Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w20 Noýabr sah. 8—11
  • Ýehowa dogduk mekanyna dolananlara sylag berýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa dogduk mekanyna dolananlara sylag berýär
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «BALYGYŇ KÖP ÝERI»
  • ŞÄGIRT TAÝÝARLAMAK IŞI ŞATLYK BERÝÄR
  • «ÝEHOWANYŇ ELINI GÖRDÜK»
  • «MUNDAN ULY BAGT ÝOKDUR»
  • «BIZDEN GARAŞÝAN ZADYNY ETDIK»
  • «Durmuş maňa köp zat öwretdi!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Ýehowa bilen syýahat
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Olar höwes bilen gulluk edýärler
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2017
  • Hudaýa köpräk gulluk etmegiň usullary
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
w20 Noýabr sah. 8—11
Onesim bilen Jeraldinýa satyja wagyz edýärler.

Onesim bilen Jeraldinýa

Ýehowa dogduk mekanyna dolananlara sylag berýär

KÖP dogan-uýalar pul gazanmak üçin daşary ýurda göçüp gitdiler. Emma olar Ýehowany we adamlary söýýändikleri üçin wagyzçylaryň az ýeri bolan dogduk mekanyna dolandylar (Mat. 22:37—39). Olar nähili kynçylyklara duşdular we nähili bereketleri aldylar? Geliň, Afrikanyň günbatarynda ýerleşýän Kamerundaky dogan-uýalar hakda bileliň.

«BALYGYŇ KÖP ÝERI»

1998-nji ýylda Onesim dogan Kamerundan daşary ýurda göçüp, 14 ýyl şol ýerde ýaşaýar. Bir gün ol ýygnak duşuşygynda wagyz etmek barada bir pikiri eşidýär. Nutukçy şeýle mysal getirýär: «Aýdaly, iki dost aýry-aýry ýerlerde balyk tutýar. Olaryň biri has köp balyk tutýar. Şonda az balyk tutan adam balygyň köp ýerine gitmezmi?!»

Balykly mysal Onesime hasylyň köp ýerine, ýagny öz ýurdy Kameruna dolanyp, wagyzçylara kömek etmek hakda oýlandyrdy. Emma Onesim käbir zatlary alada edýärdi. Ol: «Şunça ýyl daşary ýurtda ýaşamsoň, öz ýurduma öwrenişip bilerinmi?» diýýärdi. Soňra ol Kamerunda alty aý ýaşap görýär we 2012-nji ýylda göçüp barýar.

Onesim ýylgyryp şeýle gürrüň berýär: «Men yssy howa we amatsyz şertlere öwrenişmeli boldum. Ýygnak jaýynda ýene-de gaty oturgyçda oturýaryn. Ýöne ýygnakda aýdylýan zatlary ünsli diňleýändigim üçin, daşary ýurtdaky ýumşak oturgyçlar hakda pikir etmeýärin».

2013-nji ýylda Onesim Jeraldinýa uýa öýlenýär. Ol hem dokuz ýyl Fransiýada ýaşap, dogduk mekany Kameruna göçüp gelipdi. Olar guramanyň işlerine has köp gatnaşyp, nähili bereketleri aldylar? Onesim şeýle diýýär: «Biz Hoş habarçylar mekdebinde okadyk we Beýtelde gulluk edýäris. Geçen ýyl ýygnagymyzda Mukaddes Kitap okuwyny geçýän 20 adam suwa çümdürildi. Häzir men „balygyň köp ýerinde“ gulluk edýändigime düşünýärin (Mar. 1:17, 18). Jeraldinýa şeýle diýýär: «Men göz öňüne getirenimden hem has köp bereketleri aldym».

ŞÄGIRT TAÝÝARLAMAK IŞI ŞATLYK BERÝÄR

Judit bilen Sem-Kastel kenarda bir adama wagyz edýärler.

Judit bilen Sem-Kastel

Judit uýa Amerika göçüp barýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Her sapar dogduk mekanym Kameruna baranymda yzyma aglap gaýdýardym. Sebäbi ol ýerde maşgalam we birnäçe okuw geçýänlerim bardy». Judit Ýehowa köpräk gulluk etmek isleýärdi, ýöne Kameruna göçmäge ýaýdanýardy. Sebäbi ol Amerikada köp aýlykly işde işleýärdi we kakasynyň saglygyny bejertmäge mümkinçiligi bardy. Emma Judit Ýehowa bil baglap, öz ýurduna dolanýar. Ol Amerikadaky gowy ýaşaýşy küýseýändigini boýun alýar. Ol öz ýurdundaky ýaşaýyş şertlerine öwrenişer ýaly Ýehowadan kömek soraýar. Etrap gözegçisi bilen aýaly hem Judite öwgüli sözleri aýdyp ruhlandyrýardylar.

Judit şeýle diýýär: «Men üç ýylyň içinde dört adam bilen Mukaddes Kitap okuwyny geçirip, köp şatlyk tapdym». Soňra ol Sem-Kastel dogana durmuşa çykýar we ýörite pioner gullugyna başlaýar. Häzir onuň äri etrap gözegçisi bolup gulluk edýär. Indi Judit kakasyna kömek edip bilermi? Ol maşgalasy bilen daşary ýurtda bir hassahanany tapýar. Hassahananyň işgärleri Juditiň kakasyny mugtuna operasiýa etmäge razylaşýarlar. Operasiýa gowy geçýär.

«ÝEHOWANYŇ ELINI GÖRDÜK»

Wiktor bilen Karolin seýilgähde bir adama wagyz edýärler.

Karolin bilen Wiktor

Wiktor dogan Kamerundan Kanada göçýär. Ol ýokary okuw jaýynda okaýardy, emma «Garawul diňi» žurnalyndan ýokary bilim baradaky makalany okaýar we soňra orta hünär mekdebine girýär. Wiktor şeýle diýýär: «Men gysga wagtyň içinde iş tapdym we arzuw edip ýörän pioner gullugyna başladym». Soňra ol Karolin uýa öýlenýär we olar Kameruna gidýärler. Şonda filiala aýlanmaga baranlarynda, doganlar olary öz ýurdunda wagyz etmäge çagyrýarlar. Wiktor şeýle diýýär: «Bizde ýok diýmäge hiç hili bahana ýokdy. Biz sada ýaşaýardyk, şonuň üçin köp wagyz edip bilýärdik». Karolin biraz ýarawsyz bolsa-da, olar Kameruna göçmek kararyna gelýärler.

Wiktor bilen Karolin Mukaddes Kitap bilen gyzyklanýan köp adamlara kömek etmek üçin pioner bolup gulluk edýärler. Başda olar işlemeýärdiler, sebäbi toplan pullary bardy. Soňra olar birnäçe aý Kanadada işläp gelýärler we Kamerunda işlemän pioner gullugyny dowam edýärler. Ýehowa olara nähili bereketleri berdi? Olar Hoş habarçylar mekdebinde okadylar, ýörite pioner bolup gulluk etdiler, häzir bolsa guramanyň gurluşyk işlerine gatnaşýarlar. Wiktor: «Biz gowy ýaşaýşymyzdan geçip, Ýehowanyň elini gördük» diýýär.

«MUNDAN ULY BAGT ÝOKDUR»

Stefani bilen Alan stendli wagyz edýärler we bir aýal bilen gürrüňdeş bolýarlar.

Stefani bilen Alan

Alan dogan Germaniýada ýokary okuw jaýynda okaýardy. 2002-nji ýylda «Ýaşlar, siz ömrüňizi nämä bagyş edersiňiz?» diýen kitapçany okaýar we täze maksatlary goýýar. Alan 2006-njy ýylda Gullugy kämilleşdiriş mekdebini (häzirki Hoş habarçylar mekdebi) gutarýar we ony dogduk mekany Kamerunda gulluk etmäge belleýärler.

Alan dogan Kameruna göçenden soň ýarym günlük işe girýär. Biraz wagtdan köpräk hak tölenýän iş tapýar. Emma täze işi sebäpli köp wagyz edip bilmeýändigine gynanýardy. Alana ýörite pioner bolup gulluk etmegi teklip edenlerinde derrew razylaşýar. Alanyň başlygy aýlygyny köpeltjekdigini aýdýar, ýöne ol kararyny üýtgetmeýär. Birnäçe wagtdan ol Stefani uýa öýlenýär. Uýa birnäçe ýyl Fransiýada ýaşapdy. Stefani dogduk mekany Kameruna göçüp gelende nähili kynçylyklara duşýar?

Stefani şeýle diýýär: «Kameruna gelenimden soňra saglygym biraz erbetleşdi we käbir zatlar allergiýa berip başlady. Ýöne yzygider bejergi alyp, özümi gowy duýýardym». Är-aýalyň çydamlylygy üçin Hudaý olary sylaglady. Alan dogan şeýle gürrüň berýär: «Biz uzakda ýerleşýän Kate obasyna wagyz etmäge gitdik. Ol ýerde Mukaddes Kitap okuwyny geçmek isleýän birnäçe adama duşduk. Soňra olar bilen okuwy telefon arkaly geçirdik. Olaryň ikisi suwa çümdürildi we şol obada topar açyldy». Stefani äriniň sözüne goşulyp: «Adama özüni Ýehowa bagyş etmäge kömek edeniňde, dünýäde iň bagtly adam duýýarsyň. Biz şu ýerde köp adamlara kömek etdik, mundan uly bagt ýokdur». Häzir Alan aýaly bilen etrap gözegçisi bolup gulluk edýär.

Dogduk mekanyňda gulluk etmegiň peýdasy

«Biz öz medeniýetimize we ildeşlerimiziň pikirine gowy düşünýäris. Olar daşary ýurtdan gelen adamlary geň görýärler. Emma biz bilen gowy gürrüňdeş bolýarlar» (Alan).

«Daşary ýurtly adamlar derrew göze ilýärler, emma biz islendik ýerde arkaýyn wagyz edip bilýäris» (Stefani).

«BIZDEN GARAŞÝAN ZADYNY ETDIK»

Leonse bilen Žizel köprüde bir aýala wagyz edýärler.

Leonse bilen Žizel

Žizel Italiýada lukmançylyk ugurdan ýokary okuw jaýynda okap ýörkä, suwa çümdürilýär. Ol özi bilen sapak geçen pioner är-aýalyň sada ýaşaýandygyny görýärdi we olaryň göreldesine eýerip, köpräk gulluk etmek isleýärdi. Şonuň üçin Žizel okuwyny tamamlap barýarka, pioner gullugyna başlaýar.

Žizel dogduk mekany bolan Kamerunda gulluk etmek isleýärdi. Emma käbir zatlary alada edýärdi. Ol şeýle diýýär: «Men yzyma dolansam, Italiýada ýaşamak hukugymdan mahrum bolardym we Italiýada ýaşaýan dogan-garyndaşlarymdan, dost-ýarlarymdan aýra düşerdim». Muňa garamazdan, ol 2016-njy ýylyň maýynda Kameruna göçýär. Biraz wagtdan Leonse dogana durmuşa çykýar. Kamerunyň filialyndaky doganlar olara wagyzçylaryň az ýeri bolan Aýos şäherine göçmegi maslahat berýär.

Aýos şäherinde ýaşaýyş nähilidi? Žizel şeýle ýatlaýar: «Köplenç birnäçe hepde tok bolmaýardy we telefonymyza zarýad berip bilmeýärdik. Şonuň üçin telefonlar hemişe öçükdi. Men ot ýakyp, nahar bişirerdim. Gün batan soň suw almaga giderdik, sebäbi çeşmäniň boýunda adam az bolýardy. Elimiz çyraly, arabada suw daşardyk». Leonse bilen Žizele kynçylyklara döz gelmäge näme kömek edýär? Žizel şeýle diýýär: «Ýehowa bizi mukaddes ruhy arkaly goldaýar. Biz biri-birimize söýget bolýarys. Dogan-garyndaşlarymyz, dostlarymyz hem bizi ruhlandyrýarlar, käte pul sowgat berýärler».

Žizel dogduk mekanyna dolanyp barandygyna ökünýärmi? Ol şeýle jogap berýär: «Ýok, birjik-de ökünemok! Elbetde, başda kyn bolýardy we ruhdan düşýärdim. Emma biz kynçylyklara döz geldik we Hudaýyň bizden garaşýan zadyny etdik. Biz Ýehowa bil baglaýandygymyz üçin imanymyz gün-günden berkeýär». Leonse bilen Žizel Hoş habarçylar mekdebinde okadylar we häzir wagtlaýyn ýörite pioner bolup gulluk edýärler.

Köp balyk tutmak üçin hiç zatdan gorkmaýan balykçylar ýaly, dogan-uýalar hem akýürekli adamlara Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary ýetirmek üçin dogduk mekanyna dolanýarlar. Elbetde, Ýehowa şeýle wagyzçylaryň söýgüsini we güýç-gaýratyny hiç haçan unutmaz (Neh. 5:19; Ýew. 6:10). Eger siz hem daşary ýurtda ýaşaýan bolsaňyz we öz ýurduňyzda wagyzçylar az bolsa, yzyňyza göçüp bilersiňizmi? Eger şeýtseňiz, Ýehowadan köp sylag alarsyňyz! (Nak. 10:22).

Olar näme etdiler?

Siz dogduk mekanyňyza dolanmak hakda oýlanýan bolsaňyz, makalada agzalan dogan-uýalaryň näme edendigine üns beriň.

  • Nämä taýyn bolmaly?

    «Dogan-garyndaşlaryňyz we dost-ýarlaryňyz ýagşy niýet bilen yzyňyza dolanmazlygy maslahat berseler, ruhdan düşmäň. Ýehowa bil baglaň» (Alan).

  • Nädip taýýarlyk görmeli?

    «Men ömrümde Hudaýa şeýle köp doga etmändim» (Žizel).

    «Men hiç kime ýük bolmaz ýaly, pul süýşürdim» (Jeraldinýa).

    «Men saglyk ýagdaýymy anyklamak üçin doly barlagdan geçdim» (Stefani).

  • Özüňi eklemek üçin näme etmeli?

    «Sowarlyk pulum bardy, şonuň üçin işe girmedim. Soňra mekdep mugallymy bolup işe geçdim. Soň sabyn ýasamagy öwrendim we sabyn satyp başladym» (Jeraldinýa).

    «Biz süýtden süýji ýasap, satmak üçin dükanlara paýlaýardyk. Şeýdip, gazanç edýärdik» (Žizel).

    «Internet arkaly resmi kagyzlary terjime edip, gazanç edýärdim» (Onesim).

  • Howpsuzlyk üçin näme etmeli?

    «Men dogan-uýalaryň öýlerine golaý we howpsuz ýerde ýaşaýaryn» (Jeraldinýa).

    «Men hiç haçan ýeke özüm wagyz etmäge gitmeýärin» (Žizel).

    «Men gijelerine daşary çykmaýaryn we gymmatbaha şaý-sepleri dakynmaýaryn» (Stefani).

    «Men daşary ýurtda ýaşandygymy hemmelere gürrüň bermeýärin we başgalardan tapawutlanjak bolmaýaryn» (Judit).

  • Yhlasly we şatlyk bilen gulluk eder ýaly näme etmeli?

    «Biz täze durmuşa öwrenişmek üçin jan etdik. Biz näme üçin gelendigimizi unutmaýardyk we gowy zatlar hakda oýlanýardyk» (Wiktor).

    «Men şükür edip ýaşamagy öwrenmelidim» (Alan).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş