Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Ýanwar sah. 14—19
  • Ýehowany begendirýän karara geliň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowany begendirýän karara geliň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝAGDAÝYŇ ANYGYNA-ŞÄNIGINE ÝETIŇ
  • ÝEHOWANYŇ GARAÝŞY BARADA OÝLANYŇ
  • IŇ GOWUSYNY SAÝLAŇ
  • DOGRY KARAR — HUDAÝA HEM SIZE ÝARAR
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Hudaýyň pikirini biljek boluň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Ýürekde döreýän şübhäni ýeňiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Ýanwar sah. 14—19

3-NJI MAKALA

35-NJI AÝDYM «Iň wajyp zatlara düşüniň»

Ýehowany begendirýän karara geliň

«Ýehowadan gorky akyldarlygyň başydyr. Mukaddes Hudaýyň bilimi düşünje berýär» (Nak. 9:10).

ESASY PIKIR

Bilim, düşünje we saýgarma ukyby paýhasly karara gelmäge kömek edýär.

1. Biz her gün nähili kararlara gelmeli bolýarys?

BIZ her gün dürli kararlara gelmeli bolýarys. Käbir zatlarda karara gelmek aňsat bolýar. Meselem, näme iýip-geýjegiňi, haçan ýatyp-turjagyňy çözmek kyn däl. Emma saglyk, maşgala, Ýehowa sežde etmek we bagtly bolmak ýaly uly meselede karara gelmezden öň gowy oýlanmak isleýäris. Sebäbi biz nädogry karara gelip hem özümizi, hem dogan-garyndaşlarymyzy kösemek islemeýäris. Iň esasy zat bolsa, gelýän kararymyz bilen Ýehowany gynandyrasymyz gelmeýär (Rim. 12:1, 2).

2. Paýhasly karara gelmäge haýsy ädimler kömek edýär?

2 Paýhasly karara gelmäge üç ädim kömek edýär: 1) ýagdaýyň anygyna-şänigine ýetmeli, 2) Ýehowanyň garaýşy barada oýlanmaly, 3) iň gowusyny saýlamaly. Makalada şu ädimlere birin-birin serederis we saýgarma ukybyny ösdürmek üçin näme etmelidigini bileris (Nak. 2:11).

ÝAGDAÝYŇ ANYGYNA-ŞÄNIGINE ÝETIŇ

3. Karara gelmezden öň näme üçin ýagdaýyň anygyna-şänigine ýetmeli? Mysal getiriň.

3 Biz paýhasly karara gelmek üçin, birinjiden, ýagdaýyň anygyna-şänigine ýetmeli. Näme üçin? Aýdaly, bir adam keselläp lukmanyň ýanyna gelýär. Lukman näme eder? Elbetde, ilki bilen ol hassanyň hal-ýagdaýyny sorar we barlagdan geçirer. Soňra bejergi ýazyp berer. Edil şonuň ýaly, bizem ähli zady anyklap, soňra karara gelmeli. Muny nädip etmeli?

4. Nakyllar 18:13-e görä, ýagdaýy nädip anyklamaly? (Surata serediň).

4 Ýagdaýy anyklamak üçin käbir soraglaryň jogabyny bilmeli. Meselem, sizi oturylyşyga çagyrdylar. Siz näme edersiňiz? Eger siz oturylyşygy gurnaýan adamy gowy tanamasaňyz, onda oňa şeýle soraglary berip bilersiňiz: «Oturylyşyk nirede we haçan geçiriler? Oňa näçe adam geler? Oturylyşyga kim gözegçilik edýär? Kimler gatnaşar? Oturylyşykda näme ediler, spirtli içgiler hem bolarmy?» Eger şu zatlary bilseňiz, onda dogry karara gelip bilersiňiz (Nakyllar 18:13-i okaň).

Ýaş dogan-uýalaryň telefonyna oturylyşyga çakylyk gelipdir. Dogan dostlaryndan oturylyşyk hakda soraýar.

Ýagdaýy anyklamak üçin sorag beriň (4-nji abzasa serediň)a.


5. Ýagdaýyň anygyna-şänigine ýeteniňden soň näme etmeli?

5 Soraglaryňyza jogap tapanyňyzdan soň, ýagdaýa hemmetaraplaýyn seretjek boluň. Siz oturylyşyga Mukaddes Kitabyň kada-kanunlary boýunça ýaşamaýan adamlaryň geljekdigini, spirtli içgileriň köp goýuljakdygyny bilýärsiňiz. Üýşmeleňiň soňy keýpi-sapaly oturylyşyga ýazmazmy? (1 Pet. 4:3). Belki-de, oturylyşygyň geçirilýän wagty ýygnak duşuşygy bardyr ýa-da wagza belleşensiňiz. Eger siz ýagdaýa hemmetaraplaýyn seretseňiz ýalňyşmarsyňyz. Ýöne ýagdaýyň diňe anygyna ýetmek ýeterlikli däl. Biz Ýehowanyň hem garaýşy hakda oýlanmaly (Nak. 2:6).

ÝEHOWANYŇ GARAÝŞY BARADA OÝLANYŇ

6. Ýehowadan näme üçin kömek soramaly? (Ýakup 1:5).

6 Ýehowanyň pikirine düşünmek üçin, Ondan kömek soraň. Dogry karara geler ýaly Ýehowa akyldarlyk berjegini wada berýär. Ol akyldarlygy «igenmän, hemmelere jomartlyk bilen berýär» (Ýakup 1:5-i okaň).

7. Ýehowanyň garaýşyna düşünmek üçin näme etmeli? Mysal getiriň.

7 Ýehowadan kömek soranyňyzdan soň, Ony ünsli diňläň. Aýdaly, siz uly şäherde azaşýarsyňyz. Şonda siz barmaly ýeriňizi ýaşaýjylaryň birinden soraýarsyňyz. Ol size ýoly salgy berende diňlemän gidersiňizmi? Elbetde, gitmersiňiz. Ony soňuna çenli ünsli diňlärsiňiz. Edil şonuň ýaly, Ýehowadan akyldarlyk soranyňyzdan soň, Mukaddes Kitapdan ýagdaýyňyza degişli prinsipleri we kada-kanunlary gözläň. Geliň, ýokarky mysala dolanalyň. Oturylyşyga gitmek meselesinde Ýehowanyň garaýşyny nädip bilmeli? Siz keýpi-sapaly oturylyşyklar, erbet dost-ýarlar, Hudaýyň Patyşalygyny birinji orunda goýmak baradaky aýatlary tapyň we olar hakda oýlanyň (Mat. 6:33; Rim. 13:13; 1 Kor. 15:33).

8. Gerekli aýatlary nädip tapmaly? (Surata serediň).

8 Käte Ýehowanyň garaýşyna düşünmek üçin gerekli aýatlary tapmak kyn bolýar. Şonda imany berk dogan-uýalardan kömek soraň. Şeýle-de özüňizem gözleg geçirseňiz gowy bolar. Guramamyz gözleg geçirmek üçin köp sanly esbaplary we edebiýatlary çykarýar. Siz «Ýehowanyň Şaýatlarynyň edebiýatlary boýunça gollanmasyndan» we «Mukaddes Kitapdan maslahatlar» diýen edebiýatdan gözleg geçirip bilersiňiz. Ýadyňyzda bolsun, siziň esasy maksadyňyz Ýehowany begendirýän karara gelmekdir.

Dogan «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 35-nji sapagyny okaýar.

Ýehowanyň garaýşy barada oýlanyň (8-nji abzasa serediň)b.


9. Geljek kararymyzdan Ýehowanyň razydygyny nädip bilmeli? (Efesliler 5:17).

9 Geljek kararymyzdan Ýehowanyň razy boljakdygyny nädip bilmeli? Ilki bilen, biz Ýehowany gowy tanamaly. Nakyllar kitabynda: «Mukaddes Hudaýyň bilimi düşünje berýär» diýilýär (Nak. 9:10). Düşünjeli adam Ýehowanyň häsiýetlerini, niýetlerini we Onuň halaýan, ýigrenýän zatlaryny gowy bilýär. Şonuň üçin özüňize şu soraglary beriň: «Men Ýehowany gowy tanaýarynmy? Nähili karara gelsem, Ýehowa menden razy bolar?» (Efesliler 5:17-ni okaň).

10. Näme üçin Mukaddes Kitabyň prinsipleri dogan-garyndaşlaryň garaýşyndan has wajyp bolmaly?

10 Käte Ýehowany begendirmek üçin dogan-garyndaşlarymyzy gynandyrmaly bolýarys. Käbir ene-atalar gyzyny gurply ýaşaýan ýa-da köp galyň tölejek dogana durmuşa çykarasy gelýär. Ýöne dogan ruhy taýdan känbir ösen däl. Elbetde, olar gyzynyň zada zar bolman, bolelinlikde ýaşamagyny isleýändir. Ýöne ol ýigit gyzynyň Ýehowa bilen dostlugyny berkidip bilermi? Şu ýagdaýa Ýehowa nähili garaýar? Mukaddes Kitapda mesihçileriň «Hudaýyň Patyşalygyny... birinji orunda goýmalydygy» aýdylýar (Mat. 6:33). Elbetde, uýa ene-atasyna, dogan-garyndaşlaryna hormat goýýandyr, olaryň göwnüni hem ýykasy gelýän däldir. Ýöne onuň esasy maksady Ýehowany razy etmek bolmaly.

IŇ GOWUSYNY SAÝLAŇ

11. Karara geleniňde iň gowusyny saýlamaga näme kömek edýär? (Filipililer 1:9, 10).

11 Biz Mukaddes Kitabyň prinsiplerini, kada-kanunlaryny göz öňünde tutup karara gelýäris (Filipililer 1:9, 10-njy aýatlary okaň). Emma käte üç-dört zadyň birini saýlamaly bolýarys. Şonda saýgarma ukyby olaryň hersiniň netijesini görmäge kömek edýär. Käte dogry zady saýlamak kyn bolmaýar. Käte bolsa olaryň hemmesi dogry ýaly görünýär. Şonda näme edip, näme goýjagyňy bilip bolmaýar. Saýgarma ukyby ýalňyşman, dogry karara gelmäge kömek edýär.

12, 13. Iş saýlanyňda dogry karara gelmäge saýgarma ukyby nädip kömek edýär?

12 Aýdaly, siz iş gözleýärsiňiz we iki sany iş tapýarsyňyz. Siz olar barada hemme zady anyklaýarsyňyz. Meselem, näme iş etmelidigini, näçe sagat işlemelidigini, işe gidip-gelmek üçin näçe wagtyň gitjekdigini we ş. m. zatlaryň hemmesini bilýärsiňiz. Işleriň ikisem gowy. Siz haýsysyny saýlasaňyz hem Mukaddes Kitabyň prinsiplerini bozmaýarsyňyz. Siz näme edersiňiz? Belki, olaryň biri siziň arzuw edýän işiňizdir. Hatda aýlygy hem gowujadyr. Siziňem şol işe giresiňiz gelýändir. Ýöne siz karara gelmezden öň, başga-da ýagdaýlary göz öňünde tutmaly.

13 Saýlajak işiňiz sebäpli ýygnaklardan galmaly bolarsyňyzmy? Maşgalaňyzyň Hudaýa imanyny berkitmäge, aýalyňyza, çagalaryňyza üns bermäge, olar bilen gepleşmäge we dynç almaga wagtyňyz bolarmy? Şeýle soraglar «iň wajyp zatlara düşünmäge», ýagny özüňiziň, maşgalaňyzyň Hudaý bilen dostlugyny hemme zatdan öňde goýmaga kömek eder. Şonda siz Ýehowany razy edýän karara gelersiňiz.

14. Hiç kimi büdretmezlige näme kömek eder?

14 Saýgarma ukyby karara gelenimizde «hiç kimi büdretmezlige» kömek edýär (Flp. 1:10). Esasanam, biz egin-eşik we özüňe timar bermek ýaly şahsy meselede başgalaryň garaýşyny göz öňünde tutmaly. Meselem, siz özboluşly geýinmegi halaýansyňyz, özüňize timar berişiňiz hem başgalaryňkydan tapawutlanýandyr. Ýöne dogan-uýalar, goňşy-golamlar siziň geýnişiňizi we özüňize timar berişiňizi geň görýän bolsa näme? Onda saýgarma ukyby olaryň garaýşyny göz öňünde tutmaga kömek eder. Söýgi pespäl bolup, «öz peýdaňy däl-de, başgalaryň peýdasyny gözlemäge» kömek eder (1 Kor. 10:23, 24, 32; 1 Tim. 2:9, 10). Netijede, gelýän kararlarymyzdan adamlary söýýändigimiz we olara hormat goýýandygymyz görner.

15. Uly işiň başyny tutjak bolsaň näme etmeli?

15 Aýdaly, siz uly işiň başyny tutjak bolýarsyňyz. Ilki bilen ýedi ölçäp bir kesiň. Isa pygamber «çykdajylary hasaplamagy» maslahat berdi (Luka 14:28). Siz näçe wagtyňyzyň, puluňyzyň we güýjüňiziň gitjekdigi hakda oýlanyň. Siz maşgala agzalaryňyz bilenem maslahatlaşsaňyz gowy bolar. Şonda olaryň her biri size goldaw berip biler. Belki, olar maksadyňyza ýetmek üçin käbir zatlary üýtgetmegi maslahat berer ýa-da peýdaly boljak düýbünden başga zady teklip eder. Eger olaryň pikirini diňleseňiz, elinden gelen kömegini gaýgyrmazlar. Netijede, siziňem işiňiz rowaçlanar (Nak. 15:22).

DOGRY KARAR — HUDAÝA HEM SIZE ÝARAR

16. Paýhasly karara gelmäge haýsy ädimler kömek edýär? («Paýhasly karara geliň» diýen çarçuwa serediň).

16 Siz makaladaky maslahatlara eýerip, dogry karara gelmek isleýänsiňiz. Munuň üçin siz ýagdaýyň anygyna-şänigine ýetensiňiz. Ýehowany razy etmek üçin Mukaddes Kitapdan prinsipleri tapansyňyz. Indi bolsa maksadyňyza ýetmek üçin Ýehowa doga edip kömek soraň.

Paýhasly karara geliň

Surat: dogan paýhasly karara gelmek üçin käbir ädimleri ädýär. 1) Ol lupadan seredýär. 2) Doga edýär. Stolda Mukaddes Kitap we planşet bar. 3) Dogan stolda duran terezä ünsli seredýär.
  • Ýagdaýyň anygyna-şänigine ýetiň. Ýagdaýy anyklamak üçin käbir soraglaryň jogabyny biliň we ýagdaýa hemmetaraplaýyn serediň (Nak. 18:13).

  • Ýehowanyň garaýşy barada oýlanyň. Ýehowadan akyldarlyk soraň we Mukaddes Kitapdan ýagdaýyňyza degişli prinsipleri gözläň (Efes. 5:17; Ýak. 1:5).

  • Iň gowusyny saýlaň. Geljek kararyňyzyň size we maşgala agzalaryňyza nähili täsir etjekdigi hakda oýlanyň. «Çykdajylaryňyzy hasaplap», ýedi ölçäp bir kesiň (Flp. 1:9, 10).

17. Paýhasly karara gelmegiň syry nämede?

17 Siz öň ençeme gezek dogry kararlara gelensiňiz. Ýöne şuny ýatdan çykarmaň: öz tejribesine, düşünjesine däl-de, Ýehowa bil baglaýan adam paýhasly karara gelip, üstünlik gazanýar. Siz diňe Ýehowanyň berýän bilimi, düşünjesi we saýgarma ukyby arkaly akyldar bolup bilersiňiz (Nak. 2:1—5). Siz her gün dogry karara gelip, Ýehowany begendirip bilersiňiz (Zeb. 23:2, 3).

AŞAKDAKY AÝATLAR DOGRY KARARA GELMÄGE NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

  •  Nakyllar 18:13

  •  Efesliler 5:17

  •  Filipililer 1:9, 10

28-NJI AÝDYM Kim Ýehowa dost bolup biler?

a SURATYŇ BEÝANY: ýaş dogan-uýalaryň telefonyna oturylyşyga çakylyk gelipdir. Olar oturylyşyk hakda özara gepleşýär.

b SURATYŇ BEÝANY: bir dogan oturylyşyga gitmelimi ýa-da gitmeli däldigini çözmek üçin gözleg geçirýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş