Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/11 sah. 4
  • Sowally bukja

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sowally bukja
  • Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Meňzeş maglumat
  • Çagany bäbeklikden terbiýeläň
    Maşgala bagtynyň syry
  • Ata-eneler çagalaryňyzy söýgi bilen terbiýeläň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ene-atalar we çagalar nädip bagtly bolup biler?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Hudaýa gullugymyz — 2011
km 5/11 sah. 4

Sowally bukja

◼ Ata-eneler wagza gatnaşýan çagalaryny howpdan gorar ýaly nähili çäreler görmeli?

Mesihçi ata-eneler çagalary bilen wagyz edip, olara Patyşalyk baradaky hoş habary nädip gürrüň bermelidigini öwredýärler. Olar howpsuz ýaly bolup görünýän ýerde wagyz etseler-de, çagalaryny erbetlikden goramak üçin olara göz-gulak bolmaly. Şu günki «kyn pursatlarda» zorluk we jynsy ahlaksyzlyk gitdigiçe köpelýär. Şol sebäpli çagalara howp abanýar (2 Tim. 3:1—5). Ata-eneler çagalaryny erbet niýetli adamlardan goramak üçin howpsuzlyk çärelerini görmeli. Nädip?

Mukaddes Ýazgylarda seresap bolup, howpuň öňüni almak üçin paýhasly maslahatlar berilýär (Sül. tym. 22:3; Mat. 10:16). Bu babatda belli bir görkezme berilmese-de, ata-eneler ýa-da uly ýaşly wagyzçylar çagalar bilen bile wagyz etseler gowy bolardy. Eger iki yhlasly ýetginjek wagyzçy bile wagyz edýän bolsa, olaryň ata-enesi ýa-da uly ýaşly wagyzçy olary gözden salmaly däl. Elbetde, çaga ulalyp, jogapkärçiligi öwrense, oňa hemişe göz-gulak bolmak gerek bolmaz.

Şeýle-de ulagda ýa-da pyýada ýöränimizde howpsuzlyk çärelerini görsek paýhasly bolar. Bu bizi betbagtçylykdan, onuň bilen bagly çykdajylardan we döwlet kanuny tarapyndan jogapkärçilige çekjek zatlardan gorar, çünki häzirki zamanda sähel zat üçin kazyýete ýüz tutulýar.

Hawa, ýaşlara «Rebbiň adyna sena etmek» ýaraşýar (Zeb. 148:12, 13). Olaryň wagyzda aýdýan mähirli sözleri, özüni alyp barşy adamlara güýçli täsir edýär we Ýehowany şöhratlandyrýar. Ata-eneler, çagalaryňyz hoş habary hemişe wagyz eder ýaly kömek ediň we olary dürli howpdan goramak üçin, eliňizde baryny gaýgyrmaň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş