Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w20 Iýun sah. 17
  • Okyjylaryň sowallary

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Okyjylaryň sowallary
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Meňzeş maglumat
  • Siz «Ruhda gezermisiňiz?»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Hudaýyň ruhunyň görkezýän ýoly bilen ýöräň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • «Köp miwe beriň»
    Hudaýa gullugymyz — 2007
  • «Täze häsiýetleri geýiň»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
w20 Iýun sah. 17

Okyjylaryň sowallary

«Ruhuň miwesine» diňe Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlarda aýdylýan häsiýetler degişlimi?

  • SÖÝGI

  • ŞATLYK

  • PARAHATLYK

  • SABYRLYLYK

  • MÄHRIBANLYK

  • GOWULYK

  • IMAN

  • ÝUMŞAKLYK

  • ÖZÜŇE ERK ETMEKLIK

Şu aýatlarda dokuz häsiýet sanalýar: «Mukaddes ruhuň miwesi bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, gowulyk, iman, ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik». Ýöne biz mukaddes ruh diňe dokuz häsiýeti ösdürmäge kömek edýändir diýip pikir etmeli däl.

Pawlus resulyň ruhuň miwesini sanamazdan öň aýdan sözlerine üns beriň: «Ten işleri... ahlaksyzlyk, haramlyk, haýasyzlyk, butparazlyk, jadygöýlik, duşmançylyk, dawa-jenjel, gabanjaňlyk, gahar-gazap, jedel, bölünişik, dini toparlary döretmek, göriplik, serhoşlyk, keýpi-sapaly oturyşyklar we şuňa meňzeş zatlar» (Gal. 5:19—21). Pawlus resulyň sözlerini «şuňa meňzeş zatlar» diýip tamamlamagy «ten işleriniň» arasynda Koloslylar 3:5-däki işleri hem agzap biljekdigini görkezýär. Şonuň ýaly dokuz häsiýeti sanandan soň, Pawlus şeýle diýdi: «Bulara garşy hiç hili kanun ýokdur». Diýmek, Pawlus mukaddes ruhuň kömegi bilen başga-da häsiýetleri ösdürip boljakdygyny aýdýar.

Muňa düşünmek üçin Pawlusyň Galatýalylara ýazan sözlerini Efeslilere ýazan şu sözleri bilen deňeşdirip göreliň: «Her dürli gowulyk, dogruçyllyk we hakykat ýagtylygyň miwesidir» (Efes. 5: 8, 9). Görşümiz ýaly, «gowulyk» häsiýeti dogruçyllyk we hakykat bilen birlikde «ýagtylygyň miwesiniň» arasynda agzalýar. Ýöne gowulyk häsiýeti «mukaddes ruhuň miwesiniň» arasynda hem agzalyp geçilýär.

Pawlus resul Timoteosa «wepaly, dogruçyl, imanly, söýýän, çydamly we ýumşak adam bolmaga jan etmegi» maslahat berdi (1 Tim. 6:11). Şularyň diňe üçüsi (iman, söýgi we ýumşaklyk) «ruhuň miwesiniň» arasynda agzalýar. Ýöne Timoteosa dogruçyllygy, wepalylygy we çydamlylygy ösdürmek üçin hem mukaddes ruhuň kömegi gerekdi (Koloslylar 3:12; 2 Petrus 1:5—7-nji aýatlary deňeşdiriň).

Diýmek, Galatýalylar 5:22, 23-nji aýatlarda mesihçileriň ösdürmeli hemme häsiýeti agzalmaýar. Hudaýyň ruhy bize «mukaddes ruhuň miwesi» bolan dokuz häsiýeti ösdürmäge kömek edýär. Ýöne ruhy taýdan ösen mesihçi bolmak üçin beýleki häsiýetleri hem ösdürmeli we «Hudaýyň islegine görä ýaradylan hakyky dogruçyllyga we wepadarlyga esaslanan täze häsiýetleri geýinmeli» (Efes. 4:24).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş