Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/10 sah. 1
  • Hudaýyň iň uly sowgady üçin minnetdar bolalyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň iň uly sowgady üçin minnetdar bolalyň
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Ýatlama agşamy minnetdarlygymyzy bildirmäge mümkinçilik berýär
    Hudaýa gullugymyz — 2014
  • Geliň, minnetdarlyk bildireliň Ýatlama agşamy 17-nji aprelde geçer
    Hudaýa gullugymyz — 2011
  • Adamlara töleg gurbany arkaly halas bolmaga kömek et
    Hudaýa gullugymyz — 2006
  • Ýatlama agşamy döwri maksat goýuň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 3/10 sah. 1

Hudaýyň iň uly sowgady üçin minnetdar bolalyň

1. Biz haýsy zat üçin Ýehowa aýratyn minnetdar?

1 Isanyň töleg gurbany Ýehowanyň beren «oňat... sowgatlarynyň» iň ulusydyr (Ýakup 1:17). Biz töleg gurbany arkaly köp bereketleri alýarys we günälerimiz bagyşlanýar (Efes. 1:7). Biz muňa hemişe minnetdardyrys. Biz Ýatlama agşamynyň öňüsyrasy aýratyn hem şol gymmat sowgat hakynda çuňňur oýlanýarys.

2. Maşgalamyzyň hem-de özümiziň töleg gurbanyna minnetdarlygymyzy nädip artdyryp bileris?

2 Minnetdarlygyňyzy artdyryň. 30-njy martda geçiriljek Ýatlama agşamynyň öňündäki hepdelerde maşgala okuwynda töleg gurbany baradaky makalalary gaýtalasaňyz, maşgalaňyzyň töleg gurbana minnetdarlygy artar. Şeýle-de maşgalaňyz bilen her gün Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okaň. Töleg gurbanyň saňa nähili peýda getirýändigi we seniň Ýehowa Hudaýa, özüňe, başgalara hem-de gelejege bolan garaýşyňa nähili täsir edýändigi hakynda oýlan (Zeb. 77:12).

3. Biz nädip minnetdarlygymyzy bildirip bileris?

3 Minnetdarlygyňyzy bildiriň. Eger biz Töleg gurbanyna minnetdar bolsak, Ýehowa barada we onuň Ogluny iberip bildiren uly söýgüsi barada adamlara gürrüň bereris (Zeb. 145:2—7). Käbir maşgalalar mart, aprel hem-de maý aýlarynda maşgala agzalarynyň iň bolmanda birine kömekçi pioner bolup gulluk etmäge mümkinçilik döredip, minnetdarlygyny bildirýärler. Eger-de muny edip bilmeseň, «pursatdan peýdalanyp», wagza köpräk wagt sarp edip bilermidiň? (Efes. 5:16) Biz minnetdar bolsak, Ýatlama agşamyna adamlary çagyrarys (Ylh. 22:17). Ikilenç ideg edilýänleriň, okuw geçýänleriň, garyndaşlaryň, işdeşleriň hem-de goňşularyň arasynda ýürekden gyzyklanýanlary bolsa, seresap bolup, olary çagyrmagyň aladasyny häzirden edip bilersiň (Mat. 10:16). Şonda sen, Ýatlama agşamyna mynasyp adamlary çagyrarsyň.

4. Biz Ýatlama agşamy döwründe wagtymyzy nädip paýhasly geçirip bileris?

4 Ýatlama agşamy döwri Ýehowanyň adamlara beren sowgady üçin örän minnetdardygymyzy bildirmäge aýratyn mümkinçilikler döreýär. Geliň, şol döwürde töleg gurbanyna hem-de «Mesihiň akyl ýetmez baýlyklaryna» minnetdarlygymyzy bildirip, ony has-da artdyrmaga çalşalyň (Efes. 3:8).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş