Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w17 Mart sah. 8—12
  • Biz kime hormat goýmaly?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz kime hormat goýmaly?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ADAMLARA HORMAT GOÝANYŇYZDA PAÝHASLY BOLUŇ
  • ÝENE KIMLERE HORMAT GOÝMALY?
  • ÝERLIKLI HORMAT GOÝMAGYŇ PEÝDASY
  • Sen dogan-uýalara öňürti hormat goýýarmyň?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2010
  • Siz adamlary özüňizden ýokary saýýarsyňyzmy?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • «Ata-eneňe hormat goý»
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
w17 Mart sah. 8—12
Ylham kitabynda agzalýan 24 ýaşuly Ýehowanyň tagtynyň öňünde ýüzüni ýere berip, oňa tagzym edýär

Biz kime hormat goýmaly?

«Tagtda oturan Hudaýa we Guza baky... şöhrat, hormat, alkyş bolsun». YLH. 5:13

AÝDYMLAR: 9, 108

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  • Biz näme üçin Ýehowa we Isa Mesihe hormata goýmaly?

  • Ýene kimler hormata mynasyp we näme üçin?

  • Mynasyplara hormat goýmagyň nähili peýdasy bar?

1. Näme üçin käbir adamlara hormat goýýarlar we biz şu makalada nämä serederis?

BIRINE hormat goýmak aýratyn üns bermegi we sylamagy aňladýar. Adatça, hormatly işi ýerine ýetirýän ýa-da ýokary wezipeli adama sylag-hormat goýulýar. Eýsem, biz kime hormat goýmaly we näme üçin?

2, 3. a) Näme üçin Ýehowa aýratyn hormata mynasyp? (Makalanyň başyndaky surata serediň). b) Ylham 5:13-e görä Guzy kim we ol näme üçin hormata mynasyp?

2 Ylham 5:13-e laýyklykda, «tagtda oturan Hudaý we Guzy» hormata mynasyp. 4-nji bapda Ýehowanyň hormata mynasypdygynyň bir sebäbi düşündirilýär. Gökdäki ýaradylanlar batly ses bilen «baky we ebedi Ýaşaýan» Ýehowany şöhratlandyryp şeýle diýýär: «Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhraty, hormaty, alkyşy almaga mynasypsyň. Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň, olar seniň islegiň bilen ýaşaýandyr we döredilendir» (Ylh. 4:9—11).

3 Isa Mesih «dünýäniň günälerini ýuwýan Hudaýyň Guzusy» (Ýah. 1:29). Mukaddes Ýazgylarda onuň ähli adamlardan we patyşalardan beýikdigi barada şeýle diýilýär: «Ol patyşalaryň Patyşasy, hökümdarlaryň Hökümdarydyr. Ol ölmeýän ýeke-täk şahsyýetdir we hiç kimiň görmedik hem görüp bilmejek ýagtylygynda ýaşaýandyr» (1 Tim. 6:14—16). Dogrudan-da, öz islegi bilen biziň günälerimiz üçin janyny töleg hökmünde beren patyşa barmy? Siz hem gökdäki milliardlarça perişdeleriň: «Damagy çalnan Guzy güýji, baýlygy, akyldarlygy, güýç-kuwwaty, hormaty, şan-şöhraty we berekedi almaga mynasypdyr» diýen sözleri bilen razylaşsaňyz gerek (Ylh. 5:12).

4. Ýehowa we Mesihe näme üçin hökman hormat goýmaly?

4 Ýehowa we Mesihe hökman hormat goýmaly, ýogsam ebedi ýaşaýşa gowşup bilmeris. Muny Isanyň Ýahýa 5:22, 23-nji aýatlarda aýdan sözleri aýdyň görkezýär: «Ata hiç kimi höküm edýän däldir, ol höküm etmek ygtyýaryny Ogluna berendir. Şonda hemmeleriň Ata hormat goýşy ýaly, Ogla hem hormat goýarlar. Ogla hormat goýmaýan adam ony iberen Ata-da hormat goýmaýar» (Zebur 2:11, 12-nji aýatlary okaň).

