22-nji martdan başlanýan hepdäniň tertibi
22-NJI MARTDAN BAŞLANÝAN HEPDE
28-nji aýdym
□ Mukaddes Ýazgylary öwrenmek duşuşygy
lv bap 2, abz. 1—11
□ Teokratik gulluk mekdebi
Mukaddes Ýazgylary okamak: Luka 4—6
No. 1: Luka 4:1—21
No. 2: 57-nji hekaýa (my 57)
No. 3: Ewolýusiýa näme üçin mesihi taglymata garşy gelýär?
□ Gulluk duşuşygy
17-nji aýdym
5 min. Bildiriş. Ýatlama agşamyna degişli maglumatlary hem belläp geç.
15 min. Aprel aýynda wagyz etmäge taýýarlanyň. Ýerli ýagdaýa görä peýdaly maslahatlar ber. Öýden-öýe gowy wagyz edýän bir ýa-da iki wagyzçydan haýsy teklibi ulanýandygyny we onuň nähili netije berýändigini sora. Olar wagza haýsy edebiýatlar boýunça taýýarlanýarlar? Meýdançada Mukaddes Ýazgylary nädip ulanýarlar? Gödek jogap berýän adamlar bilen nähili gürleşýärler? Bir ýa-da iki sany teklibi sahnalaşdyrsyn.
15 min. Ýatlama agşamyna gelenlere kömek et. Ýaşuly çykyş edip, Ýatlama agşamyna gelen Mukaddes Ýazgylary öwrenýänlere, yhlassyz wagyzçylara, başga-da tanyş-bilişlere we dogan-garyndaşlara nädip kömek etmelidigini ýatladýar (Seret km 3/08 sah. 6.). Adamlary Ýatlama agşamyna çagyranda, hakykat barada ak ýürekden gyzyklanýanlary çagyrmalydygyny nygtap geç. Wagyzçy yhlassyz wagyzçyny Ýatlama agşamyna sypaýyçylyk bilen çagyryşyny sahnalaşdyrsyn. Ýatlama agşamyna degişli aýatlary okamalydygyny ýatlat.
15-nji aýdym