Ýazgylara esaslanan gürrüňdeşlik
Mukaddes Ýazgylara esaslanyp wagyz etmek üçin gowy taýýarlanmaly. Aşakdaky getirilen soraglary we aýatlary wagyzda nädip ulansa bolýandygy hakynda oýlanyp görüň. Olardan siziň territoriýaňyza gabat gelýänini saýlap, oňa gowy taýýarlyk görüň. Eger başga göwnüňe ýaraýan hödürler ýa-da aýatlar bar bolsa, olary ulanyp bilersiň.
1. Köp adamlar Gudraty Güýçlä ýöne Hudaý ýa-da Alla diýip ýüzlenýär. Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň ady ýazylandygyny eşidipmidiňiz?
▪ Işaýa 42:8a — Mukaddes Ýazgylar bizi Hudaýyň ady bilen tanyş edýär.
▪ Zebur 91:14, 15 — Mukaddes Ýazgylar Hudaýyň adyny bilmegiň näme üçin wajypdygyny görkezýär.
2. Ykdysady kynçylyklar adamlary howsala düşürýär. Işsiz galýanlar göwnüçökgünlige uçraýar, işleýänler bolsa, işsiz galarlar öýdüp gorkýarlar.
▪ Matta 6:34 — Siziň pikiriňizçe Mukaddes Ýazgylardaky şu maslahat biziň günlerimize degişlimi?
▪ 1 Timoteos 6:8—10 — Mukaddes Ýazgylaryň maslahatlaryna eýersek, ýüregimize rahatlyk berýär.