Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w18 Iýul sah. 30—31
  • Şahsy okuwyny nädip has netijeli we gyzykly edip geçirmeli?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Şahsy okuwyny nädip has netijeli we gyzykly edip geçirmeli?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Meňzeş maglumat
  • Mukaddes Kitaby okamagyň peýdasy
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Ýehowanyň berýän ruhy iýmitinden doly peýdalanyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Nädip gözleg geçirmeli?
    Wagyz mekdebi
  • Okuwyň berýän sylagy
    Wagyz mekdebi
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
w18 Iýul sah. 30—31
Ýeşuwa çyranyň ýagtysyna Hudaýyň kanunyny okaýar

Şahsy okuwyny nädip has netijeli we gyzykly edip geçirmeli?

Ýeşuwa çyranyň ýagtysyna Hudaýyň kanunyny okaýar; Erihanyň diwarlary ýykylýar, Rahabyň öýi bolsa ýykylmaýar; Ýeşuwa elini göge galdyryp doga edýär

ÝEŞUWA kyn ýumşy ýerine ýetirmäge saýlanýar. Ol ysraýyl halkyna ýolbaşçylyk edip, olary Wada edilen diýara eltmelidi we dürli kynçylyklara döz gelmelidi. Ýehowa ony goldajakdygyny aýdyp, şeýle diýdi: «Dözümli hem mert bol... Goý, bu Kanun kitaby seniň diliňden düşmesin. Şondaky ýazylanlaryň hemmesini dykgat bilen ýerine ýetirer ýaly, ony gije-gündiz aňyňda sakla, şonda seniň ähli işleriňde üstünlik we abadanlyk hemraň bolar» (Ýeş. 1:7, 8).

Şu «juda kyn döwürde» biz hem agyr kynçylyklara duçar bolýarys (2 Tim. 3:1). Ýeşuwa ýaly bizem Ýehowanyň berýän maslahatyna eýersek, edýän işlerimizde üstünlik gazanarys. Munuň üçin biz Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly we ondaky prinsiplere, esasan-da, synaga uçranymyzda, olara gyşarnyksyz eýermeli.

Emma biziň köpümiz şahsy okuwyny nädip geçirmelidigini bilýän däldiris. Muňa garamazdan, biz şahsy okuwynyň örän wajypdygyna düşünýäris. Ony has netijeli we gyzykly geçirip biler ýaly, «Şu maslahatlara eýeriň» diýen çarçuwada käbir peýdaly görkezmeler berilýär.

Mezmurçy: «Meni Öz tabşyryklaryň ýolunda gezdir, çünki men ondan keýp alýaryn» diýip nagma aýtdy (Zeb. 119:35). Sizem Hudaýyň Sözüni öwreneniňizde, şeýle duýgulary başdan geçirip bilersiňiz. Eger ony ünsli öwrenmegiňizi dowam etseňiz, köp ruhy dürdäneleri taparsyňyz.

Siz Ýeşuwa ýaly halka ýolbaşçylyk etmeseňiz-de, öz kynçylyklaryňyz bilen göreşýänsiňiz. Şol sebäpli Hudaýyň Sözüni öwrenmegiňizi we ondaky maslahatlara eýermegiňizi dowam ediň. Şonda «ähli işleriňizde üstünlik we abadanlyk hemraňyz bolar».

ŞU MASLAHATLARA EÝERIŇ

  • Bir adam elini gysyp, doga edýär

    Öwrenip başlamazdan öň, doga et. Mukaddes Ýazgylarda Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowanyň pikirleri beýan edilýär we olar biziň peýdamyz üçin ýazylan. Şol sebäpli Mukaddes Ýazgylary okanyňda, onda aýdylýan zatlara düşünmäge, ýadyňda saklamaga we durmuşyňda ulanyp biler ýaly, kömek etmegi üçin Hudaýa doga et (Ezra 7:10).

  • Bir adam özüne sorag berýär

    Özüňe sorag ber. Meselem, Mukaddes Ýazgylary we oňa esaslanan edebiýatlary okanyňda, özüňe şeýle soraglary berip bilersiň: «Bu ýerde Ýehowa Atamyz barada näme diýilýär? Mukaddes Ýazgylaryň esasy temasy bilen nähili baglanyşygy bar? Bu pikirleri başgalara kömek etmek üçin nädip ulanyp bilerin?»

  • Bir adam okaýan zadynyň üstünde oýlanýar

    Okaýan zadyň barada oýlan. Saklan we okan zadyň barada biraz oýlan. Özüňe şeýle soraglary ber: «Bu maňa nähili täsir edýär? Men näme üçin şeýle pikir edýärin? Durmuşymda bolan zatlara, häzirki ýaşaýşyma we gelejegime nähili täsir edýär? Men Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini we şu maslahaty durmuşymda nädip ulanyp bilerin?» (Eýp. 23:5; Zeb. 49:3). Bu saňa Ýehowanyň öz halkyna käbir işlerden gaça durmagy näme üçin ündeýändigine düşünmäge we edýän hereketlerimiziň nähili netije berýändigini görmäge kömek eder (Kan. tag. 32:28, 29).

  • Bir adam Mukaddes Ýazgylardaky wakalary göz öňüne getirýär

    Wakalary göz öňüne getir. Meselem, doganlarynyň Ýusuby ysmaýyllara satyşy baradaky wakany göz öňüne getir (Gel. çyk. 37:18—28). Özüňi Ýusubyň ýerine goýup gör. Daş-töweregiňde nämeleri görýärsiň, eşidýärsiň we duýýarsyň? Olar sen barada näme pikir edýärler? Eger wakalary göz öňüňe getirip okasaň, şahsy okuwyň gyzykly hem täsirli geçer.

  • Bir adam guramanyň esbaplaryny ulanýar

    Guramanyň berýän esbaplaryny ulan. Guramamyzyň gözleg geçirmek üçin niýetlän esbaplary şahsy okuwyňy hasam baýlaşdyrar. Şonuň üçin öz diliňde bar bolan elektron ýa-da çap edilen edebiýatlardan peýdalan. Olary nädip ulanmalydygy barada başgalardan kömek soramaga çekinme. Meselem, «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlarynyň indeksi» ýa-da «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasy» saňa dürli temalaryň ýerleşýän ýerini we Mukaddes Ýazgylardaky aýatlaryň düşündirilişini tapmaga kömek eder. Şeýle-de seniň bilýän diliňde «Mukaddes Ýazgylaryň Täze Dünýä terjimesiniň» goşmaça maglumaty bar bolsa, ondan peýdalan. Onda geografik atlar, taryhy maglumatlar, agram we ölçeg birlikleri ýaly maglumatlar bar.

  • Bir adam esasy pikirleri gaýtalaýar

    Esasy pikirleri gaýtala. Bu saňa okan zadyňy ýatda saklamaga kömek eder. Şeýle-de olary başgalar bilen paýlaş. Meselem, okan pikirleriň arasynda wagyzda ulanyp biljek zatlaryň barmy? Eger şeýtseň, sen diňe bir esasy pikirleri ýatda saklaman, eýsem, öwrenen zatlaryňy başgalaryň peýdasy üçin ulanyp bilersiň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş