Sowally bukja
◼ Ýehowanyň Güwäçileri ýazga geçirilen nutklary ýaýratsa bolarmy?
Mukaddes Ýazgylara esaslanan nutklar bizi ruhlandyrýar we imanymyzy berkidýär (Res. iş. 15:32). Şonuň üçin ýygnaga gelmediklere nutgyň ruhlandyryjy pikirleri bilen paýlaşmak isleýäris. Her dürli ýazgy serişdeleriň döredileni bäri, nutgy ýazga geçirip, başgalara ýaýratmak örän aňsatlaşdy. Käbirler hatda köp ýyl mundan ozalky nutklaryň ýazgylaryny hem toplaýar we şol ýazgylary öz dost-ýarlaryna ýagşy niýet bilen diňlemäge berýär. Käbirler bolsa nutk okamak isleýän adamlar göçürer ýaly, Internet sahypalaryny döredip, oňa nutklary ýerleşdirýär.
Elbetde, özümiz we maşgalamyz üçin nutgy audio ýazga geçirip bileris. Mesihçi ýaşulular hem ýygnaga gatnaşyp bilmeýän näsag dogan-uýalar üçin nutklary ýazga geçirmegiň aladasyny edýär. Ýöne biz ýazga geçirilen nutklary ýaýratmaly däl. Munuň degerli sebäpleri bar.
Nutklar köplenç ýygnagyň zerurlyklaryna görä taýýarlanýany sebäpli, biz olaryň haýsy ýagdaýlara niýetlenenini bilmeýäris. Şol sebäpli ýazga geçirilen nutklara nädogry düşünmegimiz ahmal. Üstesine-de, nutgy kimiň we haçan taýýarlandygyny, ondaky getirilýän maglumatlaryň dogrudygyny hem-de hakykat bilimine gabat gelýändigini barlamak bize kyn bolýar (Luka 1:1—4). Şeýle-de ýazga geçirilen nutklar çykyş edýän adamy şöhratlandyrmaga höweslendirip biler (1 Kor. 3:5—7).
Sadyk hem akylly hyzmatkär güýjüni gaýgyrman ruhy nahar «paýlaryny» «wagtly-wagtynda» taýýarlaýar (Luka 12:42). Muňa Ýehowanyň Güwäçileriniň ýygnaklary üçin taýýarlanýan nutklar hem-de jw.org resmi Internet sahypasyndan göçürip almak üçin ýerleşdirilen audio ýazgylary hem girýär. Sadyk hem akylly hyzmatkäriň we onuň Ýolbaşçylyk maslahatynyň biziň ruhy taýdan imanymyzyň berkemegi üçin, gerekli zatlary taýýarlajakdygyna ynanyp bileris (Res. iş. 16:4, 5).