Ýazgylara esaslanan gürrüňdeşlik:
Mukaddes Ýazgylara esaslanyp wagyz etmek üçin gowy taýýarlanmak gerek. Aşakdaky getirilen aýatlary wagyzda nädip ulansa bolýandygy hakynda oýlanyp görüň. Aýatdan soň mysal hökmünde getirilen pikirleri ýa-da öz pikirleriňizi ulanyp bilersiňiz.
1. Taryhda iň meşhur adam kim diýip soralanda, köp adamlar Isa pygamber diýýär. Siz hem şeýle pikir edýärsiňizmi?
▪ Matta 16:13, 14 — Adamlar Isa pygamberiň ömri hakynda gapma-garşy gelýän wakalary gürrüň berýärler.
▪ Ýahýa 17:3 — Bu aýatda ol barada hakykaty bilmegiň wajypdygy aýdylýar.
2. Nikanyň bozulmagy bu gün adaty ýagdaý hasaplanýar. Siziň pikiriňizçe, aýrylyşýan çatynjalar hemme zady ölçerýärmikä?
▪ Süleýmanyň tymsallary 14:15 — Mukaddes Ýazgylar bir karara gelmezden öň paýhasly bolup, ähli zady ölçermegi maslahat berýär.
▪ Işaýa 48:17, 18 — Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlary bize diňe peýda getirýär.