Pikiriňizi goraň
1. 2013-nji gulluk ýylynyň bir günlük ýörite kongresiniň temasy näme we ol näme üçin şeýle atlandyryldy?
1 Isa şägirtlerine Ýehowany bütin ýüregiň, janyň we düşünjäň bilen söýmelidigini aýtdy (Mat. 22:37, 38). Şu ýylyň welaýat, etrap we bir günlük ýörite kongresi biziň içki dünýämizi berkitmek üçin taýýarlanyldy. Welaýat kongresiniň temasy «Ýüregiňizi goraň!» diýip atlandyrylandygy ýadyňyzda bolsa gerek. 2013-nji gulluk ýylynyň bir günlük ýörite kongresiniň temasy bolsa «Ynsabyňyzy goraň». Indiki aýdan geçirilip başlanjak etrap kongresi Matta 22:37-ä esaslanýar we onuň temasy «Pikiriňizi goraň» diýip atlandyryldy. Kongresiň meýilnamasy biziň her birimize pikirimizi barlap, ony Ýehowa has ýaramly etmäge kömek etmek üçin taýýarlanyldy.
2. Kongresde biz haýsy soraglaryň jogabyny taparys?
2 Nämelere serediler. Siz etrap kongresini diňläniňizde, şu aşakdaky esasy soraglaryň jogabyny tapmaga çalşyň.
• Biz ynsan pikirlerinden nädip gaça durup bileris?
• Biz adamlara imansyzlaryň akylyny küteldýän perdäni aýyrmaga nädip kömek edip bileris?
• Biz nähili pikirde bolmak isleýäris?
• Dogry pikirlenmegiň nähili peýdasy bar?
• Biz Ýehowa pikirimizi düzetmäge nädip ýol berip bileris?
• Maşgalabaşylar, aýallar, ata-eneler we çagalar maşgalasynyň bagtly bolmagy üçin näme edip bilerler?
• Biz Ýehowanyň gününe nädip taýýarlanyp bileris?
• Pikirimizi jemläp hereket etmäge taýýarlanmak nämäni aňladýar?
• Adamlar öwrenen zatlaryny durmuşynda ulansalar nähili peýda alyp bilerler?
3. Kongresiň iki gününe-de gatnaşmak, ony ünsli diňlemek we öwrenen zatlarymyzy durmuşda ulanmak näme üçin wajyp?
3 Şeýtan biziň pikirimizi bozmak üçin söweş alyp barýar (2 Kor. 11:3). Şol sebäpli biz pikirimizi gorap, düşünjämize gözegçilik etmeli. Biz, mundan beýläk-de, Mesihiň pikirine eýermeli we bu zalym dünýäniň täsirine garşy göreşmeli (1 Kor. 2:16). Etrap kongresiniň iki gününe-de gatnaşmak üçin ähli işleriňizi öňünden ýola goýmaly. Kongresi ünsli diňläň. Ondaky wajyp maglumaty ulansak, Patyşalyk işlerine yhlasly gatnaşar ýaly, pikirimizi jemlemäge kömek eder (1 Pet. 1:13).