5. Biz näme üçin adamlara hormat goýmaly?

5 Adamlar «Hudaýyň keşbinde» ýaradyldy (Gel. çyk. 1:27). Şol sebäpli olar bir-birinden tapawutlansa-da, köpler Hudaýyň söýgi, mähirlilik, duýgudaşlyk ýaly häsiýetlerini görkezýärler. Şeýle-de Hudaý adamlary ýaradanda, olara ynsap berdi. Adamlaryň ynsaby kütelen bolsa-da, olar onuň kömegi bilen ýagşy-ýamany, dogry ýa-da nädogry, ýerlikli we ýerliksiz zady saýgaryp bilýärler (Rim. 2:14, 15). Adamlary arassa we owadan zatlar özüne çekýär, olar parahat ýaşamak isleýär. Adamlar düşünse-de, düşünmese-de, belli bir derejede Ýehowanyň şöhratyny aýan edýärler. Şonuň üçin olar sylag-hormata mynasyp (Zeb. 8:5).

ADAMLARA HORMAT GOÝANYŇYZDA PAÝHASLY BOLUŇ

6, 7. Adamlara hormat goýmakda Ýehowanyň Şaýatlary nämede tapawutlanýar?

6 Adamlara hormat goýmak üçin, olary nähili derejede sylamalydygyny bilmek wajyp. Bikämil adamlara Şeýtanyň dünýäsi güýçli täsir edýär. Şonuň üçin olar ýerlikli hormat goýmagyň deregine belli bir adamlary başgalardan has ýokary tutýarlar. Olar dini we syýasy ýolbaşçylary, sport hem-de kino ýyldyzlaryny öwüp arşa çykarýarlar. Ýaşlaram, garrylaram gepleýşinde, geýnişinde we özüni alyp barşynda olara öýkünýärler.

7 Emma mesihçiler adamlara ýerliksiz hormat goýmakdan gaça durýarlar. Biz kämil ynsan bolan Mesihiň göreldesine eýermeli (1 Pet. 2:21). Eger biz adamlara gereginden artyk hormat goýsak, Hudaýyň göwnünden turup bilmeris. Biz «hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular» diýen wajyp hakykaty unutmaly däl (Rim. 3:23). Hawa, adama gereginden artyk hormat goýmak butparazlyk hasaplanýar.

8, 9. a) Ýehowanyň Şaýatlary döwlet işgärlerine nähili garaýarlar? b) Döwlet işgärlerine nähili derejede tabyn bolmaly?

8 Döwlet işgärleriniň käbiri ýokary wezipäni eýeleýärler. Olar öz raýatlaryndan kanuny we düzgüni berjaý etmegi talap edip, olaryň aladasyny edýärler. Bu hemmelere peýda getirýär. Şonuň üçin Pawlus resul mesihçilere «ýokary häkimiýetlere tabyn bolmagy» maslahat berdi. Ol: «Her kime bermelisini beriň: salgyt bermelilere salgydy... sarpa goýmalylara sarpa goýuň» diýdi (Rim. 13:1, 7).

9 Biz, Ýehowanyň Şaýatlary hökümet işgärlerine hormat goýmaly. Elbetde, her ýurduň öz talap edýän zatlary bar. Döwlet işgärleri borjuny berjaý edenlerinde, olar bilen işleşmek aňsat bolýar. Biz olara hormat goýanymyzda, Hudaýyň bellän çäginden çykmaýarys. Elbetde, biz bitaraplygymyzy bozup, Hudaýy gynandyryp bilmeris (1 Petrus 2:13—17-nji aýatlary okaň).

10. Geçmişde Ýehowanyň gullukçylary döwlet işgärlerine hormat goýmakda nähili görelde galdyrdylar?

10 Geçmişde Ýehowanyň gullukçylary döwlet işgärlerine hormat goýmakda gowy görelde görkezdiler. Meselem, Rim imperiýasy adamlardan ilat ýazuwyndan geçmegi talap edende, Ýusup bilen Merýem oňa tabyn boldy. Merýem birinji çagasyna göwreli bolup, tizden dogurmaly bolsa-da, olar Beýtullahama gitdiler (Luka 2:1—5). Pawlusy aýyplanlarynda, ol Hirodes Agrippa patyşanyň we Ýahudanyň häkimi Festiň öňünde özüni gorap, örän sylaşykly gepledi (Res. iş. 25:1—12; 26:1—3).

11, 12. a) Döwlet işgärleri bilen dini ýolbaşçylara goýýan hormatymyz näme üçin tapawutlanmaly? b) Awstriýaly dogan syýasatçy adama hormat goýanda nähili netije berdi?

11 Dini ýolbaşçylar talap etseler-de, Ýehowanyň Şaýatlary olara gereginden artyk hormat goýmaýarlar. Ýalan din Hudaýa hormat goýmaýar we onuň Sözündäki taglymatlary ýoýýar. Biz olary edil beýleki adamlar ýaly sylaýarys. Sebäbi olar artykmaç hormata mynasyp däl. Isanyň şeýle adamlary «ikiýüzlüler we kör ýolbaşçylar» diýip ýazgarandygy ýadymyzdadyr (Mat. 23:23, 24). Emma döwlet işgärlerine hormat goýsak we olary sylasak, gowy netije berip biler.

12 Awstriýada ýaşaýan doganymyz Leopold Englaýtner yhlasly wagyzçydy. Faşistler ony tussag edip, Buhenwald konsentrasion lagerine äkidenlerinde, şol otluda faşistleriň tussag eden awstriýaly syýasatçy Genrih Glaýssner hem bardy. Ýolda doganymyz Englaýtner oňa iman edýän zatlaryny sypaýyçylyk bilen gürrüň berýär, ol hem ony ünsli diňleýär. II Jahan urşy tamamlanandan soň, Glaýssner Awstriýdaky Ýehowanyň Şaýatlaryna köp kömek etdi. Imandaşlarymyz Mukaddes Ýazgylardaky maslahata eýerip, döwlet işgärlerine hormat goýanda, gowy netije berendigi barada başga-da wakalary ýadymyza salyp bileris.

ÝENE KIMLERE HORMAT GOÝMALY?

13. Biz ýene kimlere hormat goýmaly we näme üçin?

13 Biz imandaşlarymyza hem sylag-hormat goýýarys. Esasan-da, ýygnaga gözegçilik edýän ýaşululary sylamaly (1 Timoteos 5:17-ni okaň). Biz olara hormat goýanymyzda, milletine, bilimine, at-abraýyna, gurply ýaşaýandygyna garamaýarys. Mukaddes Ýazgylarda olara «sowgat hökmünde» berlen adamlar diýilýär; olar Hudaýyň halkynyň aladasyny etmekde esasy orun tutýarlar (Efes. 4:8). Ýygnak ýaşululary, etrap gözegçileri, Filial komitetiniň we Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary barada oýlanyp görüň. I asyrda ýaşan mesihçiler ýolbaşçylyk edýän doganlara çuňňur hormat goýýardylar, bizem olaryň göreldesine eýerýäris. Biz ýygnagyň abraýly gözegçilerini öwüp arşa çykarmaýarys ýa-da olar gelende, hamala perişde gelen ýaly garamaýarys. Muňa garamazdan, biz agyr zähmet çekýän we borjuny pesgöwünli ýerine ýetirýän doganlary sylap, olara hormat goýýarys (2 Korinfliler 1:24; Ylham 19:10-njy aýatlary okaň).

14, 15. Ýygnak ýaşululary dini ýolbaşçylardan nämede tapawutlanýar?

14 Ýygnak ýaşululary pesgöwünli çopan bolmalydyklaryna düşünýärler. Pesgöwünli ýaşulular başgalaryň olary öwüp arşa çykarmagyna ýol bermeýärler. Bu babatda olar häzirki we I asyrda ýaşan dini ýolbaşçylardan tapawutlanýarlar. Isa olar barada: «Toýlarda iň abraýly ýerlerde we sinagogalarda öňdäki hatarlarda oturmagy halaýarlar. Olar bazarlarda adamlaryň hormat bilen salamlaşmaklaryny... isleýärler» diýipdi (Mat. 23:6, 7).

15 Ýaşulular Isanyň şu sözlerine gulak asýarlar: «Siz özüňize „Mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Mugallymyňyz bar. Siziň baryňyz bolsa dogansyňyz. Şeýle-de ýer ýüzünde hiç kime „ata“ diýmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ataňyz bar, Ol gökdedir. Özüňize „ýolbaşçy“ diýdirmäň, sebäbi siziň ýeke-täk Ýolbaşçyňyz bar, ol Mesihdir. Araňyzda iň ulyňyz size hyzmatkär bolsun. Özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler» (Mat. 23:8—12). Bu bize ähli ýygnak ýaşulularynyň dogan-uýalaryň söýgüsine, hormatyna we sylagyna mynasypdygyna düşünmäge kömek edýär.

Dogan-uýalar ýaşuly doganyň nutugyny diňleýär; bir Ýygnak jaýyny arassalamaga kömek edýär

Pesgöwünli gulluk edýän ýaşulular söýgä we sylag-hormata mynasypdyr (13—15-nji abzaslara serediň)

16. Biz hormat goýmak babatda berlen maslahata näme üçin ünsli bolup, ony ýerine ýetirmäge jan etmeli?

16 Görşümiz ýaly, kime we nädip ýerlikli hormat goýmalydygyny bilmek üçin wagt gerek bolýar. I asyrda ýaşan mesihçilere hem wagt gerekdi (Res. iş. 10:22—26; 3 Ýah. 9, 10). Emma Mukaddes Ýazgylaryň bu babatda beren görkezmesine eýermek üçin jan etsek, eden tagallaňa degýär. Adamlara ýerlikli hormat goýmagyň köp peýdasy bar.

ÝERLIKLI HORMAT GOÝMAGYŇ PEÝDASY

17. Wezipeli adamlara hormat goýmagyň nähili peýdasy bar?

17 Biz döwlet işgärlerine sylag-hormat goýsak, olar bize päsgelçiliksiz wagyz etmäge kömek etmekleri mümkin. Köplenç şeýle ýagdaýda biziň wagyz işimize dogry baha berýärler. Germaniýada ýaşaýan pioner uýamyz Birgit birnäçe ýyl mundan öň gyzynyň uçurymyna barýar. Mugallymlar oňa Ýehowanyň Şaýatlarynyň çagalaryny okatmagyň ýakymlydygyny aýdýarlar. Şeýle-de olar: «Siziň çagalaryňyz mekdebimiziň abraýyny galdyrdylar» diýdider. Şonda Birgit şeýle diýdi: «Biziň çagalarymyz Hudaýyň kadalaryna eýerýärler, şol sebäpli olar mugallymlara sylag-hormat goýýarlar». Bir mugallym: «Eger hemme çagalar siziňki ýaly bolsady, onda okatmakdan diňe lezzet alardyk» diýdi. Birnäçe hepdeden soň şol mugallymlardan biri Leýpsig şäherindäki kongrese gatnaşýar.

18, 19. Näme üçin ýaşululara ýerlikli hormat goýmak wajyp?

18 Ýygnak ýaşulularyna ýerlikli hormat goýsak, Hudaýyň Sözündäki kämil we paýhasly prinsiplere eýerdigimiz bolar (Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlary okaň). Biz agyr zähmet çekýän doganlary öwmeli we olaryň berýän görkezmesine eýermäge jan etmeli. Şonda olar borçlaryny şatlyk bilen ýerine ýetirerler. Emma bu «abraýly» hasaplanýan ýaşulynyň geýnişine, daş-keşbine, nutuk bilen çykyş edişine we hatda gepleýşine öýkünmelidigini aňlatmaýar. Eger şeýtsek, başgalara erbet täsir ederis. Biz ýaşulularyň hem bikämil adamlardygyny unutmaly däl. Diňe Mesihden görelde alyp, oňa eýermeli.

19 Eger biz ýaşululara ýerlikli sylag-hormat goýsak we öwüp arşa çykarmasak, olara kömek ederis. Şonda olar özüni ýokary tutmazlar we tekepbirligiň duzagyna düşmezler.

20. Adamlara hormat goýmaga näme kömek eder?

20 Mynasyp adamlara hormat goýsak, diňe özüňi bilmeklikden gaça gurmaga kömek edýär. Şonda başgalar bizi öwenlerinde-de, özümizi ýokary tutmarys. Şeýle-de Ýehowanyň guramasynda galyp, imandaşymyz bolsun, bolmasyn adamlara gereginden artyk hormat goýmarys. Galyberse-de, özümizi paýhasly alyp barsak, hormat goýýan adamlarymyz tamamyzy ödemese-de, büdremeris.

21. Mynasyp adamlara ýerlikli hormat goýup nähili bereket alarys?

21 Mynasyp adamlara ýerlikli hormat goýsak, esasan-da, Hudaýyň göwnünden turarys. Şeýdip, biz onuň islegini ýerini ýetireris we oňa wepaly bolarys. Şonda Hudaýa gyjalat berýän her kese jogap berip bileris (Sül. tym. 27:11). Dünýäde kime we nädip hormat goýmagy bilmeýän adamlar gaty köp. Emma biz hormat goýmagy öwredýän Ýehowa örän minnetdar!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş