Meýdança almak peýdalymy?
1. Meýdança almak näme?
1 Meýdança almak näme? Köp meýdançaly ýygnaklarda öýüňe golaý ýerden özüňe meýdança alsa bolýar. «Guramaçylykly» kitabynyň (rus.) 103-nji sahypasynda şeýle diýilýär: «Meýdançaň golaýda bolsa, wagza has köp wagt sarp edip bilersiň. Başga wagyzçylary-da meýdançaňa wagyz etmäge çagyryp bilersiň».
2. Diňe topar bilen wagyz etmän, meýdançada-da nädip wagyz edip bolar?
2 Diňe topar bilen wagyz etmeli däl. Işiňe golaý ýerde meýdançaň bolsa, günortan ýa-da işden soň golaýda işleýän ýene-de bir wagyzçy bilen wagyz etseň bolýar. Eger meýdançaňy öýüňe golaý ýerden alsaň, onda maşgalaň bilen agşamlaryna wagyz etmek amatly bolar. Elbetde, wagyz duşuşygyna barmasaň, wagza gitmezden öň Ýehowa doga edip, görkezme sorasaň ýerlikli bolardy (Flp. 4:6). Galyberse-de, meýdançaňda we ýygnakda topar bilen wagyz etmek üçin wagtyňy paýhasly sarp etmeli. Esasanam, dynç günleri dogan-uýalaryň köpüsi wagyz duşuşygyna baranda, topary goldasak gowy bolar.
3. Meýdança almagyň näme peýdasy bar?
3 Peýdasy. Eger meýdançaň bolsa, wagtyň bolanda, wagyz etmäge ýeriň hem bolýar. Şonda, ilki bilen, wagyz duşuşygyna barmak üçin wagt sarp etmän, köpräk wagyz edip bolýar. Bu käbir pionerlere we kömekçi pionerlere örän peýdaly. Meýdançamyz golaýda bolanda, biri gyzyklansa, onda ikilenç ideg edip, höwesini artdyrmak we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmek aňsat bolýar. Wagyzçylaryň köpüsi meýdançasynda wagyz edende, ýaşaýjylar bilen gowy tanyşmaga we olaryň ynamyna girmäge kömek edýändigine göz ýetirdiler. Esasanam, meýdançada birnäçe gezek wagyz edilen bolsa, onda ony başga wagyzçylar hem alyp biler ýaly tabşyrmaly. Meýdançaňda wagyz etseň, özüňe we maşgalaňa gullugyňy doly berjaý etmäge kömek edermi? (2 Tim. 4:5).