Sen Ýehowanyň berýän biliminden peýdalanýarmysyň?
1. Ýehowa bilime nähili garaýar?
1 «Beýik Mugallymymyz» Ýehowa biziň bilimli bolmagymyzy isleýär (Iş 30:20, TD). Ol ilkinji Ogly Isany ýaradandan soň, bilim berip başlaýar (Ýahýa 8:28). Emma Adam ata pitne turuzsa-da, Ýehowa bilim bermegini bes etmedi. Ol bikämil adamlara söýgi bilen görkezme berýär (Iş. 48:17, 18; 2 Tim. 3:14, 15).
2. Şu günler nähili okuw programmasy alnyp barylýar?
2 Şu günler Ýehowanyň ýolbaşçylygynda taryhda iň gowy okuw programmasy alnyp barylýar. Işaýanyň pygamberligine görä, millionlarça adamlar «Rebbiň öýi» bolan daga tarap eňýärler (Iş. 2:2). Olar Ýehowanyň ýollaryny öwrenip, Ondan bilim alýarlar! (Iş. 2:3). 2010-njy Gulluk ýylynyň dowamynda Ýehowanyň Güwäçileri adamlara wagyz etmek we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek üçin 1,6 milliarddan gowrak sagat sarp etdiler. Şeýle-de bütin dünýäde her hepde 105 müňden gowrak ýygnaklarda ruhy taýdan görkezme we sadyk hem akylly hyzmatkäriň 500-den gowrak dilde taýýarlan edebiýatlaryndan bilim aldylar.
3. Ýehowanyň berýän bilimi saňa nähili peýda berdi?
3 Doly peýdalan. Ýehowadan bilim almak nähili gowy! Hawa, biz Hudaýyň adyny we aladaçyl Rebdigini bildik (Zeb. 8:1; 1 Pet. 5:6, 7). Biz şu aşakdaky soraglara jogap tapdyk: näme üçin adamlar horluk çekýär we ölýär? Hakyky bagty nädip tapyp bolar? Durmuşyň manysy näme? Şeýle-de Ýehowa bize ähli zatda üstünlik gazanmagymyz üçin ahlak kadalaryny berdi (Ýeşuw 1:8).
4. Hudaýyň gullukçylarynda bilim almaga nähili mümkinçilikler bar we biz näme üçin Ýehowanyň berýän biliminden peýdalanmaly?
4 Mundan başga-da Ýehowa ençeme gullukçylaryna ýörite bilim berip, köpräk wagyz etmäge kömek edýär. Käbir wagyzçylaryň «Hudaýa gullugymyzyň» şu sanynyň 4—6-njy sahypalarynda agzalýan mekdeplerde okamaga mümkinçiligi bar. Elbetde, biz bu mekdepleriň ählisinde okap bilmeris. Ýöne mümkinçiligimiz bolan mekdeplere baryp, Hudaýdan bilim alarysmy? Köplenç mugallymlar we başga adamlar ýaş mesihçilere ýokary okuw jaýlarynda okamagy maslahat berýärler. Biz şeýle ýaşlary dünýewi bilimi däl-de, Hudaýyň bilimini almak üçin ruhy maksatlary goýmaga höweslendirerismi? Ýehowanyň berýän bilimi bize häzir bagtly ýaşamaga we gelejekde ebedi ýaşaýşa gowuşmaga kömek eder (Zeb. 119:105; Ýahýa 17:3).
Ýehowanyň guramasy tarapyndan gurnalan mekdepler
Okamagy we ýazmagy öwredýän kurslar
• Maksady. Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwyny geçirmek we başgalara hoş habary aýtmak üçin okamagy hem ýazmagy öwretmek.
• Möhleti. Zerurlyga görä.
• Geçirilýän ýeri. Ýerli Patyşalyk zalynda.
• Kim gatnaşyp biler. Ähli wagyzçylar we gyzyklanýanlar.
• Geçirilişi. Ýygnak ýaşululary ýerli zerurlyga görä gurnaýarlar we kömege mätäçleriň ählisini gatnaşmaga höweslendirýärler.
Teokratik gulluk mekdebi
• Maksady. Hoş habary ökde wagyz etmäge we öwretmäge kömek etmek.
• Möhleti. Yzygiderli.
• Geçirilýän ýeri. Ýerli Patyşalyk zalynda.
• Kim ýazylyp biler. Ähli wagyzçylar. Şeýle-de ýygnaga yzygider gatnaşýan, Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary bilen ylalaşýan we şoňa görä ýaşaýan adamlar.
• Geçirilişi. Teokratik gulluk mekdebiniň gözegçisi geçirýär.
Daşary ýurt dilini öwredýän kurslar
• Maksady. Hoş habary daşary ýurt dilinde wagyz etmegi öwretmek.
• Möhleti. Dört-bäş aý. Köplenç şenbe güni irden birki sagat dowam edýär.
• Geçirilýän ýeri. Köplenç golaýda ýerleşýän Patyşalyk zalynda.
• Kim ýazylyp biler. Daşary ýurt dilinde wagyz etmek isleýän göreldeli wagyzçylar.
• Geçirilişi. Filial tarapyndan ýerli ýagdaýa görä gurnalýar.
Patyşalyk zallarynyň gurluşygy
• Maksady. Patyşalyk zallaryny gurmak we dikeltmek. Bu mekdep däl, ýöne gurluşyk işlerinde peýdaly boljak dürli hünärler öwredilýär.
• Möhleti. Meýletin gurluşykçylaryň ýagdaýyna görä.
• Geçirilýän ýeri. Birnäçe ýerlere jogap berýän Gurluşyk komiteti çözýär. Belki-de, käbir gurluşykçylar betbagtçylyk zerarly dikeldiliş işlerini geçirmek üçin uzak ýerlere çagyrylar.
• Talaby. Suwda çokundyrylan dogan-uýalar bolmaly we ýaşulular maslahaty tarapyndan bellenilmeli. Olarda gurluşyk ukyplarynyň bolmagy hökman däl.
• Nädip ýazylmaly. «Patyşalyk zalynyň gurluşyk işlerine meýletin gatnaşmak isleýänleriň arzasy» (S-82) diýen resmikagyzy doldurmaly. Ony ýerli ýaşulular berýär.
Pionerler mekdebi
• Maksady. Pionerlere «hyzmatyny» doly bitirmäge kömek etmek (2 Tim. 4:5).
• Möhleti. On gün.
• Geçirilýän ýeri. Filial çözýär; köplenç golaýda ýerleşýän Patyşalyk zalynda.
• Talaby. Azyndan bir ýyl doly wagtly pioner bolup gulluk etmeli.
• Nädip ýazylmaly. Talaba laýyk gelýän pionerler etrap gözegçisi tarapyndan çagyrylýar.
Beýtelde ýaňy gulluga başlanlar üçin mekdep
• Maksady. Beýtel gullugyna ýaňy başlanlara hyzmatyny üstünlikli ýerine ýetirmäge kömek etmek.
• Möhleti. Hepdede bir sagat geçirilýär we on alty hepde dowam edýär.
• Geçirilýän ýeri. Beýtelde.
• Talaby. Beýtel maşgalasynyň agzasy ýa-da onda wagtlaýyn gulluk edýän bolmaly (bir ýyl ýa-da ondan köp).
• Kim okaýar. Talabyna laýyk gelýän Beýtel maşgalasynyň agzalary.
Patyşalyk gullugynyň mekdebi
• Maksady. Ýaşululara we gulluk kömekçilerine ýolbaşçylyk hem guramaçylykly borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek etmek (Res. iş. 20:28). Bu mekdep Ýolbaşçylyk maslahatynyň görkezmesi boýunça birnäçe ýylyň dowamynda bir gezek geçirilýär.
• Möhleti. Soňky ýyllarda ýaşulular üçin bir ýarym gün, gulluk kömekçileri üçin bir gün berildi.
• Geçirilýän ýeri. Köplenç golaýda ýerleşýän Patyşalyk ýa-da Kongres zalynda.
• Talaby. Ýaşuly ýa-da gulluk kömekçisi bolmaly.
• Nädip ýazylmaly. Talaba laýyk gelýän ýaşululary we gulluk kömekçileri etrap gözegçisi tarapyndan çagyrylýar.
Ýygnak ýaşululary üçin mekdepa
• Maksady. Ýaşululara ýygnakdaky borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek etmek.
• Möhleti. Bäş gün.
• Geçirilýän ýeri. Filial çözýär; köplenç golaýda ýerleşýän Patyşalyk ýa-da Kongres zalynda.
• Talaby. Ýaşuly bolmaly.
• Nädip ýazylmaly. Talaba laýyk gelýän ýaşulular filial tarapyndan çagyrylýar.
Aýlanýan gözegçiler we olaryň aýallary üçin mekdepb
• Maksady. Etrap we welaýat gözegçilerine ýygnaklaryň aladasyny etmäge, «sözi ýaýratmakda, öwretmekde zähmet» çekip, Hudaýyň sürüsini bakmaga kömek etmek (1 Tim. 5:17; 1 Pet. 5:2, 3).
• Möhleti. Iki aý.
• Geçirilýän ýeri. Filial çözýär.
• Talaby. Etrap ýa-da welaýat gözegçisi bolmaly.
• Nädip ýazylmaly. Talaba laýyk gelýän aýlanýan gözegçiler we olaryň aýallary filial tarapyndan çagyrylýar.
Sallah doganlar üçin mekdepc
• Maksady. Sallah ýaşululary we gulluk kömekçilerini goşmaça borçlary ýerine ýetirmäge kömek etmek. Mekdebi tamamlanlaryň köpüsi öz ýurdunda zerurlygyň bar ýerlerine ugradylar. Mümkinçiligi bolan doganlary daşary ýurtlara belläp bilerler.
• Möhleti. Iki aý.
• Geçirilýän ýeri. Filial çözýär; köplenç Kongres ýa-da Patyşalyk zalynda.
• Talaby. Ýaşy 23-den 62 aralygy we saglygy gowy bolmaly. Zerurlygyň bar ýerinde doganlara hyzmat etmäge we Patyşalyk işlerini goldamaga taýyn bolmaly (Mar. 10:29, 30). Olar azyndan iki ýyl ýaşuly ýa-da gulluk kömekçisi bolup hyzmat etmeli.
• Nädip ýazylmaly. Bu mekdep siziň filialyňyzyň territoriýasynda geçirilýän bolsa, onda etrap kongresinde oňa ýazylmak isleýän doganlar üçin duşuşyk geçiriler. Goşmaça maglumat şol duşuşykda aýdylar.
Mesihçi är-aýallar üçin mekdepd
• Maksady. Ýehowa we onuň guramasy mesihçi är-aýallary gerekli gural hökmünde ulanyp biler ýaly, olara ýörite bilim bermek. Mekdebi tamamlaýanlaryň köpüsi öz ýurdunda zerurlygyň bar ýerine belleniler. Mümkinçiligi bolan är-aýallary daşary ýurtlara belläp bilerler.
• Möhleti. Iki aý.
• Geçirilýän ýeri. Ilkinji klaslar Pattersondaky (ABŞ, Nýu-Ýork ştaty) «Garawul diňi» okuw merkezinde okadyldy. Häzir ony ýerli filial çözýär; köplenç Kongres ýa-da Patyşalyk zalynda geçirilýär.
• Talaby. Ýaşy 25-den 50 aralygy we saglygy gowy bolmaly. Zerurlygyň bar ýerinde gulluk etmäge olaryň mümkiçiligi bolmaly we olarda «Ine, men; meni iber!» diýen garaýyş bolmaly (Iş. 6:8). Şeýle-de olaryň durmuş guranyna we doly wagtly gulluk edenine azyndan iki ýyl bolmaly.
• Nädip ýazylmaly. Siziň filialyňyzyň territoriýasynda geçirilýän bolsa, onda bir günlük ýörite kongresde oňa ýazylmak isleýänler üçin duşuşyk geçiriler. Goşmaça maglumat şol duşuşykda aýdylar.
Gilead mekdebi
• Maksady. Pionerleri we doly wagtly gullukçylary missioner gullugyna taýýarlamak.
• Möhleti. Bäş aý.
• Geçirilýän ýeri. Pattersondaky (ABŞ, Nýu-Ýork ştaty) «Garawul diňi» okuw merkezinde.
• Talaby. Ýaşy 21-den 38 aralygy we suwda çokundyrylanyna üç ýyl bolan är-aýallar arza ýazyp bilerler. Olar iňlis dilini bilmeli, durmuş guranyna we doly wagtly gulluk edenine azyndan iki ýyl bolmaly. Saglyk ýagdaýy gowy bolmaly. Şeýle-de oňa daşary ýurtda gulluk edýän pionerler (missionerler hem degişli), aýlanýan gözegçiler, Beýtel maşgalasynyň agzalary hem-de Gullugy kämilleşdiriş mekdebini, Sallah doganlar üçin mekdebi we Mesihçi är-aýallar üçin mekdebi tamamlanlar talaba laýyk gelse ýazylyp bilerler.
• Nädip ýazylmaly. Käbir filiallaryň territoriýasynda geçirilýän welaýat kongresinde mekdebe ýazylmak isleýänler üçin duşuşyk geçiriler. Goşmaça maglumat şol duşuşykda aýdylar. Eger siziň ýurduňyzdaky welaýat kongresinde bu duşuşyk geçirilmeýän bolsa, onda goşmaça maglumat almak üçin filiala hat ýazyp bilersiňiz.
Beýtel komitetiniň agzalary we olaryň aýallary üçin mekdep
• Maksady. Beýtel komitetiniň agzasy bolup gulluk edýänlere Beýtel öýi barada has gowy alada etmegi, ýygnaga degişli meselelere, etraplara hem welaýatlara; terjimeçilik işlerine, edebiýatlary çap etmek hem ugratmak we başga-da bölümlere gözegçilik etmegi öwretmek (Luka 12:48b).
• Möhleti. Iki aý.
• Geçirilýän ýeri. Pattersondaky (ABŞ, Nýu-Ýork ştaty) «Garawul diňi» okuw merkezinde.
• Talaby. Beýtel we Ýurt komitetiniň agzalary ýa-da şol gulluga bellenjek doganlar bolmaly.
• Nädip ýazylmaly. Talaba laýyk gelýän doganlar we olaryň aýallary Ýolbaşçylyk maslahaty tarapyndan çagyrylýar.
[Çykgyt]
a Bu mekdep hemme ýurtlarda geçirilmeýär.
b Bu mekdep hemme ýurtlarda geçirilmeýär.
c Bu mekdep hemme ýurtlarda geçirilmeýär.
d Bu mekdep hemme ýurtlarda geçirilmeýär.