Hödürleriň nusgasy
Sentýabr aýynyň ilkinji şenbe güni Mukaddes Ýazgylar okuwyna başlamak
«Köp adamlar Hudaý olara eden işlerine görä höküm çykarjakdygyna ynanýarlar. Siziň pikiriňizçe, Höküm gününe sabyrsyzlyk bilen garaşmalymy ýa-da ondan gorkmaly? (Jogap bersin). Bu babatda näme aýdylýandygyna üns beriň». «Garawul diňi» (rus.) žurnalynyň 1-nji sentýabrda çykan sanynyň 16-njy sahypasyny açyp, birinji sözbaşydaky pikirleri ara alyp maslahatlaşyň we iň bolmanda bir aýady okaň. Žurnaly hödürläp, indiki soraga seretmek üçin ikilenç idege belleşiň.
«Garawul diňi», 1-nji sentýabr
«Köp ýurtlarda aýal-gyzlar kemsidilmekden ýaňa ejir çekýärler we olara rehimsiz garaýarlar. Gynansak-da, dini taglymatlar munuň şeýle bolmagyna ýardam edýär. Siziň pikiriňizçe, Hudaý aýal-gyzlaryň aladasyny edýärmi? (Jogap bersin). Äriň aýalyna nähili garamalydygy barada Mukaddes Ýazgylaryň berýän görkezmesine üns beriň. (Efesliler 5:28, 29-njy aýatlary oka). Bu žurnalda Hudaýyň aýal-gyzlara nähili garaýandygy barada gürrüň berilýär».
«Oýanyň!», sentýabr
«Köp adamlaryň aýtmagyna görä, ýadro urşy, kiçi planetalar (asteroidler) ýa-da bütin ýer ýüzünde howanyň üýtgemegi ýaly tebigy hadysalar zerarly ýer şary ýok bolar. Siziň pikiriňizçe, höküm güni baradaky habarlara üns bermelimi ýa-da ýok? (Jogap bersin). Mukaddes Ýazgylardaky teselli beriji sözlere üns beriň (Zebur 37:29-y oka). Bu žurnalda höküm güni hakynda we Mukaddes Ýazgylardan gelejekde boljak zatlar barada gürrüň berilýär».