Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 11/09 sah. 6—7
  • Biz hemişe wagyz edýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Biz hemişe wagyz edýäris
  • Hudaýa gullugymyz — 2009
  • Meňzeş maglumat
  • Sen resmi däl ýagdaýda wagyz etmegi başararsyň!
    Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Resmi däl ýagdaýda gürrüňe başlap, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Isa samariýaly aýala wagyz edýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2018
  • Resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge taýynmyň?
    Hudaýa gullugymyz — 2009
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2009
km 11/09 sah. 6—7

Biz hemişe wagyz edýäris

1. Isanyň guýynyň başynda bir aýala wagyz edişinden näme öwrenip bileris?

1 Isa ençeme sagat ýol ýöräp ýadaýar we suwsaýar. Onuň şägirtleri iýmit satyn almaga gidende, ol Samariýanyň bir şäherinde dynç almak üçin guýynyň başynda oturýar. Isa Samariýa wagyz etmek üçin barmandy, ol onuň üstünden geçip, Jelilede wagyz etmekçidi. Muňa garamazdan, ol pursatdan peýdalanyp, suw almaga gelen aýala wagyz edýär (Ýahýa 4:5—14). Näme üçin? Sebäbi Isa Ýehowanyň «dogruçyl we çyn güwäsidi» (Ylh. 3:14). Biz Ýehowanyň Güwäçileri we hemişe Isadan görelde alýarys (1 Pet. 2:21).

2. Resmi däl ýagdaýda wagyz etmäge nädip taýýarlanyp bileris?

2 Öňünden taýýarlan. Biz resmi däl ýagdaýda wagyz etmek üçin Mukaddes Ýazgylary ýanymyzda götermeli (Wag. 11:6). Bir uýa köplenç ýola düşende hemişe sumkasynda kiçijik Mukaddes Ýazgylary alyp, ýanynda oturan adam bilen gürrüňdeş bolmaga çalyşýar.

3. Gürrüňe nädip başlap bileris?

3 Gürrüňe başla. Resmi däl ýagdaýda wagyz edende, biz Mukaddes Ýazgylardaky temalardan başlamaýarys. Isa guýynyň başynda samariýaly aýala wagyz edende, özüniň Mesihdigini aýdyp gürrüňe başlamady. Ol içmäge suw sorap, gürrüňe başlaýar (Ýahýa 4:7—9). Bir uýa hem şeýle usuly ulanyp wagyz edýär. Ondan: «Sen baýramçylygy bellemegi halaýarmyň?» diýip soranlarynda, ol: «Men Ýehowanyň Güwäçisi, şonuň üçin baýramçylyk bellemeýärin» diýmeýär-de, «Ýok, men baýramçylyk bellemeýärin» diýýär. Şeýle ýagdaýda köplenç «Näme üçin?» diýip soraýarlar, bu bolsa oňa wagyz etmäge mümkinçilik berýär.

4. Matta 28:18—20-nji aýatlar seni nämä höweslendirýär?

4 Isa häzir ýer ýüzünde gulluk etmese-de, özüniň başlan wagyz işi bilen örän gyzyklanýar (Mat. 28:18—20). Biz, Ýehowanyň Güwäçileri Isadan görelde alyp, hemişe imanymyz barada adamlara wagyz etmäge taýyn (Ýew. 10:22, 23).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş