Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Mart sah. 13—17
  • Paýhasly karara gelip, imanyňyzy görkeziň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Paýhasly karara gelip, imanyňyzy görkeziň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • KARARA GELMEK DURMUŞYŇ WAJYP BÖLEGI
  • BIZE DEREK BAŞGALAR KARARA GELMELIMI?
  • KARARA GELENIŇIZDE, DUÝGULARYŇYZA ERK EDIŇ
  • KARARYMYZY HAÇAN ÜÝTGETMELI?
  • GELEN KARARYŇYZA EÝERIŇ
  • Hudaýy şöhratlandyrýan karara geliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Paýhasly karara geliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • «Her kim öz ýüküni özi götermeli»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Dogry karara nädip gelmeli?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Mart sah. 13—17
Ylýasyň ýasan gurbanlyk sypasynyň üstüne Ýehowadan ot inýär

Paýhasly karara gelip, imanyňyzy görkeziň

«Ol iman bilen dilesin, asla şübhelenmesin». ÝAK. 1:6

AÝDYMLAR: 54, 42

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Karara gelmek näme üçin ýaşaýşymyzyň bir bölegi bolup durýar?

  • Näme üçin bize derek başgalar karara gelmeli däl?

  • Biz näme üçin käte gelen kararymyzy üýtgetmeli bolýarys?

1. Kabyl näme üçin dogry karara gelip bilmedi we netijesi nähili boldy?

KABYL iki ýoluň ortasynda durdy. Ol haýsy ýoly saýlar? Günäli höwesine erk edermi ýa-da oňa ýol berer? Kabyl nähili karara geläýende-de, netijesi onuň bütin durmuşyna täsir etmelidi. Gynansak-da, ol nädogry ýoly saýlady. Netijede, ol Hudaýa wepaly dogany Habyly öldürdi. Onuň gelen bu karary Ýaradyjysy bilen gatnaşygyna hem uly zyýan ýetirdi (Gel. çyk. 4:3—16).

2. Dogry karara gelmegi öwrenmek näme üçin wajyp?

2 Bizem durmuşda wajyp kararlara gelmeli bolýarys. Elbetde, gelýän kararlarymyzyň ählisi ölüme ýa-da ýaşaýşa eltmese gerek. Emma şonda-da olaryň köpüsi bize güýçli täsir edýär. Dogry karara gelmegi öwrensek, her hili kynçylykdan, düşünişmezlikden, göwnüçökgünlikden daşda durup, asuda we parahat ýaşarys (Sül. tym. 14:8).

3. a) Dogry karara gelmäge näme kömek eder? b) Biz haýsy soraglara serederis?

3 Dogry karara gelmäge näme kömek eder? Munuň üçin Hudaýa iman etmeli we onuň kömek etmäge isleginiň hem güýjüniň bardygyna şübhelenmeli däl. Şeýle-de Ýehowanyň Sözüne, edýän işleriniň dogrudygyna iman etmeli we berýän maslahatyna eýermeli (Ýakup 1:5—8-nji aýatlary okaň). Ýehowa ýakynlaşsak we onuň Sözüne söýgimizi ösdürsek, hökümleriniň dogrudygyna ynamymyz artar. Şonda karara gelmezden öň, maslahaty Hudaýyň Sözünden gözlemegi endik edineris. Ýöne dogry karara gelmegi nädip öwrenip bileris? Eger bir karara gelen bolsak, bu ony asla üýtgetmeli däldigini aňladýarmy?

KARARA GELMEK DURMUŞYŇ WAJYP BÖLEGI

4. Adam ata nähili karara geldi we netijesi nähili boldy?

4 Karara gelmek hemişe-de ynsan durmuşynyň wajyp bölegi hasaplanýardy. Meselem, Adam ata ýa Ýaradyjysyna, ýa-da aýalyna gulak asmalydy. Elbetde, onuň özi karara gelip bilýärdi. Emma siz onuň gelen karary barada näme pikir edýärsiňiz? Adam ata aldanan aýalynyň täsirine düşüp, iň ýalňyş karara geldi. Netijede, Jennetden kowuldy we ebedi ýaşaýyşdan mahrum boldy. Şeýdip, bütin adamzadyň üstünden betbagtçylyk indi. Adam atanyň gelen nädogry karary sebäpli, biz häzire çenli ejir çekýäris.

5. Biz karara gelmeklige nähili garamaly?

5 Käbir adamlar karara gelmek ukybymyz bolmadyk bolsa, ýaşaýşymyz has manyly bolardy diýýärler. Sizem şeýle pikir edýärsiňizmi? Ýehowa adamy pikirlenip we karara gelip bilmeýän robot edip ýaratmady. Mukaddes Ýazgylar bize dogry karara gelmegi öwredýär. Ýehowa biziň özümiziň karara gelmegimizi isleýär we munuň peýdalydygyny bilýär. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

6, 7. Ysraýyl halky nämäni saýlady we olara dogry karara gelmek näme üçin kyn boldy? (Makalanyň başyndaky surata serediň).

6 Gadymy ysraýyl halky Wada edilen diýara girmänkä, şeýle wajyp karara gelmelidi: Ýehowa sežde etmelimi ýa-da başga taňrylara? (Ýeşuwa 24:15-i okaň)a. Bu ýönekeý ýaly bolup görünse-de, olaryň gelen karary ýaşaýşa ýa-da ölüme eltip bilerdi. Serdarlaryň döwründe ysraýyllylar gaýta-gaýta nädogry ýoly saýladylar. Olar Ýehowadan ýüz öwrüp, ýalan taňrylara sežde etdiler (Ser. 2:3, 11—23). Ýa-da başga wakany ýadymyza salalyň. Ylýas pygamber Hudaýyň halkyna belli bir karara gelmegiň wajypdygyny nygtady. Olar Ýehowa ýa-da Bagal taňrysyna sežde etmegi saýlamalydy (1 Pat. 18:21). Ylýas pygamber ikigöwünli halky ýazgardy. Belki-de, siz: «Bu ýönekeýje karar-a. Munuň üçin ikirjiňlenmek nämä gerek?! Ýehowa gulluk etmek paýhasly we hemişe peýda getirýär ahyryn» diýýänsiňiz. Dogrudan-da, Bagala sežde etmegi saýlamak akylsyzlykdy. Ysraýyllylar şonda-da «ikigöwünli bolup, yraň atyp ýördüler». Ylýas pygamber olary iň gowy ýoly, ýagny Ýehowa sežde etmegi saýlamaga höweslendirdi.

7 Ysraýyllylara dogry karara gelmek näme üçin kyn boldy? Olar indi Ýehowa iman etmeýärdiler, oňa gulak hem asmaýardylar. Ysraýyllylar Ýehowa barada dogry bilim almagyny, onuň akyldarlygyna eýermegini we oňa bil baglamagyny bes etdiler. Eger olar alan dogry bilimi esasynda hereket eden bolsalardy, paýhasly karara gelerdiler (Zeb. 25:12). Emma olar başgalaryň täsirine düşdüler we özlerine derek olaryň karara gelmeklerine ýol berdiler. Ysraýyllylar Ýehowa gulluk etmeýän butparaz adamlaryň pikirini kabul edip, olaryň yzyna eýerdiler. Ýehowa munuň şeýle boljakdygyny olara öňünden duýdurypdy (Müs. çyk. 23:2).

BIZE DEREK BAŞGALAR KARARA GELMELIMI?

8. Karara gelmek babatda ysraýyl halkynyň taryhyndan näme öwrenýäris?

8 Biz ýokarda agzalan mysallardan köp zady öwrenip bileris. Her bir adamyň özi Mukaddes Ýazgylaryň esasynda dogry hem paýhasly karara gelmeli. Galatýalylar 6:5-de: «Her kim öz jogapkärçiligini özi çekmelidir» diýilýär. Biz bu jogapkärçiligi başgalaryň üstüne atmaly däl. Gaýtam, Ýehowanyň garaýşyny bilip, şoňa görä karara gelmeli.

9. Başgalaryň özümize derek karara gelmegine ýol bermek näme üçin howply?

9 Başgalaryň özümize derek karara gelmegine ýol bermek näme üçin howply? Başgalaryň täsirine düşsek, nädogry karara geleris (Sül. tym. 1:10, 15). Adamlar her näme diýseler-de, biz Mukaddes Ýazgylar boýunça terbiýelenen ynsabymyza eýerip, özümiz karara gelmeli. Eger biz başgalaryň özümize derek karara gelmegine ýol bersek, olaryň yzyna eýerdigimiz bolar. Bu bolsa bizi heläkçilige eltip biler.

10. Pawlus resul galatýalylara näme barada duýdurdy?

10 Pawlus resul Galatýadaky mesihçilere özüňe derek başgalaryň karara gelmegine ýol bermegiň howpludygyny duýdurdy (Galatýalylar 4:17-ni okaň). Käbir mesihçiler başgalara derek karara gelip, olary resullardan daşlaşdyrmak isleýärdi. Näme üçin? Olar özüne şöhrat agtarýardylar. Özlerine berlen çäkden çykyp, olar mesihçileriň karara gelmek jogapkärçiligine hormat goýmaýardylar.

11. Biz başgalara karara gelmäge nädip kömek edip bileris?

11 Pawlus resul her bir adamyň özüniň karara gelmelidigine gowy düşünýärdi (2 Korinfliler 1:24-i okaň). Şu günler ýygnak ýaşululary hem maslahat berende, dogan-uýalaryň karara gelmek hukugyna hormat goýmaly. Ýaşulular Mukaddes Ýazgylardaky pikirleri dogan-uýalara höwes bilen gürrüň berseler-de, olaryň özlerini karara gelmäge höweslendirýärler. Sebäbi olar eden işiniň netijesi üçin özleri jogap bermeli. Biz mundan wajyp sapak edinýäris. Bizem başgalaryň aladasyny edenimizde, olaryň ünsüni Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere ýa-da maslahatlara çekip bileris. Emma her bir adamyň özüniň karara gelmäge hukugynyň we jogapkärçiliginiň bardygyny unutmaly däl. Şonda bu olara peýda getirer. Diýmek, biz dogan-uýalara derek karara gelmelidiris öýtmeli däl.

Uýa ýasuly dogan saglyk kitapçasyny görkezýär, dogan onuň bilen käbir pikirleri paýlaşýar, soňra ony doldurýar

Mähirli ýaşulular dogan-uýalaryň özlerine karara gelmäge kömek edýärler (11-nji abzasa serediň)

KARARA GELENIŇIZDE, DUÝGULARYŇYZA ERK EDIŇ

12, 13. Gaharly ýa-da göwnüçökgün wagtyň ýüregiňi diňlemek näme üçin howply?

12 Şu dünýäde köplenç: «Öz ýüregiňi diňle» diýýärler. Emma bu howply we Ýazgylara esaslanmaýar. Hudaýyň Sözünde karara gelenimizde, bikämil ýüregimiziň ýa-da duýgularymyzyň täsirine düşmezlik maslahat berilýär (Sül. tym. 28:26). Şeýle-de onda ýüregini diňlän adamlaryň betbagtçylyga uçrandygy aýdylýar. Sebäbi bikämil adamlaryň «ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr» (Ýer. 3:17; 13:10; 17:9; 1 Pat. 11:9). Diýmek, ýüregimizi diňlesek netijesi näme bolar?

13 Isa Ýehowany bütin ýüregiň bilen we ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmegi tabşyrdy. Bu sözler ýüregiň wajyp orun tutýandygyny görkezýär (Mat. 22:37—39). Emma ýokarda agzalan aýatlardan görnüşi ýaly, duýgularymyzyň pikirimize we edýän işlerimize täsir etmegine ýol bermek howpludyr. Meselem, gaharly wagtymyz karara gelsek, netijesi nähili bolar? Eger biz öň şeýle eden bolsak, onda bu soragyň jogaby aýdyň bolsa gerek (Sül. tym. 14:17; 29:22). Ýa-da göwnüçökgün wagtymyz paýhasly karara gelip bilerismi? (San. 32:6—12; Sül. tym. 24:10). Mukaddes Ýazgylarda «Hudaýyň kanunynyň guly» bolan adamyň paýhasly hereket edýändigi aýdylýar (Rim. 7:25). Wajyp kararlara gelenimizde, duýgularymyza ýol bersek, aňsatlyk bilen aldanyp bileris.

KARARYMYZY HAÇAN ÜÝTGETMELI?

14. Käte gelen kararyňy üýtgetmegiň nädogry däldigini nireden bilýäris?

14 Elbetde, biz paýhasly karara gelmeli. Ýöne bu gelen kararyňy asla üýtgetmeli däldigini aňlatmaýar. Käte biz gelen kararymyz hakda oýlansak, ony üýtgetmegimiz mümkin. Ýunus pygamberiň döwründe Ýehowa ninewiýalylar babatda gelen kararyny üýtgedipdi. «Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi» (Ýun. 3:10). Ninewiýalylar toba edip, garaýşyny özgerdende, Ýehowa gelen kararyny üýtgetdi. Bu onuň akyldar, pespäl we duýgudaş Hudaýdygyny görkezýär. Görşümiz ýaly, Hudaý karara gelende, gaharly wagty duýgularyna ýol berýän adamlara meňzemeýär.

15. Gelen kararyňy üýtgetmäge näme sebäp bolup biler?

15 Dogrudan-da, käte gelen kararyňy üýtgetmek peýdaly. Muňa ýagdaýyň üýtgemegi sebäp bolup biler. Ýagdaý üýtgände, Ýehowa-da gelen kararyny üýtgedýärdi (1 Pat. 21:20, 21, 27—29; 2 Pat. 20:1—5). Ýa-da täze bilen zatlarymyz gelen kararymyzy üýtgetmäge sebäp bolup biler. Meselem, Şawulyň agtygy Mepiboşet hakda Dawut patyşa nädogry maglumat berýärler. Ol munuň ýalandygyny bilende, gelen kararyny üýtgedýär (2 Şam. 16:3, 4; 19:24—29). Käte biz hem şeýle etsek, paýhasly bolardy.

16. a) Dogry karara gelmäge haýsy maslahatlar kömek edýär? b) Biz öň gelen kararymyza nähili garamaly we näme üçin?

16 Hudaýyň Sözünde wajyp karara gelmeli bolanda, howlukmaly däldigi barada maslahat berilýär (Sül. tym. 21:5). Biz ähli ýagdaýy ölçermäge wagt sarp etsek, dogry netijä gelip bileris (1 Sel. 5:21). Meselem, maşgalabaşy belli bir karara gelmezden öň, Ýazgylardan we edebiýatlarymyzdan gözleg geçirmeli hem-de maşgala agzalarynyň ählisiniň pikirini bilmeli. Ýehowanyň Ybraýym pygambere aýalyna gulak asmagy maslahat berendigi ýadyňyzdadyr (Gel. çyk. 21:9—12). Ýaşulular hem gözleg geçirmeli. Pespäl we düşgür ýaşuly käbir wajyp maglumatlara görä, gelen kararyny üýtgetmelidigine düşünende, abraýdan düşerin öýdüp gorkmaýar. Şeýle ýagdaýda pikiriňi we gelen kararyňy üýtgetseň, paýhasly bolardy. Bizem şeýle etmeli. Bu ýygnagymyzyň agzybir we parahat bolmagyna ýardam edýär (Res. iş. 6:1—4).

GELEN KARARYŇYZA EÝERIŇ

17. Biz nädip dogry kararlara gelip bileris?

17 Käbir kararlar has wajyp hasaplanýar. Wajyp karara gelmeli bolanda, köp oýlanmaly we doga etmeli bolýarys. Käbir mesihçiler maşgala gurmak we ýanýoldaş saýlamak barada oýlanýarlar. Käbiri bolsa köp bereketleri getirýän uzak wagtly gulluga başlamagyň pikirini edýärler. Şeýle ýagdaýda Ýehowa doly bil baglamaly we onuň paýhasly görkezme berjekdigine ynanmaly (Sül. tym. 1:5). Şeýle-de maslahatyň iň gowy çeşmesi bolan Mukaddes Ýazgylara ýüzlenmeli we doga edip, Ýehowadan görkezme soramaly. Onuň bize islegine görä dogry karara geler ýaly, gerekli häsiýetleri ösdürmäge kömek etjekdigini unutmalyň. Şol sebäpli wajyp karara geleniňizde, özüňize şeýle soraglary beriň: «Meniň geljek kararym Ýehowany söýýändigimi görkezermi? Maşgalama şatlyk we asudalyk getirermi? Meniň sabyrly we mähriban adamdygymy görkezermi?»

18. Ýehowa näme üçin biziň özümiziň karara gelmegimizi isleýär?

18 Ýehowa özüni söýmäge we gulluk etmäge mejbur etmeýär. Biz muny öz islegimize görä etmeli. Ýehowa bizi erkin edip ýaratdy, ol biziň özümiziň karara gelmegimize ýol berýär we oňa gulluk etmegi saýlamak erkinligimize hormat goýýar (Ýeş. 24:15; Wag. 5:4). Emma karara gelenimizde, onuň görkezmesini göz öňünde tutmagymyzy isleýär. Ýehowa we onuň söýgi bilen berýän prinsiplerine bil baglasak, dogry kararlara gelip bileris hem-de ähli ýollarymyzda durnukly bolarys (Ýak. 1:5—8).

a Ýeşuwa 24:15 Rebbe gulluk etmegi makul görmeseňiz, onda şu gün kime gulluk etjekdigiňizi saýlaň: siz Perat derýasynyň aňyrsyndaky ata-babalaryňyzyň gulluk eden hudaýlaryna gulluk etjekmisiňiz ýa-da häzirki ýaşaýan ýeriňizdäki amorlaryň hudaýlaryna? Emma hojalygym bilen men bolsa Rebbe gulluk etjekdirin.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş