«Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?»
«Agasynyň olaryň üstünden goýan sadyk hem akylly hyzmatkäri kim?» MAT. 24:45
1, 2. Isa şu günler ruhy iýmiti kim arkaly berýär we biz näme üçin onuň kimdigini bilmeli?
«DOGANLAR, men ençeme gezek siziň ýazan makalalaryňyzy okap, olaryň tüýs wagtynda gelýändigine göz ýetirdim». Bir uýa şeýle sözler bilen bütindünýä baş edaramyzda işleýän doganlara minnetdarlyk hatyny ýazdy. Siz onuň bilen ylalaşýarsyňyzmy? Biziň köpümiz ylalaşsak gerek. Muňa geň galmalymy? Elbetde, ýok.
2 Biziň wagtly-wagtynda alýan ruhy iýmitimiz ýygnagyň Başy Isanyň beren wadasynda durýandygyny görkezýär. Ol muny kim arkaly edýär? Isa soňky günleriň alamatlaryny gürrüň berende, «sadyk hem akylly hyzmatkär» arkaly «öýdäki hyzmatkärlerine» (TD) «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berjekdigini hem aýdypdya (Matta 24:45—47-nji aýatlary okaň). Hawa, Isa soňky günlerde sadyk hyzmatkär arkaly şägirtlerine iýmit berýär. Bu sadyk hyzmatkäriň kimdigini bilmek wajyp, çünki biziň ruhy saglygymyz we Hudaý bilen dostlugymyz şoňa bagly (Mat. 4:4; Ýahýa 17:3).
3. Sadyk hyzmatkär tymsaly barada edebiýatlarymyzda öň näme diýlipdi?
3 Ýokarda agzalanlary göz öňünde tutsak, Isanyň sadyk hyzmatkär baradaky tymsalyna nähili düşünmeli? Bu babatda öň biziň edebiýatlarymyzda şeýle diýlipdi: Isa b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni sadyk hyzmatkäri öýdäki hyzmatkärleriň üstünden belledi. Şondan bäri ýer ýüzündäki mesh edilen mesihçileriň ählisi sadyk hyzmatkär hasaplanýardy. Mesh edilen mesihçileriň hersi aýratynlykda öýdäki hyzmatkärleri aňladýar. 1919-njy ýylda Isa sadyk hyzmatkäre bütin «mal-mülküni», ýagny Patyşalyga degişli ýer ýüzündäki ähli zatlaryny ynandy. Emma indi Isanyň sadyk hem akylly hyzmatkär tymsaly barada doga arkaly oýlanyp we ony düýpli özleşdirip, düşünjämiz has-da aýdyňlaşdy (Sül. tym. 4:18). Geliň, häzir bu tymsaly ara alyp maslahatlaşalyň we gökde ýa-da ýerde ýaşamaga umyt edýändigimize garamazdan, onuň bize nähili degişlidigine seredeliň.
TYMSAL HAÇAN ÝERINE ÝETDI?
4—6. Isanyň sadyk hyzmatkär baradaky tymsaly näme üçin 1914-nji ýyldan soň ýerine ýetdi diýse bolar?
4 Mattanyň 24-nji babynyň beýleki aýatlaryna seretsek, sadyk hem akylly hyzmatkär baradaky tymsalyň b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni däl-de, soňky günlerde ýerine ýetýändigini bilse bolýar. Geliň, Mukaddes Ýazgylaryň muny nädip tassyklaýandygyna seredeliň.
5 Sadyk hyzmatkär tymsaly Isanyň «gelmegi we ahyrzamanyň alamaty» baradaky pygamberlige degişli (Mat. 24:3). Matta 24:4—22-nji aýatlardaky pygamberlik iki gezek — birinji gezek b. e. 33-nji ýylyndan b. e. 70-nji ýyl aralygynda, ikinji gezek bolsa, biziň günlerimizde — ýerine ýetdi. Onda sadyk hyzmatkär baradaky tymsal hem iki gezek ýerine ýetdimi? Ýok.
