Hödürleriň nusgasy
Iýun aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak
«Biziň ählimiziň aradan çykan dogan-garyndaşymyz ýa-da dost-ýarymyz bardyr. Siz olary ýene-de görerin diýip umyt edýärmisiňiz? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylarada Isanyň dosty Lazaryň ölendigi barada aýdylýar. Lazaryň aýal dogany Marta bilen Isanyň teselli beriji gürrüňine üns beriň (Ýahýa 11:23, 24-nji aýatlary okaň). Soňra Isanyň eden gudratyna serediň (Ýahýa 11:43, 44-nji aýatlary okaň). Ol Lazary direltdi! Marta ýaly Hudaýyň wepaly gullukçylary ölen adamlaryň direljegine hemişe-de ynanýardylar». Soňra ikilenç ideg eder ýaly, şeýle sorag beriň: «Ölen adamlar nähili ýagdaýdaka?»
Hödürleriň nusgasy
«Biziň köpümiz zordan günümizi görýäris, käbir adamlaryň bolsa ýaşaýyş üçin iň zerur zatlary hem ýok. Siziň pikiriňizçe, garypçylygyň bolmajak döwri bolarmyka?»
• Zebur 9:18 — Hudaý garybyň ýagdaýyny görýär.
• Ylham 11:15 — Mukaddes Ýazgylarda ýer ýüzünden garyplygy hemişelik aýyrjak patyşa barada aýdylýar.
«Bütin dünýäde terrorçylyk giňden ýaýran. Siziň pikiriňizçe, ony ýeňip bolarmy?»
• Ýewreýler 4:12 — Mukaddes Ýazgylaryň taglymaty adamyň durmuşyny özgertmäge kömek edýär.
• Ýahýa 13:34, 35 — Isanyň aýtmagyna görä, şägirtleri biri-birini söýerler.