Ýehowanyň Güwäçileri hoş habary guramaçylykly wagyz edýärler
Ýehowanyň Güwäçileri takmynan ýüz ýyldan bäri hoş habary guramaçylykly wagyz edýärler. Bu habar bütin dünýäde geçirilýän wagyz işi arkaly 230-dan gowrak ýurtda ýüzlerçe dilde wagyz edilýär (Mat. 24:14). Bu iş näme üçin wajyp? Ol bütin dünýäde nädip geçirilýär? Bu soraglaryň jogabyny bilmäge «Ýehowanyň Güwäçileri hoş habary guramaçylykly wagyz edýärler» diýen wideofilmi kömek edýär. Onda biziň halkara işimiziň dürli taraplaryna jikme-jik seredilýär. Bu filme seredeniňizden soň, şu aşakdaky soraglar barada oýlanyp bilersiňiz.
Bu wideofilm size nämelere minnetdar bolmaga kömek etdi: 1) hoş habary wagyz etmekde Ýehowanyň guramasynyň edýän tagallasynamy (2 Tim. 4:2); 2) bütin dünýäde ýüzden gowrak Beýtel maşgalasynda alnyp barylýan işemi; 3) gözegçi doganlar we missionerler üçin geçirilýän okuwamy (2 Tim. 2:2); 4) Mukaddes Ýazgylar esasynda gündelik aýat barada pikir alyşmaly we her hepde geçirilýän ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanmaly diýen maslahatamy (Res. iş. 17:11); 5) ýygnak duşuşyklaramy (Ýew. 10:24, 25); 6) ýer ýüzünde Jennet dikeldilende aljak bereketleriňiz (Iş. 11:9) we 7) orak işine gatnaşmaga bolan mümkinçilik üçinmi? (Ýahýa 4:35).
Bu wideofilm gyzyklanýan adamlary Ýehowanyň Güwäçileriniň bütin dünýäde alyp barýan işi bilen tanyşdyrmaga ajaýyp gural bolup hyzmat edýär. 8) Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýänlere, dogan-garyndaşlarymyza we başga adamlara ony haçan görkezsek gowy bolar? 9) Adamlar oňa nähili seslenýärler?
Biz Ýehowanyň amala aşyrýan işleri barada oýlanyp, mezmurçynyň sözlerine goşulýarys: «Ýa Reb, Hudaýym, Seniň eden zatlaryň köpdür; ajaýyp işleriň we maksat-myradyň bize gönükdirilendir; Seniň bilen deňäre hiç kim ýok» (Zeb. 40:5). Geliň, bu wideofilmi ulanyp, adamlara Ýehowa we onuň guramasyna minnetdar bolmaga kömek edeliň!