Kimi wagza çagyryp bilersiň?
Köp ýygnaklarda ötüşen keseli ýa-da gartaşan ýaşy sebäpli kän wagyz edip bilmeýän wagyzçylar bar (2 Kor. 4:16). Sen şeýle dogan-uýalary Mukaddes Ýazgylar okuwyna çagyryp bilermiň? Eger ol öýünden çykyp bilmeýän bolsa, onda okuwy sen onuň öýünde geçirip bilersiň. Sen käte şeýle dogany ýa uýany öýden-öýe biraz wagt wagyz etmäge ýa-da bir-iki sany ikilenç idege äkidip bilermiň? Köp gartaşan wagyzçylar ökde wagyz edýärler. Şol sebäpli sen olary diňe bir ruhlandyrman, eýsem, özüň hem olardan köp zatlary öwrenersiň (Rim. 1:12). Şeýle-de sen olara söýgiňi bildirersiň, Ýehowa-da saňa berekedini berer (Sül. tym. 19:17; 1 Ýahýa 3:17, 18).