Ýygnagyň gözegçileri — Wagyz gözegçisi
1. Wagyz gözegçisi ýygnakda nähili wajyp işleri edýär?
1 Wagyz gözegçisi öz bellenen ýygnagynda wagyz gullugy bilen baglanyşykly ähli işlere jogapkär. Wagyz etmek borjumyzy ýerine ýetirip bilmegimiz üçin, bize onuň berýän kömegi örän möhümdir. Ol wagyz gullugyna yhlasly gatnaşyp, guramamyzda wagyz bilen baglanyşykly ähli çärelere ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de ol wagyzda tejribeli bolany üçin, her bir wagyzça netijeli gulluk etmäge kömek edýär (Efes. 4:11, 12).
2. Wagyz gözegçisi nämä jogapkärli?
2 Bu ýaşuly dogan edebiýatlara we meýdançalara jogap berýän gulluk hyzmatçylarynyň işine gözegçilik edýär. Şeýle-de ol edebiýatlaryň we wagza degişli blankalaryň her aýda ýeterlikli bolmagynyň aladasyny edýär. Ol barmaly däl diýlip maslahat berlen öýleriň salgylaryna ýylda bir gezek seredýär we olary ideg etmek üçin tejribeli doganlary belleýär.
3. Wagyz gözegçisi näme etmäge kömek edýär?
3 Wagyz gözegçisi her dürli usullar bilen wagyz edilmegine jogapkärdir, şol sanda ol köpçülik ýerlerde, köçelerde we telefon arkaly hem wagyz edilmeginiň aladasyny edýär. Ol her hepde we baýramçylyk günleri wagyz duşuşygynyň geçirilmegine gözegçilik edýär. Bu dogan ýygnakda Mukaddes Ýazgylar okuwynyň geçirilişi bilen ýürekden gyzyklanýar. Şeýle-de ol yhlassyz we yzygiderli wagyz etmeýän wagyzçylara ruhy taýdan kömek etmäge çalyşýar. Ol pionerler bilen çuňňur gyzyklanýar.
4. Wagyz gözegçisi gulluk komitetiniň agzasy hökmünde nämeler edýär?
4 Wagyz gözegçisi gulluk komitetiniň agzasydyr. Ol wagyz etmek üçin toparlaryň düzümini üýtgetmek babatda öz teklibini aýdyp biler. Ol toparyňyza gelende, siz hökman wagyz duşuşygyna gatnaşyň we onuň bilen wagza çykmaga tagalla ediň.
5. Wagyz gözegçisiniň berýän görkezmesine nähili garamaly?
5 Ýygnagyň her bir agzasy wagyz gözegçisiniň berýän görkezmesine höwes bilen eýermeli. Biz şeýle etsek, şägirt taýýarlamak işinde has ökdeleşeris we wagyz gullugyndan köp şatlyk taparys.