullar Isanyň goýunlaryny otlatmak borjuny ünsden düşürmändigini nädip görkezdiler?
9 Resullar Isanyň goýunlaryny otlatmak borjuny hiç haçan ünsden düşürmediler. Meselem, olaryň täze döredilen ýygnaklarda agzalalyga eltip biljek çylşyrymly meseläni nädip çözendigine seredeliň. Geň galaýmaly, bu iýmit paýlamak bilen baglanyşyklydy. Gündelik iýmit paýlaşygynda ýewreýçe gepleýän dul hatynlara iýmit berilýärdi, ýöne grekçe gepleýän dul hatynlar gözden salynýardy. «On iki» resul bu çylşyrymly meseläni nädip çözerkä? Olar «bu işi» ýerine ýetirmäge, ýagny gündelik iýmit paýlamaga ýedi sany mynasyp dogany bellediler. Isa adamlary gudrat bilen doýranda, resullaryň köpüsi iýmit paýlamaga gatnaşan bolsa gerek. Ýöne olar häzirki ýagdaýda ruhy iýmite has köp üns bermegiň wajypdygyna düşünýärdiler. Şeýdip, olar «sözüň gullugyna berildiler» (Res. iş. 6:1—6).
10. Isa Mesih Iýerusalimdäki resullary we ýaşululary nädip ulanypdyr?
10 B. e. 49-njy ýylynda resullara başga-da ukyply ýygnak ýaşululary goşuldylar (Resullaryň işleri 15:1, 2-nji aýatlary okaň). Iýerusalimdäki resullar we ýaşulular ýolbaşçylyk maslahaty hökmünde gulluk edýärdi. Ýygnagyň başy Isa şol ukyply doganlaryň kiçijik topary arkaly mesihçileriň ynançlary bilen bagly meseleleri çözýärdi we hoş habaryň wagyz edilmegine hem-de öwredilmegine ýolbaşçylyk edýärdi (Res. iş. 15:6—29; 21:17—19; Kol. 1:18).
11, 12. a) Isanyň I asyrdaky ýygnaga ruhy iýmiti bermek üçin saýlan adamlaryny Ýehowanyň patalandygyny näme görkezýär? b) Ýygnaklara ruhy iýmiti bermek üçin Mesihiň kimi ulanandygyny adamlar nädip bildiler?
11 Isanyň I asyrdaky ýygnaga ruhy iýmiti bermek üçin saýlan adamlaryny Ýehowa pataladymy? Elbetde! Biz muny nireden bilýäris? Resullaryň işleri kitabynda şeýle diýilýär: «Olar (Pawlus we onuň egindeşleri) şäherleriň içinden geçip, Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi doganlara tabşyrýardylar. Şeýlelikde, ýygnaklaryň imany berkeşýärdi, sanlary gün-günden artýardy» (Res. iş. 16:4, 5). Üns beren bolsaňyz, olaryň Iýerusalimdäki ýolbaşçylyk maslahaty bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edeni üçin ýygnaklar ösýärdi. Eýsem, bu Isanyň I asyrdaky ýygnaga ruhy iýmiti bermek üçin saýlan adamlaryny Ýehowanyň patalandygyny görkezmeýärmi? Geliň, şol sebäpli ýygnaklaryň diňe Ýehowanyň patasy arkaly ruhy taýdan ösýändigini unutmalyň! (Sül. tym. 10:22; 1 Kor. 3:6, 7).
12 Görşümiz ýaly, Isa şägirtlerini beden taýdan nädip iýmitlendiren bolsa, ruhy taýdan hem şeýdip iýmitlendirdi, ýagny ol sanlyja adam arkaly köpleri doýurdy. Isanyň ruhy iýmiti kim arkaly berýändigi äşgär boldy. Galyberse-de, resullara, ýagny ýolbaşçylyk maslahatynyň ilkinji agzalaryna gökden goldaw berilýärdi. Mysal üçin, Resullaryň işleri 5:12-de: «Resullar il içinde köp alamatlar, gudratlar görkezýärdiler» diýilýärd. Şulary göz öňünde tutsak, mesihçilerde: «Isa kim arkaly goýunlaryny otladýarka?» diýen sorag ýüze çykmandyr. Ýöne I asyryň soňunda ýagdaý üýtgedi.
HAŞAL OT KÖPELÝÄR WE BUGDAÝ AZALÝAR
13, 14. a) Isa garşylyklar babatda nämäni öňünden aýtdy we onuň sözleri haçan ýerine ýetip başlady? b) Haýsy iki tarapdan garşylyk bolmalydy? (Sözsoňa serediň).
13 Isa mesihçiler ýygnagynda garşylyklaryň boljakdygyny öňünden aýdypdy. Ýadyňyzda bolsa, ol bugdaý we haşal ot tymsalynda ekilen bugdaýyň (mesh edilen mesihçileriň) arasyna haşal otuň (ýalan mesihçileriň) ekiljekdigini aýdypdy. Onuň aýtmagyna görä, bu iki topar oraga, ýagny «döwrüň soňuna» çenli bilelikde ösmelidi (Mat. 13:24—30, 36—43). Isanyň bu sözleri biraz wagtdan ýerine ýetip başladye.
14 Imandan dönmeklik I asyrda başlandy, ýöne Isanyň wepaly resullary olary «bökdediler», ýagny olar ýygnagy ýalan taglymatlar bilen zäherlenmekden goradylar (2 Sel. 2:3, 6, 7). Emma resullar aradan çykandan soň, imandan dönenler ähli ýygnaklara ýaýrady we birnäçe asyryň dowamynda bugdaý hem haşal ot bile ösdüler. Şol döwürde haşal ot köpelip, bugdaý azaldy. Şonda ruhy iýmiti yzygiderli we guramaçylykly paýlaýan topar ýokdy. Ýöne ýagdaý üýtgemelidi. Haçan?
ORAK DÖWRÜNDE RUHY IÝMITI KIM BERMELI?
15, 16. Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň Hudaýyň Sözüni çuňňur özleşdirmegi nähili netije berdi we nähili sorag ýüze çykýar?
15 Käbir adamlar bugdaý we haşal otuň bilelikde ösýän döwrüniň soňy golaýlanda, Mukaddes Ýazgylaryň hakykatyny uly gyzyklanma bilen öwrenip başladylar. Ýadyňyzda bolsa, 1870-nji ýyllarda dogruçyl we akýürekli adamlar bile ýygnanyşyp, Mukaddes Ýazgylary öwrenýärdiler. Olar Hudaýyň Sözündäki hakykaty tapmak üçin, ony ünsli we kiçigöwünlilik bilen öwrenýärdiler (Mat. 11:25). Bu kiçijik topara buthanalaryň ýa-da hristian dünýäsiniň agzalary degişli däldi.
16 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň Hudaýyň Sözüni çuňňur özleşdirmegi örän gowy netije berdi. Bu wepaly adamlar ýalan taglymatlary paş edip, Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlaryň üsti bilen ruhy hakykaty ýaýradýardylar. Olaryň bu eden işi hakykata ajygyp, suwsanlaryň aňyna we ýüregine güýçli täsir etdi. Ýöne şeýle soragyň ýüze çykmagy mümkin: Mesih 1914-nji ýyldan öň hem goýunlaryny otlatmak üçin Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň bu toparyny ulandymy? Ýok. Sebäbi bugdaý hem haşal ot bile ösýärdi we bu topar ruhy iýmiti paýlamaga entek taýýar däldi. Şol döwürde haşal ota meňzeş ýalan mesihçiler bugdaýa meňzeş hakyky mesihçilerden entek aýrylmandy.
17. 1914-nji ýyldan başlap nähili wajyp wakalar boldy?
17 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, orak döwri 1914-nji ýylda başlady. Şol ýyl wajyp wakalaryň başlangyjy boldy. Isa Patyşalyk tagtyna çykdy we soňky günler başlandy (Ylh. 11:15). 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başlaryna çenli Isa Atasy bilen bilelikde ruhy ybadathanany barlap, ony arassaladyf (Mal. 3:1—4). Soňra 1919-njy ýylda bugdaýy ýygymy başlandy. Şonda Mesihiň ruhy iýmiti guramaçylykly paýlajak topary bellemeginiň wagty geldimi? Hawa, geldi.
18. Isa «hyzmatkär» barada nämäni öňünden aýtdy we soňky günleriň başlanmagy bilen nähili wajyp sorag ýüze çykdy?
18 Isa soňky günler baradaky pygamberliginde «wagtly-wagtynda (ruhy) nahar» bermek üçin, «hyzmatkär» bellejekdigini öňünden aýtdy (Mat. 24:45—47). Bu «hyzmatkär» kim bolmalydy? Isa I asyrda edişi ýaly, ýene-de sanlyja adam arkaly köpleri doýurmalydy. Emma soňky günleriň başlanmagy bilen, wajyp sorag ýüze çykdy: «Bu sanlyja adam kimler?» Indiki makalada Isanyň pygamberligi bilen baglanyşykly şu we beýleki soraglara serederis.
a 3-nji abzas: Biraz soňra Isa çagalardyr, aýallardan başga dört müň adamy gudrat bilen doýranda-da, ol iýmitleri «şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary märekä paýladylar» (Mat. 15:32—38).
b 7-nji abzas: Petrusyň ýaşan döwründäki iýmitlenmeli «guzularyň» ählisi gökde ýaşamaga umyt edýärdi.
c 8-nji abzas: Täze mesihçiler «resullaryň nesihatlaryny diňlemek... bilen... wagtlaryny geçirýärdiler» diýilmegi, resullaryň olara käwagt däl-de, yzygiderli öwredendigini görkezýär. Resullaryň öwreden käbir zatlary Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan Grek Ýazgylarynyň bir bölegi boldy.
d 12-nji abzas: Resullardan başga mesihçiler hem ajaýyp ruhy sylaglary aldylar. Bu sylaglar köplenç resullar arkaly ýa-da olaryň iň bolmanda biriniň gatnaşmagy bilen berlen bolmaly (Res. iş. 8:14—18; 10:44, 45).
e 13-nji abzas: Pawlusyň Resullaryň işleri 20:29, 30-njy aýatlarda aýdan sözlerine görä, ýygnaklara iki tarapdan garşylyk bolmalydy. Birinjiden, mesihçileriň «arasyna» ýalan mesihçiler («haşal ot») girmelidi. Ikinjiden, mesihçileriň «arasyndan» «hakykaty ýoýjak» imandan dönenler çykmalydy.
f 17-nji abzas: Žurnalyň şu sanyndaky «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (sah. 11, abz. 6) diýen makala serediň.