Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi başarmaryn öýtme
1. Näme üçin käbir wagyzçylar Mukaddes Ýazgylar okuwyny hödür etmeýärler?
1 Sen Mukaddes Ýazgylar okuwyny gowy geçirip bilmerin öýdüp, ony adamlara hödür etmeýärmiň? Gadymy döwürde ýaşan Musa we Ýeremiýa ýaly pygamberler Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirip bilmerin öýdüpdirler (Müs. çyk. 3:10, 11; 4:10; Ýerem. 1:4—6). Şu günler hem wagyzçylaryň köpüsi özüni şeýle duýýar. Olara näme kömek eder?
2. Biz näme üçin diňe öýden-öýe wagyz edip, Mukaddes Ýazgylar okuwyny bolsa başgalar geçirsin öýtmeli däl?
2 Ýehowa bizden hiç haçan başarmajak zadymyzy talap etmeýär (Zeb. 103:14). Bize «şägirt taýýarlamak» we «olara öwretmek» ýumşy tabşyryldy, biz hem ony ýerine ýetirip bilýäris (Mat. 28:19, 20). Bu ýumşy Ýehowa diňe tejribeli ýa-da zehinli dogan-uýalara ynanmady (1 Kor. 1:26, 27). Şol sebäpli biz diňe öýden-öýe wagyz edip, Mukaddes Ýazgylar okuwyny bolsa başgalar geçirsin öýtmeli däl.
3. Ýehowa bize Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmegi nädip öwredýär?
3 Ukybymyz Ýehowadandyr. Biziň şägirt taýýarlamak ukybymyz Ýehowadandyr (2 Kor. 3:5). Hatda dünýädäki bilimli adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylardaky hakykaty bilmeýär. Ýehowa bolsa muny bize guramasy arkaly öwredýär (2 Kor. 3:5). Biz Beýik Mugallym Isanyň göreldesine eýerip biler ýaly, Ýehowa Mukaddes Ýazgylara onuň adamlara öwredişi barada ýazdyrtdy. Şeýle-de Ýehowa ýygnak arkaly öwredýär. Onsoňam, ol Mukaddes Ýazgylary öwretmek üçin bize gerekli esbaplary berýär. Mysal üçin, «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynda hakykat sada dilde we yzygider düşündirilýär. Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek biziň pikir edişimiz ýaly kyn däl.
4. Biz Ýehowanyň kömek etjekdigine näme üçin ynanýarys?
4 Musa bilen Ýeremiýa pygamber Ýehowanyň kömegi bilen berlen ýumşy ýerine ýetirip bildiler (Müs. çyk. 4:11, 12; Ýerem. 1:7, 8). Biz hem Ýehowadan kömek diläp bilýäris. Galyberse-de, biz Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirenimizde, adamlara Ýehowa barada hakykaty öwredýäris, bu bolsa Ýehowa ýaraýar (1 Ýahýa 3:22). Şonuň üçin Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirseň, köp şatlanarsyň we bereket alarsyň.