6 Isa Matta 24:29—51-nji aýatlardan başlap, esasan, biziň günlerimizde ýerine ýetjek wakalara üns berýär. Ol uly muşakgatda ýerine ýetjek wakalary gürrüň berende: «(Adamlar) Ynsan Ogluny Gökdäki bulutlarda gudrat hem uly şöhrat bilen gelýänini görer» diýdi (Mat. 24:30). Ol soňky günlerde ýaşajak adamlary oýa bolmaga höweslendirip: «Siz Rebbiňiziň haýsy gün geljegini bilmeýärsiňiz... Ynsan Ogly siziň oslamaýan sagadyňyzda geler» diýdi (Mat. 24:42, 44)b. Isa soňky günlerde boljak wakalary gürrüň berenden soň, sadyk hyzmatkär baradaky tymsaly aýtdy (Mat. 24:45—47). Diýmek, bu tymsal 1914-nji ýylda soňky günler başlandan soň ýerine ýetdi diýse bolar. Biz näme üçin şeýle netijä gelýäris?
7. Orak döwrüniň başlanmagy bilen nähili wajyp sorag ýüze çykdy we näme üçin?
7 Häzir bolsa, «Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?» diýen soraga seredeliň. I asyrda şeýle sorag ýüze çykmandy. Geçen makaladan bilşimiz ýaly, resullar gudratlar görkezip, olar hatda şeýle sylagy başga adamlara-da berip bilýärdiler. Bu bolsa Hudaýyň olary goldaýandygyny görkezýärdi (Res. iş. 5:12). Şol sebäpli Mesihiň kim arkaly ýolbaşçylyk edýändigi barada hiç kim sorag bermändir. Emma 1914-nji ýylda, ýagny orak döwri başlanda ýagdaý düýbünden üýtgedi: haşal oty bugdaýdan aýyrmagyň wagty gelip ýetdi (Mat. 13:36—43). Orak döwrüniň başlanmagy bilen şeýle wajyp sorag ýüze çykdy: «Özlerini Isanyň şägirtleri hasaplaýan ençeme mesihçileriň arasyndan bugdaýy, ýagny mesh edilen mesihçileri nädip tanap bolar?» Bu soraga sadyk hyzmatkär baradaky tymsal jogap berýär. Isanyň mesh edilen şägirtleri ýokumly ruhy iýmiti kabul edýänligi bilen tapawutlanmalydy.
SADYK HEM AKYLLY HYZMATKÄR KIM?
8. Sadyk hyzmatkär näme üçin mesh edilen mesihçilerden bolmaly diýip bileris?
8 Sadyk hyzmatkär mesh edilen mesihçilerden bolmaly. Bu mesihçilere «patyşa ruhanylary» diýilýär we olara «tümlükden ajaýyp nuruna çagyran Hudaýyň şöhratly işlerini yglan etmek» tabşyryldy (1 Pet. 2:9, TD). Görşümiz ýaly, «patyşa ruhanylaryň» agzalary imandaşlaryna hakykaty öwretmeli (Mal. 2:7; Ylh. 12:17).
9. Mesh edilen mesihçileriň hemmesi sadyk hyzmatkärmi? Düşündiriň.
9 Ýer ýüzünde ýaşaýan mesh edilen mesihçileriň hemmesine sadyk hyzmatkär diýse bolarmy? Ýok. Mesh edilen mesihçileriň ählisi bütin dünýäde ýaşaýan dogan-uýalara ruhy iýmiti paýlamaýarlar. Mesh edilen doganlaryň käbiri ýygnaklarda gulluk hyzmatçysy ýa-da ýaşuly bolup hyzmat edýärler. Olar öýden-öýe wagyz edýärler, ýygnaklarda tälim berýärler we baş edaramyzyň berýän görkezmesini ýürekden goldaýarlar. Ýöne olar dogan-uýalara ruhy iýmiti paýlamaýarlar. Şeýle-de kiçigöwünli mesh edilen mesihçi uýalarymyz ýygnaklarda öwretjek bolmaýarlar (1 Kor. 11:3; 14:34).
10. Sadyk hem akylly hyzmatkär kim?
10 Onda sadyk hem akylly hyzmatkär kim? Isanyň sanlyja adam arkaly köplere iýmit berşini göz öňüne tutsak, hyzmatkär 1919-njy ýyldan bäri ruhy iýmiti taýýarlap, ony paýlaýan mesh edilen doganlaryň kiçi toparyndan ybaratdyr. Sadyk hyzmatkär biziň döwrümizde baş edaramyzda gulluk edýär. Soňky 20—30 ýylyň içinde hyzmatkäriň Ýehowanyň Güwäçileriniň Ýolbaşçylyk maslahatydygy aýan boldy. Üns beren bolsaňyz, hyzmatkär birnäçe adamdan ybarat bolsa-da, Isanyň tymsalynda oňa bir «hyzmatkär» diýilýär. Sebäbi olar her gezek bile ýygnanyşyp, bir adam ýaly karara gelýärler.
ÖÝDÄKI HYZMATKÄRLER KIM?
11, 12. a) Sadyk hem akylly hyzmatkäre nähili iki ýumuş tabşyryldy? b) Isa sadyk hyzmatkär edip kimi saýlady we oňa öýdäki hyzmatkärlere gözegçilik etmegi haçan tabşyrdy?
11 Üns beren bolsaňyz, Isanyň tymsalynda sadyk hem akylly hyzmatkäre iki ýumuş berilýär. Birinjiden, oňa öýdäki hyzmatkärlere gözegçilik etmek tabşyrylýar, ikinjiden, agasynyň bütin mal-mülki ynanylýar. Sadyk hyzmatkär baradaky tymsal döwrüň ahyrynda ýerine ýetmeli. Şeýlelikde, iki ýumuş hem 1914-nji ýylda Isa tagta geçenden soň tabşyryldy.
12 Isa sadyk hyzmatkäre haçan öýdäki hyzmatkärlere gözegçilik etmegi tabşyrdy? Muny bilmek üçin, 1914-nji ýyla, ýagny orak döwrüniň başyna dolanmaly. Ýokarda agzalyşy ýaly, şol döwürde özlerini mesihçi hasaplaýan toparlar köpdi. Isa olaryň haýsysyny saýlap, sadyk hyzmatkär edip bellär? Bu Isa we Atasy gelip, 1914-nji ýyldan 1919-njy ýylyň başlaryna çenli ybadathanany barlanlarynda belli boldyc (Mal. 3:1). Ýehowa we Ogly Isa Mukaddes Ýazgylary öwrenýän kiçi toparyň Hudaýy hem-de Onuň Sözüni ýürekden söýýändigini görüp begendiler. Elbetde, bu mesihçiler entek doly arassalanmandylar. Ýöne olar gysga wagtyň içinde barlanyp, düzedişleri kiçigöwünlilik bilen kabul etdiler (Mal. 3:2—4). Hawa, Mukaddes Ýazgylary ýürekden öwrenýän adamlar Mesihiň hakyky şägirtleridi. 1919-njy ýylda ruhy dikeldiş döwründe Isa mesh edilen mesihçileriň arasyndan ukyply doganlary saýlap, olary sadyk hyzmatkär edip belledi we oňa öýdäki hyzmatkärlere gözegçilik etmegi tabşyrdy.
13. Öýdäki hyzmatkärlere kimler degişli? Düşündiriň.
13 Öýdäki hyzmatkärler kim? Ýönekeý söz bilen aýdanyňda, olar iýmiti kabul edýän mesihçiler. Soňky günleriň başlarynda öýdäki hyzmatkärleriň ählisi mesh edilen mesihçilerdi. Emma soňra olaryň hataryna başga goýunlaryň uly märekesi-de goşuldy. Häzir başga goýunlar Mesihiň ýolbaşçylygyndaky «bir süriniň» köp bölegini tutýar (Ýahýa 10:16). Bu toparyň ikisi-de sadyk hyzmatkäriň wagtly-wagtynda taýýarlaýan ruhy iýmitini kabul edýärler. Sadyk hem akylly hyzmatkäriň, ýagny Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary barada näme diýse bolar? Olar hem ruhy iýmite mätäç. Hawa, olaryň her bir agzasy Isanyň beýleki şägirtleri ýaly, öýdäki hyzmatkärlere degişlidigini kiçigöwünlilik bilen boýun alýarlar.
14. a) Sadyk hyzmatkäre nähili tabşyryk berildi we oňa nämeler degişli? b) Isa sadyk hem akylly hyzmatkäre nähili duýduryş berdi? («Bu ýaramaz hyzmatkär...» diýen çarçuwa serediň).
14 Isa sadyk hem akylly hyzmatkäre wajyp tabşyryk berdi. Gadymy döwürde ynamly hyzmatkär ýa-da iş dolandyryjy hojaýynyň emlägine gözegçilik edýärdi (Luka 12:42). Şonuň ýaly-da, sadyk hem akylly hyzmatkäre Mesihiň mülküne gözegçilik etmek tabşyryldy. Muňa maddy emläk, wagyz işi, kongresleriň meýilnamasy we wagyzda, şahsy okuwda hem ýygnak duşuşyklarynda ulanylýan Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlar degişli. Öýdäki hyzmatkärler sadyk hyzmatkäriň taýýarlaýan ähli ruhy iýmitine mätäçdir.
AGASYNYŇ BÜTIN MAL-MÜLKI HYZMATKÄRE HAÇAN YNANYLAR?
15, 16. Isa sadyk hyzmatkäri bütin mal-mülküniň üstünden haçan bellemeli?
15 Isa ikinji ýumşy haçan tabşyrar, ýagny «bütin mal-mülküni» hyzmatkäre haçan ynanar? Ol şeýle diýdi: «Agasy gelende, şeýle edip ýörenini görjek hyzmatkäri nähili bagtlydyr! Size dogrusyny aýdýaryn, agasy bütin mal-mülküni şoňa ynanar» (Mat. 24:46, 47). Üns beren bolsaňyz, Isa gelip, hyzmatkäriň «şeýle edip ýörenini», ýagny ruhy iýmiti paýlaýanyny görende, ikinji ýumşy tabşyrar. Görşümiz ýaly, birinji ýumşy tabşyryp, ikinji ýumşy berýänçä wagt geçmelidi. Isanyň hyzmatkäre bütin mal-mülküni nädip we haçan ynanandygyna düşünmek üçin, şu iki zady bilmeli: ol haçan gelmeli we onuň mal-mülküne nämeler degişli?
16 Isa haçan gelmeli? Munuň jogabyny Mattanyň 24-nji babynyň başdaky aýatlaryndan bilse bolýar. Ýadyňyzda bolsa, şu aýatlarda Isanyň zalym dünýäniň üstünden çykarylan hökümi ýerine ýetirmäge «geljekdigi» barada aýdylýard (Mat. 24:30, 42, 44). Şeýlelikde, sadyk hyzmatkär tymsalyna görä, Isa uly muşakgatda geler.
17. Isanyň mal-mülküne nämeler degişli?
17 Isanyň «bütin mal-mülküne» nämeler degişli? Isa bu sözleri aýdanda, diňe bir ýer ýüzündäki mülküni göz öňünde tutmady. Aslynda, onuň gökde-de uly ygtyýary bar. Ol: «Ähli ygtyýar ýerde-gökde Maňa berildi» diýdi (Mat. 28:18; Efes. 1:20—23). Häzir Isanyň mülküne Mesihi Patyşalyk hem degişli, çünki ol 1914-nji ýylda oňa Patyşa bellendi we mesh edilen şägirtleri bilen bile höküm sürer (Ylh. 11:15).
18. Isa hyzmatkäre bütin mal-mülküni näme üçin höwes bilen ynanar?
18 Ýokarda aýdylanlary göz öňünde tutsak nähili netijä gelse bolar? Isa uly muşakgatda zalym dünýäni ýok etmäge gelende, sadyk hyzmatkäriň öýdäki hyzmatkärlere wagtly-wagtynda ruhy iýmiti paýlaýandygyny görer. Şonda ol ikinji tabşyrygyny berer, ýagny bütin mal-mülküni höwes bilen ynanar. Sadyk hyzmatkäriň agzalary gökde baýragyny alyp, Mesih bilen höküm sürerler.
19. Sadyk hyzmatkär beýleki mesh edilen mesihçilere garanyňda, gökde has uly baýrak alarmy? Düşündiriň.
19 Sadyk hyzmatkär beýleki mesh edilen mesihçilere garanyňda, gökde has uly baýrak alarmy? Ýok. Elbetde, kiçi topara wada edilen sylag başgalara-da degişli bolup biler. Meselem, geliň, häzir Isanyň ölüminiň öň ýanyndaky gijesi 11 sany wepaly resulyna aýdan sözlerine seredeliň (Luka 22:28—30-njy aýatlary okaň). Isa bu kiçi topara wepalylygy üçin ajaýyp sylag berjekdigini wada etdi. Olar Isa bilen bilelikde gökde patyşa bolarlar. Emma birnäçe ýyldan soň, Isa 144 müňleriň ählisine tagtlarda oturmaga ygtyýar berjekdigini aýtdy (Ylh. 1:1; 3:21). Şonuň ýaly-da, Matta 24:47-ä görä, Isa kiçi topara, ýagny mesh edilen doganlardan ybarat sadyk hyzmatkäre bütin mal-mülküni ynanar. Aslynda, 144 müňleriň ählisine gökde uly ygtyýar berler (Ylh. 20:4, 6).
20. Isa sadyk hyzmatkäri näme üçin belledi we siz näme etmegi ýüregiňize düwdüňiz?
20 Isa I asyrda sanlyja adam arkaly köpleri doýurdy. Şu günlerem sadyk hem akylly hyzmatkär arkaly köplere ruhy iýmit berýär. Isa şu soňky günlerde sadyk hyzmatkäriň mesh edilenleri-de, başga goýunlary-da wagtly-wagtynda ruhy iýmit bilen üpjün etjekdigine ynanýar. Geliň, mesh edilen mesihçilerden ybarat bolan sadyk hem akylly hyzmatkäre minnetdarlyk bildirip, ony goldamagy ýüregimize düweliň (Ýew. 13:7, 17).
a 2-nji abzas: Isa mundan biraz öň, şuňa meňzeş tymsaly gürrüň berdi. Ol ýerde «hyzmatkäre» «iş dolandyryjy» diýilýär (Luka 12:42—44).
b 6-njy abzas: Matta 24:42— 44-nji aýatlarda «geler» (erkhomai) diýip terjime edilen grek sözi Matta 24:3-de ulanylýan «gelmek» (parousia) diýip terjime edilen grek sözünden tapawutlanýar. Isanyň göze görünmeýän barlygy (parousia) eýýäm başlandy we ol gelejekde zalym dünýäni ýok etmäge geler (erkhomai).
c 12-nji abzas: Žurnalyň şu sanyndaky «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýen makala serediň (sah. 10—12, abz. 5—8).
d 16-njy abzas: Žurnalyň şu sanyndaky «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar?» diýen makala serediň (sah. 7, 8, abz. 14—18).