Siz Ýatlama agşamyna taýýarlyk görýäňizmi?
B. e 33-nji ýylynyň nisan aýynyň 13-üne Isa ölmezinden öň ýakyn dostlary bilen sonky sapar ýygnanyşýandygyny bilýärdi. Isa resullary bilen soňky Pesah baýramyny bellemelidi we Ýatlama agşamyny girizmelidi. Bu wajyp duşuşyga taýýarlyk görmek gerekdi. Şonuň üçin Isa gerekli zatlary taýýarlamak üçin Petrus bilen Ýahýany iberdi (Luka 22:7—13). Şondan bäri mesihçiler her ýyl Ýatlama agşamyna taýýarlyk görüp, oňa gatnaşmaly (Luka 22:19). Aprel aýynyň 3-üne geçiriljek Ýatlama agşamyna biz nädip taýýarlyk görmeli?
Dogan-uýalar nädip taýýarlyk görmeli?
Olar Ýatlama agşamy döwri geçirilýän kampaniýa yhlasly gatnaşmak üçin gün tertibinde özgerişler etmeli.
Dogan-garyndaşlaryň, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçýän we beýleki adamlaryň sanawyny düzüp, olary çagyryň. Ýöne täze adamy çagyrmazdan öň, howpsuzlyk üçin topardaky jogapkär dogan bilen maslahatlaşyň.
Mukaddes Ýazgylardan Ýatlama agşamy barada okap, oýlanyň.
Ýatlama agşamyna gelýänleri garşy almak üçin taýýarlyk görüň.