Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Ýanwar sah. 8—13
  • Ärler, aýalyňyza hormat goýuň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ärler, aýalyňyza hormat goýuň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • AÝALYŇYZYŇ MERTEBESINI PESELTMÄŇ
  • ERBET ENDIGIŇIZI WE GARAÝŞYŇYZY DÜZEDIŇ
  • AÝALYŇYZA HORMAT GOÝUŇ
  • Är-aýallar nädip bagtly bolup biler?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaýyň goşanyny aýyrmaň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ömürlik nikanyň iki açary
    Maşgala bagtynyň syry
  • Pornografiýa görmek näme üçin zyýanly?
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Ýanwar sah. 8—13

2-NJI MAKALA

132-NJI AÝDYM Biz bir beden

Ärler, aýalyňyza hormat goýuň

«Ärler... aýalyňyza... hormat goýuň» (1 Pet. 3:7).

ESASY PIKIR

Är aýalyna hormat goýmaly, mähirli bolmaly we ony öwmeli.

1. Ýehowa maşgalany näme üçin döretdi?

ÝEHOWA «bagtly Hudaý». Ol biziňem bagtly bolmagymyzy isleýär (1 Tim. 1:11). Ýehowa biziň her gün şatlanyp ýaşamagymyz üçin köp zatlary berýär (Ýak. 1:17). Ýehowa är-aýalyň hem bagtly ýaşamagy üçin maşgala ojagyny döretdi. Ýigit bilen gyz toý tutan güni bir-birini söýjekdigini, hormat goýjakdygyny we gadyryny biljekdigini wada berýär. Är-aýal bir-birini näçe güýçli söýse, şonça-da bagtly bolar (Nak. 5:18).

2. Köp ärler aýallary bilen özüni nähili alyp barýar?

2 Gynansak-da, köpler toý güni beren wadasyny ýatdan çykarýar. Şeýlelikde, mähir-muhabbetden doly maşgala ojagy sowuk zyndana öwrülýär. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň habar bermegine görä, ärleriň köpüsi aýalyny urýar, sögýär we kemsidýär. Belki, olar köpçülikde aýalyna şa gyzy ýaly seredip, aladasyny edýänsireýändir. Emma öýünde hakyky ýüzüni görkezip, ony hyzmatkäri hasaplaýar. Şeýle-de pornografiýa görýän ärler aýalynyň mertebesini peseldip, ýüregine bitmejek ýara salýar.

3. Ärler aýaly bilen özüni näme üçin gödek alyp barýar?

3 Ärler aýaly bilen özüni näme üçin gödek alyp barýar? Belki, olaryň kakasy ejesini urandyr, sögendir. Şonuň üçin edýän hereketini olaram dogry hasaplaýandyr. Käbirleriniň bolsa önüp-ösen ýerindäki adamlar özüni aýaly bilen gödek alyp barýandyr. Şonuň üçinem olar: «Aýal depäňe çykmaz ýaly, wagtal-wagtal oňa edep sapagyny geçmeli» diýýärler. Başgalary özüne we gaharyna erk edip bilmeýär. Käbirleri bolsa, pornografiýa görýändigi üçin gelin-gyzlara islän zadyňy etseň bolýar diýip pikir edýär. Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwründen bäri şu kynçylyklar has-da köpeldi. Emma ärler ýokarda agzalan zatlary bahana edip özüni aklap bilmez.

4. Doganlar nämeden seresap bolmaly we näme üçin?

4 Şu günler köpleriň gelin-gyzlara bolan garaýşy ýoýlana. Doganlar şeýle garaýyşdan seresap bolmaly. Sebäbi adam nämäniň pikirini etse, özüni şeýle-de alyp barýar. Pawlus resul Rimde ýaşaýan saýlanan mesihçilere: «Dünýäniň täsirine düşmäň» diýip maslahat berdi (Rim. 12:1, 2). Pawlus hatyny ýazanda Rim şäherinde ýygnagyň döränine birnäçe wagt bolupdy. Gynansak-da, olaryň käbiri ýaşaýan ýerindäki adamlaryň täsirine düşüpdi. Şonuň üçinem Pawlus olara: «Pikiriňizi we häsiýetiňizi üýtgediň» diýdi. Pawlusyň maslahaty bize-de degişli. Şu günlerem käbir doganlar dünýäniň täsirine düşüp, özüni aýaly bilen gödek alyp barýarb. Emma Ýehowa olaryň aýalyna hormat goýmagyny isleýär. Muny makalanyň baş aýadyndan hem görse bolýar.

5. Ýehowa ärlere näme tabşyrýar? (1 Petrus 3:7).

5 1 Petrus 3:7-ni okaň. Ýehowa ärlere aýalyna hormat goýmagy tabşyrýar. Aýalyna hormat goýýan är onuň bilen sylaşykly gepleşýär, mähirli bolýar we söýýändigini görkezýär. Şu makalada aýalyna hormat goýýan äriň nähili bolýandygy barada gürrüň ederis. Emma, geliň, ilki aýalyny äsgermeýän äriň nähili bolýandygyny bileliň.

AÝALYŇYZYŇ MERTEBESINI PESELTMÄŇ

6. Är aýalyny näme üçin urmaly däl? (Koloslylar 3:19).

6 Är aýalyny urmaly däl. Ýehowa zalym, zorlugy söýýän adamy ýigrenýär (Zeb. 11:5). Ol aýalyna el galdyrýan ärleri ýazgarýar (Mel. 2:16; Koloslylar 3:19-y okaň). 1 Petrus 3:7-ä görä, aýalyny urýan äriň Ýehowa bilen dostlugy hem bozulýar. Ýehowa şeýle adamyň doga-dilegini diňlemeýär.

7. Efesliler 4:31, 32-nji aýatlara görä är aýaly bilen nähili gepleşmeli däl? (Düşündirilişe serediň).

7 Är aýalyna sögmeli däl. Käbir ärler aýalynyň üstüne gygyrýar, agzyna gelenini aýdýar. Emma Ýehowa «gahar-gazaby, gykylygy, sögünç sözleric» ýigrenýär (Efesliler 4:31, 32-nji aýatlary okaň). Ýehowa hemme zady, hatda äriň öýünde aýdýan zatlaryny hem eşidýär. Eger är aýalyny kemsidýän bolsa, Ýehowa gynanýar. Aýalyna sögýän, gygyrýan ärler diňe bir maşgala ojagyny däl, Ýehowa bilen dostlugyny hem bozýar (Ýak. 1:26).

8. Ýehowa nämäni ýigrenýär we näme üçin?

8 Ärler pornografiýa görmeli däl. Ýehowa pornografiýany ýigrenýär. Eger är ahlaksyz suratlary, wideolary görse, Ýehowa bilen dostlugyny bozar we aýalynyň mertebesini depelärd. Ýehowa ärleriň hatda pikirinde-de aýalyna wepaly bolmagyny isleýär. Isa pygamber: «Bir aýala azgyn höwes bilen seredýän adam ýüreginde eýýäm zyna edendir» diýdie (Mat. 5:28, 29).

9. Är aýalynyň mertebesini peseltse Ýehowa näme üçin gynanýar?

9 Ärler jynsy gatnaşykda aýalynyň mertebesini peseltmeli däl. Käbir ärler jynsy gatnaşykda aýalynyň islemeýän zadyny edýärler welin, şondan soň aýal özüni söýülmeýän, äsgerilmeýän ýaly duýýar. Ýehowa şeýle sowuk we akylsyz hereketi ýigrenýär. Ol ärleriň aýalyny söýmegini, garaýşyny göz öňünde tutmagyny we eliniň aýasynda saklamagyny isleýär (Efes. 5:28, 29). Eger dogan jynsy gatnaşykda aýalynyň mertebesini peseldýän zatlary edýän bolsa ýa-da pornografiýa görýän bolsa näme? Ol garaýşyny we özüni alyp barşyny nädip üýtgedip biler?

ERBET ENDIGIŇIZI WE GARAÝŞYŇYZY DÜZEDIŇ

10. Ärler kimden görelde alyp biler?

10 Ärlere erbet endigini we garaýşyny düzetmäge näme kömek eder? Olar Isa pygamberiň göreldesine eýermeli. Isa öýlenmedik bolsa-da, ärler onuň şägirtleri bilen özüni alyp barşyndan köp zatlary öwrenip biler (Efes. 5:25). Geliň, ärleriň Isa pygamberiň göreldesine haýsy iki ýagdaýda eýerip biljekdigine seredeliň.

11. Isa pygamber şägirtleri bilen özüni nähili alyp bardy?

11 Isa pygamber şägirtleri bilen özüni mähirli, sylaşykly alyp barýardy. Ol gödek däldi, şägirtlerine gaty-gaýrym söz aýtmaýardy. Isa olaryň Halypasy, mugallymy bolsa-da, olaryň üstünden agalyk etjek bolmaýardy. Gaýtam pesgöwünlik bilen şägirtlerine hyzmat edýärdi (Ýah. 13:12—17). Ol şägirtlerine: «Men ýumşak we pesgöwünlidirin... menden görelde alyň, şonda janyňyz rahatlyk tapar» diýdi (Mat. 11:28—30). Hawa, Isa pygamber ýumşakdy. Ýumşak adam ejiz däl, güýçli bolýar, sebäbi ol özüne erk edip bilýär. Isa pygamberiň şägirtleri ýalňyşsa-da, tamasyny ödemese-de, ol gaharlanmady, gaýtam özüni rahat alyp bardy.

12. Isa adamlar bilen nähili gepleşýärdi?

12 Isa adamlara göwünlik berýärdi, ruhlandyrýardy. Ol hiç haçan şägirtleriniň ýüzünden almady (Luka 8:47, 48). Duşmanlar kemsidip sögse-de, ol gaýtargy bermedi (1 Pet. 2:21—23). Käte bolsa gödek jogap bermez ýaly dymýardy (Mat. 27:12—14). Şeýdip, Isa pygamber ärlere gowy görelde galdyrdy.

13. «Erkek adam... aýaly bilen biriger» diýen sözler nämäni aňladýar? (Matta 19:4—6; surata serediň).

13 Isa pygamber ärlere aýalyna wepaly bolmagy tabşyrdy. Ol Atasy Ýehowanyň sözüne salgylanyp: «Erkek adam... aýaly bilen biriger» diýdi (Matta 19:4—6-njy aýatlary okaň). «Biriger» diýen grek işligi sözme-söz «ýelmeşer» diýmegi aňladýar. Är-aýal biri-birine şeýle bir ysnyşmaly welin, edil ýelimlenen ýaly bolmaly. Şonuň üçin äri ýa-da aýaly ýanýoldaşyny ynjydýan bir iş etse, olaryň ikisem ejir çeker. Aýalyny ýürekden söýýän är pornografiýanyň hiç bir görnüşini görmez. Ol oýlanyp durman, «gözüni biderek zatlardan sowar» (Zeb. 119:37). Wepaly är Eýýup pygamberiň göreldesine eýerip, «gözleri bilen äht baglaşar» we gelin-gyzlara azgyn höwes bilen seretmez (Eýp. 31:1).

Dogan maşyn ussahanada işleýär. Işdeşleri žurnaldan ahlaksyz suratlary görýär, emma dogan olara goşulmaýar.

Aýalyny söýýän är pornografiýanyň hiç bir görnüşini görmeýär (13-nji abzasa serediň)g.


14. Ärler Ýehowa bilen dostlaşmak we aýalynyň göwnüni tapmak üçin näme etmeli?

14 Aýalyny urýan, sögýän är Ýehowa bilen dostlaşmak we aýalynyň göwnüni tapmak üçin elinde baryny etmeli. Birinjiden, ol edýän işiniň ýalňyşdygyna we Ýehowanyň hemme zady görýändigine düşünmeli (Zeb. 44:21; Nes. 12:14; Ýew. 4:13). Ikinjiden, ol düzelip, aýalyny urmaly däl we sögmeli däl (Nak. 28:13). Üçünjiden, ol aýalyndan we Ýehowadan ötünç soramaly (Res. 3:19). Şeýle-de pikirine, sözüne we özüni alyp barşyna erk edip biler ýaly, Ýehowadan hem isleg, hem güýç dilemeli (Zeb. 51:10—12; 2 Kor. 10:5; Flp. 2:13). Dördünjiden, ol eden dogasyna görä hereket edip, zorluk-sütemi we sögünç sözleri ýigrenmeli (Zeb. 97:10). Bäşinjiden, ýygnak ýaşulularyndan kömek soramaly (Ýak. 5:14—16). Altynjydan, ýalňyşyny gaýtalamaz ýaly näme etjekdigini öňünden çözmeli. Şu maslahatlara pornografiýa görýänler hem eýermeli. Olar Ýehowanyň kömegi bilen düzelip biler (Zeb. 37:5). Ärlere erbet garaýşyny we endigini taşlamak ýeterlikli däl. Olar aýalyna hormat goýmagy hem öwrenmeli. Ärler muny nädip edip biler?

AÝALYŇYZA HORMAT GOÝUŇ

15. Är aýalyny söýýändigini nädip görkezip biler?

15 Är aýalyny söýýändigini görkezmeli. Wepaly dogan günüň dowamynda aýalyny söýýändigini dürli ýollar bilen görkezýär (1 Ýah. 3:18). Ol aýalyny mähir bilen gujaklaýar, elinden tutýar. Işe gidende aýalyna «Ýagdaýlaryň gowumy?» ýa-da «Seni gowy görýärin» diýip SMS ýazýar, ýa-da aýalyna sowgat alyp berip, ony begendirýär. Şeýdip, ol aýalyna hormat goýýandygyny görkezýär we maşgala ojagyny berkidýär.

16. Är aýalyny näme üçin öwmeli?

16 Är aýalyna sagbolsun aýtmaly. Aýalyna hormat goýýan är ony ruhlandyrýar we öwýär. Ol aýalyna edýän işleri we berýän goldawy üçin sagbolsun aýdýar (Kol. 3:15). Eger är aýalyny ýürekden öwse, ol monça bolar. Şeýle-de ol söýülýändigini, hormat goýulýandygyny bilip, arkasynda dag bar ýaly özüni arkaýyn duýar (Nak. 31:28).

17. Är aýalyna hormat goýýandygyny nädip görkezip biler?

17 Är aýalyna hormat goýmaly we mähirli bolmaly. Aýalyny söýýän är onuň gadyryny bilýär. Ol gaýratly gelni Ýehowanyň berendigine düşünip, ony gözüniň göreji ýaly goraýar (Nak. 18:22; 31:10). Ol aýaly bilen mähirli bolýar we ony ynjytjak işleri etmeýär. Ol jynsy gatnaşykda aýalyndan özüni oňaýsyz duýjak, mertebesini peseltjek ýa-da ynsabyny kösejek işleri etmegi talap etmezf. Şeýle-de Ýehowanyň öňünde ynsaby arassa bolar ýaly, onuň özi hem şeýle işleri etmez (Res. 24:16).

18. Ärler näme etmegi ýüregine düwmeli? («Hormat goýmagyň dört usuly» diýen çarçuwa serediň).

18 Ärler, Ýehowa siziň aýalyňyza hormat goýmak üçin edýän her bir işiňizi görýär we gadyryňyzy bilýär. Şonuň üçin aýalyňyzyň mertebesini peseldýän işleri etmäň. Gaýtam olar bilen mähirli boluň, hormat goýuň we ýürekden söýüň. Şonda aýalyňyz siziň gadyryny bilýändigiňizi we söýýändigiňizi görer. Iň esasy zat bolsa, Ýehowa sizden razy bolar we dosty hasaplar (Zeb. 25:14).

Dogan aýaly bilen mähirli gepleşýär.

HORMAT GOÝMAGYŇ DÖRT USULY

Mesihçiler mähirli bolmaly (Kol. 4:6). Är aýaly bilen gepleşende ýa-da aýaly hakda başgalara gürrüň berende nädip mähirli bolup biler?

  1. 1. Ýehowadan görelde alyp, «haýyş edýärin» we «köp sag bol» diýen sözleri aýdyp duruň (1 Mus. 13:14; 15:5). Şonda siz aýalyňyz bilen diňe bir mähirli gepleşmän, hormat goýýandygyňyzy hem görkezersiňiz.

  2. 2. Aýalyňyzy edýän işleri üçin öwüň (Nak. 31:28, 29). Başgalaryň ýanynda kemçiligini aýtmaň (Zeb. 50:20).

  3. 3. «Diňlemäge taýyn boluň, geplemäge howlukmaň» (Ýak. 1:19).

  4. 4. Bir meselede ylalaşmaýan, düşünişmeýän wagtyňyz hem mähirli gepleşiň (Kol. 3:8, 12).

Surat: 1) dogan aýalyny başgalaryň ýanynda öwýär. 2) Aýaly biynjalyk edýän zadyny gürrüň berende ünsli diňleýär.

ÄRLER ŞU AÝATLARDAKY MASLAHATA NÄDIP EÝERIP BILER?

  •  Koloslylar 3:19

  •  Efesliler 4:31, 32

  •  Matta 19:4—6

131-NJI AÝDYM «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn»

a Ärler «Ýehowa gelin-gyzlara hormat goýýar» diýen makalany okap biler (w24.01).

b Eger ýanýoldaşyňyz sizi urýan, sögýän bolsa, jw.org saýtyndaky ýa-da JW Library® programmasyndaky «Dürli temalar» diýen bölümden «Öýde bolýan zorluk-sütemden ejir çekýänlere kömek» diýen makalany okap bilersiňiz.

c DÜŞÜNDIRILIŞ: «sögünç söz» diýlende gödek gepleşmek, kemsitmek, halamaýan zadyňy yzyny üzmän aýtmak göz öňünde tutulýar. Birini äsgermän, adam hasabynda görmän we mertebesini peseldip geplemek hem sögünç söze degişli.

d JW.ORG saýtyndan ýa-da JW Library® programmasyndan «Pornografiýa görýän adam maşgala ojagyny dargadýar» diýen makalany okap bilersiňiz.

e Äri pornografiýa görýän aýallar «Ýanýoldaşyň pornografiýa görse» diýen makalany okap biler (w23.08).

f Mukaddes Kitapda är-aýal jynsy gatnaşyk edýärkä haýsy hereketiň dogry ýa-da nädogrudygy hakda hiç zat aýdylmaýar. Şu meselede her bir är-aýalyň özi karara gelmeli, ýöne olar karara gelende Ýehowa hormat goýmaly, biri-birini ynjytmaly däl we ynsaby kösemeli däl. Aslynda, är-aýal şeýle temalar hakda başgalaryň ýanynda gürrüň edip ýörmeýär.

g SURATYŇ BEÝANY: işdeşleri dogana pornografiýa görkezjek bolýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş