Wagyz üçin teklip
◼ «Biz adamlary gyzyklandyrýan bir sorag barada gysgaça pikir alyşýarys. Siziň pikiriňizçe, bu dünýäniň hökümdary kim?» (Jogap bersin). Soňra («Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynyň 3-nji babynyň 11, 12-nji abzaslaryna we getirilen aýatlaryň azyndan birine serediň). Indiki sözbaşy barada pikir alyşmak üçin ikilenç idege gepleşiň.
◼ «Biz adamlar bilen gysgaça pikir alyşýarys. Köp adamlar gelejegi barada gyzyklanýarlar. Siz gelejege ynamly garaýarmysyňyz ýa-da biynjalyklanýarmysyňyz? (Jogap bersin). Soňra («Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynynyň 3-nji babynyň 17—23-nji abzaslarynda getirilen bir aýady okaň). Şu kitapda Hudaýyň käbir wadalary hakda gürrüň berilýär we olaryň amala aşjakdygyna näme üçin ynamly bolup biljekdigimiz düşündirilýär». Ikilenç idege gepleşiň.
◼ «Biz göwnüçökgünlige düşen adamlara kömek etmek üçin gysgaça pikir alyşýarys. Siz şu günler adamlaryň öňkä garanyňda has göwnüçökgünlige düşýändigine üns berdiňizmi? (Jogap bersin). Köp adamlar Mukaddes Ýazgylardaky maslahatlaryň göwnüçökgünligi ýeňmäge kömek edýändigine göz ýetirdiler. Geliň, bir aýada seredeliň (Matta 6:34-i oka). «Mukaddes Ýazgylar öwredýär» kitabynda Hudaýyň Sözündäki prinsipleriň göwnüçökgünlige düşenimizde nädip kömek edýändigi düşündirilýär».