Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 3/10 sah. 2
  • Örän wajyp iş

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Örän wajyp iş
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Şägirt taýýarlamak üçin jan ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Isa ýaly yhlasly boluň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Biz yhlasly gulluk etmeli
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • «Gidiň-de, ähli halklardan şägirt taýýarlaň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 3/10 sah. 2

Örän wajyp iş

1. Wagyz işine çuňňur minnetdarlygymyzy nädip bildirýäris?

1 Näme üçin biz hemişe wagtymyzy, güýjümizi we serişdämizi wagyz işine sarp etmeli? Sebäbi bu iň wajyp iş! Onuň adamlaryň durmuşyna güýçli täsir edýändigi hakynda oýlansak, hiç haçan gaýtalanmajak işe gatnaşmaga islegimiz artar (Res. iş. 20:24).

2. Biz wagyz edip, Ýehowanyň beýik adyny nädip şöhratlandyrýarys?

2 Ýehowanyň ady şöhratlanýar. Ynsan hökümetiniň deregine Isa Mesihiň baştutanlygynda Ýehowanyň Patyşalygy höküm sürüp, adamlaryň ähli kynçylyklaryny çözjekdigi wagyz işi arkaly yglan edilýär (Mat. 6:9, 10). Diňe Ýehowa bizi keselden we ölümden halas edip bilýän şöhrata mynasyp ýeketäk Hudaýdyr (Iş. 25:8; 33:24). Biz Ýehowanyň adyny göterýändigimiz üçin adamlar ýagşy edim-gylymymyzy we yhlasymyzy görüp, ony şöhratlandyryp biler (1 Pet. 2:12). Bütin dünýäde Hökümdar Ýehowa Hudaýyň adyny yglan edýändigimize nähili begenýäris! (Zeb. 83:18).

3. Patyşalyk baradaky hoş habary kabul edýänler nähili bereketler alýar?

3 Adamlary halas edýär. Ýehowa «hiç kim heläk bolman, hemmeleriň toba gelmegini isleýär» (2 Pet. 3:9). Eger wagyzçylar öwretmeseler, adamlar Ýehowa Hudaýa nämäniň ýarap we nämäniň ýaramaýandygyny nädip bilsinler? (Ýunus 4:11; Rim. 10:13—15). Adamlar hoş habary kabul edende, durmuşyny özgerdip, erbet endiklerini goýýarlar (Mika 4:1—4). Şeýle-de olar ebedi ýaşaýşa gowuşmaga umyt edýärler. Biz yhlasly wagyz edip, şägirt taýýarlap, özümizi we gulak asýan adamlary halas edýäris (1 Tim. 4:16). Şeýle wajyp ýumşy ýerine ýetirmek biziň üçin uly hormatdyr!

4. Geliň, ony durmuşymyzda esasy orunda goýalyň!

4 Tizden agyr muşakgatda bu hudaýsyz dünýä ýok ediler. Ýehowa gulluk edýänler bolsa halas bolar. Şonuň üçin şu günler wagyz etmek we şägirt taýýarlamak ýaly gaýragoýulmasyz, wajyp hem-de peýdaly iş ýerine ýetirilýär. Geliň, ony durmuşymyzda esasy orunda goýalyň!

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş