Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/10 sah. 2—3
  • Sen nähili görelde görkezýärsiň?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sen nähili görelde görkezýärsiň?
  • Hudaýa gullugymyz — 2010
  • Meňzeş maglumat
  • Sen gullugyňy birkemsiz ýerine ýetirýärsiňmi?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
  • Isanyň göreldesine eýeriň
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Täze wagyzçylara öwredip, wagyz etmek tejribäňizi artdyryň
    Hudaýa gullugymyz — 2015
  • Köpräk gulluk etmek üçin jan edýäris
    Hudaýa gullugymyz — 2007
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2010
km 4/10 sah. 2—3

Sen nähili görelde görkezýärsiň?

1. Isa şägirtlerine nähili görelde görkezdi?

1 Isa adamlara ýüzlenip: «Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň» diýdi (Mat. 11:29). Ol diňe öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, özi hem görelde görkezýärdi. Isanyň şägirtlerine görkezen göreldesi barada oýlanyp görüň. Ol ýumşakdy, mähirlidi, adamlaryň aladasyny edýärdi we olara haýpy gelýärdi (Mat. 8:1—3; Mar. 6:30—34; Luka 6:43—48). Isa örän pes göwünli adamdy (Ýahýa 13:2—5). Şägirtleri Isa bilen gulluk edýärkäler, onuň arman-ýadaman wagyz edişini we hakykaty ussatlyk bilen öwredişini görýärdiler (Luka 8:1; 21:37, 38). Biz wagyzda nähili görelde görkezýäris?

2. Wagyzda salykatly geýinsek we özümizi gowy alyp barsak, adamlara nähili täsir eder?

2 Wagyzda. Biz wagyz edenimizde salykatly geýinsek, özümizi edepli alyp barsak we adamlar bilen içgin gyzyklansak, bu olara güýçli täsir eder (2 Kor. 6:3; Flp. 1:27). Olar wagyzda Mukaddes Ýazgylary ulanyşymyza üns berýärler. Käbiri bolsa, üns bilen diňleýşimizi halaýarlar. Gowy göreldämiz, adamlary hoş habara çekýändigini unutmalyň.

3. Biz imandaşlarymyza nädip gowy täsir edip bileris?

3 Dogan-uýalara. Imandaşlara görkezýän göreldämiz hakynda hem oýlanyp görüň. Biziň yhlasly wagyz edişimizi görüp, dogan-uýalaryň hem yhlasy artar. Demriň demri ýiteldişi ýaly, biziň gowy taýýarlan hödürlerimiz hem dogan-uýalary wagyzda ökdeleşmäge höweslendirer (Sül. tym. 27:17). Anyk maglumatlary ýöredip, gyzyklanan adamlary uzaga çekmän ideg etsek, beýleki wagyzçylar-da göreldämize eýerip başlarlar. Biz birkemsiz gulluk etsek, dogan-uýalara gowy täsir ederis (2 Tim. 4:5).

4. Biz näme üçin wagtal-wagtal görkezýän göreldämiz hakynda oýlanmaly?

4 Wagtal-wagtal geýnişimiz, gepleýşimiz we görkezýän göreldämiz hakda oýlansak gowy bolar. Onda biz gowy göreldämiz bilen Ýehowany begendireris hem-de Pawlus ýaly: «Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň» diýip bileris (1 Kor. 11:1).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş