MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Ýehowa yhlasly gulluk etmegi öwrediň
Adatça, täze wagyzçylara yzygider we yhlasly wagyz etmegi öwretsek, olar ökde wagyzçy bolýarlar (Sült 22:6; Fp 3:16). Şu aşakdaky maslahatlar okuw geçýän adama has yhlasly wagyz etmäge kömek eder:
Okuw geçýän adam wagyzçy bolan badyna öwredip başlaň (km 8/15 sah. 1). Oňa wagza her hepde çykmagyň wajypdygyny öwrediň (Fp 1:10). Meýdançaňdaky ýaşaýan adamlar barada erbet gürrüňler etmäň (Fp 4:8). Ony ökde wagyzçy bolar ýaly, toparyň gözegçisi we başga wagyzçylar bilen wagza çykmaga höweslendiriň (Sült 1:5; km 10/12 sah. 6 abz. 3).
Okuw geçýän adam «Hudaýyň söýgüsi» kitabyny geçip gutarmanka suwa çümdürilenem bolsa, ony ruhlandyryň we wagyz etmegi öwrediň (km 12/13 sah. 7).
Täze wagyzçy bilen wagza çykanyňyzda ýönekeý teklipleri ulanyň. Onuň teklibini diňläp, ýürekden öwüň. Ökdelik bilen wagyz eder ýaly maslahatlary beriň (km 5/10 sah. 7).